03:53
Bije

BIJE

Azaşyp geldiñmi,
Ýalñyşyp geldiñ.
Öz aklyñ bilenmi,
Ýa akylsyzlyk...
Parhy näme köñül kildiñ çözdürip,
Mähre teşne gurap giden synañy
Meniñ goýras joşgunyma ezdirip
Göremsoñ goýnumda oýnap-gülenñi
Seniñ basyp giden yzyñça ýoklar
Saýsalar saýsynlar, goý, ýakymsyzlyk!
Azaşanam bolsañ,
                                      ýoluñy tapman,
Ýalñyşanam bolsañ,
                                       gaşyñy çytman
Aýgyt bilen maña geleniñ üçin
Añyrdan gelşiñe dyzyñy epmän
Gujagyma gaýym dolanyñ üçin
Pitiwa etmedim akyllymyñ
ýa,
Aklyny serinden şemal kakanmy...
Bir ömür toslañda tasa gelmejek
Ala-böle meñ bijämden çykanñy,
Azajygam bolsa hözirin görüp
Ýaşaýyn birsellem, göýä ölmejek
ýaly. Näm bolsa-da meñ garaçynym
Goýbermejegim...

Has TÜRKMEN.

Категория: Goşgular | Просмотров: 120 | Добавил: Has | Теги: Has TÜRKMEN | Рейтинг: 3.9/8

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 14
0
1  
Has aga, goşgyňyz öňkülerdäkiden-ä gysgalypdyr... smile

0
2  
Bije - adatça oýun mysaly zat, a seniň bijäňe düşen janan şowly bolmaly "goýbermejekden" bolsaň

0
3  
Ykbala dahylly mazmunyň beýany. Ajap şygyr.

0
4  
Ajaýyp goşgy.

0
5  
"Köñül kildi", "goýras joşgun", "tasa gelmejek toslama", "Mähre teşne gurap giden syna"... täze hem üýtgeşik metaforalar. Galamyñ ýiti bolsun, şahyrym!

0
6  
Birem, göni aýdylyan yaly sözler bar, başga manylary bar. Her okañda başga pikir berip bilýä.

0
7  
Öwseň-ä halamaýa Has. Öwmeseňem, näme ýazsa gelişip dur, şu adam.

0
8  
Aklyny serinden şemal kakanmy...

Dilýetimden,gözýetimden uzakdaky Saýýaraň owazasymy bu happy 

Her goşgyňy okaňda serleri goşgyndaky syrlary çözmek şemala kakýar wacko

0
9  
Gülzyýada, "Sen tebigat hem yşk, bir jan ekeniň. Bir jana öwrülen janan ekeň!" bilmändirinä şu wagta çenli tongue

0
10  
Az bolsun uz bolsun diyilyarem welin bula yarym galan seslenme men pikrimce...

0
11  
2

0
12  
Muña ussatlyk diýilýär- bir zada salgylanyp düýbûnden bolsa başga zat hakynda aýdyp bilmeklik.
Gõrmäge bir zenana aýdylýan ýaly emma añyrsynda başga bir dünýä bar goşgyñ. Ol ýeñilligine agraslygyna garaman gujagyña gõni dolduryp bilinjek zat - ýa-ha dyñzap gelen sõz ýa-da poeziýa. Onsoñ ýazma bilseñ ýazma bakaly õz joşgunyña ezip

0
13  
Aýgyt bilen gujagyña dolan pikiri õz joşgunyña ezip, on iki süññüne mähriñi siñdirip, agraslygyna ýeñlesligine garamazdan gundaglap, bezäp besläp sünnäläp "kõñle geleniñi taraşlap şaglatmaklyga" bolsa BAŞARNYK diýilýär. Aperin!

0
14  
Sõz diýilýän gudratyñ õzi şeýle añyrdan dyñzap geler gõni girer ýürege, onsoñ şahyr üçin parhy näme agrasmy, ýeñilmi. Kõñül kildini çõzmek başarnygyña bagly. Ol her kime çõzdürmeýärem kõñül kildini.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: