02:44
Bu gije

BU GIJE...

Bu gije gussa kän kalby gemirýän,
Tebigat dem alýar agyr hem tukat.
Ýyldyzlar birsyhly süýnýär asmanda,
Şemallar ses edip gidýärler uka.

Köpýyllyk hassa deý tutuksy asman,
Aýylganç dymyşlyk ýöredýär hökmün.
Oýunçylja guşlar näme,
Şolaňam
bu gün göwünleri birgeňsi çökgün.

Dagyň agraslygy artana meňzeş,
Boýny buruk çüw-ýalaňaç baglaňam.
...Menem gidip barýan çola köçeden —
Iň bir näzik duýgulary talanan.

Hyýallarym uçup ýörler düýnde,
Ahmyr bilen penjeleýän saçymy.
Öz-özüme ezýet berip — kötekläp,
Sowatmaga meýil edýän içimi.

Bu gije duýgulam şam boldy gussa,
Bu gije ýüregim boşatdy için.
Käbir zatlar pida etdi özüni
Käbir zatlar üçin...

Sapa HOMMADOW.

пт, 5 апр. 2019 г., 20:07 Sapa Hommadow sapahommat@gmail.com

Категория: Goşgular | Просмотров: 50 | Добавил: Has | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 4.3/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
0
1  
Gowy goşgy.Pikirlerini açyk we düşnükli beýan edýär. Galamyň mundanam ötgür bolsun.

0
2  
Oňat goşgy, ýerine düşüpdir...

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: