11:33
BOZGURT KOWUMYNYŇ DESTANY

GIRIŞ

…Hanym heý! Babalarymyzyň babalarynyň ýaşan zamanasyndanam öň, düýp babamyz Oguz hanyň neslinden, Utamyş beg ogly Gutlug tegin diýilgen asly ary, nesli ary, atarman-çaparman bir alp är bar erdi. Bumyn han iliniň soňky hakany Zabun ilhan Bahadur-şadyň dolanan oglanydy. Egnine teňňe-teňňe torgaýgöz kireýke sowut geýiban, üstünden mähkäm çaraýna bilen örtüban, kemeri zer-zerbap gaýyşdan, sag bilinde ak tozly saryja ýaýy salyngy, üç ýelekli gaýym okdan doly sagdagy, sol bilinde gara gynly gara polat uz gylyjy, bozaýgyr guýruk sakgally, jöwher başakly, altmyş tutam ala gönderini akja goluna alyban, garaja başynda goşganat tuwulgasny lowurdadyp, syçrap duran, dor depelli, sakar sekilli garagoç atyna münüban, bir atanyň bilinden önüp, bir enäniň ak süýdüni emşen gardaşy Begjür birle, Ak Mawynyň astynda, boz sähranyň üstünde, tabgaç hökümdarlygynyň bujagynda, gadym göktürkmen iliniň bozgurt kowumyna jür bolup gezer erdi.
Külli oguz-türkmen iliniň Ulug gam atasy Bozgur baba agyr-agyr geňeşlerde, gerdek gerlip toýlar tutulanda, Gutlug begniň ömri hakda, Ilteriş-bilge hakanyň hasraty hem bagty hakda, paýhasynyň çawy yklyma dolan, üç hakanyň aýguçusy, Boýla baga tarhan Daşaýak beg hakda, onuň wepadarlygy hem pitnesi hakda, kişi ogullarynyň alja gany suw bolup ýügüren, süýegi depe bolup ýatan, silik gyzlarynyň güň boluban, bäg oglarynyň gul boluban ýören günlerinde, gökböri budun gutunyň göge galşy hakda, edermen Gapakgan kaganyň gaýduwsyzlygy hakda, Bögü-Bilge hakanyň parasady hakda, barslaryň hökümdary Bars beg Külteginiň hormatyna onuň eziz doganynyň hasratynyň ýana-ýana daşlara nagyş bolşy hakda, başga-da asyrlaryň çaňyna duwlanyp galan kän-kän zatlar hakda…öwran-öwran boý boýlamyş, soý soýlamyş, göreli bakaly, ne soýlamyş:…

I bölüm. UTAMYŞ BEG OGLY GUTLUG BEGNIŇ
JIGERINIŇ DAGLANDYGY BOÝNY
beýan eder

…Hanym heý! Golunda goşa tarly golça gopuzyn göterip, ilden-ile, begden-bege gezen, ärleriň saýyrdyňyn-näkäsin bilen, budun alawynyň çawynda mukam çalyp, destan gaýryp, iliň-günüň göwnün hoşlan, biligler biligi, ozanlar begi, gam atalar ulugsy Bozgur babamyz, gyz ady Bäkgül bolan Ilbilge kadynyň kalbyny ýana-ýana köýgendiren armany, Gutlug jür batyryň göz-guwanjy Adyça begçerniň biwagt-ahmyrly ötdügi hakda, Gutlug begniň gara bagrynyň gan eýlendigi hakda, müňkürlik girdabynda gark bolan umytsyz Daşaýak begniň wepadarlyk hem ruhubelentlik adasynda mekan tutdugy hakda bu boýnyň tokuz babyny beýan etmiş…

1-nji bap. Adyçanyň ýaýy

…Mähnet Tan şalarşalygynyň Şanýuý da duhufatynyň Ýun çžun çžoufulygynyň Aşina şan sýanlygynda, 679-njy ýylyň ýazynyň ikinji aýynyň birinji bäşlemesiniň 4-nji gününde howa sowukdy. Möwriti geçenem bolsa, ýumşak bahara ornuny bermezlige dyrjaşýan gyňyr gyşyň sowugy, hüwwe göterilip gidibermeýärdi. Howanyň derhal maýlabermezliginiň sebäbiniň sary ýer towşany ýylynyň Ýaş gününiň gelip ýetmegine entek on ýedi günüň galandygy üçin bolmagam ähtimaldy. Ýöne, her niçik-de bolsa, 23-nji uly möwsümiň soňky, üçünji hepdesinde, ene topraga ýyly girip başlandygy hem azak-tenek bildirýärdi.
Bozgurt aýmagynyň ýüz öýli obasynyň çar ýanynda, giden düzlük gözýetimden gözýetime çenli ýaýylyp ýatyrdy. Sähranyň teninde dürteren näzijek ýaşyl örtügiň ýüzüni Ordosyň üstünden aşyrymlaýyn gelýän şemal, emaý bilen ülpüldedip-ülpüldedip goýberýärdi. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ymgyr meýdan bolsa, öz gujagynda ýaşaýanlaryň sanalgysy bilen deňeşdireniňde aňýetmez ebedilik bolup görünýän ömrüne boýyn çümen ýalydy. Öz göwsünde mekan tutan göktürkmen obasyna-da, onda ýaşaýan kişi ogullarydyr, awrat-çülpelere-de, ýüpekden ýumşak ýaşyl käkilini gaýta-gaýta sypamaga dalaş edýän, Ýel eýesi Ylgar hoja – Öwser babanyň sap-salkynjak aýasyna-da ähmiýet bermän, hemişeki edähetine eýerip, parahat dem alyp ýatyrdy.
…Obanyň gündogar künjündäki alty ganat ak öýüň töründe, keýpihon ýanýan alawly ojagyň başynda oturan alty-ýedi ýaşly oglanjygyň bolsa içini it ýyrtyp gelýärdi…
Ýüzüniň hamy ýyllaryň ýellerine gaýzygyp-garalan, elleriniň ýeňsesi damar-damar goja äwmän-alňasaman öz işini dowam edýärdi. Ol göýä, ýanyndaky oglanjygyň kiçijek kükregini doldurýan sabyrsyz alas-gopaslygyny agyzdyryklamaga çyr-çytyr çytraşyp, öwran-öwran oýkanjyrap oturyşyny düýbünden aňşyrmaýan ýalydy. Garry, kirişsiz saryja ýaýyň tozundan tutup oturyşyna, sag elindäki mymyjak mažda bölejigini gapdalynda duran çaklaňja toýun bukaçdaky ergin ýaga endikli usullylyk bilen deger-degmez batyrýardy-da, ýaýyň garnyna, kibitlerine oýkaýardy. Onuň bu hereketini eýýäm ellinji gezek dagy synlap-synlap synlamazy çykan oglanjyk, ahyry çydamady:
-Darhanata, bu ýaýyma ady ýagyny näçe gezek oýkamal-a?!
Edip oturan işinden ünsi sowlan goja, biraz sägindi-de, oglanjyga gözüniň gyýtagyny aýlady:
-Näme, Adyça, öte howlugýaňmy?!
Oglanjyk sesini çykarman baş atdy. Kaddy-kamaty il-günüň oňa dakan oglan adyna mynasyp, guntdan guýma kenek ýaly çugdamja, tos-togalajyk tokarja oglanjygyň bolşuna goja darhan gülümsiremän saklanyp bilmedi. Ýöne, oglanjyk öz üstünden gülünýändir öýdäýmesin diýen pikirde, kinaýaly ýylgyryşyny jowur ak sakgalynda gizlemäge çalyşdy.
-Haý bozogym-a, beýle alňasar ýaly näme boldy?!
Oglanjyk, çagalara mahsuslykda, ýüzjagazyny bürüşdiräge-de, aşaky dodagy bilen patallagynyň üstüni ýapdy. Kinniwanja dişlerini çykaryp, tibtini dişlände bolsa, onuň ýokarky kentlewüginiň üstünde ýaňy dürterip ugran it dişleri akjaryşyp gitdiler.
-Äý,-diýdi-de Adyça ýeňsejigini gaşady:-Mukyja düýn oglanlara: “Ertir, gün tişi ganatyna girenden soň düze çykyp aw edeýliň” diýipdi-dä…
Oglanjyk ýuwdundy-da üstüne goşdy:
-Onsoň menem täze ýaýymy oglanlara-da görkezäýsem diýdim-dä…
Goja darhanyň gulakçekgesi gyzyp gitdi. Çagalygyndan bäri ähli özüni siňdirip ýören, özüniň ykbaly diýip hasaplaýan hünäriniň miwesine – yhlas edip ýasan düzme ýaýyna güjeňlenilýän gawurşak hökmünde garalmagy, garrynyň gaharyny getirdi. Emma, her niçigem bolsa, ýaşalan ýyllaryň görlen günleri ony özüne basalyk bermäge iterdi. Ol girre gelen gaharyny agyzdyryklamakdan ötri, ýene-de edip oturan işine güýmenip başlady. Ýöne, darhanatanyň özüne tarap sähel salym aýlan nägile nazary, Adyça üçin gaýym käýýänden enaýy bolmady. Ol özüniň telek geplänini ýuwmarlamak isleýän dek:
-Men neme-le, darhan ataka…Ol neme-le…Mukyja bar-a…Ol neme diýýä-dä...Hatyn enem öýmüzde maňa: “Jümjümäm” diýýä-dä…-diýip kellejigindäki ähli pikir-oýlaryny ýeke demde aýtmaga howlugýan oglanjyk, agzyndan çykýan sözleri ýarym gürläp, ýarym çeýnäp ugrady. Goja darhanyň göwnüne bolmasa, “jümjüme” diýen sözi diýen dessine-de utanmakdan ýaňa oglanjygyň, hatda galan ýeri tekiz syrylan kellejiginiň süýr depesinde goýlan käkiljigi hem gözüniň alnynda süllerip barýana dönäýdi.
-…Onsoň ol hem maňa kakamyňky ýaly “Adyça” diýmän “Jümjüme” diýip adymy tutan bolýa…Şol Muhyja…Söbükbasarlaram oňa ýaranjak bolup oňkulyk bolýalar…Şo näme diýse şony gaýtalaşan bolup,…Dagarman, ol menden bütin iki gyş öň doglupdyr-da…Ýogsam-a oňa öz adymy nähili edip tutmalydygyny oňatja öwrederdim welin…-diýip kalbyndaky kinesini alňasaklyk bilen samraýan Adyça gözlerini göterip darhanata seretmäge çekinýärdi. “Tur-aýt, göteril bi ýandan, sümüklije Jümjümejik! Saňa dagam yhlas edip, tutuş bir ýyl iş edinip kişi ýaýyny ýasap berip, meňem bolan bolup ýörşümi-äýt, päheý-de welinim, diýmäýin diýsem! Bar-aýt, git-de, bala ýaýyň bilen güýmeniber entek! Heniz häli sen, munuň ýaly düzgüni düzüw ýaýyň taryny tartardan tanaja ýaly-la, meniň göwnüme bolmasa!” diýen sözleriň aýdylaryna galpyldap garaşýardy.
Goja, ýeňsejigini tüňňerdip, keçäni dyrmalap oturyşyna, burnuna salyp, eşidiler-eşidilmez myňňyldaýan oglanjyga dözmedi. Birdenem, geçen ýazda şujagaz hümürdäp oturanja dahylly gören düýşi, aňynda ähli jikme-jikligi bilen ýalpyldap gitdi...
…Ak dolynyň bolelinlik bilen saçylýan şöhlesi zerarly, süýtreňk bolup görünýän garaňkylyga beslenen jeňňel…Heniz gözem açylmadyk güjügini agzyna gysyp, gaçyp barýan ene möjek…Onuň yzyna eýerjek bolup, hasylap, aýagaldygyna ylgaşlap barýan og böri… Olaryň yzyndan bolsa ýetip gelýän bela-beterli kowgynyň haşşyldysy bildirer-bildirmez eşidilýär…Reňkleri göge ýakyn çal möjek maşgalasy, söbüklerini sydyrdyp kowýan ajaldan sypmak üçin, demi-demlerine ýetmän, daljygyşyp gaçýarlar. Süýtreňk tokaýyň sütün-sütün garaňkylyk bolup görünýän agaçlary, olaryň deňinden yzlygyna garşy zymdyrylyşyp geçip gidýärler. Ene bozgurt Ak dolynyň ýagtysyna lowurdap duran meýdançadan okkesdirme geçip gidýärem welin, göz açyp-ýumasy pursat ötüp-ötmänkä agaçlaryň arasyndan endamy sarymtyla ýakyn al tunuň reňňinde ýyldyraýan, teňňe-teňňe kireýke sowut bilen örtülene çalymdaş süýnmek bedenli, dört aýakly, çiş-çiş örküçli arkasyna ganatlaryny ýygran ewren peýda bolýar. Onuň daş-töweregi-de şol bir wagtda ýalyňjaň hem haýbatly haşşyldaşýan, bilek ýogynlygyndaky, gara, çal, sary, ak ýylanlardan hümer… Ewren meýdançada bir sellem säginýär-de, goşa şahly, paşşykdan bedroý kellesini iki ýaňa talawladyp, uzyn-uzyn ysyrganýar. Dessine-de tara mündürilen on iki tutam ok kibi dim-dik bolup, bozgurt maşgalasynyň giden ugruna garşy, gahar-gazapdan püre-pür, çym-gyzyl gözlerini dikýär. Soňam çeýe göwresi bilen suwulgan deýin suwlup, gaçgak börüleriň yzyndan topulýar. Ýene günäkär tene däl-de şirin jana dalaş edilýän aldym-berdimli kowgy başlanýar. Garabasmaly düýş bolanyndanmy nämemi, gaçýanlardanam-kowýanlardanam, hatda, Jeňňel eýesi Gatyg Ýygaç hoja – Gurman atanyň hut özi-de eýmenýän ýaly, agaçlar, öňlerinden gapdallygyna serpilişip olara ýol berýärler…Emma…
…Bu jygba-jyg gaçha-kowluk uzak dowam etmedi…Birdenkä görnüş üýtgedi-de, gaçyp barýan tişi böriniň öňünde aňňar-aňňar daşlary somalyşyp duran kert gaýa peýda boldy. Dogrusy, agzy güjükli möjek üçin bu gaýa, dyrmaşmaz derejede uçut däldi. Ýöne ökjesini basyp gelýän kowgy, oňa arany açmaga maý bererden ýakyndy. Düşen çykgynsyz ýagdaýyna aljyran ene möjek, bir kürtdürip durdy-da, öz takdyryndan nalaýan dek, janhowluna boguk çyňsady. Bada-badam kellesini silkdi-de, agzyndaky güjügini güýjüniň ýetdiginden ýokarylygyna, gaýanyň daşlarynyň arasyna oklap goýberdi. Soňam towsup yzyna, barha abanyp ýetip gelýän howpa tarap öwrüldi. Ýeke ädim yza tesdi-de, syrtyny gaýa diredi. Perzentlerini gorap, iň soňky söweşinde ölmäge taýynlanýandygy mese-mälim bolup, duşmanynyň bokurdagyna garşy towusmaga taýýar halda, durky-düýrmegi bilen çuslandy. Bogazynda gaýnadyp, gyryljak hyňrananda, ene bozgurdyň öňaýak penjeleriniň ýanyndanam inçejikden pessaý hyňranma eşidildi.
Tişi möjek beýleki güjügini ýokaryk oklamandygyna haýran galýan dek, tokaý tarapdan gelýän kowgy seslerinden ünsüni sowdy-da, öz aýagynyň ýanynda düýrügip, garpyşyga taýynlanýan gögele möjege tumşugyny aýlady. Ony hem ýokaryk, daşyň arasyndan çykyp bilmän çyňsaýan körpe güjüginiň ýanyna oklamak üçin, tumşugyny uzatdy. Emma, hatyrjem duran gögele möjek, enesine baş beräýmedi. Bir bökende hol beýläk atylyp düşdi. Gahary gelen enesiniň, özüne garşy ýiti gyýaklaryny saňňardyp hyňranmasyna üns bermänem: “Gidiň, olary özüm eglärin” diýýän terzde, başyny depelerinde ýaňlanýan naýynjar çyňsama tarap silkdi.
Ene bozgurt dogumlyja güjügine dem salym tiňkesini dikip durdy. Birdenem, megerem, şeýdäýmeseler ählisiniň şamara şam boljakdyklaryna düşünendir-dä, güjüginiň alkymyna dykylyp bardy. Göýä, ojagazynyň ysyny hemişelik ýadynda saklap galjak bolýan dek, onuň boýnundan, gulaklarynyň ýeňsesinden, arkasyndan öwran-öwran ysgaşdyrdy. Soňam, dişlerini syrtardyp jeňňele garap duran güjüginiň tumşugyndan ýalap-ýalap goýberdi-de, iki bökende körpe güjügini oklan ýerine ýetdi. Ony agzyna gysybam, her ýerden bir bökjekläp, kerte dyrmaşyp ugrady.
Onýança-da gyrymsylykdan gaýanyň öňüne altynreňk ewreniň ordasy çykdy. Mert möjek çagasy säginip durmady. Bolanja sesi bilen hyňrandy-da, ewrene garşy özüni zyňdy. Ýöne mamrah, aždaryň ordasyna ýetmän, howada aşyryldy-da, ýere düşende, guntdan guýlan ýaly pugtaja, dykyzja göwresi bilen aýyjyga meňzäp duran, tekiz syrylgy kellesinde, şana berlen altynsöw käkili seçelenýän, dokuz-on ýaşlaryndaky oglanjyga öwrüldi. Oglanjyk aýaklaryny ýere dirän dessine-de, bilindäki kemerine iltelen gormanyndan guruç demirden maşakly peýkamy sograga-da, kelte ýaýynyň kirşine gezini ildirdi. Ahmas durdy-da, endikli hereket bilen misreňk şamary maýajyna alyp, ýaýyny meddedi. Ýüreginiň urgusyna sazlabam gulakçekgesiniň deňesine çeken kirşini sypdyrdy. Peýkam ewreniň altyn teňňelerine dynnym ýalyjagam şikes ýetirmän, olaryň ýüzünden taýdy-da gapdallygyna çawdy. Oglanjyk okunyň ewrene kär etmändigini görüp-görmän, ikinji atan demren peýkamy ýylan sürüsinde öz nyşanasyny tapyp ýetişmänkä, göz açyp-ýumasy salymyň içinde, yzly-yzyna bäş oky howa galdyrdy. Atan oky hem sowa geçmedi.
Ewrenem öz sürüsiniň paýhyn edilişini arkaýyn synlap durman, öňe okduryldy. Indi ok atmaga ýetişmejegine, ýetişäýende-de peýkamyň ewrene zeper ýetirmeýändigine düşünen oglanjygam ýaýyny taşlady-da, bilbagynyň halkasyna iltelen harpyk paltajygyny sogrup, ýetip gelýän bükä garşy bökdi. Aýagyny ýerden üzen dessine-de, ýene-de akja gyýaklaryny syrtardyp hyňranýan mamruha öwrüldi. Mähnet altynsöw aždar, möjek çagasy heniz howadaka ony gorkunç agzy bilen gapyp alyp, bir gysanda bilini omurdy. Gögümtile ýakyn çalja kellejigini sallap, assaja çyňsap başlan möjek çagasyny beýdeni bilenem kanagatlanman, ewren, kellesini iki ýaňa talawladyp, mamruhy howada bulady-da, birdenem hol allaowarra zyňyp goýberdi. Ojagazyň çalajan göwrejigi ýere gütläp düşen badyna-da şol tarap agzyny öwrüp, ot sowurdy. Tenini ýakýan ýalynyň allajy awusyna çydamadyk möjek balasy soňky deminde tumşujagyny göge tutdy-da, göwrejigine gelişmeýän batly ses bilen ýürekgopduryjy uwlady. Şol uwwuldy bilenem möjek çagasynyň demi sogruldy. Ýöne ojagazyň, göýä ewrenden öz aryny almaga gurt ählini çagyrýan dek garadangaýtmaz aýgytdan hem ahmyrdan püre-pür uwwuldysynyň alyslara garşy uzalyp-uzalyp giden ýaňy, entek pessaýlap-pessaýlap ýitip gitmänkä-de, hol uzaklardan, niredir bir gözýetimiňem emele gelýän bujagyndan aňyrraklardaky bir ýerlerden, başga, has güýçli uwwuldy eşidildi.
Sähel salym geçip-geçmänkä-de ol gazaply uwwuldy, deňiz gomlarynyň gahar bilen kenara urlandakysy dek barha güwwüldäp, hasam gatalyp, bat alyp ugrady. Ol uwwuldy zerarly wehim aralaşan ewreniň ordasy, biri-birinden haraý isleýän dek öz hökümdarlaryna gyslyşyp, ýygrylyp, onuň daşyna toplanyşyp başladylar. Birdenem ewreniň agzyndan çabran ýalnyň al-asmana göterilýän dilkawlarynyň arasyny böwsüp, daýaw öküze barabar kamatly, äpet böri towsup meýdança çykdy. Ol bir silkindi welin, burugsap duran gögümtile ýakyn çal endamynda emele gelen közler çar ýana seçilip-syçrap gitdi. Mähnet böri, bir gysanda islendik jandaryň kekirdegini kertip taşlajak iri gyýaklaryny syrtardyp, özüne garşy tiňkesini dikýän ewrene hyňrandy-da, ýerde ýatan güjük böriniň tütäp duran gara-köýük jesetjigini ysgaşdyrdy. Onuň gymyldamaýandygyna umytsyz naýynjar çyňsady. Misli, şeýle edeni bilen ojagaz ýerinden dikeläge-de ýöräp gidiberäýjek ýaly, kiçijik jesetjigi öň aýaklary bilen usully dyrmalady. Şalkyldap ýatan kellejigiň aşagyna tumşugyny sokup ony ýerden galdyrmaga synanyşdy. Birdenem, ojagazyň indi hiç haçan çalymtyk-mawuja başyny götermejekdigine akyl ýetiren mysaly, bogazynda gaýnadyp hyňrandy-da, ur-tut ýapyrylaga-da ewrene garşy özüni zyňdy.
Hüjüme garaşmadyk büke ahmal galdy. Yzlygyna serpigip ýetişmedi. Äpet gurduň gyýaklary bogazyndan parran geçende ewren, janhowluna tutuş süýnmek göwresi bilen towlanjyrap, çabalanyp ugrady. Ewreniň ordasy öz hökümdaryna ýardam bermek üçin ýerde togalanyp garpyşýanlara tarap ümzüklerini atanlary hem şoldy welin, ýaňky gurda edil ekiztaýy deýin çalym edip duran ýene-de bir daýaw böri ýalny böwsüp orta düşdi. Dynnym ýaly säginmänem, haşşyldaşyp-heşerlenişip duran marlaryň üstüne topuldy. Ol ýylanlaryň bir-iki sanysyny parçalap ýetişmänkä-de oduň içinden başga-da möjekler yzyny üzmän böküp çykyp başladylar…
…Düýşüniň soňuny welin goja ýaýdarhan görüp bilmedi. Nämedir bir zatdan tebil alyp üýrüşip başlan itleriň “haw-hawyna” oýandy. Soňam düýşüniň ýorgudyny tapjak bolup dert-azara galyp, ýarygijeden tä daňyň düýbi çyzylýança çirim etmän, gözüni öýüň tüýnügine dikdi ýatdy.

Категория: Taryhy proza | Просмотров: 95 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: