20:22
Bolmasa
BOLMASA

Bu şygry ýazmam hökman däl,
Bir ýürege nep bolmasa.
Okajak kän, diňlejek kän,
Ýöne gybat-gep bolmasa.

Akyl ynsana görk bolar,
Kowmy polatdan berk bolar.
Ýüzüp bilmeýän gark bolar,
Ýapyşara çöp bolmasa.

Geldiň, biliňi berk guşa,
Gözle, garaşma bagt guşa.
Namys medetdir her kişä,
Haýa bilen çep bolmasa.

Akyla eýgergil başdan,
Ýeňilme bir galam-gaşdan.
Gaharyň çykarma ýoldaşdan,
Bir gün keýpiň kök bolmasa.

Öňüňe düşende nebsiň,
Allanyň rehmeti degsin.
Döwür, zamana neýlesin,
Kelle atly gap bolmasa.

Gijelerine zikir et,
Onsoň otur-da pikir et.
Bu gün tapanyňa şükür et,
Nalamagyn köp bolmasa.

Güýz orarmy tohum sepen,
Bar sagyň ýanynda çepem.
Adamyňky çüwmez eken,
Jümmüş giden kök bolmasa.

Ynsanlaryň biridigňe,
Bir ojagyň bilidigiňe.
Ynanaýgyn diridigňe,
Aladalaň dep bolmasa.

***

Bu gürrüň etmäm hökmanmy,
Kelle agyrdyp dursammykam.
Ylhamymyň nurbatyny
Birazajyk bursammykam.

Emma diýjegim hakykat.
Yzçysy biz ýiten ýollaň.
Gidip barýas bagta sary,
Agyr ýüki ýeten ýoldan.

Barça ynsan öten ýoldan,
Kötel ýoldan,
kütel ýoldan.
Gidip barýas,
geçip barýas,
Ençe bili büken ýoldan.

Şükür, onki syna sagat,
Umyt bar ömre ýeterlik.
Hemme sada,
emma kada
At goýmak arşa göterlip.

Örkümiz bagly topraga.
Sadalygmyz – toprak ýaly.
Zemin – kelle, her ynsan – saç,
Bolsak besdir gulpak ýaly.

Aslynda biz urpak ýaly,
Täleý ýeli sowurmasyn.
Ömür – daragt, yhlas – miwe,
Bal miwesi sowulmasyn.

Kimligiňi,
deňligiňi,
güňligiňi,
geňligiňi,
Bu ýol aýan edýär ony.
Kä säginip yza baksak
Ahmyr örtüp barýar ýoly.

Sermenmeli etmäwersin
Ahmyrlaryň girdabynda.
Armanam bar,
aýdymam bar,
Ak bagtam bar,
baýlygam bar.
Her ädimde, her dabanda.

Her kimiň pikri başgaça,
Biz adamzat, däl-ä gurjak.
...Gör-ä, öz kelläm agyrdy,
Nurbaty burmaly boljak.

Azymberdi KAKAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 45 | Добавил: Aziz | Теги: Azymberdi Kakaýew | Рейтинг: 4.5/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 3
2
1  
Tuweleme ylhamynyza bereket!

1
2  
Men-ä burmañ diýjek.Ylhamyñyzy goýberiñ erkine.

1
3  
Gowy,örän gowy goşgy.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: