16:06
BILDIŇ, PYRAGY!

BILDIŇ, PYRAGY!

Ýüregmiň ýanynda nurana höwrüm, 
Ömürlik syrdaşym bolduň, Pyragy!
Pelek çarhy hanjak eýlese öwrüm, 
Sen öz ýoluň bilen geldiň, Pyragy! 

290 ýyl ýaňlanýar adyň, 
Ýaragyň ýitidir, togtamaz badyň, 
Tapanyňdan azdyr ýitiren zadyň, 
Dünýäniň gymmatyn aldyň,Pyragy! 

Söz ýugrum sungatyň durmady çakda, 
Gürlediň ýurt, döwlet, il-günüň hakda, 
Türkmen öňýetene bolmasyn bakna, 
Bedewiňi ýüzyn saldyň, Pyragy! 

Sözleriň – peýkamdy, gözleriň – galkan,
Türkmen ülkesine salypdyň ýalkym, 
Bir Tuga çagyryp ýaýrawly halkyň, 
Çar tarapa çapar saldyň, Pyragy! 

Türkmeniň bagtynyň ýörejegini, 
Setirlerňe sykyp ýürejigiňi, 
Milletden kimleriň dörejegini,
Köp asyr mundan öň bildiň, Pyragy!

■ Pyragy

Soňy gutarmajak göwher hazyna,
Türkmenimiň beýik ogly, Pyragy! 
Gulak gerdim her bir aýdan sözüňe,
Gözlerimiň nury – didäm, Pyragy! 

Nesihat, ündewiň kändir ilime, 
Şamçyrag sen, ýagty saçýan ýoluma, 
Ýetdi halkyň çoh garaşan günüňe, 
Sen türkmeniň beýik ogly, Pyragy! 

Aýan etdiň şu günüm hem ertirim, 
Aýtdyň asyrlaryň öňünden syryn, 
Eýeläp ynsanlaň ýüregniň törün, 
Sensiň halkyň söwer ogly, Pyragy! 

Sen-sen beýik ogly ulus-ilimiň, 
Halallyk ýolunda saýrady diliň, 
Tutup gitsem seniň ýörän dürs ýoluň, 
Ahmyrly bolmazdym menem, Pyragy!

■ Söýgi kelamy

Ýanymda otyrsyň çala ýylgyryp, 
Kä ýaňlanyp gidýär ajaýyp gülki. 
Şol gülkiň janyma rahatlyk berip,
Eşretli geljege ynamdyr, belki. 

Söýgi hakda ýazýan, näçe ýazsam, az, 
Söýgüden döreýär ajaýyp gazal. 
Okamda gözleňden, özüňden erksiz,
Gözýaşyň dökýärsiň, mähriban gözel!

Gözleriňden ýaşyň akyp dur, akyp, 
Ol ýaşlaň gözlerden akyşy syrly. 
Durmuşdan nägile ýaşlygyň geçip,
Kalbyňda hasratyň barmy ahmyrly?
 
Bir görseň alaýaz, keýpiň daş ýaryp, 
Bahargülüm, bägül bolup açylýaň. 
Ýüregmi ýerinden goparyp alyp,
Bir pursat jadyly gülki eçilýäň.

Her säher ýaňlansyn şadyýan gülkiň, 
Şatlyksyz durmuşyň ýokdur gyzygy. 
Az salym ýaňlanýan jadyly gülkiň,
Kalbymda gurnaýar syrly duzagy.

■ Bagt

Ykbal bizi dürli ýerden çykardy,
Dosta duşmak – bagtdyr, ýokdur gümanym. 
Her niçik, herimiz merdem çykardy,
Duşsak, dagymyzdan gidýär dumanym. 

Obama baramda giňeýär dünýäm, 
Begenç gözýaşymy gizleýärin men. 
Göwnüme şo-ol çybyk atymy münýän, 
Basan yzlarymy gözleýärin men. 

Sataşsam, eşitsem dostlaň adyny, 
Bagtyň depesine çykýaryn az wagt, 
Kalbyňa, ýüregňe ýakyn adamy, 
Az salym görmegem däldir az bagt.

Çary AÝNAZAROW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 34 | Добавил: Mylaýym | Теги: Çary AÝNAZAROW | Рейтинг: 4.5/4

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: