11:13
Arassa ahlagyñ belgisi

Arassa ahlagyň belgisi

Gadym zamanlarda bir matematik bolupdyr. Bir gün şägirtleriniň biri ondan matematiki nukdaýnazar arkaly adamlaryň gowy taraplaryny san belgileri bilen kesgitläp bermegi haýyş edipdir. Şonda dana alym biraz pikirlenip, öz şägirdine:
– Eger adamy matematiki nukdaýnazardan belgiler arkaly alamatlandyrmaly bolsa, onda, ilki bilen, arassa ahlakly adamy birlik belgi bilen bellemeli bolar. Munuň üstesine, onuň owadan syratyda bar bolaýsa, onda birlik belginiň yzyna bir nol goşup, ony onluk belgi bilen görkezmeli bolar. Şeýle-de, onuň zehin-başarnygy hem bar bolaýsa, onda onuň onluk belgisiniň yzyna ýene bir nol goşular, ýagny onuň alamat görkezijisi ýüze ýeter. Ondan daşary maddy baýlygy hem bar bolaýsa-ha, onda onuň alamat görkezijisi müňe deň bolar... – diýip, adamda bolup biläýjek başga-da birnäçe artykmaçlyklary beýan edipdir. Olaryň her biriniň yzyna bir nol goşmak arkaly biri-birlerinden tapawutlandyrypdyr. Şägirt öz halypasynyň aýdanlaryna örän geň galypdyr we halypasyna ýüzlenip:
–Halypam, siz näme üçin arassa ahlagy birlik belgi bilen görkezip, adamda bolup biläýjek beýleki artykmaçlyklary bolsa, onluk, ýüzlük, müňlik... sanlar bilen belgiläp, ondan ýokarlandyryp sypatlandyrýarsyňyz, eýsem, arassa ahlak ýokary belgä mynasyp bolmaly dälmi? – diýip sorapdyr. Halypasy bolsa oňa:
–Sen ol sanlara dykgat bilen üns berip gör, şonda düşünersiň – diýipdir. Şägirt biraz pikir ýöredip dymyp oturypdyr we soňra ýene-de öz halypasyna:
–Halypam, näme diýseňizem bu görkezijileriň içinde-hä arassa ahlagyň birlik belgisinden pesi ýok – diýip ýüzlenipdir. Şonda dana alym öz şägirdine:
–Eger-de, ol sanlaryň öňünden birlik belgi aýrylaýsa, onda olaryň ählisiniň hem görkezijileri nola deň bolup galar – diýip, ýylgyryp jogap beripdir.
Bu hekaýatdan şeýle netije çykarmak bolýar: Adam arassa ahlagy bilen adamdyr.

Döwletgeldi HALLYGYLYJOW,
filolog.

Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 23 | Добавил: Raýdaş | Теги: Döwletgeldi Hallygylyjow | Рейтинг: 4.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: