11:05
Biziñ arzuwlarymyz / nowella
Biziň arzuwlarymyz (Nowella)

...Ol ukudan oýananda, öýde hiç kim ýokdy, hemmeler işe, okuwa çykyp gidipdiler. Diwardaky uly sagadyň dilleri günorta nahar wagtynyň bolandygyny görkezýärdi.
Indi iki ýylyň içidir, ol şeýdip giç―hemmelerden soň oýanýar.
Ol öten gijäni-de çirim etmän işläp geçiripdi, diňe daňyň düýbi agaryp, şäher täze günüň aladalarynyň birýan çetinden girmäge meýillenende, ýadap düşege göwresini atypdy. Häzirem kellesi şatlap durdy, gözleri agyrýardy.
Ol düşekden galyp, iş otagyna geçdi. Ýazuw stolunyň başynda çökdi. Kagyzlary taşlaýşy ýaly başsyz-baratsyz däldi, hemişekiler ýaly olary tertipläp goýupdyrlar.
Ol öten gije özüne iki ýyllap hupbat beren bu taryhy ahyry tamamlandygy barada oýlandy-da, ýeňillik bilen dem aldy. Göwni çaglandy. Iň soňky sahypany eline alyp, göz gezdirdi-de, ýakymly oýlanmalaryň kölüne batdy.
Birhaýukdan soň pikirlerinden aýňaldy-da, penjiräniň öňüne bardy.
Güýzdi. Şemally ýagyş ýagýardy. Ýagyş göýä dilleşen ýaly, ýalazy şemalyň şahalardan üzüp ýere gaçyran sary ýapraklaryny şolbada ezýärdi hem-de olary ütükleýäne meňzäp, zemine endigan ýazýardy, soňam palçyga bulap, misli diýersiň, tizräk topraga garmaga, ýitirim etmäge hyýallanýana meňzeýärdi. Ýagyş muny başarýardam, ol şeýdip geçmişi gömýärdi hem-de nämälim geljegiň çawuşyny äkelýärdi.
Biziň ýazyjymyz penjiräni açyp, eliniň aýasyny asmana tutdy. Ýagyş damjalary sop-sowukdy. Howada çygyň dymyljak ysy bardy.
«Iň soňky eser. Indi besdir».
Öten gije ol iň soňky romanyny tamamlapdy hem durmuşyny bütinleý özgertmek, dynç almak, hiç zat etmän, dynç almak isleýärdi. Iki ýyl! Ol hut şu pursadyň hatyrasyna iki ýyllap işledi, iki ýyllap gije bilen gündiziň araçägi ýitip, ähli zat garym-gatym boldy. Iki ýylda onuň örüsi darala-darala, şu çaklaňja otagyň aýtymyna geldi, pasyllar nobatma-nobat gelip, ýagyşlar, ýeller tykyr-tykyr kakyp, onuň ne kalbynyň, ne-de otagynyň penjiresini açyp bildi. Adamlar. Olaryň gaty köpüsi bu öýe―onuň ýanyna geldiler-gitdiler, emma ol adamlaryň ne keşpleri, ne aýdan sözleri onuň ýadynda galdy. Sebäbi keşpler, sözler iki ýyllap onuň üçin kagyzyň ýüzünde ýaşady...
Iň ahyrky roman. Ol kän ýazypdy, göwnüne telim-telim asyrlar bäri ýazyp ýören ýalydy, emma indi ýazmakçy däldi, diňe ýaşamakçydy, özi üçin ýaşamakçydy.
Iň soňky eser. Görsene, bu roman onuň gerdeninden agyr ýüki aýyrdy oturyberdi. Elbetde, bu ýüki onuň gerdenine hiç kim ýüklemändi, meýletin alypdy, indem ol şu ýüküň aşagynda halys tapdan düşüpdi.
Jahanda, gör, näçe adam bütin ömründe bir tagta kagyzam ýazman, diňe goluny çekip ýaşap ýörler, olar gülýärler, degişýärler. Güne, şemala gaýzygan merdemsi ýüzlerinden bolsa nur dökülýär, sebäbi olar hiç wagt hiç zat hakda hiç zat ýazman ýaşaýarlar. Olar, elbetde, gussa çekýändirler hem-de şol pursatda ýazyjylaryň kitaplaryna ýapyşýandyrlar. Kitap ýönekeý adamlar üçin teselli beriji taryhlaryň jemidir. Ýöne kitabyň aňyrsynda ýazyjynyň agyr zähmetiniň, ýeňil bolmadyk täleýiniň, kyn borçlarynyň mähnet ýüki ýatyr, ýönekeý adamlar bolsa bu hakda pikirem edenoklar. Elbetde, bir wagt onam ýatlarlar: şeýle-şeýle ýazyjy ötüp geçipdir, şeýle kitaplary ýazypdyr. Ol aslynda erbet ýazyjam däldi, ýöne öz egnine alan agyr jogapkärçiliginiň, borjunyň öňünde ejiz gelip ýazmasyny goýupdyr diýip gürrüň etmeklerem mümkin. Goý, etsinler.
Eýsem, onuň biraz wagtam bolsa, özi üçin ýaşamaga hukugy ýokmuşynmy?! Adaty adam bolup, şu dünýädäki millionlarça adaty adamlaryň biri bolup...
Bu uçursyz giň jahanyň bir burçunda örän kiçijik bir ýazyjy ýaşap ýör, ähli ýollarda, ýodalarda aýdylýan aýdymlar, hüwdüler... ynsanlaryň hesreti, gussasy... oňa tarap şo-ol akyp dur, akyp dur, dünýäniň galan ülkeleri bolsa şatlyk-şowhundan, keýpi-sapadan, bagtyýarlykdan ýaňa akylyndan azaşara gelipdir.
Onuňam şol adamlar ýaly ýaşasy, obalara myhman düşüp, hiç hili ylym, pelsepe garyndysy bolmadyk ýönekeý mesawy gürrüňleri diňläsi gelýär.
Bilýäňizmi näme, biziň eziz hem mährem obalarymyz bar, ol obalarda sada hem buýsanjaň adamlar ýaşaýarlar, elwan säherlerde ol obalaryň ýakasynda, ýaňy dogan Günüň reňbe-reň nurunyň dökülýän al-ýaşyl çemenzarlygynda garry padyman hiňlenip aýlanyp ýörýär. Hol aňyrda daýhan azalyň geçen ýerinde, elindäki bugaryp duran kesegiň bozgunç ysyna melul bolup durşuna geljek hasylyň gamyny edýär. Çagalar bolsa, bilýäňizmi, olar oýnaýarkalar şeýlebir goh turuzýarlar welin, gojalar asuda asmanyň saýasynda erkin dem alyp ýatan mähriban Watanyň bardygyna, durmuşyň abadanlygyna şükranalykdan ýaňa keýpine «Häk, garagollar!» ― diýip käýinjirän bolarlar.
Hawa, gadymy türkmen obalary şeýleräkdir, ezizdirler, ol obalara gujagyndan orun beren bu sähralarda ata-babalaryň ruhy ornan gadymy durmuş biraz döwrebaplaşyp, öz maýdalyna dowam edýär. Ol durmuş hemmeleri, şowhun turuzýan çagalara çenli, bir-birege söýgi-muhabbete, hormata eýlenen ruhy kökene düzüp, asuda, bagtyýar durmuşy hasyl edýär.

***

Ýagyş gijesi bilen ýagdy.
Agşam nahar wagtynda saçagyň başynda otyrkalar, ol özüniň gelen netijesini mälim etdi. Hiç kim ýagşydan-ýamandan dil ýarmady, hawa-la, aslynda nämedir bir zat diýmegiň zerurlygam ýokdy.
―Men şu gün iň soňky kitabymy tamamladym. Ony ýazmak maňa gaty kyn düşdi. Ýöne ol meniň iň gowy kitabymdyr.
Ol sözüni şeýle tamamlady.

***

Ondan bäri kän ýyl geçdi.
Ol göwnüne düwşi ýalam etdi, derýada balyk tutdy, obalarda gonak boldy, Aý ýagtysyna gojalaryň köneki gürrüňlerini diňledi, bagşynyň kä şatlykly, kä gamgyn heňlerine gulak gerdi.
Ýöne siz meniň bu taryhymyň nähili tamamlanandygyny bilesiňiz gelýärmi?
Aýdyşlaryna görä, ol şol gün awtobusdan gijä galyp, etrap merkezinden obasyna paýu-pyýada gaýtmaly bolupdyr. Ýolda gelýärkä, çabga başlapdyr, onsoň ol ýolýakadaky iki otaglyja kindiwanja öýe sowulmaga mejbur bolupdyr. Ony öý eýeleri― daýhan ýigit bilen gelni güler ýüzli garşylapdyrlar, çaý-çörek bilen hezzetläpdirler. Tördäki sallançakda çaga uklap ýatan ekeni. Ýazyjy çaga mähir bilen gözüni aýlanda, keçäniň üstünde ýatan kitaby görüp tisginipdir hem: ―Şol kitaby görse bolarmy?―diýip sorapdyr.
―Alyň, myhman.
Kitaby eline alyp sypalap otyrka onuň barmaklarynyň titreýändigine gözi düşen gelin:
―Bu onuň iň soňky kitaby bolmaly. Biz onuň ähli ýazan zatlaryny sypdyrman okaýardyk. Onuň ýazýan zatlary ýakymly duýgulardan püre-pürdi. Onuň gahrymanlary bolsa, diýseň duýguçyllygy bilen saýlanar durardylar, megerem, ol öz gahrymanlaryny durmuşdan alýan bolsa gerek. Ýöne...― diýip, hamsygypdyr ― ol... ol... golaýda aradan çykypdyr diýip gürrüň edýärler. Ol hoşlaşyp çykyp gaýdypdyr. Daýhan ýigit «Çabga diňýänçä garaşyň, ahbetin!» ― diýip ýalbarsa-da etmändir. Maňa, bilýäňizmi näme, ýene-de bir zady: şondan bäri onuň penjiresinde uzak gijelerine çyranyň ýanyp durýandygyny gürrüň berdiler.

Hemraguly HUDAÝGULYÝEW,
ýazyjy.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 10 | Добавил: Raýdaş | Теги: Hemra Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: