21:40
Bäş geñsi taryhy hakykat
BÄŞ GEÑSI TARYHY HAKYKAT

■ Hindistandaky Sati jynaza dessury

1869-njy ýyla çenli Hindistanyñ käbir ýerlerinde aýalyñ ölen äriniñ meýdi bilen bile özüni otlaýan jynaza dessury bardy. Bu aýylganç dessura "Sati" diýilýärdi. Ençeme asyrlap dowam eden gorkunç ritualyñ düýbünde diri adamsynyñ sebäp bolan kemsitmesinden kakasyny halas etmek üçin özüni ýakan zenan hudaý Sati baradaky rowaýat ýatyr. Hindistanyñ ganyny üç asyrlap emen iñlis basybalyjylarynyñ hernä hindilere haýry degen ýeri-de bolupdt, iñlisler Hindistana ornaşansoñ bu ýaramaz däbi düýpli gadagan etdi.

■ Tagta gylyçly söweşe girmek...

Toltekler VII asyrda häkimiýet başyna gelip, häzirki Meksikanyñ çäginde 300 ýyllap agalyk süren ýerli indeý taýpasydyr.
Olaryñ güýçlenip hökmürowanlygy ele almagy goñşy taýpalar bilen birigip, yzygiderli harby türgenleşikleriñ geçirilmegi netijesinde boldy.
Toltekleriñ hökmürowanlygy harby türgenleşikleriñ gereginden artyk geçirilmegi sebäpli agressiwleşdi. Netijede militarizm jemgyýetiñ aýrylmaz bölegine öwrüldi. Olaryñ söweş taktikasy täsin bolupdyr. Görnüşe görä taýpalar duşmanlaryny ölümden halas etmek üçin tagtadan edilen gylyçlar bilen söweşe girmeli bolupdyr.

■ Jorj Waşington neşe söwdasy bilen meşgullanýardy

ABŞ-nyñ ilkinji Prezidenti Jorj Waşington aslynda neşe ekip ýetişdirýärdi we ol Prezidentlige saýlanansoñam neşe önümçiligini aklajak bolup garabaşyna gaý boldy. Onuñ Wirjiniýa ştatynda neşe plantasiýasy bardy. Şol ýerde hem ol neşe tohumynyñ we neşe önümleriniñ söwdasyny edýärdi.

■ Itjanly Rasputin

Käbirleri Grigoriý Rasputine XX asyryñ başlaryndaky Russiýanyñ gelejegini gowulap biljek we öñden görüjilik ukybyna eýe bolan adatdan daşary adam hökmünde garapdyr.
Ol rus patyşasy Nikolaý II-niñ aýaly Aleksandra Fýodorownanyñ bil baglaýan iñ ynamdar adamyna öwrülipdir. Emma rus aristokratiýasy Rasputini itden beter ýigrenipdir we onuñ garşysyna birnäçe gezek dildüwşik gurnapdyr. Muña garamazdan gurnalan kast edilşikleriñ barsy şowsuz tamamlanypdyr. Hatda iñ soñky gezek gurnalan kast edilşikde Rasputin awy berlendigine, atylandygyna we pyçaklanandygyna garamazdan ölmän galypdyr. Ahyrsoñunda onuñ çalajan bedeni gyşyñ güni buz ýaly derýa oklanypdyr. Aýdylmagyna görä, jeset suwdan çykarylansoñam, demi gelip gidýän eken...

■ Sakgal salgydy

Birwagtlar Amerikada we Ýewropada sakgal ösdürmek gadagan bolupdyr. Sakgal ösdürjek bolsañ sakgal salgydyny tölemeli eken.
Sakgal salgydyny ilkinji gezek 1535-nji ýylda Angliýanyñ koroly Anri VIII girizipdir. Kanuna görä raýat özüniñ jemgyýetde tutýan derejesine görä salgydyny tölänsoñ sakgal goýberip bilipdir.
Syrylandan soñ iki hepdeden köp sakgalyny ösdürýän her bir raýaty salgyt tölemegäe borçly eden sakgal salgydy hakyndaky kanun Anri VIII-iñ gyzy Ýelizaweta tarapyndan kabul edildi.
Sakgal salgydy hakyndaky ýene bir kanun Russiýada Pýotr I tarapyndan 1705-nji ýylda girizilipdir. Rus erkeklerini ýewropalaşdyrmaga çalşan Pýotr I-nyñ girizen kanunyna görä, edil ýewropa kanunlarynda bolşy ýaly, ruslar hem sakgal goýbermek üçin salgyt tölemeli bolupdyr.

Taýýarlan: Kalbanur.
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 62 | Добавил: Nur | Теги: Kalba Nur | Рейтинг: 4.2/5

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: