14:48
Bagtyň bolsun mensiz

BAGTYÑ BOLSUN MENSIZ

Şondan soň aýryldyk, görmedik asla,
Ne-de sen hakynda ýatlandy gaýdyp.
Güneşe suw sepip sowatjak bolduk,
Isledik aýrylmak ýalňyzja galyp.

Seni dünýämden kowdum düýpleýin,
Ýeke ýatlamada galmady mende.
Biz hamala söýgä düşünen däl-de
Aýrylmagy islän ýalydyk munda.

Ýyllar geçdi, undulypdy geçmişim,
Senli sahypalam ýyrtylan ýaly.
Emma seniň bir gün özgäni söýüp,
Gidýäniňe ruhum köýüpdi saly.

Wepasyz duýgyny çykaryp bilmän,
Aklymdan hiç hili gitmediň kemsiz.
Aýtmak agyr boldy arzuwy ýene:
"Bolýan bolsa bolsun - BAGTLY MENSIZ".

✍ Amangözel Gurbanowa

Категория: Goşgular | Просмотров: 49 | Добавил: ahallydan | Теги: Amangözel Gurbanowa | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 6
0
1  
Güneşe (howruna) suw sepip sowatjak bolduk... metafora entek çigrägem bolsa, şowly we täze ekeni... Berekella, ine munyñ bolýa, Amangözel.

0
2  
Ýöne şol bendiñ dordunji setiri sozler tagaşyksyz goylupdyr, "Ayrylmak isledik... diyse has gownejay bolardy. We şol bentdaki "gaydyp" b.n "galyp" sozleri hem kapyýalaşmandyr.

0
3  
Ikinji bendiñ birinji setirinde bir bogun kem.Olam okan wagtyñ çalaja bildirýä.

Seni öz dünýämden kowdum düýpleýin-diýse deñleşýär.

0
4  
Amangözelimiz gün-günden kämilleşýär.Tüweleme.

0
5  
Aty at edyança eyesi it bolar bolmasa bolya-la gumlygelje biggrin

0
6  
Eýesimi? Eýesi zordur-la.Alyp çykar -la.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: