20:32
Bakylyk daragtyny gözlän adam hakynda hekaýat

"BAKYLYK DARAGTYNY GÖZLÄN ADAM HAKYNDA HEKAÝAT"

Bir şahyr şeý diýip ýazan dessanda:
"Bakylyk daragty bar Hindistanda.

Şonuň miwesinden kim datsa, biliň,
Oňa garrama ýok, ýok oňa ölüm..."

Bu sözleri eşden şalaryň biri
Bolup baky ýaşamagyň ýesiri.

Diýip: "Şol miweden alyp gel bäri!"
Çapar gönderenmiş Hindistan sary.

Şol täsin daragty tapmaň netinde,
Girenmişin çapar ülkäň çetinden.

Ýurduň çar künjüni sökýär, selpeýär,
Emma ol daragta gabat gelmeýär.

Gözleýänniň boş zatdygny bilenler
Oň üstünden gülüp, ýola salanlar.

Birnäçeler sorap ýagdaý, halyny,
Diýipdirler: "Tentekmi bu, dälimi?"

Ol bendäň sözlerne gülüp, ýaňsylap,
"Bu bikär iş üçin bolma, sen heläk".

Diýmän, odukdyryp öňküden beter,
Gižže beripdirler: "Agtaran – tapar".

Aýlanyber ýurduň ýakyn, alsyny,
Ahyr maksadyňa ýetir ol seni.

Bardygy-ha anyk şeýle daragtyň,
Bir gün gabat geler, getirer bagtyň.

Ullakan daragt ol, goýry kölgeli,
Seniň gözleýäniň hut şol bolmaly.

Üç gulaç dagy bar ýogynlygy-da,
Ýol agyrdyr, ýöne gaýrat et, çyda!".

Şeý diýip, çaparyň ugrun ýekeläp,
Bilseler-de onuň boljagny heläk.

Onuň sadalygna içi gülenler
Aldap-ogşap, ýene ýola salanlar.

Çekip ýene uzak ýoluň ejirin,
Aý-ýyllarny boş gözlegde geçirip.

Tapdan düşüp, gubar inip gözlerne,
Şübhelenip netijesiz gözlegne.

Ol oýa batypdyr: "Şunça ýyl bäri
Soňsuz ýollar söküp, çekdim azary.

Gözleýän zadymdan tapylman derek, Bar çeken azabym boldy biderek.

Halys tapdan düşüp, ysgynym gaçdy,
Iň soňkuja umyt uçgunym öçdi.

Salgymy kowalap gezdim şu çaka,
Indi dolanaýyn ýurduma baka.

Ýöne ilki tapyp danalaň birin,
Gür bereýin gören görgümiň baryn.

Aýdaýyn düşenmi niçiksi hala,
Pata alyp, soňra düşeýin ýola!"

Tapyp ýurda belli dana, alymy,
Sözläpdir o bende ýagdaý halyny.

Oň gürrüňni diňläp, soranmyş alym
"Näme gözleýänňi et maňa mälim!"

"Bir şahyr şeý diýip ýazan dessanda:
"Bakylyk daragty bar Hindistanda.

Şonuň miwesinden kim datsa, biliň,
Oňa garrama ýok, ýok oňa ölüm".

Hökümdarmyz — ýowuz şalaryň biri
Bolup baky ýaşamagyň ýesiri.

"Şol miweden alyp gel — diýip — bäri",
Meni ýola saldy Hindistan sary.

Ýyllarmy geçirdim bikär gözlegde,
Tapdan düşdüm, gubar iýndi gözlerme".

Dana şeýle diýen: "Bir zady biliň,
Ol daragtyň ady — bilimdir, bilim!

Onuň şaha-pudaklarna san ýetmez,
Datly miwesine her ynsan ýetmez.

"Öý ýykar — diýýärler — öteräk eşden",
Salgyma çapypsyň sen ozal-başdan.

Diňe şol daragtyň miwesin dadan,
Baky ýaşar, bolar bagtyýar adam!"

Категория: Goşgular | Просмотров: 24 | Добавил: Mylaýym | Теги: Jelaleddin Rumy | Рейтинг: 5.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: