08:55
Azaşdym
AZAŞDYM

Werziş dälem ýekeligiň keşgine,
Ýeke galyp, küşt berilen şamy men?!
Erkim ogurladyp jady-çeşmiňe,
Talandym gündiziň günortany men.

Bialaç men,
Göwnüm berdim gubara.
Salgymmydyň,
Azaşdyryp, dändiňmi?
Yşkyň dilin bilmesem-de suwara,
Gözüňden okapdym biparh däldigňi,
Ýöne burnum ganap aşa ýetemde,
Hydyrym hyrs çykdy, gurram duşmady.
Kimler üçin jan bermäge häzirdim,
Meň üçin pidaýy-gurban duşmady.

Bu gün gözleriňden özüm gözledim,
Gözleň öňküligne saklanan eken,
Ýöne welin indi näzik bakyşlaň
Aňasty barlygňa oklanan eken.

Ýolbeledim peşmek eken, bilmedim.
Bildim seni öz göwnümiň hany men.
Yşkyň sary ugran ýolda azaşyp,
Talandym gündiziň günortany men…

Mukam MUHAMOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 16 | Добавил: Raýdaş | Теги: Mukam Muhamow | Рейтинг: 5.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: