12:32
Bir gülüñ yşkynda

Bir gülüň yşgynda / oýlanma

Güller... Güller... Bu gün baharyň ýyly demi düşen topragymyzyň goýnunda olar näçe diýseň bar. Sarysy gerekmi, gyzyly — isläniň tapdyrar. Ýöne etjek bolýan gürrüňim bu hakda däl-de, kalbymyň töründäki «gül» barada. Ony ne-hä baýyrlyga çykyp tapyp bolýar, ne-de sähra-düzden. Ol meniň ýüregimde, öňküsinden düýpgöter üýtgän, kä çyrpynýan derýa, kä giňliginden aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ummana dönen kalbymda ýaşaýar. Siz o nähili beýle üýtgeşik gülmüş diýersiňiz. Gürrüň bereýin, siz diňleseňiz bolýar, şahyr aýtmyşlaýyn, daňa çenli gürrüň bermäge taýyn. Diňe Leýlä Mejnunyň gözi bilen bakmagy başarsaňyz bolýar. Bagyşlaň, gep uzaldýanyma. Ýara garaşmak süýjümi ýa-da duşuşmak?! Muňa anyk jogap berip biljek aşyk, megerem, ýokdur. Menem sözümi uzaldyp, ýarym hakda söhbedimiň şirin lezzetini uzaldýaryn...
Baharyň bir günüdi. Erikler hem göwünler ýaly pyntygyny ýaryp, läle-reýhan bolup gülläpdi. Aslynda, gül gülmi, men gülmi, saýgarmak kyndy. Ejemiň doglan gününe alan sowgadymyň ýanyna gülem goşasym geldi. Ejedir, gülden eziz görüp ulaldan oglunyň sowgat getiren gülüniň ýöne bir gül däl-de, ýüregidigini biler. Gül satylýan ýere bardym. Gülleriň dürlüliginden, gözelliginden başym aýlanyp gitdi. 
Şol gülleriň arasynda bir «güli» görüp, göýä dünýämde ýyldyrym çakan ýaly boldy. Onuň bägülüň höwes etjek gyrmyzy ýaňaklary, gülüň reňkine çalymdaş dodaklary... Bägülüň tikenem ýanynda ekeni, hanjar gözleri ýüregime ot bolup ýapyşdy. Özüm başga bir, maňa nätanyş dünýede bolsamam, haýran galaýmaly, aýaklarym Ýere degip dur. Gül almaga baranym ýadymdan çykyp gitdi. Birden özüme geldim. Dilime gelenem:
-    Beýle-de, owadanlyk bolar eken-aý – boldy. Gyzam ýylgyryp:
-    Biri-birinden owadandyr – diýip, çalaja ýylgyrdy. 
Şol pursatky halymy siz bir bilsediňiz. Ýazyň üýtgeşik günleriniň birinde hem Gün çykyp durandyr, hem ýagyş ýagar, hem älemgoşar reňklerini güjeňlär. Muňa «ak ýagyş» diýýärler. Şol pursat, meger, meniňem dünýämde älemgoşar halkalanyp, kalbymda «ak ýagyş» ýagýardy. Men: 
-    Bu gülleriň eýese ýokmuka? – diýdim. 
-    Eýesi men-dä.
Gyzyň bu sözlerine ogurlykda tutulan ýaly gyzaryp gitdim. Hakykatdan hem o gyzyň gülleriň eýesidigini bilmezlik mümkinem däl eken. Aljyrap, sakawlap:
-    Ejeme sowgat edäýjekdim, doglan gününe... – diýdim. 
-    Ejeňemi? – ol süýem barmagyny dişledi-de, gül saýlamaga durdy. Oňa mähetdel, men onuň pikire çümen mahalynyň neneňsi gözelligini synlap ýetişdim.
-    Bu ejeňe ýararmyka? – ol şeýle diýip, gujak ýaly çemeni elime tutdurdy.
-    Sen hem bir enäniň «güli»... Seniň saýlan gülleriň, hökman eneleriň göwnüne ýarar, ynan, hökman ýarar!
 Beýle dogumyň nireden gelenini bilemok, birdenkä dilime gelen söz hem şu boldy: 
-    Siziň adyňyz näme?
Bu gezek gyz gyzardy. Gyz utanjynyň nähili görk berenini aýdara dilim ejiz. Megerem, dünýäniň iň gymmat lagly-merjenini daksaňam, oňa beýle täsin görk bermezdi. Ol gabagyny galdyrman: 
-    Täzegül! – diýdi-de, işine gümra bolan boldy.
Täzegül! Eý, Hudaý jan, munuň gabat gelşini. Gül içinde açylan, gülden görkli, näzik Täzegül. Ýüregimde dörän täsin duýgulardan aýňalyp, özüme gelemde, ol eýýäm başga birine gül berip dur eken. Elim çemenli aňalyp durmagy gelşiksiz görüp, öz ýoluma ýöräp ugranymam şoldy welin, mylaýym sese tisginip gitdim. Seretsem, ol gyz ýetip gelýär. 
-    Gülleriň bahasyny tölejek dälmi?
Utanjyma näderimi bilmedim. Hernä bermeli pulum tegelek san eken. Sanap bermeli bolsam-a masgara bolýardym. Gyz ýylgyryp, gülüň nyrhyny aldy. ÖÝe ýetýänçäm, aňkawlygyma käýinip gitdim. Ýöne Täzegülüň hünji dişleriniň astyndan çykan:
-    Gelip duruň! – diýen sözleri maňa uly güýç beripdi. 
Ertesi ýene geldim. Soňabaka gatnawymy hasam ýygjamlatdym. Her gezek onuň «Gelip duruňyny» eşitmek diýseň ýakymlydy. Gatnadygymça öýümizde gül köpelýärdi. Ejem:
-    Doglan günüm geç-dä, sen bolsa henizem gül getirip ýörsüň – diýip, köp manyly gülümsiredi. 
-    Eje, bu dünýä getireniň üçin, ösdürip ulaldanyň üçin näçe gül sowgat etsemem ýene az dälmi?!
Ene ýaly duýgur zat barmyka, ol:
-    «Ejemem bir sebäpdir, Güle aşyk boldum» diýsene - diýip, ýüzüme mähirli garady. Tas «Gül däl, Täzegül» diýipdim. Utanyp ýere bakdym. 
Bir günem:
-    Şu gün maňa iň gymmat, iň owadan gülleriňden saýlasana – diýdim. Täzegül bir ýakymsyz zady aňan ýaly:
-    Gowy görýän gyzyňamy? – diýdi. 
Men:
-    Hawa, bildiň – diýip ýylgyramda, ol çala titreýän barmaklary bilen zordan bir çemen bogup, maňa uzatdy. Haçanda:
-    Bu saňa, Täzegül! – diýip, onuň bogan çemenini yzyna uzadanymda, şol ýüregimde «ak ýagyş» ýagdyran ýylgyryşy bilen ýylgyrdy, aljyrady. Öz duýgularyny hem gizlejek boldy, hem gizläsi gelmedi. Soň enaýy ýylgyryp, çemeni yzyna aldy. Ony nirede goýjagyny bilmän durşuna, çalaja:
-    Sag bol! – diýdi...
Güller... Güller... Olar maňa söýgimi peşgeş berdi. Diňe söýgimi däl, tutuş täze ömri berdi. Onda-da nähili ömür – güle bürenen ömür. Şonuň üçin olar ýüregime şeýle bir ýakyn, şeýle bir...

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.

Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 85 | Добавил: Has | Теги: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: