00:18
Atlaz köýnek / hekaýa

ATLAZ KÖÝNEK

Agtygymyň toý sähedi bellenenden, bazara köýneklik almaga gitdim. Täze bazaryň howasam üýtgeşik, ol ýerde söwdanyň guralyşam täzeçe eken. Hatar-hatar bolup oturan satyjylaryň harytlarynyň alyja elýeterliligi ilki gözüňe ilýär. Mata satylýan bölüme bardym-da, asylgy duran atlazlary ýeke-ýekeden synlap başladym. Bu ýerde göwün islän mataň bardy. Saýlap alybermelidi. Dürli reňkdäki atlazlar gözüň ýagyny iýip barýan barhatlar, keteniler, sowsanylar  biri-biribden owadan. Birini alyp, beýlekisini goýar ýaly däl. Eliňden typyp barýan atlazlaryň ýanyp duran owadan gülleri meni çagalyk dünýäme alyp gitdi... 

***

Kyýas mugallym gaýybana okuwyna gidip gelenden hoş habar eşitdik. Ol Aşgabatdan bile okaýan gyzyna öýlenýärmiş. Toýlaram üýtgeşik boljakmyş. Biz gyzlar bolup, mugallymymyzyň toýuna täze köýnek tikinmeşek etdik. Wah, köýnek tikineýin diýeniňde üýşüp ýatan mata barmy diýsene o wagtlar! Dükana mata gelipdir diýseler, bütin oba şo ýerdedir onsoň. “Saňa ýetdi-de, maňa ýetmedi” bolup, oba aýallary saçýoldy oýnaşyp başlaýarlar. Gurçuk keteni, sowsany, çepbetew, mahmal ýaly matalar-a, diňe öňde baryjylara berilerdi. Ine, bir günem oba dükana owadan hytaý atlazy gelendigi baradaky habar ýaýrady. Mekdepden gaýdyşyn gyzlar bolup, dükana girdik. Satyjy Täçli daýza bize elwan matany hödürledi. Ýöne kapasanyň aňry çetinde duran atlaz gözüň ýagyny iýip barýardy. Biziň üçimizem şoň ýanyna bardyk. Ýerligi göm-gök atlazyň üstündäki ap-ak bägüller edil el bilen goýulan ýalydy. Biz ony sypap elimizi aýyryp bilmän, esli durduk. Täçli daýza biziň bu atlaza gözümiziň gidendigini duýup;
 –  Gyzlar, bu atlaz  juda   owadan, gowy. Bahasam gaty gymmat däl. Ýöne onuň gülleri ak bolansoň, obada alýan ýok. 
Biz biri-birimiziň ýüzlümize seredişdik-de, sessiz-üýnsüz çykyp gaýtdyk. Ýöne şol atlazyň höwesi üçimiziňem ýüregimizi alypdy. Hemişeler mekdepden gaýdyşyn birek-birege gezek bermeýän halymyza indi birimizdenem ses çykanokdy. Ahyry ümsümligi men bozdum:
 –  Meň-ä Kyýas mugallymyň toýuna şol atlazdan köýnek tikinesim gelýär. 
Hally bilen Gözel hezil edip gülüşdiler. 
–  Baý, kiş-ä arzuw et-dow. Şu çaka çenli obamyzda gülli matadan köýnek geýen barmy?
–  Sen şol ak gülli matadan köýnek tikinseň, il näme diýer? Utanjak dälmi? 
Men olardan gep alyp galmadym:
–  Men nämeden utanmalymyşym. Gördüňiz-ä o  nähili owadan, güllerem hakyt çyn ýaly görünýär. Edil apbasy ýaly bolup, ýalpyldap dur. Ejemi yryp bilsem, utanjak däl-le. 
Gözel ýoluň gyrasyndaky sary gülden birki sanysyny ýolup, temençe bilen ýakasyna dakdy.
–  Seret, bular-a sary, oň gülleri bolsa ak. Gör-ä, gelişenok ahyry. 
Men ýeň bermedim:
–  Beterem gelişýär. Gaty owadan. 
Onsoň menem ýaz güllerinden eslisini ýygdym-da, köýnegimiň ýakasyna dakyşdyrdym. 
–  Näme gelişenok diýjek bolýaňmy? 
Olara meniň bilen ylalaşaýmakdan başga alaç galmady. 
–  Bar, al şo matany, alyp bilýän bolsaň. 
Indi bar gürrüň ejemdedi. Men ejem işden gelýänçä,öýüň ähli işlerini edip goýdum. Çaý demläp basyrdym. Nahar bişirdim. Ejem gelenden eline suw akydyp, öňüne çaý-nahar äberdim. Meniň häsiýetine belet ejem gülümsiredi. 
–  Näme diýjek bolýaň, gyzym. 
–  Wiý, ejemi? Hökman bir zat diýmelimi. Işden aryp geldiň ahyry. Çaý iç, dynjyňy al. 
–  Her näme diýseňem, bir zatjyga diýjek bolýaň sen.
–  Eje, Kyýas mugallym toý edýämiş. Özem gelni şäherden, okaýan ýerinden alýamyş. Gyzlar bolup toýa täze köýnek tikinmeşek etdik. Dükana-da owadan hytaý atlaz gelipdir. –  Dükana gelen atlaz saňa-maňa ýetdirmez, gyzym. Oň eýesi kändir. 
 –  O, neme, eje. Täçli daýza gülli bolansoň, hiç kimem alanok diýdi. 
–  Sen almalymy onnoň, hiç kimiň almaýan zadyny. 
 –  Gaty gowy atlaz eken-dä, eje jan. Şeýle bir owadan, şeýle bir owadan. Güllerem edil çyn ýaly bolup, lowurdap dur. 
–  Ýaş çagasyň-da, gülli atlaz geýeňde-de aýp-syn edip duraslary ýok-la. Seň göwnüň synandan, şeýtanyň boýny synsyn, balam, ertir gitdejik alaý bir kişilik. 
Begenjimden  ejemi ogşadym. Ertir irden heniz okuwa gitmänkäm, dükana baryp gaýtdym. Ap-ak gülli hytaý atlazyny bagryma basyp gelişime, dünýä sygamokdym. Bagtyýarlykdan ýaňa aýdyma gygyryberesim gelýärdi. Men okuw wagty bolmanka, Jahan gelnejemiň ýanyna baryp, köýnegimi biçdirdim. Meniň alan atlazym oňa-da ýarady.
 –  Dünýäm, köýnekli-gä saýlap bilipsiň. Juda owadan, eliňden typyp barýan atlaz-da bu, hakyt. Ak gülleri bolmasa, bize-de gelişmän durmazdy. 
Men göwnümdäkini gizläp durmadym:
 –  Ak gülleri gaýta owadan görkezýä, gelneje. 
Men matany boýuma deňäp, eýläk-beýläk ýöräp görkezdim: 
–  Seret, nähili owadan.
–  Wah, Dünýäm, heniz çaga bolýaň-da sen. Gelin halymyza ak gülli köýnek geýip çyksak, il näme diýer. Entek sen bir şu köýnegi geý, hany göreli, oba nähili kabul edýärkä?! 
Gelnejemiň nämeden çekinýänine düşünmedim, ýöne onuň dünýäsine girjegem, oňa düşmegem islämokdym. Meniň bar köýüm-küçäm tizräk üýtgeşik atlaz köýnek geýmekdi. Deň-duşlarymyň arasyndan saýlanmakdy. “Nurgözeliň gyzynyň  owadandygyny” diýdirmekdi. Şonuň üçinem köýnegimiň ýakasyna agyr nagyş saljagam bolmadym. Gülýaýdy bilen üzülmez etdim-de, üstüne goçak aýlaýdym. Indi meň haçan Kyýas mygallymyň toýy bolarka diýip, garaşyp ýörmäge kanagatym çatanokdy. Tizräk täze köýnegmi geýesim gelip, ýüregim ýarylyp barýardy. Şol pursaty  göz öňüme getirip, öz ýanymdan müň bir hyýala münýärdim. Şol köýnegi geýip, mekdebe barsam, göýä özümden başga gyza seredilmejek ýaly, üýtgeşik duýgulary başdan geçirýärdim. Hasam partadaşymyň hyrydar nazary meniň umyt uçgunlarymy alawladýardy. Eýsem näme?! Bizi indi ençeme mahal bäri syrly bakyşlar, otlukly nazarlar azara goýup başlapdy ahyry. Şol bakyşlaryň ýönelige däldigini duýmak ese-boýa galan gyz maşgalanyň köňlünde harasat turuzýan eken. Şol süýji hyýallary boýlap, arzuwlar ummanynda gulaçlap ýördüm. 
Gözel bilen Hally köýnegimi görmäge gelenlerinde höweslerini gizlejegem bolmadylar.
 –  A gyz, seň ejeň gowudygyny. Saňa ak gülli köýnek geýdiräýýär-dä. Biz-ä ejemizi göwnedip bilmedik. Aglap duramyzsoň, gurçuk ketenini alyp berdi. 
 –  Gurçuk keteninem ýuwup ütükleseň, tulkuldap, edil atlaz ýaly tolkun atýa, gyz. Olam gow-a. 
 –  Seňki ýaly däl-dä. 
Joralarymyň maňa gözügidijilik bilen seredýändigini duýup, hasam eseldim. Atlaz köýnegimi geýen günüm hiç wagt hakydamdan çykmaz. Durşum bilen ak güle beslenip, ýalpyldap toýa barýan. Özümem şeýle bir begenýän weli, edil guş bolup uçasym gelýär. Şol bir wagtda-da başga bir düşnüksiz duýgular beýnä dolýar-da,  içimde bir ýerde “Sen owadan, sen owadan” diýen sözler zol gaýtalanyp dur. Men ony eşitmejek bolsamam, başaramok. Gaýta indi ol ses barha batlanýardy-da öz owadanlygyma guwanyp, şemala galgaýan öýme ýaglygymyň çowlaryny tutan bolýardym. Ýaşyl öýme bilen ak gülli atlaz meniň diňe bir durmuşymy däl, tutuş dünýämi täzeledi.
 Gözellik jygasyny başyma geýen ýaly bolup, dünýä sygman barşyma şu pursat partadaşymyň otlukly nazaryny duýasym, onuň görejinden syçraýan mähre özümi aldyrasym gelip ýüregim agzymdan çykjak bolýardy. Toý märekesine ýakynlaşdygymça meniň özüme bolan guwanjym, buýsanjym artýardy. Indi men Hallyňam, Gözeliňem ýanyna barasym gelenoikdy. Sebäbi men özümi hüýr-peri saýyp başladym. Şol pursat “Gelnaljy gelýä” diýen ses märäkä has şowhun berdi. Pişmeli, nogul-nabatly mejmeler eýýäm taýýardy. Olary çöplemäge dowtalap çagajyklaram biri-birinden öňe çykjak bolup başagaýdylar. Gelin ulagdan düşjek mahaly onuň köýneginde gözüm eglendi.  Gelniň köýnegi hem edil meniňki ýaly ap-ak gülli atlazdy. Gyzyl kürtäniň aşagyndaky ak güller aýratyn bir öwüşgin bilen lowurdaýardy. Ap-ak bägüller tutuş köýnegi edil apbasy dakylan ýaly bezeýärdi. Gelniň assa basyp ýöreýşi, gyzyl kürtäniň çetini çalaja tutup barşy tutuş durkumy gaplap aldy.
 Indi men özümi bir pursat şol gelniň ornunda ýaly duýdum. Bu toýam göýä Aşgabatdan gelen gelin bilen Kyýas mugallymyňky däl-de, hut özümiňki ýaly alasarmyk duýgular başymy aýlady. Şol ajaýyp duýgularyň köňül köşgümde şineländigine begenip,  özümi hyýallaryň ummanyna okladym. Indi meni toýam, gelinem, onuň özümiňkä meňzeş atlaz köýnegi-de gyzyklandyranokdy. Gaýta märekeden tizräk saýlanyp, täk özüm dünýä dolasym, ajaýyp arzuwlarymy boýlasym gelýärdi. Hut şu pursat göwnüm däli derýa deýin joşup, arzuwlarym uç-gyraksyz ummanlarda çyrpynýardy. Çünki men edil şuş-şu pursat partadaşymyň otlukly nazaryny, ondan syçrap çykýan yssy mähriň  ýylysyny duýdum-da, aýaklarymyň özümi nirä alyp barýandygyna üns bermän, ýöräp ugradym. Özümi idirdikledip alyp barýan duýgynyň şirinligi meniň gyzlyk dünýäme aýratyn bir öwüşgin  berip, edil atlaz köýnegimdäki ak bägüller ýaly lowurdaýardy...

Ogulgerek Ussaýewa.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 17 | Добавил: Has | Теги: Ogulgerek Ussaýewa | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: