13:53
Beýik Babadaýhan

BEÝIK BABADAÝHAN

■ Türkmenistanyň Gahrymany Sadulla Rozmetow barada ýatlama

Diýarymyzyň islendik künjegine baryp, “Sadulla Rozmetow kim?” diýip sorasaňyz, ýedi ýaşardan ýetmiş ýaşara çenli ony bilmeýän adam bolmasa gerek. Hatda bir wagtlar Sadulla aga barasynda halkyň arasynda rowaýata meňzeş gürrüňler  hem ýaýrapdyr.Olaryň birinde “Sadulla aga ösümlikleriň dilini bilýärmiş, pagta meýdanlaryny aýlananda gowaçalar bilen gepleşýärmiş” diýilse, ýene birinde “Sadulla aganyň ýanyna bir kyn ýumuş bilen baran adamyň ýumuşuny ýüziniň ugruna bitirip goýberýärmişin, oturan ýerinde islendik edara jaň etse onuň sözüni hiç kim ýerde galdyrmaýamyşyn” diýilýärdi. Adamyň beýle legendar şahsa öwrülmegi, şan-şöhrata beslenmegi aňsatlyk bilen bolmaýar. “Maňlaýyna ýazylandyr”diýleni hem bar. Ylahyýetden ýazylsa ýazylandyr, emma ykbaly, geljegi adamyň özüne-de baglydygyny inkär edip bolmaýar.
Adamyň ömri menzillerden ybarat diýilýär. Ykbal hem ilkinji menzilden başlanýar. Ýagny, şol döwürden iş tutuşyňa bagly bolup baryberýär. Muny Sadulla aganyň ömür menzilleri mysalynda aýdyň görüp bolýar.
Meniň Sadulla aga bilen tanyşlygym geçen asyryň 60-njy ýyllaryndan başlanypdy. Şol döwürde  “Ýangi turmuş” şäher-raýon gazetinde işleýärdim. Redaksiýanyň tabşyrygy bilen Sadulla aganyň kolhozyndan makala ýazmak üçin bardym. Şol döwürde Sadulla aga kyrk ýaşlardaky gujur-gaýraty, parasaty, paýhasy nurana keşbine çogup çykyp duran, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany diýen adyň eýesi, atly başlykdy. Men oňa edarasyndan çykyp gelýän wagty, daşky gapynyň öňünde gabat geldim. Salamlaşyp, kimdigimi aýtdym. Ýöne ol iş-aladasy ýetik bolanlygy üçinmi maňa kän bir üns bermedi. “Içeride orunbasar bar, näme maglumat gerek bolsa şondan alyber”- diýdi-de edaranyň öňünde duran “Pobeda” maşynyna münip gitdi. Bu meniň Sadulla Rozmetow diýen adamy birinji görşümdi. Şondan köp wadt geçmän “Ýangi turmuş” gazeti ýapyldy. Men başga işe geçdim. Şondan soň Sadulla aga bilen duşuşmaga sebäp bolmany üçin uzak wagt onuň bilen ara baglanyş bolmady. Haçanda 1968-nji ýylda “Pahtakor” raýon gazeti döredilip, men oňa işe geçenimden soň Sadulla aganyň kolhozyna aýda birki gezek barýan boldum. Ol metbugat bilen gyzyklanýan adam eken. Baranymda oňa duşaýsam saglyk-amanlyk soraşandan soň, käte bize nägilelik bildirip, “Näme üçin pylan ýerdäki gowy işleri göreňzok, şony gazete ýazyp ile ýaýratsaňyz bolmaýarmy?”- diýýärdi, ýa-da raýonyň bir ýerinde özi gören kemçilik bolsa näme üçin şony tankyt edip ýazmaýandygymyzy aýdýardy. 70-nji ýyllara gelip Sadulla aga meniň bilen gyzyklanyp başlady. Munuň sebäbi şol döwürde gazet-žurnallarda çykan meniň makalalarymy we çeper eserlerimi okaýan bolmaga çemeli.1971-nji ýylyň bahar aýydy. Men kolhoza baranymda, Sadulla aga kabinetinde şol döwürdäki raýispolkomyň başlygy Şerip Kalandarow bilen oturan eken. Men gapydan girip salam berenimden Şeripbaý eke: “Ine, özi-de geldi, häzir seni agzap otyrdyk”-diýdi. Şeripbaý eke köňlündäki dilinde, alçak, adamlara mähirli, mylakatly, gowy adamdy. Men onuň gepinden geň galyp “Meni näme diýip agzaýarkalar” diýen pikir bilen görkezilen ýerde oturdym. 
    Reýimbaý, näme diýsäne, men: “Sadulla, kolhozyňyñ .bu gülläp ösüşini, seniň eden işleriňi bir ajaýyp kino etmek gerek. Şu işi Reýimbaýa tabşyraýsak, özi senariýsyny hem ýazar, kinoçylary-da tapar”- diýip otyrdym -diýdi. Soň: “-Sen nähili görýäň şol pikiri”?-diýip maňa ýüzlendi. Men:
Sadulla aga oňlasa edäýeris-diýdim.
Sadulla aga bu pikiri iki elläp goldady. Men ýazyjy dostum Hojanepes Meläýew bilen  senarýasyny ýazyp, Türkmenistanyň atly rejissýorlaryndan biri Meret Atahanowyň eline berdik. Ol özüniň operatorlary bilen kolhoza gelip, iküç aýlap filmi surata aldy. Bir bölegini Moskwada aldy. Men işimden boşadygym kolhoza gelip, rejissýoryň ýanynda bolýardym. Senariýa goşmaly ýer bolsa goşup, aýyrmaly ýeri bolsa aýyryp berýärdim. 
Şeýlelikde doly metrajly “Ýarmyş yşyklary” atly dokumental film döredildi. Filmiň ilkinji gözden geçirilişine raýonyň, oblastyň ýolbaşçylary hem gatnaşyp, dabaraly ýagdaýda kabul etdiler. Şondan  soň film ilki kolhozlarda we respublika telewideniýesi arkaly bir näçe gezek gaýtalanyp görkezildi. Soňra filmiň lentasy Moskwa goýberilip, merkezi telewideniýede hem görkezildi. Şeýlelikde kolhozyň we onuň ýolbaşçysy Sadulla aganyň şohraty soýuza ýaýrady.
1974-nji  ýylda men raýon “Pahtakor” gazetine redaktor edip bellenenimden soň Sadulla aga bilen raýonda, oblastda bolýan ýygnaklarda tiz-tiz duşuşýardyk. Käte bile ýanaşyk oturýardyk, ýygnak başlanýança ondan-mundan gürrüň edýärdik. Gürrüň arasynda ol gazetde haýsy ugra köpräk üns bermelidigi, tankydyň dogruçyl, adalatly bolmaklygy hakynda maslahat berýärdi. Bir  sapar şonuň ýaly bile oturup galanymyzda  men Sadulla aganyň kalbynyň bir gözel tarapyny açdym. Bir mahal ol goltuk jübüsinden bir ýandepderçeni çykardy-da onuň sahypalaryna göz gezdirip başlady. Men: “bu näme?” diýip soranymda ol “Hazyna” diýip jogap berdi. Alyp  seretsem hazyna diýdigiçe bar eken. Onuň ähli sahypalary Sadulla aganyň öz eli bilen ýazylan dünýä akyldarlarynyň dana sözlerinden-hikmetlerden doludy. “Elhepus! Bu adam söze beýle belent sarpa goýýan eken-ow” diýip içimi gepletdim. “Zer gadyryny zergär bilýär” diýeni şu-da. Hakykatdan-da ynsanyýetiň beýik arzuwlary, ýagşy niýetleri, haýyr we şer hakyndaky danyşmentleriň hikmetli sözlerini ýygyp,olary hazyna hökmünde ýanynda göterip ýörmegi ýöne ýere däldi. Her bir adam öz ýüregine ýakyn bolan zatlary gadyrlaýar. Sadulla aganyň ýüregi hem şol  hikmetleri aýdan beýikleriň ýüregine ýakyn. Pikirleri we niýetleri hem olar bilen kybapdaşdy. Onuň kalby ýanynda göterip ýören “Hazynasyndaky” ýaly ajaýyp arzuwlara, ýagşy niýetlere doludy. 
Sadulla aga gözelligiň şeýdasydy. Onuň kalbyndaky gözellik Ýarmyş obasynyň keşbine göçdi. Onuň belent adamkärçiligi, ynsanperwerligi her bir hereketinde ýüze çykýardy. Onuň obada täze tipde döreden gonamçylygy ynsanperwerligiň, adamkärçiligiň belent nyşany bolup, ony döretmegiň özi gahrymançylykly işdir. Ýadymda, Sadulla aganyň şu gonamçylyga ilkinji goýlan adam- dosty, orunbasary Hajy aganyň mazarynyň ýanynda sözlän sözi we soňunda  “Alwida, dostum” diýen ýürekden çykan nalasy meniň gözüme ýaş aýlap, ýüregimi dilip goýberipdi.
Men Sadulla aganyň eden işleri barada ýazan makalalarymyň içinde onuň 60 ýaşynyň dolmagy mynasybetli  raýon we oblast gazetlerinde çap etdiren “Nurly belentlik” diýen makalam has göwnünden turan bolmaga çemeli, ýubileý dabarasyna baranymda ol elimi gysyp, “Şu makalaň hemme sowgatlardan hem gowy sowgat boldy” diýipdi.
Sadulla aga bilen gatnaşygymyz meniň halypam, özüniň dosty filologiýa ylymlarynyň doktory, Özbegistan ylymlar akademiýasynyň akademigi Matýakup Koşjanowyň üsti bilen has hem ýakynlaşdy. Matýakup aga her sapar Daşogza gelende meniň bilen bile Sadulla agalara barar, üçimiz birki gün bile bolup, köp heňňamlaryň aňyrsyndan girip bärsinden çykýardyk. Sadulla aga şu dostuny örän gowy görýärdi. Onuň gelenine begenýärdi, ýanyndan goýberesi gelmeýärdi. "Matýakup bilen gepleşseň hez edýärsiň” diýýärdi. Matýakup aga hem dosty Sadulla agany oba hojalyk ugrunyň ussat bilermeni hökmünde önümçilikde gazanan üstünlikleri, diňe oba hojalygynda däl, obany abadanlaşdyrmak ugrunda hem bitiren ägirt uly işlerine uly baha berýärdi. Ol özüniň bir kitabyna girizen “"Kerwenbaşy” atly makalasynda dostunyň gahrymançylykly işlerini beýan edipdi.
        Sadulla aga täzeçil, köp zatlary öňünden görýän adamdy. Ol Watanymyz Garaşsyzlygyny ele alanyndan soň oba hojalygynyň gurlyşy barada oýlanýardy. Ol bir güni meni ýanyna çagyryp: “Ýurdymyz Garaşsyz boldy, mundan beýläk oba hojalygyny ýöretmegiň ýollary baradaky meniň pikirlerimi respublika gazetleriniň birinde bersek, belki adamlar makullar”-diýdi. Men- Prezident nähili gararka siziň teklibiňize?-diýdim. Ol: “Prezidentiň özi-de “Täze teklipler bolsa orta taşlabermeli” diýipdi”-diýdi. Şondan soň “Türkmenistan” gazetinde oba hojalygyny ýöretmegiň täze ýollary barada Sadulla aganyň meniň bilen söhbetdeşligi (interwýusy) çap bolup çykdy. Gazetdäki çykyşdan soň Prezident Saparmurat Türkmenbaşy bir ýygnakda “Sadullanyň kolhozyna baryň, onuň täze tekliplerini, işlerini öwreniň” diýipdi. Oba hojalygynyň häzirki düzümi bolsa şol söhbetdeşlikde Sadulla aganyň aýdan pikirleri esasynda guraldy.
        Beýle seredeniňde uly hojalygyň iş aladasy başga zatlara wagt galdyrmajak ýaly. Emma Sadulla aga adamlara ruhy azyk berýän edebiýat, sungat, taryh, ylym we tehnika täzelikleri, şonuň ýaly-da dünýä habarlary bilen içgin gyzyklanýardy. Her sapar ikiçäk oturanymyzda şu ugurlaryň birkisi barada gürrüň ederdik. Ol kitaphondy. Eline düşen kitaby ahyryna çenli, onda-da tankydy nazar bilen okaýardy. Her sapar Matýakup aga geleninde esasy edilýän gürrüň edebi eserler barasynda gidýärdi. Bir sapar ol Matýakup aganyň bir ýazyjynyň romany barada ýazan syny hakynda söz açyp, eseriň bir kemçiligini aýtdy. Şonda Matýakup aga: “Siz başlyk däl, tankytçy bolmaly ekeniňiz. Meniň nazarymdan sypan kemçiligi hem görüpsiňiz” diýip ýylgyrdy. Matýakup aga maňa garap: “Sadulla ekäniň adamlara nusgalyk ömri, zähmet ýoly iş tejribeleri bir romana material berýär. Ýazsaň bolmaýarmy?” diýdi. Roman ýazyldy, bir ýylyň dowamynda. Matýakup aga indiki geleninde öz teklibi boýunça ýazylan romany Sadulla aganyň kolhozynyň daçasynda üç gün oturup oňa okap berdim. Ol romany makullady. Sadulla aga bolsa başga isleg bildirdi. Ol: “Roman çeper eser, onda dokuma wakalar hem bar. Onsoňam ol Reýimbaýyň eseri. Menem öz durmyşym barada öz adymdan geljekki nesillerime ýadygär bolar ýaly bir kitap galdyrasym gelýär” diýdi. Sadulla aganyň ömür beýany hakyndaky “Garaşsyzlyk ömrümiň röwşenligi” atly kitaby 2001-nji ýylda “Ruh” neşirýaty tarapyndan çap edildi. Kitap  2001-nji ýylyň fewral aýyna çenli bolan ýaşulynyň durmuşy bilen bagly wakalary öz içine alýardy. Şundan soň aradan dört ýyla golaý wagt geçdi. Şu arada Sadulla aganyň durmuşynda ençeme möhüm wakalar bolup geçdi. Sadulla aga bu wakalary hem goşup kitabynyň ikinji neşrini hem çap etdirdi. Ýaşulynyň ömriniň ahyryna çenli bolup geçen esasy wakalary öz içine alýan kitabynyň üçünji neşri ogly Rozumbaýyň başlangyjy bilen wepatyndan soň 2012-nji ýylda çap edildi. Bu bolsa ogluň atasyna bolan çäksiz hormatynyň nyşany boldy.
    Bu kitaplary okan adam Sadulla agamyza Türkmenistanyň Gahrymany, Hormatly il ýaşulusy diýilýän hormatly atlaryň we beýleki döwlet sylaglarynyň ýöne ýere berlen däldigine, bu belent derejeleriň aňyrsynda ömür boýy çekilen tutanýerli zähmetiň, halkyň, Watanyň hyzmatyna bagyşlanan çuň mazmunly ömrüň ýatýandygyna göz ýetirýär. Men bolsa Sadulla aga bilen kän ýyllaryň dowamynda gadyrdan dost sypatynda gatnaşyp, köp meseleler barasynda içgin söhbetleşip, maslahatlaşyp, ajaýyp häsiýetlerini, dünýägaraýyşyny, ruhyýetini öwrenip, onuň beýik adamdygyna göz ýetirdim.
        Beýik adamlara mahsus bolan häsiýetleriň birinjisi sadalykdyr, galyberse salyhatlylyk, ynsanperwerlik, durnuklylyk, mertlikdir.
        Öziniň zähmetiniň arkasyndan beýiklik derejesine göterilen Sadulla aga ýokarda aýdylanlardan başga-da ajaýyp häsiýetleri bilen halkyň çuňňur hormatyny gazanan adamdyr. Onuň at-abraýy, jemgyýetde tutýan orny örän saldamlydy. Şeýle bolansoň oňa döwletimiziň ýolbaşçylary hem uly sarpa goýýardylar. Paýtagtymyzda bolan bir uly ýygnakda Saparmyrat Türkmenbaşy ýanynda otyran Sadulla agany görkezip, “Adamlar, Sadulla beýik babadaýhandyr!” diýip seslendi. Bu bolsa Sadulla aganyň daýhançylyk diýilýän örän çylşyrymly we ýeňil däl işi has belentlere göterip şunuň bilen öziniň hem beýiklik derejesine ýetenliginiň döwlet ýolbaşçysy tarapyndan ykrar edildigidi.
        Aýratyn-da Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşulyny biçak hormat edýärdi. Onuň bilen nirede duşuşsada, hal- ahwal soraşyp, oba hojalygy barada söhbetleşýärdi, degerli maslahatlary kabul edýärdi.
        Daragt ýykylanda onuň belentligi has belli bolýar diýilişi ýaly onuň namazyna gatnaşan san-sajaksyz adamlaryň biriniň “Dag agdarylan ýaly boldy” diýmegi halkyň Sadulla aga garaýyşyny aňlatsa, ýaşulynyň kyrk sadakasyna hormatly Prezidentimiziň öz egindeşleri bilen gelip, aýat-töwür etdirip gitmegi hem-de ministrler kabinetiniň karary esasynda ör boýuna galdyrylyp, bronzadan heýkel goýulmagy Sadulla aganyň döwlet derejesinde tutýan ornunyň we oňa bolan çuňňur hormatyň nyşany boldy.
Bu beýik zähmetkeş ynsana bolan hormat hiç haçan egsilmez, hatyrasy hemişe belentde tutulyp, ýagty ýadygärligi kalplarymyzdan öçmez.

Reýimbaý SABYROW.

Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 86 | Добавил: Has | Теги: Reýimbaý Sabyrow | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: