11:10
Bagtyñ ýyly / hekaýa
Bagtyň ýyly (hekaýa)

Bütin zemini şatlyga besläp gelen Täze ýylyň heýjany ähli törlere şatlyk paýlap gelişine Mylaýymlary hem toý saçagynyň başyna üýşürenem bolsa gyzyň ýüregindäki inçejik ünji onuň şatlygyna biraz kölege çaýýan ýalydy. Özem bu eýýäm üç ýylyň içidir aýralyga dözmedik yşgyň hesreti bolup tanyş ýatlamalary bilen her gezek Täze ýylda Mylaýymy çuňňur oýa batyrýardy. Bu ýyl hem ejesidir-kakasynyň täze ýyl hakyndaky ajaýyp arzuwlaryna, jigileriniň şatlygyna goşulyp şatlanýan gyzyň köňli bolsa bireýýäm özüne şu çaka çen ynjalyk bermedik syrynyň yzyna düşüp allaworrada gezip ýördi. Bezemen arçanyň başynda jigileriniň goljagazyndan tutup pyrlanyp tans edip ýörşüne Medediň haklydygyny onsuz eýýäm üçünji gezek garşylanýan bu Täze ýylda ýene-de bir gezek tüýs ýürekden boýun alan gyz «Bagyşlap bilseň, bagyşla meni, Medet!» diýip içini gepledişine gapynyň jaňynyň batly çalynmagy bilen oýlaryndan aýňaldy. Duýdansyz sese tisginen gyz tasdanam bu sözleri daşyndan gaýtalandyryn öýdüp, çym-gyzyl boldy-da, tans etjeginem, gapa ýörejeginem bilmän alasarmyk ýagdaýda galdy. Onýança-da şadyýanlykdan ýelgamak deý atylyp barşyna gapyny açan kiçijik jigisi Nökeriň «Heýjanelek, Aýazbaba!» diýen begençli sesi içerä täzeden görk berdi. Öýdäkileriň hemmesiniň nazarynyň Aýazbaba gönükmegi bilen Mylaýym ýüregine ot berýän howsalasynyň duýulman galany üçin begendi. Gabasakgally, syrdamdan daýanykly Aýazbabanyň sowgadyny almak üçin onuň daşyna üýşen jigileri eýýäm Täze ýyl üçin bireýýämden taýýarlap goýan goşgularyny okamaga nobat tutup durdylar. Kiçijik goşgada sowgadyny gysganmaýan Aýazbabanyň sahylygyna haýran galan jigisi Nökerjik bolsa eýýäm gabyndan çykarmaga ýetişen uçaryny görüp begençli gürledi: «Kaka eşidýäňmi bu Aýazbaba dünýädäki iň gowy Aýazbaba. Özem hatymy alypdyr. Aýazbaba men ol hatymy Mylaýyma ýazdyrypdym, sebäbi men entek mekdebe gidemok-da!». «Şeýle diýsene!» diýip loh-loh gülen Aýazbaba garaşylşyndan has alçak bolup çykdy. «Goşgy bilmese-de saňa hat ýazmaga kömek eden uýaňa-da sowgat bermeseg-ä bolmaz!» diýip gülüşine torbasyndan lukmançylyga degişli kitaby çykaryp, Mylaýyma uzadan Aýazbabanyň özüniň lukmandygyny bilmesi gyzy hasam haýran galdyrdy. «Bu meniň gözläp ýören kitabym ahyry, siz meniň lukmandygymy nädip bildiňiz?!» diýip, kitabyň sahypalaryny agdaryşdyrmaga başlan gyz onuň gatlarynda emaý bilen goýulan sap-sary igde güllerini görüp tisgindi. «Aýazbabalar hemme zady bilýär ahyry!» diýip eýýäm gapa ýetip barýan Aýazbabany ugratmak bahanasy bilen daşary çykan gyza ählisi eýýäm düşnüklidi. Içerde ejesidir-kakasy Aýazbabany kimiň çagyrandygy hakynda biri-birine geňirgenşip, jigileri sowgatlaryna begenşip durka Medeti Aýazbabanyň lybasynda görüp haýran galan gyzyň hyýallary bolsa kitabyň gatlarynda goýulan igde gülleriniň syryna sary süýnüp barýardy.
Ol wagtlar Mylaýym Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Medet bolsa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň iň soňky ýyl talyplary hökmünde täze etraplaryň birinde önümçilik tejribeligini geçýärdiler. Ýerli polisiýanyň edarasy bilen oba saglyk öýüniň bir-birine ýakynrak ýerleşýänligi olaryň tanyşlygyna sebäp boldy duruberdi. Kem-kemden söýgä ýazan ol tanyşlygam berilen süýji wadalaryň binýady bilen berkedi. Bir gezegem günorta arakesmede oba saglyk öýüniň sap-sary bolup güllän gojaman igdeleriniň aşagynda oturan Mylaýymyň igde güllerini çagalykdan gowy görýändigi we igdäniň lukmançylyk ähmiýeti dogrusynda aýdanlaryny diňlän Medet söhbetiň soňuny ýene söýgä ýazdyrdy. «Hut häzir igdäniň peýdasy hakynda aýdýan lukman gyzymyzyň aşyk ýigidi unudyp goýbermezligine tiz wagtdan polisiýanyň leýtenanty boljak Medet ynansa bolarmyka?!» diýip degişdi. «Elbetde unutmaz» diýip pyşyrdan Mylaýymyň ýaňaklary nar ýaly gyzarsa-da, «Wagt uzak ahyryn, a birden meni unudaýsaň?!» diýip hötjetligine tutdy. Ýigidiň sowalyna näme diýjegini bilmän aljyran gyzam ondan kem galasy gelmedi-de «Wiý, ýogsa-da, ýoldaş polisiýanyň wekili siz subutnama bilen işläp öwrenensiňiz-ow» diýip ýylgyrdy-da igdäniň bir topbajyk sap-sary güllerini çalasynlyk bilen ýoluşyna «Onda oňa şuny görkezseňiz ol sizi hökman tanar ýoldaş Medet Permanow» diýip lukmançylyk ýerine tarap howlugyp gitdi. Şol gün söýginiň şaýady deý sap-sary gülleriň ysyndan serhoş bolan Medet tejribe geçýän ýerine ýöräp däl-de uçup gaýdypdy. Soňunda bagtly toýy nazarlan söýgi ýaşlaryň okuwy üstünlikli tamamlap, Medediň uzak dag obalarynyň birine işe bellenmegi bilen olaryň sözüni azaşdyrdy duruberdi. Okuwyny tapawutlanan diploma tamamlan Mylaýymyň maksady halypa mugallymlarynyň ýanynda bolup öz hünärine has kämilleşmek, özüne berkidilen temanyň üstünde ylmy iş alyp barmakdy. Muny Medede ýaňzydan-da ol : «Men nirä bellensem şol ýerde hem gullugymy dowam etdirmeli, sebäbi men hukuk goraýjy ahyryn Mylaýym. Öz isleglerimiň yzyna düşüp Watan gullugyndan ýüz öwürsem bu niçik bolar, gaýtama sen hem şol ýerlerde işleseň özüňe gerek tejribäňi toplap bilerdiň. Sebäp hut şol obada hem sen ýaly lukmana garaşýan müňlerçe ynsanlar bar ahyryn mähribanym!» diýip tutanýerlilik görkezdi. Toýdan soň özi bilen paýtagtda galar diýen umydyna Medediň nokat goýmagy, oba diýip dyzap durmagy Mylaýymyň ýürekde göterip gelýän arzuwlaryny dyr-pytrak etdi. Ilkinji gezek Medetden çyny bilen gaty gördi. Gahardan onuň janygyp düşündirýän zatlarynyň hiçisini hem diňlemäge takat tapmanam: «Seniň kararyň şu bolsa sawçylaryňam meniň gapymy açjak bolup durmasynlar, gidýän bolsaň git oba, emma men gidip biljek däl!» diýip turup gaýtdy. Düwme-düwme gözýaşlary ýaňagyndan syrygyşyna Medediň yzyndan gelip köşeşdirjek bolmasyna-da, ähmiýet bermedi-de «Meni unut, bagtyňy başga ýerden gözle!» diýdi durdy. Medediň ýanyndan gaýdandan soň onuň aýlan jaňlarynyň hemmesinem jogapsyz galdyrdy, ýaramok bahanasy bilen öýe ir gaýdyşyna-da telefon belgisinem üýtgetdi-de ähli zada nokat goýdy oturyberdi. Mylaýymy kän agtaran Medet ahyram oňa sataşybam, düşünişibem bilmän öz işe bellenen obasyna ugrady. Orta düşen kine bilen aýralygyň agyr ýüki çöken ýürekler bir-birekden alysda bolsalarda söýginiň emrine sadyk galdylar. Medet çydamlylygyny edip ähli zady iş bilen ýeňmäge synanyp günleri, aýlary ýeňip gezdi. Emma Mylaýym welin ençeme wagt kinä berlip gezsede ejesi deý eziz görýän halypa mugallymyndan soňky gezek duşanda syryny gizläp bilmedi. Okuwy tamamlaly bäri ýüzüni solduran derdi hakda soran halypasy Maral Akmyradowna Mylaýym ahyry ýüregini açmaly boldy. Halypasynyň Medediň aýdanlaryny mamla çykarmagam Mylaýymy çuňňur oýa batyrdy, emma ýalňyşyny boýun alsa-da Medediň onça wagtdan soň näme diýjegini bilmän ýaýdandy, jaň etmäge-de gyzlyk buýsanjy ýol bermedi. Ynha bu gün bolsa eýýäm tas üç ýyl bäri intizaryna öwrülen gerçegi Aýazbaba bolup gapylaryndan girip geldi. Mylaýym dogrusy bu düýş ýaly pursata näme diýip, näme aýtjagyny bilmän aljyrady. «Salgyňy zordan tapdym, iş ýeriňem üýtgäpdir, dogrusy şonça wagt gürleşsegem öý salgyňy hem bilmeýşimi diýsene Mylaýym. Indi-hä sawçylaram öýüňe arkaýyn özüm getirip biljek eger-de meni bagyşlan bolsaň, elbetde!» diýip gep açan ýigit gyzyň kitap gatynda goýulan igde güllerini emaý bilen goluna alanyny görübem «Onuň Medet Permanowyň söýgüsiniň subutnamasydygyna-ha tanan bolsaňyz gerek ýoldaş lukman!» diýip wäşilik bilen ýylgyrdy. Medediň şol birwagtky şadyýanlygy Mylaýymam myssa ýylgyrtdy. «Gaýtam-a sen meni bagyşla Medet! Aslynda men ýalňyşypdyryn, emma ýalňyşýandygymyz we köp zada ýalňyşyp düşünýändigimiz üçin hem biz ynsan ahyry» diýen mylaýym pyşyrdysy bilen aradaky kinäni pagyş-para eredip goýberdi. Mylaýymyň pamyk ýaly gollaryny gujurly gollaryna alyp, mähir bilen gysymlan Medet toýa taýýarlyk görmelidiklerini, tiz wagtdan öýündäkileri Mylaýymlara ugratjakdygyny, hemmeleriň bu toýa tüýs ýürekden garaşýandyklaryny, emma toýdan soň hem söýgüleriniň subutnamasy bolan şol gülleri ýitirmeli däldigini joşup-joşup gürrüň berdi. Medete ençe wagt bäri gaty kän zatlary aýtmagy ýüregine düwüp gelenem bolsa tolgunmakdan Mylaýym diňe diňleýjä öwrülip durdy. Ahyry «Senem bir zatlar diýsene, ýa ýöne meni gürledip duruberjekmi?!» diýip Medediň alçaksy haýyşyna gyzyň agzyndan çykan jümle diňe şu boldy: «Täze ýyl hökman bagtyň ýyly bolar.» Hut şol pursat hem göýä muny tüýs ýürekden ykrarlaýan ýaly atylan sansyz feýwerkleriň şuglasy asmany ýagtyldyp gitdi. Zemine täze ýyl gelipdi, bagtyň, yşgyň, wysallaryň we gowulyklaryň ýyly...

Aknur Rozyýewa.

# serhetabat-dovletabat.gov.tm
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 17 | Добавил: Raýdaş | Теги: Aknur Rozyýewa | Рейтинг: 4.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: