20:39
Arzygül hanym gelýär / hekaýa

ARZYGÜL HANYM GELÝÄR...

Ýene-de endigime görä ir ikindin şähere gezelenje çykdym. Agşam çagynyň mylaýym howasyndan gursagymy dolduryp, dem alasym, ak şäherimiz Aşgabadyň gözelligine guwanasym gelýäni çynymdy. Şonuň üçinem ýuwaşjadan dähedem-dessemläp barşyma töwerek-daşymy nebsewürlik bilen synlaýardym. Sebäbi bu gözellikden ganman, onuň duşundan geçibermek meniň pikirimçe, külli günädi. Iki gyrasyna gülden jähek çekilen ýanýodalar, her damjasyndan älemgoşaryň müň dürli öwüşgini  döreýän suw çüwdürimleri, towsaklap tans oýnaýan uşajyk tokunlar bu gözelligi goşalandyrýardy. Onsoň bu ajaýyplygyň dünýäsinde azaşan köňlümiň näzik duýgulara özüni aldyraýmagyndan  çekinip,  ho-ol,  aňyrda oýnap ýören körpejelere tarap owsundym. Olar öz çekýän suratlaryna gümra bolup, meniň ýanlaryna baranymam duýmadylar. Asfalta hek bilen surat çekip oturan gyzjagazlar ekiz bolarly. Olar şeýle bir meňzeşdiler weli,  bulary  ejesi nädip saýgarýarka diýdirýärdi. Ýöne olaryň biriniň dogumlyrakdygyny gepleýşinden  aňmak bolýardy. Men sesimi çykarman, olaryň suratlaryny synlamaga durdum. Çaga eli, çaga dünýäsi bilen döredilen çyzyklar biri-biriniň üstüni ýetirip haýwanjygyň keşbini emele getirýärdi. Meniň öz çeken  suratlaryny synlaýandygymy gören gyzjagazlaryň ekabrragy beýlekisine ýüzlendi:
- Çebiş, meň towşanjygymyň gurugyny pozupsyň-a.
- Sen ýalňyş çekipsiň, Owlak. Towşanjygyň gurugy oňňalak yllakan däl-ä, ine, seret, şuňňalak.
Owlak özüniňkiň dogrudygyny subut etjek bolup dyrjaşdy.
-    Şol-a nätseňem şoňňalak. Näme hol gün haýwanat bagynda görmedikmi? Çap-çaljadylar olar.
-    Wiý, seň o diýýäniň-ä  tilki.
-    Bolan bolaýşyňy, tilkini tanamaýandyr öýdýärmiň. Beterem tanaýan.
-    Onda näme towşana tilkiň guýrugyny çekdiň?
-    Meň towşanjygy şeýle göresim geldi.
-    Bolupdyr-da onda.
Men assyrynlyk bilen olary synladym. Çaga eli bilen çekilen suratlar özboluşlyjady. Men suratlary synlap durşuma aňyrdan sallanjyrap gelýän baýdak boýly gelne gözüm düşdi. Gelniň  gyýlyp duran gaşlary çalaja çytylýardy. Ol gelin maňa uniwersitetde bileräk okan deň-duşumyz Arzygüli ýatlatdy. Şol pursat Begmyrat şahyryň Arzygüle bagyşlap ýazan goşgusy beýnime doldy:
                       
Söýen wagtym bahardy,
Söýgimi ýel apardy,
Birazajyk gaharly,
Arzygül hanym gelýär.

Dogrudanam ol gelniň seýkin basyp gelişi, akýagyz nurana keşbi agynjak şol goşguda waspy ýetirilýän Arzygüldi. Gelin gyzjagazlaryň ýanynda aýak çekdi.
-    Owlak jan, nämä torsarýäň, balam. Ýa Çebşek bir zat diýdimi?
Indi ol gelniň gepleýşi-de Arzygülüňka meňzäp durdy. Çebşek Owlakdan öňrütdi:
-    Seň gyzyň adyny tutar ýalymy? Hamana men oňa ýamanlyk diýýän ýaly.
Gelin  gyzjagazlaryň ejesi bolarly. Ol gyzlarynyň çeken suratyny synlap, olary köşeşdirmäge derek maňa ýüzlendi:
-    Şü suratlara seretseňizläň, meň-ä suratdan başym çykanok weli, erbedem däl ýaly-la bularyň çyzyşdyran zatlary.
Men  suratlary synlamaga howlukmadym. Gaýta bu gelni haçan, nirede görendigimi ýatlajak boldum. Ýene-de talyp ýyllarymyz çöz öňüme geldi-de, bu gelni şol birmahalky Arzygüldür öýtdüm. Boýy derek ýaly Arzygülüň nogta ýaly saçyna, al ýaňagyndaky kiçijik meňjagazyna, hanjar kimin gaýtarylyp duran kirpiklerine, garamyk gözleriniň üstünde ýaýylyp ýatan gaşlaryna, uz basyp, ýeri ynjytman ýörişine  ýigitleriň bary aşykdy.
  Talyplaryň umumyýaşaýyş jaýynda Arzygüle taý geljek gyz ýokdy. Lap edip aýtdygym däl,  geplän mahaly onuň sesiniň ýakymy süňňüňe siňýärdi. Edil Aşykynyň “Sesi gelse gulagňa bilbiliň owazydyr” diýşi ýaly owazlydy. Ol geplände söz bilen beýän edip bolmaýan bir duýgy kalbyňy gaplaýardy. Onsoň ýigitler-ä däl, gyzlaram onuň höwesindedi. Ýöne ol weli, owadanlygynda-da, dyzyndan aşak düşüp duran nogta ýaly  saçyna-da buýsananokdy. Ýakyn joralary onuň bar ünsüniň okuwdadygyny nygtaýardylar. Ol käte-käte täze ýazan goşgusyny  okap bererdi. Onuň goşgulary ýokary okuw mekdebimiziň gazetinde häli—şindi paýda bolardy.
Men Arzygül bilen  gatnaşyk saklamasam-da öz ýanymdan oňa guwanardym. Onuň owadanlygyna, ýiti zehinine gözüm giderdi. Onuň ýerinde özümi goýup görerdim. Allanyň özümi beýle zyýada ýaratmandygyna kemsinerdim. Ýöne tebigat ker kimi bir hili ýaradýar. Kimlere  gözellikden paý berse, başga birlerine zehin eçilýär. Arzygülüňki weli başgaça. Şonuň üçinem ýigitler  zarynda bolsa, gyzlar oňä  deňleşmäge çalyşýardylar.
Bir gezek edebiýat agşamynda Arzygülüň goşgularyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şonda eýýäm özüne şahyr diýdirmegi başaran Begmyrat çykyş edip, Arzygülüň goşgularynyň çeperçilik aýratynlygynyň juda ýokarydygy barada aýtdy. Şondan soň olaryň arasynda garynja gatnawynyň başlandygy baradaky gürrüň tutuş uniwersitete ýaýrady. Indi ýigitleriň bary Begmyrada gözügidijilik bilen seredýärdi. Begmyradyň Arzygüle bagyşlap ýazan goşgularyny talyplar aýdym edip aýdyp başladylar. Beýnime dolan setirlerem şol goşgudandy.
Tötänlikde bolan duşuşyk kerwen gurap geçen ýyllary bir demde gözümiň öňünde janlandyrdy. Ýöne  ýyllaryň Arzygülüň kamatyna birjik-de täsirini ýetirmändigini, onuň edil şol birmahalkysy ýaly owadanlygyny görüp, gözlerime ynanmajak boldum. “Bu nähili beýle bolýarka? Ýyllar, wagt onuň duşundan nädip bildirmän ötdükä?” Diýen pikir badabat beýnime doldy. Men aňk-taňk bolup durşuma bu gelni ýene-de birlaý boýdan-başa synladym. Esli salymlap  dilim tutulan ýaly bolup durdum. Ahyry özümi dürsedim-de:
-Arzügül, senmi gyz- diýdim.
Gelin  birenaýy ýylgyrdy.
-Men Arzügül däl, daýza, onuň gyzy Akmaral.
Men indi hasam aljyradym. Beýle-de bir meňzeşlik boljak eken-ow. Älhepus eneli-gyzyň meňzeşdigini. Men-ä garşymda duran Arzygüldür öýtdüm. Dünýäde beýle zatlaryň bolup bilýändigi meni haýrana goýdy. Ahyyry özümi dürsänimden soň, men Akmarala ejesi bilen bileräk okandygymyzy, ondan bäri-de asla görmändigimi aýtdym. Soňam birazrak yza çekildim-de, Akmaraly gaýtadan içgin synladym. Onuň çep ýaňagyndaky meňjagazy-da edil ejesiniňki ýalydy. Meniň serim-sal bolup durşuma Akmaral haýran galsa-da dil ýarmady. Men ahyry Akmaraldan ünsümi sowup, gyzjagazlara ýüzlendim:
-    Siz-ä hakyky suratkeş ekeniňiz. Tilkinem, towşanjygam edil özi ýaly edäýipsiňiz. Size surat çekmäni kim öwretdi?
Gyzjagazlaryň ikisem birden dillendi:
-    Babam, bilýäňizmi näme, babam surat çekmäge gaty ökde. Bizem edil babam ýaly suratkeş bolmagy arzuw edýäs. Biziň suratlarymyz eýýäm sergide-de görkezildi.
-    Tüweleme, tüweleme, suratyňyz gaty gowy. Şeýdip çekiberseňiz hasam ökdelärsiňiz.
-    Babamam şeý diýýä.
Men hut şu pursatda Arzygülüň Begmyrada durmuşa çykmandygyna göz ýetirdim. Eýsem Begmyradyň yhlasy, söýgüsi Arzygülüň kalbyny nurlandyryp bilmedimikä? Ýa-da özüne aşa göwni ýetýän owadan gyz söýginiň güzaply hem lezzetli dünýäsine girmäge het etmedimikä? Onuň sungata teşne kalby sygyryýet dünýäsiniň täsirini basmarladymyka? Özümi gyzyklandyrýan soraglary dile getirmäge ejap edip, esli durdum. Ahyry Akmaralyň özi dillendi.
-Ejem bilen bileräk okan bolsaňyz, kakamam tanaýansyňyz. Kakam şol döwürlerde ýörite sungat mekdebinde okapdyr. Ejem bilen kakamy duşuran hem sungat. Ejem-ä şygyrýetiň aşygy, kakamam sungatyň. Onsoň iki ýüregiň birleşmesi onçakly daşam däl. Häzir olaryň ikisem orta mekdepde mugallym.
- Haýsy mekdepde?
-Biz Maryda ýaşaýas. Çagalam bilen    gezelenje geldik. Gyzlaryma Aşgabadyň gözel ýerlerini görkezeýin diýdim. Seýilgähe gelip-gelmänkäk, bular surat çekip başladylar. Ikisem babasyna çekipdir bularyň, surat çekmäni gowy görýärler. Kakam eli sypyndygy bulara sapak berýär.
Akmaralyň gürleýiş äheňi-de ejesiniňki ýalydy. Sesiniň owazlylygy,mylaýymlygy hem meňzeşdi. Şonuň üçinem men henizem garşymda duran gelniň Arzygül däldigine ynanamokdym. Şol garamyk gözler, syrly bakyş, owazly ses özüne bendi edýärdi. Çyn gudrat sustyňy basýar diýýäler weli, hakyky gözelligem ondan peslär ýaly däl eken. Akmaralyň gürrüňine gulak asyp duranam bolsam, beýnimde  aýlanan täsin owaz meni imrindirdi. Ol owazyň şirinligi humarly kalbyma dolup, ony deňiz tolkunlary kimin iki ýana çyrpyndyrdy. Hut şol pursat şunça ýaşasam-da söýgi şalygyna girip bilmändigime, onuň syrlaryna henize çenli düşünmändigime, onuň lezzetli hem gazaply duýgularyny başdan geçirmändigime gynandym...
                                                   
Ogugerek Ussaýewa.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 18 | Добавил: Has | Теги: Ogulgerek Ussaýewa | Рейтинг: 1.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: