19:01
Bir bitewi döwlet diýip jan çeken akyldar

BIR BITEWI DÖWLET DIÝIP JAN ÇEKEN AKYLDAR


Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň tutuş şygyrýetiniň özeniniň türkmen halky üçin iň gymmatlysy, iň möhüm borç, wezipesi külli türkmen halkyny bitewi döwlet, bitewi halk bolup ýaşamaga çagyrmgydyr. Bu barada dünýä belli alym Ý.E.Bertels  Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlan makalalarynyň birinde: “Tire-urug arasyndaky duşmançylygy ýok etmek, türkmen tirelerini birleşdirmäge bolan  ýadawsyz çagyryş şahyryň döredijiliginde esasy orna eýedir“- diýip adalatly belleýär.     
Beýik akyldaryň biri-birine ýagy bolup, birek-biregi çapmakdan, birek-biregi talamakdan özüne kanagatlanma tapan türkmen taýpalaryny bitewilige, bir döwlet bolup ýaşamaga çagyrmakdan bagry gan öýen şygyrýeti tutuş Orta, Alynky Aziýa halklarynyň aňyýetini sarsdyrmak bilen, asyrlaryň  süňňüni lagşada-lagşada, biziň  günlerimize hem gelip ýetipdir.
Türkmen halky üçin sözüň doly manysynda , gaty uzaga çeken zulmat tümlüginiň dünýäsinde, gün görmegiň, güzeran dolamagyň, özüňi, maşgalaňy guduz açan gahatçylygyň deminden aman-esen  saklamagyň, alyp çykmagyň göz öňüne getirip bilmajak derejede horlukly, sütemli zamanynda bu beýik, bu deňine ýetere başga bir  taý tapyp bolmajak türkmen oglunuň, „bir döwlete gulluk etmäge“ äleme ýaň salýan ses bilen, janyny kebap edip cagyran akyldar hökmünde, şahyr hökmünde, orta çykmagy onuň dörän wagtyndan iki- üç asyr geçenden soň hem, adamzadyň aklyny haýran galdyrýar.
 
Magtymguly Pyragynyň öz halkyna galdyran  ýigrimi müňe golaý setir şygyrýetini terezä goýup, ony Gündogaryň, Orta we Alynky Aziýanyň akyldar şahyrlarynyňky bilen  deňeşdirseň, möçberi taýdan bu şygyrýetden has agyrrak geljekleriniň hem boljakdygyna ynanýarys.
Gündogaryň käbir däp bolan temalaryny beýan etmek boýunça Magtymguly Pyragydan  has belende galanlaryň bardygyny taryh görkezdi. Emma gündogaryň Abu Seýit-Mäne baba, Omar Haýýam, Hoja Ýusup Hemedany,  Abul Kasym Ferdöwsi, Nyzamy Genjewi, Hafyz Şirazy, Jelaletdin Rumy, Abdyrahman Jamy,  Alyşir Nowaýy, Sady-Şirazy ýaly dünýä ýaň salan akyldarlarynyň-şahyrlarynyň döredijiligini öwran-öwran gözden geçireniňde hem, bu meselede, ýagny, Magtymgulynyňky ýaly, öz halkyňy bitewi döwlet bolup, agzybirlikde, bagtly, eşretli, azat, rahat, erkin durmuşda ýaşamaga çagyrmak, oňa bu ugurda hossar, howandar bolmak akyldarlyk ýörelgelerini tapyp bilmersiňiz. 
Munuň sebäbi gündogaryň bu ady tutulan we beýleki akyldar şahyrlarynyň zehininiň Magtymguly Pyragynyňkydan pes bolanlygy, ýa-da öz halkyny söýmändigi üçin däl-de, olaryň ählisiniň bütewi, berk düzgünli, demi dag sardyrýan patyşaly döwletde ýaşanlygy üçindir. Olar üçin kuwwatly döwletde, öz döwletini adyl-adalatly dolandyrýan  adyl patyşa barada, kuwwatly döwlet barada arzuw etmegiň zerurlygy bolmandyr.
Emma Magtymguly Pyragy bu meselede ,  gündogaryň belli   akyldarlaryndan  gaty kän belende  göterilendir. Çünki, türkmen halky uç- gyraksyz jöwzaly sähranyň ruhuna garylyp, zulmatly, ýowüz ülkäniň  gazaplylyk ýörelgeleriniň ählisini özüne kabul edip almak bilen birlikde, onuň juda berk kanunlary esasynda ýaşapdyr, güzeran dolapdyr.
Bitewi bir döwletiň, oňa serenjam berip oturan patyşanyň, bir agza bakylýan başyň,  bolmanlygy üçin, türkmenleriň hersi özüne „han“ bolup ýşapdyr. 
Şeýle bolansoň, her kim güni, güzerany,  ýaşaýyşy üçin göreşmeli bolupdyr. Deňli-derejeli ýaşaýyş ugrundaky göreşiň öz döwrüniň wagşyýana islewgine öwrülen mahaly az bolmandyr. Şol wagşyýana isleg  köp derejede türkmenleri  birek-biregi talamaga, çapmaga,  iteripdir. Bu barada wenger alymy A.Wamberi şeýle ýatlapdyr:
"Olar (türkmen taýpalary) ylalaşdyryp bolmajak derejede   we mydama duşmançylykda ýaşaýardylar…”- diýip belläpdir.
Beýik akyldar Magtymguly Pyragyny  mydama agyr oý-pikirlere  batyran esasy aladalaryň birem, ine, şu mesele bolupdyr. „Bu başyna giden halky nädip köşeşdirmeli, nädip bu halkyň ýüregine mähribanlyk, ynsap, sabyr, kanagat, ynsanperwerlik ruhuny salmaly„ diýen sowal onuň ýüregine ganlar öýüpdyr. Şonuň ücinem ol birden-birden: 

Bir-birini çapmak ermes ärlikden,
Bu iş şeýtanydyr, belki körlükden,
Agzalalyk aýrar ili dirlikden,
Mundan döwlet dönüp, duşmana gelgeý. —

-diýip, lowlap dyran ylhamy bilen şygra ýapyşypdyr. Soň bolsa  şygryň derejesinde däl-de, şirin janynyň kuwwatynda, külli türkmeniň aňyny, ýüregini, näzik ruhuny sarsdyryjy owaz bilen gygyrypdyr ...
Beýik akyldaryň şol ýürek paralaýjy owazy üç asyr aşyp, biziň  zamanamyza ýeten bolsa-da, şol mahal türkmen tire-taýpalarynyň aňyna ýetip bilmändir.  
Elbetde, mundan  üç asyra golaý wagt öň, zulmat tümlüginiň gahatçylygynda şu sözleri ýazmak üçin, şu paýhas bilen öz halkyňa ýüzlenmek üçin , gör nähili mertlik, gör nähili watanparazlyk, gör nähili  paýhas- parasat, gör nähili  batyrgaýlyk gerekdi!
 Biz Magtymguly Pyragynyň öz halkyny  bitewi, erkin, erkana döwlet gurmak  ýoluna haýsy pikir bilen, haýsy täsirler, haýsy basgançaklar bilen gelendigi baradaky meseläniň üstünde döwneýärkäk, bir ýagdaýa gabat geldik. Ol hem Beýik akyldaryň bu meselä  allahy keramat bilen gelendigi baradaky oýlanmadyr.
Elbetde, Gurhany Kerimde aýdylyşyna görä,  Ýeriň, Gökleriň, mahlasy on sekiz müň älemiň eýesi-de, soltany-da Beýik Ýaradanyň  özüdir. Diýmek, külli türkmen-de, türkmeniň bu jöwzaly, jepaly topragy-da, Beýik Ýaradanyň mülki. Türkmen halkam Allanyň bendesi. Şonuň üçin bu „özüne beg,“, “özüne han“  halky, onuň  orta asyrlardaky hiç bir Allahy galypa sygmaýan ýagdaýlaryny Ýaradan görüp dur. Allatagala bu  halky agzybirlige,  erkana döwletlilge çagyrmak üçin türkmeniň öz ogly Magtymgulynyň  ýüregine beýik pähimdarlyk salýar...
Ýadyňyza düşýän bolsa, beýik akyldar „Turgul diýdiler“ goşgusynda özüne erenleriň, çiltenleriň, sahabalaaryň, Muhammet pygamberiň käseläp bir keramat içirendiklerini, şondan soň „näge baksa  aňa nazar ýetirendigini“, “Arşyň kemerine nazarynyň ýetişendigini“, “Jebrut äleminde  Jelil syryna“ özüniň garap görendigini“.— ýaňzydýar. Magtymguly Pyragy şu goşgusynda Muhammet Pygamberiň: “Bu guluň maksadyn bergil“ diýendigini ýazýar. 
  Ine, indi özüňiz pikir ediň. Magtymgulynyň maksat- myrady näme? Ýok, eziz okyjy, sen:“ Ýok-la, Magtymguly bu ýerde sopuçylyk, diwanaçylyk, yşk-myrat barada aýtmak isländir“ diýersiň. Sen gaty dogry aýdýaň. Meniň özümem şol pikirde, ýöne watan bitewiligi, bir bitewi döwlet gurmak yhlasam beýik akyldaryň ýüreginiň baş matlabynyň biri ahyryn. Sebäbi, Watan, halky bir döwlete jemläp oturan patyşa bolmasa, söýginiňem,  diwanaçylygyňam, hözirli durmuşyňam bolmajagyna düşünmez ýaly,  beýik akyldar beýle ham-hyýala kowalaşýan adam bolmandyr ahyryn. Şonuň üçin bu keramatly „pata“  bir bitewi döwlete birleşmek baradaky „maksada-da“ giren bolmaly.
 
Elbetde, Magtymguly Pyragynyň patyşaly bolmak, döwletli bolmak ýolunda oňa çelgi bolan halypalaryň bolandygynam bellemek gerek. Mysal üçin, Alyşir Nowaýynyň  „Hamsasyna“ girýän birinji „ Haýrat-al  ebrar“ eserinde  patyşalaryň adalatlylygy, sahawatlylygy, öz halkyna hossar  bolmalydygy barada   düýpli  gürrüň edilýär.
Bu eser bilen Magtymgulynyň tanyş bolmandygy barada hiç kim dil ýaryp bilmez. Çünki onuň öz kakasy Döwletmämmet Azady „Wagzy-Azat“ poemasynyň:

 Baby owwal patyşalar waspyny,
Ýary berse wasp eder rebbi gany—

 diýip başlanýan şu babyny Alişir Nowaýynyň  ýokarda ady agzalýan poýemasynyň äheňinde, (Magtymgulynyň kakasynyň  döredijiligini öwrenen köp alymyň   bellemegine görä) täsirinde ýazypdyr.
Emma beýik akyldar bilen deňeşdireniňde, Nowaýy soltan Hüseýin Baýkaranyň gupba ýaly döwletiniň içinde bolup, „Hemme patyşalar Soltan Hüseýin ýaly öz halkyny eşretli döwletde ýaşatmalydyr“ diýen äheňde ýazan bolsa, Azady döwlet diýen zadyň, patyşa diýen adamyň kimdigini bilmezden  hyyýaly umytlara beslenip, döwlet, patyşalar baradaky  eserini ýňzypdyr. Emma Magtymgula hyýaly patyşanyň, hyýaly döwletiň zerurlygy ýok. Ol öz döwletiniň nähili bolmalydygyny, öz halkyna nämäniň gerekdigini gaty gowy bilýan akyldar bolupdyr. Çunki onuň ýüreginde öz Rebbiminiň guýan  parlak ylhamy hem-de beýik parasady oňa egsilmez güýç berýär.
Akyldar şahyryň watançylygy türkmen halkyny bir bitewi döwlet gurmaga cagyryşlary, uly azaplary barada  edebiýatymyzda  gaty köp hem-de düýpli gürrüňler edilip gelinýär. Şol gürrüňleriň başyny başlanlaryň biri hem akademik G.O. Çaryýew bolupdy. Ol baryp geçan asyryň ortalarynda çykardan „Magtymguly“ atly kitapçasynda: “Magtymgulynyň progressiw  watançylyk ideýalary jemgyýetçilik durmuşynyň talaplaryndan gelip çykypdyr. Şu ideýanyň esaslandyrylmagynyň özi-de Matymgulynyň bitiren uly hyzmaty bolupdyr, çünki Magtymguly şol ideýany halkyň birleşmegi ugrundaky we halkyň medeni-syýasy özbaşdaklygy ugrundaky tüýs halk   hereketine tabyn edipdir“ - diýip  belleýär we beýik akyldaryň türkmeniň ýkbalanda peýda bolmagyna,türkmen halkyny jebisleşdirmek ugrundaky azaplaryna dogry baha berýär. Magtymguly Pyragynyň watançylygy, türkmen halkyny bir döwlete birleşdirmek ugrundaky beýik aladalary barda  gyzykly   ylmy-derňewler geçiren başga bir akademik Baýmuhammet Garryýew hem: “Magtymgulynyň idealy - watan,  erkana durmuş, ýurtlaryň dynçlygy, rahat, bol –telki  ýaşamagy. Emma bu arzuwa ýetmek üçin köp-köp böwetleri ýykmaly, emma ol  böwetler ýykardan agyr“ diýip,  ýokardaky pikirini  aýdyňlaşdyrýar.
Magtymgulynyň watançylygyny ýzarlanyňda bir ýagdaýa gözüň düşýär.
Magtymguly bu beýik pikire gelmezinden ozal, öz halkynyň hal – ýagdaýymy, onuň jebri-jepalardan doly durmuşyny synlaýar. Şoňa görä-de, beýik akyldaryň şygyrýetinde ilki bilen, synçylyk halyny görmek bolýar. Ol  türkmeniň  ýönekeý ogly hökmünde, soň-soňlar şahyr hökmünde, akyldar hökmünde   şol synçylygyň esasynda öz watanynyň, öz halkynyň görýän görgüsinie, çekýän jebri – jepalaryna dözmän,  derdini şygryna aýdyp,  ýanyp başlaýar. Ol „Zaman galmady“ goşgusynda: 

...Gaýta gybatkeşler özün düzetdi,
Süýthor dünýä bilen özün göz etdi,
Taňryny bir bilen merdan galmady...-

 diýip,il barynyň gybata, süýthorluga ýüz urup, şondan gün- güzeranyny düzetmegiň ýoluny tapýandygyny aýtsa ,“Gözýaşyn döke başlady“ goşgusynda:

…Niçe mollaň  okan ylmy hebesdir,
 Kazylaryň käri çilimdir, nasdyr,
Para gorse, dyza coke başlady...—

Hakyň, şerigatyň  hakyky adyl wekili bolmalylaryň, “pygamber ornunda otran kazylaryň”, mollalaryň, işänlaryň, hojalaryň garamaýagyň deňinde-de durman,  haramhorlukda hemmeden geçirendigini, zalymlaryň gamçysyndan ganlar damýança garyp pukaralary ezýändigini, beýik akyldar dözmezçilik bilen synlaýar: 

Pakyrlar horlanyp, ýüzün sargardyp,
Kim töresin tapyp, reňgin gyzardyp,
Zalymlar mazluma syrtyn gabardyp,
Gamçysyndan ganlar dama başlady...

- diýse: 

Gömüldi derýalar, ýykyldy daglar,
Ýetimler gözýaşyn döke başlady.
Orramsydan bolan haramhor begler,
Ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady...

Indi beýik akyldar haramhor türkmen begleriniň asmana çykan azgynlygy, garyplary, ýetimleri gan eňredeni bilen oňman, gaýta  „ ýurdy bir ýanyndan satyp başlandygyna“ ýanýardy.
Öz halkyň beýle peslige düşen gününi, beýle ýowuza daran güzerana sataşan ýagdaýyny, it görse gözi agarjak halyny gördüň, bildiň, indi näme etmeli?!
 Il içindäki bu betlagamlygyň üstesine, daşarky ýowuz ýagynyň sürnüp gelmegine, ili-güni  zulum-zorluk bilen talap, gyryp-gyrçap, ogul -olja, gyz-ýesir edip sürüp barmasyna külli türkmeniň çekýän ahy-hasratyna näme diýjek?!. Beýik akyldar indi halys çydanokdy. Ol: „Görülsin indi“ goşgusynda:
 
Nahak dökülmesin gyzyl ganymyz,
Duşmana galmasyn aş-u-nanymyz,
Ýada salyň amanatdyr janymyz,
Eger zerur bolsa alynsyn indi.

Üstümizde duşman höküm sürendir,
Biziň ilat jebri-jepa görendir,
Ogul-gyzy ot üstüne urandyr,
Örç alyp her jaýdan çykylsyn indi.

Pyragy ýüz tutar türkmen iline,
Duşman gol urmasyn gyzyl gülüne,
Dostlar bizi duşman gaýgy siline
Gark etmänkä, çalyp, çapýlsyn indi.

- diýip, bar sesi bilen öz halkyna ýüzlenýär. Diňe şundan soň beýik akyldar  türkmeniň bitewi döwlet bolmagy barada, beýik birleşik, bitewilik barada oýlanyp başlaýar.

Elden çykmak istär döwlet Humaýym,
Horluk çekip, döker bolduk ýaşymyz.
Ýurt azaryn etmek gerekdir daýym,
Ersgin boldy, gitdi gyzylbaşymyz.

Hyzyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz gaýym bolsun, gurulsyn,
Çille mest nerlermiz barça aýylsyn.
Bir saçakda  eda bolsun aşýmyz.

Türkmenler baglasak bir ýere bili,
Gurydarys Gülzumy, derýaýy Nili,
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.

Beýik akyldar bu  ajaýyp pikirine guwnmak, buýsanmak bilen, ony öz halkyna buşlaýar.

Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn erär topraklar, daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň. —
 
Onuň bu goşgusynyň ruhunda: “Eý, eziz türkmen halkym, biz bir döwlet bolsak , “ol Kemal han owgan hem biziň „başymyz“ bolsa, „türkmeniň ykbaly göteriler. Bir suprada   aş-nanymyz, yrsgalymyz taýýar bolar“  diýen beýik paýhas bardy.
Beýik şahyr  „Bäşimiz“ atly  goşgusynda, indi gümürtiksiz, açykdan-açyk çagyryşa geçýär.
Teke, ýomut, ýazyr,  gökleň, Ahal ili bir bolup,
Kylsa bir jaýga ýörişi, açylar gül-lälesi.—
diýip, ol indi belent paýhas, belent owaz bilen  bitewi, synmaz, halky azat, erkin, eşretli döwranda ýaşajak döwletiň gürrüňini edýärdi.
Magtymguly Pyragy türkmen halkyny bir bitewi döwlet bolmaga,  beýik birleşige çagyrmak bilen, ol  öz halkynyň gurmaly döwletiniň esaslaryny uly buýsanç, ynam bilen  „Türkmen binasy“  goşgusynda beýan edýär.
   
Gurdugym, aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy.

Süleýman hem Rüstem   Zal, Jemşit oňa bolmuş geda,
Günde  ýüz-müň  salsa leşger, degmez şanyň belasy.

Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup,
Kylsa bir jaýga ýörüşi, açylar gül-lälesi...

Aýdadyr Magtymguly, ýokdur köňülde gilesi,
 Hak sylaýyp, kylmyş nazar, bardyr onuň saýasy.
 
Diýip, bu döwletiň kuwwatyny, zarbyny habar berýär. Eger, türkmen halky Magtymgulynyň   umyt edýän döwletini gurup bilse, onda   ol döwlet ” zeminiň myhy bolmaly”, “ Teke,  ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili  bir bolup…” guran şol döwletini  ”Süleýman,  Rüstem Zal, Jemşit…”  ýaly dünýäni sarsdyran beýik  jahangir şahy-soltanlar her günde ýüz müň leşger salsalar-da, olaryň  belasy “türkmen döwletiniň ýele ýanyndan hem geçmez”.
  Şu ýerde,  şeýle beýik pikiriň wagşyýana, erkin  hem-de  hiç haçan, hiç kime özüni boýun egdirtmejek sähraýy  türkmen halkynyň  bir bitewi, sarsmaz döwleti- beýik Türkmen binasyny gurmagy baradaky adam aňyna, parasadyna gelmejek pikiriň tutuş gündogarda ilkinji sapar,  özem  beýik  türkmen akyldary tarapyndan öňe sürülendigini aýtmak ýakymlydyr.  Şeýle pikiriň, Magtymgulynyň  akyldarlyk çeşmesi hasaplanylýan gündogaryň Mäne babadan tä Döwletmämmet Azada çenli,şol sanda  Nyzamy Genjewi, Abdyrahman Jamy, Omar Haýýam,Alyşir Nowaýy ýaly  beýik akyldar şahyrlaryň hem pikir-parasadyna gelmändigini   ýene bir sapar nygtasymyz  gelýär.
Beýik akyldar bir bitewi döwlet bolmak baradaky many-maňzyny  öz şygyrlarynyň derejesinde goýmak bilen çäklenmändir. Ol her bir türkmeniň  şol garaşsyz, erkin döwlet barada bitewi düşünjesiniň bolmagyny hem isläpdir. Munuň şeýledigini „Türkmeniň“ goşgusynyň mysalynda görüp geçeliň.

Hak sylamyş bardyr onuň saýasy,
 Çyrpynşar çölünde neri, mayasy,
Reňbe- reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli  türkmeniň.

Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar, 
Tartsa ýygyn erär topraklar, daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ýkbaly türkmeniň.

Serhoş bolup çykar, jiger daglanmaz,
Daşlary syndyrar, ýoly baglanmaz,
Gözuň gaýra düşmez, köňül eglenmez,
Magtymguly sözlär tili türkmeniň.
  
Ine, şu ajaýyp goşguda reňbe- reň gül açan ýaşyl ýaýlasynda neri, mayasy  çyrpynyşyp, beg, töre, aksakal ýurda  adalatly serenjam berýän, tirerleri gardaş, uruglary ýar-dost, bir suprada aşy , nany taýýarlanýan gözel türlmen iliniň waspyny edýär. Ol şeýdip: „eý, türkmen halkym, sen birleşip, bir döwlet gursaň, döwletiň şeýle gözel, beýik mertebä eýe bolar“ diýmek isläpdir.
 Elbet-de, Beýik akyldar şahyryň  öz  dürdäne şygyrýetinde külli türkmen halkyny bir bitewi  döwlet bolmaga,  agzybirlige çagyryp,  ýöreden parasat – paýhasyna  gysgajyk göz aýlanyňda, onuň baryp   ençe asyr mundan öň „halkym, watanym, il-günüm„ diýip ot-elek bolup geçendigine haýranlar galýarsyň. Beýik yhlas, azaplar, zehiniň bilen, azaplaryň bilen çekilen  zähmet hiç haçanam yrýa gitmeýär.
Beýik akyldaryň watan, il-gün baradaky beýik azaplary onuň parasat mekdebini geçenleriň ruhunda, zehininde taplanyp, şu günki  türkmen halkynyň hem ýüreginde orun aldy. Beýik akyldar atamyzyň baryp Orta asyrlaryň jebri-jepaly zamanlarynda  eden umytlary,  çeken hasratlary, iýen gussalary gelip-gelip XX asyryň aýaklarynda hasyl boldy. 
 Türkmen halkynyň söwer ogly  Türkmenistanyň Ilkinji Prezidenti  türkmen halkynyna  bitewi, el-dil degrilmesiz döwlet hökmünde  Garaşsyzlygyny alyp berdi. Bu halkyň, onuň bu  Garaşsyz döwletiniň mertebesini dünýä derejesine belende galdyrdy.
Bu gün Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň  azat, erkin, bagtyýar halky,  özüniň  hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň ýolbaşçylygynda  Garaşsyz, baky Bitarap  Watany Altyn asyrynyň eşretli eýýamynda ýaşaýar.Onuň ýaşyl baýdagy dünýäniň depesinde erkana pasyrdaýar.
Bu bagtly, eşretli zamanda ýaşaýan her bir türkmen raýatynyň kalbynda, umydynda  baryp-ha  geçmişiň zulmatly eýýamlarynda halkym bir bitewi, eşreti, höziri egsilmejek döwletde ýaşasyn diýip jan çeken  Magtymguly Pyraga tükeniksiz alkyş, buýsançly minnetdarlygymyz, hiç haçan ýeňilmejek tugmyz deýin, baky parlap durar.

Öwezdurdy NEPESOW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.

Категория: Magtymgulyny öwreniş | Просмотров: 17 | Добавил: Has | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 4.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: