11:18
Aýalyñ ruhy manysy

AÝALYŇ RUHY MANYSY / edebi-filosofik söhbet

«O nähili?» diýip, şu sözbaşyny okan kişiniň menden soramagy mümkin: «Eýse, aýalyň milli ruhy gymmatlyklara beýle göni dahyly barmy?».
Elbetde, bar.
Ruhy gymmatlyk diýilýän närse köne türkmen aňynyň zatlara we hadysalara ruhy gatnaşygynyň prinsipidir. Biz türkmen ruhunyň özboluşly sypatyny görmäge hem görkezmäge çalyşýarys. Şol özboluşlylyk bolsa, ilkinji nobatlaryň birinde, türkmeniň aýala üýtgeşik gatnaşygy bilen häsiýetlenýär. Bu häsiýetliligiň nähili anyk taraplary bar – geliň, şunuň gürrüňini edeliň. 
Aýal – mähek daşy. Men häzir deňeşdirme getirýärin. Deňeşdirme bolsa bu dil serişdesiniň iki tarapyna-da belet bolmadyk adam üçin kämahal aýdyňlaşdyrma däl-de, çylşyrymlaşdyrma bolup durýar. Umumanam, obrazlylyk serişdeleriniň esasy hyzmaty pikiri aýdyňlaşdyrmak diýen pikir düýbünden nädogrudyr. Islendik obraz – bu pikiri gözelleşdirmek, süýjetmekdir. Şunuň üsti bilen hem pikiriň täze kölegesiz-u-kölegeli taraplary açylýar. Açylýar – diýmek aýdyňlaşýar diýmek däl, tersine, täze taraplarynyň bar ekenligi aňylýar, güman edilýär. Bu bolsa çylşyrymlaşmak hadysasydyr. Ine, mähek daşynyň üsti bilen biz aýal düşünjesiniň täze bir tarapyny aňlajak bolýarys, ýagny şol düşünjäni öňki görüşimizden has çylşyrymlaşdyrýarys. Şunda, elbetde, mähek daşynyň nämedigini bilmeseň, şol çylşyrymlylygyň içine girmek mümkin däl. Beýle daşyň nämedigini bolsa, bize Magtymguly düşündirip berdi:

Syr saklagan mähek daş
Zer ýanynda bellidir.

Gadymy döwürlerde zeriň – altynyň arassalygyny, garyndysyzdygyny kesgitlemek üçin daş ulanylypdyr, şol ulanylýan daşyň adyna mähek daş diýlipdir. Mähek daş altynyň hakyky altyndygyny ýa däldigini kesgitläp, görer göze duýulmaýan hakyky keşbini, syryny açypdyr.
Edil şonuň ýaly, aýal – erkegiň, tutuş jemgyýetiň syryny: saplygyny ýa hapalygyny özünde saklaýan närsedir. Erkegiň nähili kişidigini biljek bolsaň, onuň ýanyndaky aýaly, erkegiň aýala gatnaşygyny öwrenibermelidir. «Äri  är edýänem,  äri gara ýer edýänem aýal» diýen nakyly ýöne ýere döretmändir türkmen. Erkegiň aýala garaýşynda onuň dünýägaraýşy aýan bolýar, aýalyň sypatynda erkegiň mazmuny aýan bolýar. Jemgyýetiň   ruhy barlygyň tebigat barlygyndan bir uly tapawudy bar: bular içki sudury, gurluşy boýunça dürli-dürlüdirler. Aýan bolmak, şöhlelenmek meselesinde hem şonuň ýalydyr. Biziň ruhy düşündirmek üçin tebigatdan alýan mysAllarymyz, meňzetmelerimiz hem bary-ýogy tymsaldyr, takmynydyr, ruh bile tebigatyň diňe kiçijik, töt nleýin bir ýerde gabat gelmesidir. Şonuň üçinem men islendik tymsaly akylyň ejizligi, göwnüň rüstemligi hasaplaýaryn. Şöhlelenmek diýýäris. Tebigatda günüň hem kölegäniň barlygy sebäpli, käbirlerini diýäýmeseň, zatlaryň aglaba köplügi bir-birini şöhlelendirip bilmeýärler, olar durnagözlükden mahrumdyrlar. Ruhy barlykda bolsa edil tersine, hemme zatlar durnagözdürler. Munda tebigatdaky ýaly bir gün ýok, bu ýerde her bir şahs özbaşyna bir gündür. Şonuň üçinem ýene ejizlikden ýaňa tymsal edip aýtsak, durnagöz suwda asmanyň şuglalanyşy ýaly, bir ruhy närse özge birini şuglalandyrýar. Aýal özünde erkegiň mazmunyny açýar.
Türkmeniň aýala ruhy garaýşyny şertli suratda üç sany esasy jähete bölmek mümkin. Munuň birinjisi gözellik jäheti. Nusgawy edebiýatymyzy alyp göreliň. Biziň köne şahyrlarymyzda zenanyň janly portretini men daşky gözellik keşbini göz öňünde tutýaryn, tapyp bilmersiň. Biz bu meselede gaýtalanmazlyga, originallyga dalaş edip bilmeris. Alma ýaňak, badam gabak, ýylan kimin gara saç ýaly galyba öwrülen suratlar asyrdan asyra geçip gelipdir. Şeýle hadysany diňe estetiki, çeper pikirlenmäniň çäginde düşündirip bolmaz. Çünki beýle galyplylyk, jandan hem janlylykdan mahrumlyk türkmen ruhunyň astky, tendäki geň-taňlygy, aýratynlyklary bilen baglydyr. Türkmen zenanyň gözellik keşbinde haýsydyr bir ruhy alamatlaryň barlygyny güman etmändir. Gözelligiň aňyrsynda janly ruh bardyr diýip pikir edilmändir. Hut şonuň üçinem edebiýatdaky zenan portretlerine gaýtalanmaz ruhy keşp bilen baglanyşykly gaýtalanmaz, barha täze gözellik tipleri däl-de, daşky galyplar mahsusdyr. Bir söz bilen aýdylanda, türkmen zenan gözelliginde we şol gözellik arkaly ruhy şahsyýeti görmändir, görmek hem islemändir. Erkek adam gözellik babatda aýala öz duýgularyny kanagatlandyrmagyň serişdesi hökmünde seredýär. Ten teni küýseýär, ýürek   aýdymy. Alma, nar, şeker, bal – bularyň bary açlygy kanagatlandyrmagyň serişdeleri ahyryn. Owsunjy mar bolsa ten islegleriniň iň ýokary derejede intensiwleşmeginiň alamatydyr, öz manysy boýunça bu duýgy oýnudyr, ten isleglerini kanagatlandyrmagyň ýolundaky süýji garşydaşdyr.
Aýala garaýşyň şu gözellik jäheti we onuň ruhy teni bilen baglanyşykly bir goşgy hem bir durmuş epizody ýadyma düşdi. Aýdaýyn, K.Gurbannepesowyň «Seýil bagynda öpüşip oturan iki juwany görenimde dörän setirler» diýen kiçijik goşgusy bardy. Şol goşgynyň soňy şeýledi:

Diňe aşyk siňekler
Bihaýa ogşaşýandyr,
Ýalňyz bir posa üçin
Dagdan aşar bürgütler!

Oglan bilen gyzyň adam-garanyň bar ýerinde görene göz bolup oturanlygy, olaryň iliň görmeginden çekinmeýänligi şahyrda ýakymsyz duýgy döredýär. Şol duýgy hem şeýle ahwalata ýigrenç hökmünde bihaýa siňek obrazynda ýüze çykýar. Emma munda şeýle bir mesele bar: şahyr oglana igenýär, emma gep onda däl ahyryn, gep gyzda, onuň isleginde we erkinde.
Edil şeýleräk pursata men hem gabat geldim. Aslynda, şeýle pursatlara kim gabat gelmeýär?! Ýöne meni bu ahwalatyň ahlak bahasy däl-de, gyz bilen oglanyň bu hereketiniň, «göz-gülbanlygynyň» ruhumyzda soňky döwürde bolup geçen üýtgeşikligi bilen dahylly düýp esasy gyzyklandyrdy.
Öňki gyzlardan tapawutlylykda, şu günüň gyzy iliň gözüniň alnynda şeýdip oturmakdan çekinmeýär. Näme üçin? Sebäbi ol öňki gyzlardan tapawutlylykda, özüniň oglanyň elindäki serişde, öz hereketini jemgyýetçilik ahlagynyň gadagan zonasyndaky tabu hökmünde duýanok. Hatda meniň gözüme, tas oglan gyzyň elindäki serişde bolup göründi.
Biziň edebiýatymyz türkmen ruhunyň diňe bir jähetini ýüze çykarmak bilen çäklenerden has çuňňur hadysadyr, has düýpli we köptaraply hadysadyr. Aýala ruhy garaýşyň edebiýatymyzda hem, ruhy işimiziň beýleki ugurlarynda hem güberçekläp ýüze çykýan ikinji bir jäheti   ahlaky jähetdir.
Türkmen zenanynyň iň oňat ahlak sypatlarynyň nusgalaryny şahyrlarymyzyň eserlerinden okap bilýäris. Ol sypatlaryň hemmesini birin-birin sanap nätjek, olary okyjynyň özi hem bilýär. Ýöne olaryň hemmesiniň birleşip bir esasy, baş ahlaky gymmatlygy – wepadarlygy emele getirýändigini pikir umumylaşdyrmasy hökmünde aýtmak gerek.
Aýal – wepadarlygyň simwoly. Adamsyna wepadarlygy bilen trükmen zenany onuň doly bahaly adam, türkmen jemgyýetiniň buýsançly wekili bolmagyny üpjün edýär. Wepadarlygyň manysy   äri  är etmekdedir.
Türkmen zenanynyň adamsyny ölümden hem alyp galýandygyny biz Däli Domrulyň mysalynda bilýäris. Onuň aýaly adamsy bilen bir jan-bir ten. Ol onuň deregine ölüme gitmäge-de taýýar. Şeýle belent ahlaga, şeýle ruhy gahrymançylyga hatda Allanyň özi-de haýran galýar.
Zenanyň ahlaky belentliginden ruhy gymmatlygyň üçünji pelsepewi jäheti gelip çykýar. Halkymyzyň ruhunyň pelsepewi özboluşlylygy biziň dilimiziň derejesinde aňladylypdyr. Bizde «aýal maşgala» diýilýär. Munuň örän çuňňur manysy bar. Aýal – maşgalanyň örki. Aýal bolmasa, maşgala ýok, maşgala bolmasa, millet ýok.
Zenan milletiň ruhy hem ahlak daýanjy. Türkmeniň aýala erkek bilen deňeşdireniňde-de has çynlakaý, has jogapkärçilikli çemeleşendiginiň aňyrsynda-da haýsydyr bir gabanjaňlyk ýa-da aýalyň hukugyny çäklendirmek, ony erkekden pesde goýmak ýaly ýüzleý   durmuşy sebäpler däl-de, ýokarky ýaly çuňňur hakykatlar ýatyr.
Aýalyň durnuklylygy – jemgyýetiň durnuklylygy, aýalyň belentligi – jemgyýetiň belentligi, aýalyň päkizeligi – jemgyýetiň päkizeligi. Aýalyň elden giderilmeginiň, aýalyň ýitirilmeginiň tutuş jemgyýetçilik ahlagynyň ýitirilmegidigine, jemgyýeti üstünde saklap duran ruhy daýançlaryň çagşamagydygyna ata-babalarymyz oňat düşünipdirler. Şonuň üçinem olar zenana gabanjaňlyk bilen däl-de, aýawlylyk bilen garapdyrlar.
Aýal – maşgala, erkek – şahsyýet.
Esas bolmasa, ymaratyň bolmaýşy ýaly, maşgala bolmasa, şahsyýet hem ýok.
Aýal – erkek üçin bakylyga köprüdir.
Çünki adam geljekki nesillerde dowam etmek myradyna – bakylygyna diňe aýalyň üsti bilen ýetip bilýär. Ýöne meseläniň häzirki zaman gözi bilen seredeniňde, başga bir ynjyk tarapy bar: biz aýala köpri diýýäris, munuň özi serişde ahyryn?! Her näme-de bolsa, meniň bu tymsalym köne türkmen şahyrlarynyň aýala garaýşynyň logiki ahyryna çenli ýetirilmegimikä diýýärin.
Köne türkmen ruhunda aýalyň gözellik şahsyýeti bar, ahlaky şahsyýeti bar, emma sözüň doly manysynda, erkek bilen deňeçerlikdäki ruhy şahsyýeti ýokdur. Muňa her kim bir hili garap biler, emma atalarymyzyň ruhy garaýşynyň hakykaty şeýledir.
Erkek adam – bitewülik, aýal bolsa şol bitewülige bir düzüm hökmünde girýär.
Emma bu tezisiň manysyna bütin çylşyrymlylygynda, ony ýöntemleşdirmezden düşünmek gerek. Ýöntemleşdirmezlik diýmek   aýaly, aýdaly, zat hökmünde görmegiň ýalňyşdygyna düşünmek diýmekdir. Magtymguly ýaramaz aýal barada:

Ýa öldürip, ýa-da satyp bolmaýar

– diýýär.
Näme üçin?!
Sebäbi satar ýaly aýal zat – haryt däl, öldürer ýaly mal däl. Aýal – ruh, ýöne erkek – köne türkmen jemgyýetçilik aňynda ruhuň ahyrky maksady, ruhuň bitewülige öwrülýän pursaty, aýal bolsa ruhy serişde we ruhuň serişdesidir.
Milli ruh hakynda pikir ýöredilende, şol ruhuň dogry sypatyny göz öňüne getirmek üçin onuň düzümindäki ruhy faktorlaryň hakyky mynasybetini tapmak gerek bolýar. Meniň zenan baradaky tymsallarymyň, pikir ýordumlarymyň ählisiniň maksady türkmen ruhundaky şol mynasybeti tapmaga gönükdirilendir. Esasy zat-hakykaty şoňa laýyk göz öňüne getirmekmik  diýýärin, oňa tersin ýa oňyn garaýyş, baha bolsa eýýäm adamlaryň öz işidir.
Köne türkmen ruhunyň – eýsem-de bolsa, indi biz başga – täze türkmen ruhunyň kanunlary boýunça ýaşaýarys – grammatikasynda aýal özbaşdak many aňlatmaýan söz toparydyr.
Milli ruhuň çäklerinde erkek bile aýalyň şeýle dürli uzaklarda bolup çykmagy olaryň tebigatynyň dürli-dürlüligindendir. Beýleki milletleri biljek däl, emma türkmen zenany özüniň tebigaty boýunça, ruhy aýratynlygy boýunça birsydyrgynlyga, bir tertiplilige ymtylýan şahsyýetdir. Şonuň üçin hem ol özüniň ahlaky çürt-kesikligi we ahlaky durnuklylygy bilen maşgalanyň hem, netijede bolsa, milletiň hem ruhy esasy bolup bilýär. Türkmen zenanynyň ahlak hem akyl durnuklylygynyň asylbaşky genetiki-psihologiki esasy şundandyr. Şonuň üçinem wepadarlyk ýaly ahlaky belentlik diňe köne türkmen jemgyýetçilik ahlagynyň hyzmaty diýip bolmaz. Şonuň üçinem türkmen oňa zenan barada, «asylly maşgala» diýýär. Çünki «Düýeden uly pil bar» diýlişi ýaly, jemgyýetçilikden ozal gen hazynasy we psihologik ýasawy hem bardyr.
Erkek adamyň tebigaty bolsa, aýalyň tersine, köpdürlülige, ten hem ruhy islegleriniň reňbe-reňligine ymtylmak görnüşindedir.
Nusgawy ruhy gymmatlyklar ulgamymyzda aýalyň manysy baradaky ýene iki sany umumylaşdyryjy tezise gysgaça garasym gelýär. Olaryň birinjisi:
Aýal – dünýäniň tagamydyr.
Dünýäniň gözelligini kesgitlemegiň serişdesi diňe bir göz däl, eýsem agyzdyr hem. Göz beýnä, agyz ýürege habar berýär. Şonuň üçinem göz – akylyň, agyz – ýüregiň serişdesidir. Söýgi, mähir hem akyldan däl, ýürekdendir.
Aýal – Aýdyr.
Aýyň aýal bile arabaglanyşygy döwürleriň, adam ruhunyň üýtgemegi bilen barha başgaça aňlanylypdyr. Orta asyrlarda, ondan soňky döwürlerde ol arabaglanyşyk gözellik babatdaky meňzeşlik hökmünde teswirlenipdir. Emma, meniň pikirimçe, aslynda aýalyň Aýa meňzedilmesiniň düýbünde has çuňňur hakykat ýatýar. Ol hakykat şundan ybaratdyr: Aýyň öz şuglasy, öz ýagtysy ýok, edil şonuň ýaly aýalyň-da öz-özünden köpelmek, öz-özünden nesil öndürmek ukyby ýok. Aýyň öz ýagtysyny Günden alşy ýaly, aýal hem degişli meselede erkek adama baglydyr. Hawa, Aýyň (aýalyň) Aý bolmagy üçin Gün (erkek kişi) gerek.
Wagtyň geçmegi bilen bu çuňňur pelsepe unudylypdyr. Çünki pikirleriň, zatlaryň arasyndaky asyl baglanyşyklaryň ýitmegi öňki pelsepäniň unudylmagyna we olaryň arasynda täze ruhuň aýratynlyklaryna laýyk gelýän täze baglanyşygyň ýüze çykmagyna getirýär. Soňky asyrlarda Aýyň aýal bilen gözellik babatda umumylygy bar diýen pikir ýörelgesi döräpdir.
Adam dünýä bilen diňe ten arkaly gatnaşykda bolsa, bu uzaga gitmeýär. Sebäbi  ten berçikdirýär. Emma şol bir wagtda-da adam dünýäsiz, onuň bilen gatnaşyksyz oňup bilmeýär.
Adam ilki aýala ten hökmünde, bu irizenden soň bolsa ruh hökmünde garaýar. Ol serişdeden ýüz dönderip, ruh arkaly özüne taý tapýar.

Osman ÖDÄÝEW.

Категория: Filosofiýa | Просмотров: 42 | Добавил: Has | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 5.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
0
1  
Menin dusundirip bilman dymyan zadymy dusundiripdirdir gaty uytgesik yazylypdyr.

0
2  
tongue

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: