02:21
Aýdylmadyk sözler / hekaýa
AÝDYLMADYK SÖZLER

Bazar aýlanmagy halamasam-da, durmuşyň adatyndan sypalgam ýok. Ine bu günki bazar aýlanmam hem bazaryň mazaly gyzyp, adamlaryň egni-egne çaknyşyp birek-birege igenişip geçýän wagtyna gabat geldi.
Geregimi alyp, ýylgynly jeňňellikden ýöräp barýan ýaly ädimini süýreşip barýan gartaşan adamlaryň kä sagyndan, kä çepinden maşynlaryň duralgasyna tarap omazap barýaryn. Şol barşyma garşymdan gelen biri bilen çaknyşyp, ikimizem garşylyklaýyn güýje siltenip gitdik-de yza – biri-birimize öwrüm edip suw ýuwdum wagt çemesi biri-birimize seredip, ýene öz ugrumyz tarapa öwrüldik. Öwrülenimem şoldy welin, ýaňky çaknyşan zenanyň tanyş ýüzi şol demde ýene hyrra yzyma öwürdi. Yzyna öwrülip öz ugruna iki-üç ädim äden zenan hem yzyna öwrülip, göreçlerini göreçlerime dikdi. Ýüregim jigläp gitdi. Enejan! Hawa, bu şol Enejan. Ýeňsesinden ösýän şemala ýukajyk dodaklaryny gizläpjik pasyrdaýan sary öýmesiniň çowuny gamyş ýaly barmaklary bilen tutup yzyna öwrülen ak meňiz geline el uzadyp: “Enejan!” – diýenimi duýman galdym. Ýüregimden wulkan ýaly atylyp çykan söze pitwa etmedik gelin mähelläniň içine siňip barýardy. Nämetjegimi bilmän yraň atyp durşyma onuň yzyndan ysgynsyz ädimimi süýräp, on-onbäş ädim atypdyryn. Özümi dürseýinçäm onuň köpçülikden saýlanyp barýan sary öýmesi-de köpçülige siňip gitdi.
Bolup geçen wakalary bir ujundan tutup şu günüňe getirmek üçin üýtgeşik wagt gerek däl eken. Ine men bazardan awtoduralga çenli ses ýetim aralykda nämeleri ýatlamadym...
Bir gün işden çykyp, gullukdaşym Haldurdynyň öýüne aýlanyp bardym. Ulagdan düşsem, Haldurdy öýüniň öňündäki oturgyçda ýüzini aşak salyp oturan eken. Onuň bir zatdan gaty ynjandygyny bilmek meň üçin müşügül zat däl. Iki ýyl bir ýerde, bir rotada, bir wzwodda gulluk edip, birek-birege dogan kibi ysnyşan ynjyk gadyrdanymyň hüýr-häsiýetine menden belet adam ýok diýsem, öte geçdigim däl. Salamlaşan badyma “Näm, boldy?!” diýip ünji bilen ýüzüne bakdym. Soragymy gaýtaladym. “Nädip aýtjagymam bilemok” diýdi-de, ulydan demini aldy. Sagly-amanlyk soraşmanka çaý mürehhet edip öýüniň törüne geçirýän dostumuň bu wagt mürehhet ýadyna düşenok. Ahyram ýaryldy:
– Rahim bilen sögüşdim şu gün – diýip, ýüzüme seretdi. Men geň galyp soradym:
−Rahim bilen?!
−Hawa.
−Nämüçin? Gullukda iki ýyllap onuň bilen hatda degişibem gatyrak gürleşip göreňok-a sen?
−Ol hetdinden aşdy.
−Açyk aýtsana!
−Ol dost däl eken. Onuň dostlugy maksatlaýyn eken. Bilseň, ol diňe bir dostlugyma däl, meniň saçagyma-da tüýkürdi. Haramzada!
−Haldurdy, aklyň ýerindemi özi? Ol nädip...
−Günortan doganym işden gelende: “Seniň şo gullukdaşyň halys ýüregime düşdi. Halaşýanym bar diýsemem, gepe düşünenok” diýip aglady. Gaharyma göni öýüne bardym, ýok eken öýünde. Jaň etsem eli-de öçük, ýaňyja özi jaň etdi. Diýjegimi diýdim. “Barybir gyz maşgala kişi perzendi, gaharlanma, hemmesini düşündirerin” diýýä, haramzada. Özelenşiň gursun eşşek. Ýeri sen maňa aýt, Ylham, bar, dostuň doganyna göwnüň gidipmişem diýeli-dä, dostlugyň hatyrasyna özüňe erk etmeli ahyry!
Haldurdynyň gepini “dogry, dogry, häýt, oňňarmandyr-ow” diýip durşuma od alyp barýardym. Tizräk yzyma köwlensem kem bolmazdy. Rahimiň bu hereketden asla habarym ýokdy. Men nähiligüne düşdümä!? Eý, waý, nädip aýtjagymam bilemok! Sebäbi... sebäbi... Of-f, nähili güne düşdim-ä, men. Ýer ýarylsa menem özümi oklasam şu wagt. Uf-f… aý,aýdaýyn indi. Iki aý bäri Haldurdynyň dogany Enejan bilen men duşuşyp ýördüm. Enejan hem Rahim hakynda maňa hiç zat diýmedi. Rahimiňem duşuşygymyzdan habary barmy, ýokmy bilemok. Enejana bolan söýgüm welin sa:pdy. Belki şol söýgüdir meni-de dostluk hormatynyň serhedinden geçirip, çykkynsyz derde oklan?! Ýok, men, Haldurdyny hakykatdanam ýeketäk dostum hasaplaýan. Onuň öýüne dogany üçin gatnamadym. Wah, wah, onuň ynjyk häsiýetine belet bolubam näme üçin özüme erk etmedim, ä? Men nädip bu ädimi ädip bildim! Haldurdy bu wakadan habar tapsa ýüregi çat açar. Onuň “Ýeri sen maňa aýt, Ylham, bar, dostuň doganyna göwnüň gidipmişem diýelidä, dostlugyň hatyrasyna özüňe erk etmeli ahyry!” diýen sözleri gulagymda ýaňlandy. Wyždanym meni ýuwulan eşik ýaly towlap sykýardy. Hemme zada dostluk äpişgesinden seredip, geljegimi hem şol äpişgeden synlap, aýgytly karara geldim.
Etesi gün Enejan bilen duşuşygymyzda heniz gunçalamadyk söýgümizi wagtynda bes etmelidigimi aýtdym. “Nämüçin?” diýdi. Dymdym. Soragyny gaýtalady, dymdym. Soraglaryny ýagdyrdy, dymdym. Gahardan ýaňa gözlerine ýaş aýlanda: “Wagty gelende maňa düşünersiň, bu ikimiz üçinem gowy ýol, Enejan!. Haýyş edýän, Enejan, menden öýkeleme! Menden kine saklama, haýyş!” diýdim. Şol mazmunly soraglar gaýtalandy. Şol mazmunly jogaplar gaýtaryldy.
Ahyry Enejan seýilbagyň oturgyjyndan tasap turup, agy gatylan sesi bilen “Namart!” diýip ýuwdundy-da, seýilbagyň inçejik ýodalaryna agaçlardan gaçan sary ýapraklary uzyn köýnegiň eteginiň şemalyna galgadyp, gyzyl tuwlisiniň inçe ökjesiniň tyrkyldysy bilen ýüregime çüý kakyp ötägitdi. Agaçlaryň başyny egip öwsen güýz şemaly ýakymsyz tolgunma bilen egnimi tikenekledip burnumy ajaşdyrdy...
Ondan bäri iki ýyl geçdi. Haldurdy bilen gatnaşygym öňki ýaly bolsa-da, Enejana duşmazlyk üçin onuň öýüne barmaly bolsam, Hudaýdan bahana diläp alardym. Hernä Haldurdynyň özi welin öýüme gelmegini seýrekletmedi (diýmek,onuň bu zatlardan habary ýok). Duşuşygymyzyň ikiden birinde Rahimden kinelidigi baş ýaýkap ýatlaýar.
...Ýeri, şu zatlary men şol çaknyşan geline – Enejana nädip aýdaýyn!..

Akmyrat JUMAÝEW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 52 | Добавил: Raýdaş | Теги: Akmyrat Jumaýew | Рейтинг: 4.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: