19:48
Çöşdüm bu gün bukja bagym...
ÇÖŞDÜM BU GÜN BUKJA BAGYM...

Çöşdüm bu gün bukja bagym,
Niýetläpdirn jorap baryn,
Şeýle bir gün şulaň baryn
Geýersiň, geýersiň öýtdüm.

Nirelerden çykdyň, gör, sen,
Syr kändir ýüregmi dörseň,
Men yrman garaşyp ýörsem,
Gelersiň, gelersiň öýtdüm.

Jan edýän bolmasa aýyn,
Nädeýin, tapmadym maýyn,
Duýguçyl-da, men guraýyn,
Duýarsyň, duýarsyň öýtdüm.

Ýüzüň sowýaň sowal bersem,
Sähediňem belli, görsem…
Sen Ejeme gelin borsuň
Diýersiň, diýersiň öýtdüm.

Söýýän, söýýän diýseň, menem
Söýensiň, söýensiň öýtdüm…

Ogulnur ATAÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 32 | Добавил: Mylaýym | Теги: Ogulnur Ataýewa | Рейтинг: 4.2/5

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 4
1
1  
Her bir öýden zadyñ bolaýýamy näme.

0
2  
Ogulnuryň ajaýyp goşgulary bar. Öz okamagynda diňleseň has ýakymly.

1
3  
Söýýän,söýýän diýseñ, menem
Söýensiñ,söýensiñ öýütdim.

Gowy jemlenipdir...ynamyny seydip ýoklayyalarda...

0
4  
Sadalyk,mähirlilik,ynanjaňlyk,ýukaýüreklilik bilen ýugrulyp ýazylan setirler.

Adamda şeýle bir häsiýet bar , öz halaýan adamsynyň ýalan sözünden hem hakykaty gözleýär.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: