13:03
Çagynda

ÇAGYNDA

Eý, göwnüm, indi bir akyl satmaly!
Akylyň bahasy ownan çagynda.
Gerçek-gerçek pederleri ýatlaly,
Erkekleň orramsy, oýnam çagynda.

Kim aklyn ýitiren, kim bolsa ýadan,
Asla dünýä neçün geldikä adam?
Duluň düýnäp ýatmak bolmaz, eý, nadan,
Damaryňda hyjuw gaýnan çagynda!

Diýýärler: “Pul gerek ýa-da ägirt güýç”,
Başga biri diýýär: “Dünýäň soňy puç.”
Nalama, Taňryňa gargamagyn hiç,
Käýarym takdyryň oýnan çagynda!

Bu barlyga merdan gerek, mert gerek,
Duýsa ýagşy ýürek urgusyn ýürek.
Kimsi öz ýoluna sarap ýör kerep,
Sürüsiniň örä ýaýran çagynda.

Der döküp, eliňe çümdürip tiken,
Gazanan gazanjyň bal bolýan eken.
Adamdan mekejin zor gelýän eken,
Mal-dünýä başyny aýlan çagynda.

Bu takdyryň oýny köpdür-le görseň,
Harammyň – nejasat, halalmyň – gül sen!
Azym, nämä başyň agyrdyp ýörsüň,
Bagyňda bagt guşy saýran çagynda.

Azymberdi KAKAÝEW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 66 | Добавил: Aziz | Теги: Azymberdi Kakaýew | Рейтинг: 4.8/4

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 8
1
1  
Diyseñ gowy goşgy. Yekeje belligim bar: özi nadanyñam damarynda hyjuw gaýnarmy, Azymberdi akga?

1
2  
Oňat goşgy, düşüniler ýaly ýazylypdyr... Köp sag boluň.

1
3  
Men-ä ähli adamda-da ýaşaýşa, ýaşamaga bolan höwes barmyka diýýän. Höwesem hyjuwy oýarýar. "Nadanlar hyjuwsyz bolup bilmez" diýip bilmeris.

2
4  
Gowy goşgy. Düşünjek üçin altyna gaplaýmaly setirler.

1
5  
Bentde "nadany" optimizme, gumanizme, umuman "duluñ düýnäp yatma-da", ile-güne goşul" diýen yaly çagyryş bar yaly many aldym. Yöne teýi nadany bu zatlara çagyrdyñ nä, çagyrmadyñ nä?.. bu ýöne suwa siýen yaly bir zat bolaymasa...

0
6  
Nadanlykdan ýaña poslan gan bilen siziñ gaynatjak bolýan hyjuwyñyz alyşmaz, agam.

0
7  
nadanam özüne men nadan diýän däldir,her adamyň öz dogrysy bolýar,şoň ugrynda çapýar atyny,onsaň olaryň hujuwy ýok diýibä bolmaz hujuwnyň garalygy-aklygy özüne mälim...

0
8  
goşgu gowy bolupdyr okanyňda labyzly...ýalançyň ýalanlaryny,ýalynly närselerni düzedip bolmasada elmizdäkijäni gaýgyrmasak ýenede keseden synlamakdan gowy smile

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: