12:23
Başyna tilkiler buşugýan närsedenem Hudaý bormy?..

BAŞYNA TILKILER BUŞUGÝAN NÄRSEDENEM HUDAÝ BORMY...

Raşid ibn Abdyrabby (r.a) şeýle rowaýat edýär:

Birnäçe taýpanyñ çokunýan Süwa bir puty bardy. Bir gezek şol taýpalaryñ biri menden "Süwa" hudaýyna birnäçe sowgat-peşgeşler ugratdylar. Ýolda barýarkam bir puta duş geldim. Ol putdan "Abdylmuttalybyñ ogullaryndan bir pygamber döredi. Zynany, süýthorçylygy we putlar üçin gurbanlyk kesmegi haram kyldy. Bu iş üns bermäge degişlidir. Gök ýüzünden şeýtanlaryñ alawlap duran ot bilen gaýypdan habar almaz ýaly kowulmagy-da haýran galarlykly hadysalardandyr"  diýen ses eşitdim. Başga bir putdan bolsa: 
"Çokunylan Dimad terk edildi. Namaz okaýan, oraza tutýan we zekat bermegi emir eden bir  Pygamber döredi" diýen ses çykdy. Ýene bir putdan:
"Isa ibn Merýemden soñra Pygamberlige we hidaýata gowuşmaga sebäp bolan mynasyp mirasdüşer bolan kişi kureýşden Ahmetdir" diýen ses eşidildi. Soñra "Süwa" atly putuñ ýanyna gitdim. Bir görsem iki sany tilki ol putyñ töwereginde aýlanyşyp ýördi. Tilkiler dili bilen puty ýalaşdyrýardylar we onuñ öñünde goýlan zatlardan iýýärdiler. Soñra art aýaklaryny galdyryp putyñ üstüne buşugýardylar. Men bu görenimi goşgy arkaly şeýle beýan edipdim:

"Başyna tilkileñ siýip ýöreni,
Kim oýlanar, çokunylýan jelildir?
Üstüne siýdirip ýören her närse,
Tilkiçe ýok jansyz, hary-zelildir".

Bu hadysa Resulallanyñ (s.a.w) Medinä hijret eden wagtlarynda bolupdy. Bu zatlary görenimden soñra Medinä gitdim. Şol wagtlar meniñ adym Zalymdy. Ýanymds bir itimem bardy. Itimiñ ady bolsa Raşiddi. Resulallanyñ huzuryna baranymda, Ol meniñ adymy sorady. Adym Zalym diýdim. Itimiñ adyny sorady, Raşid diýdim. Pygamber (s.a w): "Seniñ adyñ Raşid, itiñ ady Zalym bolsun" diýdi. Men iman getirip, musulman boldum. Soñra Resulalladan öz ýurdumdan bir ýer isledim. Ol maña bir at goşdurarlyk we üç daş atymlyk ýer giñişliginde bir ýer berdi. Bir mytara suw hem berdi. Ol suwa mübärek agzynyñ suwundan goşdy we maña: "Bu suwy saña berilen ýere sep. Suw senden artsa halkdan gysganma, olara-da ber" diýdi. Ol suwy äkidip özüme berilen ýere dökdüm. Ol ýerden süýji suwly çeşme çykdy. Berilen ýere-de hurma agaçlaryny ekdim".

Şol ýeriñ halky şypa tapmak maksady bilen bu suwa ýuwunarlarmyşyn. Suwuñ adyna-da "Ma'ür-Resul" ("Resulallanyñ çeşmesi") diýip at goýupdyrlar. Rowaýat edilmegine görä Hezreti Raşid (r.a) mülk ýerinde bir gaýany ýarypdyr. Bu iş adaty adam güýji bilen edip boljak iş dälmişin.

Abdyrahman JAMY "Şewahid-ün Nübüwwe"

Terjime eden:  © Has TÜRKMEN.

Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 82 | Добавил: Has | Теги: Abdyrahman Jamy | Рейтинг: 4.3/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
2
1  
@Has,ajaýyp terjimeler üçinem Tañryýalkasyn.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: