18:33
Asyrlardan gözbaş alýan dostluk

ASYRLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN DOSTLUK

Binagärlik sungaty halkymyzyň gurujy hem-de dörediji millet hökmünde dünýä tanadan gymmatlyklarymyzyň biridir. Türkmenleriň binagärlik sungatynyň iň gülläp ösen, kämil derejä ýeten ülkeleriniň biri-de gadymy Hindistandyr. Türkmenleriň bu täsin ülkede döreden binagärlik sungatynyň özboluşly aýratynlygy bar.
Türkmen soltanlary tarapyndan Hindistan-da bina edilen ymaratlara aýratyn nepislik, howaly giňişlik, täsin seleňlik, dabaraly belentlik we haýbatly hökümdarlyk ýaly alamatlar häsiýetlidir. Hindistanda türkmenler tarapyndan döredilen binagärlik sungaty dünýä taryh ylmynda uly orun tutýar. Gadymy Delidäki ajaýyp binalar türkmen binagärlik sungatynyň kämil nusgalarydyr.
Türkmen-hindi gatnaşyklaryndan söz açylanda, şol gatnaşyklaryň taryhynda möhüm orny eýelän Iltutmuşuň kümmeti hakynda gürrüň etmezlik mümkin däl. Ady rowaýata öwrülen Şemsuddin Iltutmuş (1211-1236ýý.) Deli soltanlygyny dikeltmekde we onuň çäklerini giňeltmekde, ajaýyp binalary gurmakda şöhratlanýar. Iltutmuşuň hormatyna gurlan we mazary ýerleşdirilen guburhanasy Hindistanyň XIII asyra degişli bolan ýadygärlikleriniň arasynda iň tanymaly we özüniň binagärlik gymmaty boýunça iň ajaýyplarynyň biridir.
Kümmeti onuň gyzy – tagt mirasdary Raziýa soltan gurdurypdyr (1236-1239ý.). Bu häzirki Hindistanyň çäginde saklanyp galan gadymy kümmetleriň biridir.
Iltutmuşuň üsti açyk guburhanasynyň tutýan meýdany 9 inedördül metr bolup, onuň mazary mawzoleýiň merkezinde ýerleşýär. Seljuk binagärleri tarapyndan gurlan bu guburhananyň gümmezi owalbaşda bar hem bolsa-da, ol Firuz şa Togalagyň hökümdarlygy (1351-1388ýý.) döwründe ýere gaçyp, berbat bolupdyr. Bu guburhananyň demirgazyk tarapyndaky gapysynyň üç mähraby bolup, onuň mermer daşlary bilen örülen arka görnüşli merkezi girelgesi has beýik gurlandyr. Şu guburhana aýratyn ähmiýet berilýänliginiň sebäbi Deliniň ajaýyp ussalarynyň meşhur bezeg mekdebiniň iň ýokary sungat ölçegi bolup durýanlygydyr.
Guburhananyň daşky diwary ýylmanan daşlardan ýönekeý görnüşde bolup, onda hiç hili haşamly işler göze ilmeýär. Onuň içki diwarlary çeperçilik bezeglerine baýdyr we munuň özi Deli soltanlygynyň hökümdarlarynyň hormat-hatyrasyna gurlan birinji derejeli nusgawy binadyr. Deli soltanlygynyň binagärliklerinde jaýyň içki bölegi üçin häsiýetli bolan ýokary derejede haşamlama bina aýratyn häsiýet berýär. Muny Iltutmuşuň guburhanasynyň mysalynda aýratyn duýmak bolýar. Guburhananyň gurluşygynda ulanan üýtgeşik binagärlik usullary, detallaryň ýiti sazlaşygyny synlanyňda, awtoryň ussat ymaratçy hökmündäki ýiti zehininiň baý tejribesiniň bolandygyna berk ynanýarsyň.
Guburhananyň içki diwarlarynyň ýazgylary, ösümlik nagyşlarynyň çeper bezegleri oňat saklanypdyr. Içki diwaryň galereýasynda, ak mermer daşlaryň ýüzünde orun alan dini häsiýetli ýazgylar zowwam çykarylan beýleki mermer haşamlar bilen täsin sazlaşyp gidýärler. Binanyň içindäki arap hatynyň kufi hem-de nash usulyndaky ýazgylary iki hyzmaty: ajaýyp bezeg we wagyz hyzmatyny ýerine ýetirip gelipdirler. Binanyň içki diwaryna kufi haty bile iňňän sünnälenip ýazylan gyradeň setirler ajaýyp keşdeçiniň elinden çykan üýtgeşik nagyşlara çalym edýär. Guburyň eýesiniň mübärek adyny düzýän ýazgylar oňat saklanypdyr. Bu ýazgylar ýadygärligiň iç ýüzüniň bezeginiň bir bölegi bolmak bilen, özboluşly mana eýedir.
Taryhçylar guburhananyň bezeginde ýerli hindi halkynyň sungatynyň täsirininiň hem bolandygy dogrusynda pikir ýöredýärler. Olaryň tassyklamagyna görä, binanyň içindäki agajy haşamlamakda ulanylan çepeçilik bezegleri,tigiriň, jaňyň we zynjyryň, lotos gülüniň we almazyň şekilleri ýerli halkyňky bilen kybapdaş gelýär.
Häzirki wagtda guburhananyň ortarasynda uly gubur ýatyr. Guburyň binýady ýüzi arap hatly gyzyl mermer daşlary bilen, ikinji we üçünji bölegi ak mermer daşlary bilen örtülen. Guburyň ikinji bölegi aýratyn bezege eýedir. Guburhananyň poluna uly ölçegdäki ak mermer daşlar düşelipdir.
Iltutmuşuň guburhanasynyň gurluşygy üçin, esasy gurluşyk önümi hökmünde, gyzyl we ak mermer daşlary, gyzyl gumdaşlary ulanypdyr.
Iltutmuşuň kümmetiniň süňňüne siňdirilen türkmen halysynyň nagyşlary, dini häsiýetli ýazgylar şu güne çenli saklanyp galypdyr. Guburhananyň ak we gyzyl mermerlerden gurlan içki diwarlarynyň bezeglerinde türkmen halysynyň sünnälenip edilen nagyşlary bilen dini häsiýetli ýazgylaryň sazlaşygy aklyňy haýran, edýär. Durşuna nagyşlar bilen haşamlanan diwaryň ýüzi ýylmanypdyr. Gyzyl we ak mermerleriň biri-biri bilen utgaşmagynda emele geler amaly-haşam sungatynyň gözellik kanunlarynda bolsa Seljuk türkmen gurluşygyň däpleri höküm sürýär.
Iltutmuş aradan çykandan soňra, ony öz wesýetine eýerilip, özüniň gurduran binalarynyň jümmüşinde jaýlapdyrlar. Onuň gurduran binalary türkmeniň binagärlik sungatynyň ajaýyp eserleri bolup, uzaklardan seleňläp dur.
Ösen orta asyr Delini Hindistanyň ýer ýüzüne ýaň salan gözel paýtagt şäherine öwrüpdir. 1330-njy ýylda Hindistana syýahata gelen arap jahankeşdesi Ibn Batuta öz ýazgylarynda Deliniň musulman dünýäsinde iň uly şäherdigi beýan edipdir.

Baýramgeldi ÇARYÝEW,
sungaty öwreniji.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 12 | Добавил: Has | Теги: Baýramgeldi Çaryýew | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: