00:03
Aýmonjuk / hekaýa

AÝMONJUK

O döwürler beýle bagtyýar durmuş bardyram öýtmezdik. Öz dünýämiz bilen başagaýdyk. Ýöne obamyzyň iň owadan gelni, hemmämiziň gelnejemiz, baýdak boýly Aksoltanyň boýnundaky köz ýaly gyzaryp duran aýmonjuga hemmämiz höwesekdik. Gyzlar bolup oýnamaga üýşemizde-de köplenç Aksoltan gelnejemiň aýmonjugy gepbaşy bolardy.  Gelnejemiň gürrüň bermegine görä ol ejesinden ýadygar galypdyr. oňa-a öz ejesinden galanmyş. Gadym döwürde babasynyň kakasy Käbä zyýarata gidende getirenmiş. Indem ol eneden gyza geçýän gymmatly ýadygärlik hasaplanýarmyş.
Aýmonjuk bize edil bir düzüm tylla ýaly bolup görünýärdi. Haçanda Aksoltan gelnejem ýaşmagyny arka atanda aýmonjugyň ýalpyldysy onuň ýüzüne düşüp, şugla saçýan ýalydy.
Aksoltan gelnejemiň monjugyny elime alyp görmek höwesi barha güýjeýärdi. Ony elime alasym, iň bolmanda, bir gezek dakynyp göresim gelýärdi. Çaga höwesi ahyry meni Aksoltan gelnejemlere alyp bardy. Hernä gelnejemiň öýde eke özi eken. Gaýyn enesi Amantäç eje  bir ýere giden eken. Öý-içeriniň hysyrdysy bilen gümra Aklsoltan gelnejem birbada meniň gelenimem duýmady.
- Gelneje- diýenimden ol ziňkildäp ditdi. Soňam tisginendiigini bildirmejek bolup:
- Wiý, senmi, Dünýäm! Gel-geç –diýip, meni uly adam ýaly mähirli garşylady. Men ony gorkuzandygyma müýnürgedim:
- Gelneje, ejem tahýa biçip berdi weli, niresinden garalap başlamalydygyny bilemok. Eliň degse, öwredýä-dä.
Ol ilgezik jogap berdi:
- Onuňam bir kyny bormy, hany geç otur, men eýle-beýle işlerimi birýüzli edeýin.
Gelnejem meni kän garaşdyrman, geldi-de, tahýany nädip garalap başlamalydyny öwredip başlady. Men onuň düşündirýän zatlaryny sypdyrman diňläp oturanam bolsam, bar ünsüm aýmonjukdady. Dagy näme, biziň ýanýan monjugymyz nire, ýüzi Aý suratly aýmonjuk nire? Onuň ýüzündäki Aý, daşyndaky owunjak ýyldyzlar monjugy aýratyn owadan görkezýärdi.  Aksoltan gelnejemlerden gaýtmankam, ýaýdana-ýaýdana men oňa göwnümdäkini aýtdym:
- Gelneje, monjugyňy ýekeje gezek dakynyp göräýeýin-dä.
Aksoltan gelnejem hemişeki mylaýymlygy bilen meniň başymy sypady:
- Döneýin, höwesiň şu monjuk bolsa, me al, dakynyp gör. Ýöne öýňüze alyp gitme. Sen entek çaga, birden üzülermi, gaçyrarmyň. Bu boilsa meniň üçin iň gymmatly zat. Muny mamamyň babasy Käbeden getiripdir. Şondan bärem biz üçin bu iň gymmatly ýadygarlik.
Aýmonjugy elime aldym-da höwes bilen boýnuma dakdym.
- Gelneje, gelişýärmi?
Aksoltan gelnejem meni mähir bilen gujaklap,  saçladymy sypalady.
- Meňem seň ýaly akyllyja gyzym bolsa, şeýdip şu monjugy onuň boýnuna daksam.
Begenjimden ýaňa dylym-dylym edýärdim. Aýnanyň öňünde iki ýana towsaklaýardym. Meniň begenjimi gören gelnejem birhili ahmyrly gürledi:
- Dünýäm, seniň şu begenjiň üçin monjugy birki günlük dakynmaga bersemem boljak weli, joralaň soň maňa gün bermezlermikä diýýän. Sen düşün, dünýäm, bu meň üçin ýönekeý bir monjuk däl. 
Begenjimden öýüň içinde bökjekläp ýörşüme Aksoltan gelnejemiň gürrüňleri gulagyma-da ilenokdy. Ertesi joralarymyň ýanynda Aksoltan gelnejemiň monjugyny dakynyp görendigimi aýdyp, baý, öwündim-ä. Indi meniň aýmonjugy dakynyp, oba çykasym gelýärdi. Öz ýanymdan Aksoltan gelnejemiň gyzy däldigime ökünýärdim. Onuň şol monjugy dakynmanynda hem owdanlygy aýdyp-diýer ýaly däldi ahyry.
Soň-soňlar akyl ýetirip otursam, aýmonjugyň gelnejem üçin nä derejede gymmatlygyna düşünmek kynam däl eken...
Ýaşlykda arzuwlan aýmonjugym soň-soňlaram käte düýşüme gireredi. Hamana men şol monjugy alýarmyşym. Ony dakynýan weli, şol pursat oýanýan. Her gezegem şeýle bolýar. Özem düýşümdigine gynanýan.
Arzuw ahyry hasyl bolýar diýleni asyl çyn eken. Ine, meňem aýmonjuk baradaky arzuwlarym ahyry ýerine düşdi. Dursun Käbä zyýarata gidende   aýmonjuk getiripdir. Ol biziň şol höwesimizi unutman eken.  Sowgadyny gowşuranda Dursun maňa öwran-öwran sargady:
- Dünýägözel, ýadyňa düşýärmi, şu monjugy  çagalyk döwrümizde köp arzuwlapdyk. Ahyry arzuwlar hasyl boldy. Senem indi Aksoltan gelnejemiz ýaly boýnuňda aýyrma.
Şol günüň ertesi biz Dursun bilen oba gitdik. Obamyz indi tanalmaz derejede özgeripdir.  Biz joralar bolup, Aksoltan gelnejemlere görme-görşe bardyk. Şol baýdak ýaly gelin könelişen gözlerini elleri bilen kölegeledip, bizi görenden tanady.
- Dünýäm, Duyrsunym, sizem görmek bar eken. — Soň ol agtygyna ýüzlendi. — Bar, balam, çaý-suwuň ugruna çyk. Daş ýerden gonak gelipdir. 
Biz Aksoltan gelnejemi birahat etmezlik üçin kän oturmajakdygymyzy aýdyp, onuň boýnuna aýmonjugy dakdyk.  Begenjinden ýaňa onuň gözüne ýaş aýlandy.
- Size döneýin, balalam, gelnejeňizi unutman ekeniňiz. Öz arzuwlaryňyz bilen menem ýaşlygyma doladyňyz. Sag boluň, balalam! 
Hoşlaşyp gaýdanymyzda Aksoltan gelnejemiň  nazaryndan  çogup çykýan mähir şol birmahalky aýmonjuk ýaly bolup, bizi ak ýola atardy...

Ogulgerek USSAÝEWA.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 31 | Добавил: Has | Теги: Ogulgerek Ussaýewa | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: