22:33
Ar-namys mukaddesligi

AR-NAMYS MUKADDESLIGI / edebi filosofik söhbet

Beýik Magtymgulynyň ýigide zerur närseleri üçe getirmek bilen köne türkmen durmuşynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aşa çäklendirýän ýaly bolup görünmegi mümkin. Emma, aslynda, bu beýle däl. Şahsyýetiň jemgyýet bilen baglanyşygy nukdaýnazaryndan seredeniňde, şahyryň barmak basyp sanaýan zatlary barmak basyp sanardan has köp gymmatlyklaryň amal edilmegi üçin ilkibaşky zerur şertler bolup durýar. Hawa, şol üç zerurlygyň amal edildigi, ýaşaýyş üçin gerekli bolan ruhy gymmatlyklaryň tas hemmesiniň diýen ýaly amal edildigi bolup durýar.
Türkmen jemgyýetiniň doly hukukly hem gymmatly agzasy bolmak üçin şahsyýetiň öňünde goýulýan şertler bar. Biziň geçmiş ruhy mirasymyz bile dahylly bolanyňda, jemgyýet bilen şahsyýetiň arabaglanyşygy meselesiniň juda anyk hem kesgitli işlenip düzülendigini görýärsiň. Jemgyýet şahsyýete öz anyk, kesgitli talaplaryny bildirýär, adam hem şol talaplary berjaý etmek bilen jemgyýetiň agzasy – şahsyýet derejesine ýetip bilýär. Şeýdip olaryň arasynda – köplük bilen birligiň arasynda ajaýyp sazlaşyk emele gelýär. Şu hili sazlaşyk bolsa kämil jemgyýetiň esasy sypatydyr.

At gazanar goç ýigidiň
Owal başda aty gerek.
Gelene garşy çykmaga
Ýagşy muhabbeti gerek.

Şeýlelikde-de, at-ýarag, aýal şahsyýeti jemgyýet bilen baglanyşdyrýan zerurlyklar bolup durýar. Şunuň üsti bilenem şahsyýetiň gymmaty kesgitlenýär. Ahyrky netijede şahsyýet jemgyýetiň bähbitlerine we hajatlaryna hyzmat edýän birlik bolup çykýar.
Türkmen ruhy gymmatlyklary özüniň düýp manysy boýunça jemgyýetçilik gymmatlyklarydyr, olar bitewüligi berkarar edýärler. Şu hili bitewüligiň ilkinji basgançagy we derejesi bolsa türkmen maşgalasydyr. Özge ruhy medeniýetlerden we jemgyýetçilik durmuşlaryndan tapawutlylykda, bu ýerde şahsyýet hem, maşgala hem öz gymmatlylygyny jemgyýetden aýrybaşgalaşmagyň üstünde däl-de, jemgyýete bitewileşmegiň üstünde gurnaýar. Türkmen ýaşaýşynyň tebigaty şeýle: şahsyýet, maşgala jemgyýete nä derejede siňip bilýän bolsa, şonça-da olar gymmatlydyr hem maksadalaýykdyrlar. Bu ýerde atlaşan (substansional) birinjilik şahsyýete däl-de, jemgyýete degişlidir. Ruhuň şu asylbaşky, mizemez kanunynyň jemgyýetçilik durmuşynda berjaý edilen wagty, ýaşaýyş tebigy hem hossasyz barlyk bolýar. Bizde, aýdaly, hristian medeniýetinden tebigy suratda tapawutlylykda, Hudaý ideýasy şahsyýetiň däl-de, jemgyýetiň keşbidir (ipostasydyr) – aň arkaly durmuşa dahyl bolmasydyr. Bu hakykat türkmen ýaşaýşynyň ruhy hamyrmaýasydyr.
Men şu aşakdaky tanyş we her bir türkmene düşnükli durmuş pelsepesini şol hamyrmaýanyň gündelik durmuşda amal bolmasy hasaplaýaryn: «Uly ilde Allanyň ady bar!»
Bu – türkmen ýaşaýşynyň ählumumy formulasydyr.
Bu – türkmeniň dünýä gatnaşygynyň mähekdaşydyr.
Bu – türkmen ruhy üçin şahsyýete garanyňda, jemgyýetiň has ileridiginiň türkmeniň öz dilinde ykrar edilmegidir.
Indi şu ýaşaýyş formulasynyň ruhy atlaşanlygyna (substansionallygyna) gapdaldan seredip göreliň. «Zatlaryň manysy deňeşdirme arkaly has aýan bolýar» diýýärler. Türkmen ruhunyň düýp meselelere gatnaşygyny özge halklaryňky bilen deňeşdirip görseň, köp zatlar aýdyňlaşýar. Eger-de, aýdaly, hristian dünýä gatnaşygyny ýokarky türkmen synpy dilinde aňlatsak, megerem, şeýle diýmeli bolardy: «Şahsyýetde Hudaýyň ady bar». Munuň şeýledigine «Adam – Hudaý» – «Bogoçelowek» (Isa göz öňünde tutulýar) ideýasynyň hristiançylygyň özeninde ýatandygynyň delili hem şaýatlyk edýär.
Elbetde, meniň bu ýerde iki sany ruhy medeniýeti deňeşdirmek arkaly, olaryň birini «gowy», beýlekisine «erbet» diýip, kimdir biriniň döşünden itip, kimdir birini bolsa ileri tutasym gelenok. Gep iş ýüzünde üýtgedip bolmaýan, üýtgetmeli hem däl tebigy, ruhy kanunalaýyklyklar hakynda barýar. Meniň maksadym öz halkymyzyň ruhy süňňüne düşünmek, onuň jemgyýetçilik ýaşaýşynyň çuňňur ruhy esaslaryna göz ýetirmek. Galyberse-de, bu beýik halkyň ruhy binýatlarynyň daşyndan seredýänleriň görşi ýaly, isledigiňçe üýtgediberer ýaly beýle bir telper däldigini görkezmekdir. «Bol-ha-bol», «et-hä-et» bilen birnäçe halklaryň jemgyýetçilik-ruhy ýaşaýşynyň weýran bolandygyny görüp ýörüs.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň: «Biziň öz ýolumyz bar» diýen beýik pähiminiň çuňňur ruhy-taryhy manysy barada oýlanmak derwaýysdyr. Bu sözler ýöne bir syýasy gürrüň üçin däl-de, eýsem türkmen halkynyň ruhy gönezliginiň özboluşlylygynyň teswiridir.
Ýokarky türkmen formulasyndan, hamana, türkmen ruhy Hudaý diýip halka düşünýär diýen gödek manynyň alynmaly däldigini bellemek isleýärin. Hudaýyň halk däl-de, halykdygyny türkmen elmydama oňat bilipdir. Gep bu ýerde türkmen ruhunyň bitewülik diýilýän gymmatlygynyň taryhy prosesde Hudaýa dahyllylykda amal edilişi we bu amala şahsyýetiň gatnaşygy barada barýar. Düýp ruhy gymmatlygyň durmuş-ahlaky prinsipine öwrülişini göz öňüne getirmäge çalyşýaryn. Hristian dünýägaraýşynda we dünýäni duýuşynda hemme zat, hatda Hudaý hem şahsyýete – ýekelige, birlige tabyn edilipdir. Häzirkizaman amerikan filosofy Karliss Lomont ölmez-ýitmezlik ideýasynyň hatda Hudaý ideýasyndanam has wajyp orun eýeländigine şaýatlyk edýär. Ine filosof hem psiholog Uilýam Jeýmsiň pikiri: «Akýagyz jynsyň adamlarynyň esasy köpçüligi üçin din, ilkinji nobatda, ölmez-ýitmezligi aňladýandyr – megerem, başga hiç zady aňladýan däldir. Hudaý ölmez-ýitmezligi ýaradyjydyr».
Ispan ýazyjysy Unamuns şeýle gürrüň berýär: «Bir gezek bir daýhan bilen gürrüňdeş bolup, men, dogrudanam, ýerlere we asmanlara eýelik edýän Hudaýyň bar bolmagy mümkin, ýöne şol bir wagtda-da sözüň anyk, adaty manysynda adamyň jany baky däl bolaýmasyn diýen çaklama seredip görmegi teklip etdim. Ol garşy çykdy: «Onda Hudaý nämä gerek?»
Tüýs amerikan pikirlenişi diýdirýän başga bir amerikan çeşmesinden mysal alalyň: «Erkekleriň we aýallaryň köpüsi islendik başga bir zatdan beter özlerine baky ömrüň kepillendirilmegini isleýärler. Baky ömür diýilýäni satylýan bir zat bolanlygynda, ol adamzat taryhyndaky iň gymmat haryt bolardy. Bu harydyň bahasy Hudaýyň bahasyndanam gymmat bolardy diýip düşünmek gerek».1

1. Lomont K. Ölmez-ýitmezlik – salgym. M., 1984, 16 s.
Türkmen aňy munuň doly gapma-garşylygynda pikir ýöredýär:
Arym köýenden – imanym köýsün!
Ýöne «ar-namys» diýmek näme?!
Türkmeniň ruhy dilinde ar-namysyň nähili jemgyýetçilik manysy bar?
Meniň düşünişimçe, ar-namys ýöne bir at-abraý däl. Ar-namys milli ruhuň özenini düzýän bitewülik gymmatlygynyň şahsyýetleýin ýüze çykmasy. Ar-namys – seniň halk bilen müýnsüz bitewüligiň, birligiň, jemgyýetiň agzasy bolmaga mynasyplygyň kepilidir. Ar-namyslylyk şahsyýetiň öz-özlügindäki sypaty däl-de, ony jemgyýet bilen baglanyşdyrýan köpri bolan ruhy gymmatlykdyr. Şol we beýleki ruhy gymmatlyklar arkaly şahsyýet jemgyýet üçin açyk bir birlik bolýar. Olardan mahrum bolmak ony gözden düşürýär, ýagny köpçülik üçin ýat, bigäne, aýply bir zada öwürýär. Şonuň üçinem ar-namys diňe bir jandan – şu dünýädäki ömürden däl, eýsem imandan hem – o dünýädäki baky ömürden hem ileri goýlupdyr.
«Näme, iman ar-namyssyzlygy talap edýärmi?» diýen içýakgyç sowalyň berilmegi mümkin. Prinsipde, ruhy düşünjeleriň bütin çuňlugynda hem oňyn kesgitliliginde alanyňda, ar-namys imana gapma-garşy bolup bilmez. Emma imana edil şu dünýäde bar zatdan geçip, bir janyňy goramak ýaly diňe o dünýäniň hezillikleriniň hatyrasyna öz üstünden ruhy borçlary aýyrmak manysynda düşünseň, onda, elbetde, ar-namys beýle imana garşy gelýär.
Imana, Hudaýa – ruhy gymmatlyklary ýaradyja wepalylyk manysynda düşünseň, onda iman ar-namys bile bir zatdyr. Her halatda-da ar-namysyň manysy şahsyýetiň özünden geçmegine syrygýar. «Atyňy ýeke çapma», «Ýekelik Hudaýa ýagşy» diýen pelsepeleri ýöreden türkmen ar-namys düşünjesi arkaly jemgyýetiň ileriligini ykrar edipdir.
Ar-namys – türkmen üçin üýtgewsiz gymmatlykdyr.
Gürrüňimiziň howaýy bolmazlygy üçinämen «Görogly» eposyna ýüzlenmekçi bolýaryn.
Genjim beg:
– Ýene han bolan, häkim bolan ýigide bak-a!.. O ýanda hüňkär patyşa ýalňyz agaňy öldürip, ataň gözüni oýup, ol ýerde olaryň gany gidip ýatyrka, bu ýerde maňa çapawul urup ýatynçaň, toprak başyňa, zaňňar! – diýip, sögünip gaýtdy.
Genjim beg:
– Ýene-de heleý alan ýigide bakyň-a! Öýlenen ýigide bakyň-a! Reýhan arap gelip, Gülendam ýeňňeňi äkitdi, ol ar-namysyň o ýanda gidip ýatyrka, bu ýerde aýalyň bilini gujaklap ýatyrsyň, zaňňar! – diýip, sögünip, lagyrdap öýüne gaýtdy».1
Gyjalat türkmen eposlarynda sýužeti ýaýbaňlandyrmagyň täri bolup durýar. Göroglynyň agasy Genjimiň ýokarky gyjalatlarynyň çeper hem durmuş kontekstine üns bermek türkmen ruhuna düşünmek üçin juda zerurdyr. Birinji halatda, ýagny agasynyň hem atasynyň aryny agzaýan ýerinde Genjim: «Han bolan, häkim bolan ýigide bak» diýse, Göroglynyň ýeňňesiniň alnyp gidilenligini agzanda, ol: «Öýlenen ýigide bak» diýýär. Düýpli hem häsiýetli fakt. Munuň özi Genjimiň däl, türkmen jemgyýetçilik aňynyň talabydyr: munuň üsti bilen jemgyýetçilik ruhy öz kanunlary arkaly şahsyýete talap bildirýär. Şol talap hem umumy kabul edilen ruhy gymmatlyklary alamatlandyrýar: han boljak bolsaň, hana mynasyp mertebäň hem namyslylygyň, öýlenjek bolsaň, şoňa mynasyp namyslylygyň bolmagy!

1. Görogly. A., 1990, 54 s.
Özge handa aryň köýüp ýatyrka, han saýlanmaga, özgeler ýeňňeňi basgylaýarka, özüňi öýlenmäge mynasyp ýigit saýyp bolmaýar!
Jemgyýet şahsyýeti öz içine almak üçin onuň öňünde ruhy-ahlaky şertleri goýýar, onuň ruhy ýörelgelerini kabul edip, jemgyýetiň bitewüligini berkidýär.
Genjimiň birinji gyjalatynyň astyndan Görogly Hüňkäriň ogluny öldürmek bilen çykýar.
Ikinji gyjalatyň astyndan Görogly, ine, şeýleräk çykýar:
«Gülendam görşüp bolansoň, oturjak boluberdi. Görogly oňa:
– Oturma, ýeňňe, mün atyň syrtyna derrew! – diýdi.
– How, Röwşen jan, meniň boljagym bolupdyr, boýam siňipdir. Meni bu jaýymdan gozgama!
– Ýok, gitmeseň bolmaz, ýeňňe jan!
– Röwşen jan, saňa bir gep bar. Sen şu wagtlar meni äkitseň, bu betbagt bilen ýene bir ýerde sataşaýsaň: «Haý, zaňňar röwşen, men seniň Gülendam ýeňňeňi rast diýen mahalynda, nowça mahalynda guçdum, iň soňunda garrap, sandan galansoň äkidip: «Arym jaýyna düşdi» diýip gezip ýörmüň? Kempiri bäri kow» diýer, sen şonda yza iýseň gerek!
– Eýsem geňeşini sen ber, ýeňňe jan!
– Munuň geneşini bersem, munuň ogly ýok, ýekeje gyzy bar. Ony äre bermäge gözi gyýman, saklap otyr. Şu wagtlar ýigrimi bäş ýaşyna barypdyr. Adyna-da Bibijan diýýärler. Şony aldap-ogşap seniň syrtyňa mündüribilsem, Reýhan Arabyň ýürek ýagyny üzýäň».1
Gülendamyň aýdýan pikiriniň, berýän maslahatynyň logikasyndan «aryňy ýerine salmak» diýen sözüň durmuş

1. Görogly. A. 1990. 90-91 s.
manysy aýdyň bolýar. Görogly Gülendam üçin däl, ary üçin gelipdir, onsoň ol aryny-da alyp yzyna dolanýar. Hakykat ýüzünde ar-namys meselesi şahsyýetleriň arasyndaky mesele däl. Hüňkär, Reýhan hem jemgyýetçilik, köpçülik aňynyň bitewüligi, Görogly hem türkmen ruhunyň bitewüligi hökmünde çykyş edýärler.
Ar-namys emläk däl. Onuň jemgyýetiň ruhy sagdynlygy üçin, şahsyýetiň ruhy belentligi üçin ähmiýeti bar. Ruhy düşünje hökmünde ol maddy baýlyga-da garşy goýulýar, jandan hem ileri goýulýar.
Ar-namys gymmatlygynyň türkmençe klassyky manysy has irki döwrüň eseri bolan «Gorkut atada» hem özboluşly açylyp görkezilipdir.
«Salyr gazanyň öýüniň ýagmalandygy boýuny beýan eder» atly boýda türkmeniň ar-namys meselesine düşünişiniň birnäçe taraplary açylýar. Salyr gazanyň öýüni talap, gäwürler onuň aýalyny, ogluny, garry enesini, kyrk ýigit bile kyrk gyzy ýesir edip äkidýärler. Emma ýagynyň ýowuzlygy diňe olja almak, baýlygyny, zadyny talamak bilen çäklenmeýär. Oljasy oňan gäwürler Salyr Gazana haýp etmegiň maslahaty bile bolýarlar.
Haýp  etmek  – aýp etmek, salyr gazanyň ar-namysyna degmek. Duşman maddy zyýan bile oňanda, ol beýle ýowuz hem bolmazdy. Emma ol ruhuňa zeper ýetirmek, namysyňy basgylamak bilen seni syndyrasy gelýär. Onsoň eserde namys bile janyň gapma-garşylygy örän ýiti görnüşde goýulýar. Gäwürler Gazanyň aýaly, boýy uzyn, bili inçe Burla hatyna sagrak süzdürmek isläp, ony kyrk gyzyň içinden tanap, aljak bolýarlar. Emma olaryň bu bet niýetini aňlan Burla hatyn gyzlara: «Haýsyňyz Gazanyň aýaly diýip sorasalar, kyrk ýerden ses beriň» diýip tabşyrýar. Gyzlar şeýle-de edýärler. Şu kiçiňik epizod ar-namys gymmatlygynyň bir adamyň däl, bütin halkyň ruhy gymmatlydygyna ýörite ünsi çekýär diýip hasaplaýaryn.
Salyr Gazan oguzlaryň hany, han öz halky bilen göze görünýän-u-göze görünmeýän baglanyşyklar arkaly bir ruhy bitewüligi aňladýar.
Hanyň mertebesi – halkyň mertebesi, hanyň namysy – halkyň namysy.
Türkmen halky muňa juda oňat düşünipdir. Han bilen halk ruhy bitewüligiň içki sazlaşygyny üpjün edýän iki tarap bolup durýar. Suwuň ýüzünde, göräýmäge, juda alysda duran ýyldyzly asmanyň şuglalanyşy ýaly, hanyň ruhy şahsyýetini düzýän ruhy gymmatlyklarda milletiň barlygy jem bolýar.
Gürrüňi edilýän boýda gäwürleriň Burla hatyny tanamak üçin tutan pirimi hemmäniň ýadyndadyr. Burla hatyn çykgynsyz güne düşýär: ýa öz ýüreginden önen oglunyň etini iýmeli, ýa-da äriniň namysyny syndyrmaly. Gara güne galan naçar aýal oglunyň: «Iller bir iýse, sen iki iýgil» diýen sözlerini eşidip, gözünden ýaş dökýär.
Muňa Oraz aýdar:

– Heý, ene!
Araby atlar olan ýerde
Bir guluny olmazmy olar?
Gyzyl düýeler olan ýerde
Bir köşegi olmazmy olar?
Akja goýunlar olan ýerde
Bir guzujygy olmazmy olar?
Sen sag ol, hatyn, ene,
Babam sag olsun!
Bir meniň kibi – ogul bulunmazmy olar?
Şu ýerde ogul – namys gapma-garşylygy arkaly, ahlaky mana geçýän ruhy gymmatlygyň tebigaty gaty oňat açylypdyr. Maddy baýlykdan ýa-da islendik öz gapma-garşylygynda duran närseden tapawutlylykda, ruhy gymmatlygy bir ýitireniňden soň, gaýdyp onuň öwezini dolup bolmaýar. Zadyň ýitse, deregine zat edinip bolýar, Salyr Gazan janyndan şirin ogluny ýitirse, deregine ogul edinip bilýär. Emma ol namysyny gidirse, hiç bir zat bilen namysynyň öwezini dolup bilmeýär. Salyr Gazanyň namysyna deglenden soň, oguzlaryň hiç biri üçin ýaşamagyň, ömrüň manysy galmazdy.
Ruhy gymmatlyk – ömrüň hem ýaşaýşyň manylylygyny, paýhasalaýyklygyny hem maksadalaýyklygyny üpjün edýän gymmatlykdyr.
Ruhy gymmatlyk – ýaşaýşyň mähridir we ruhy datlylygydyr, tagamlylygydyr.
Türkmen ar-namysyny gorap, mukaddesligi bilen biziň günlerimize getirdi.
Ar-namys – türkmeniň ýüzüniň tuwagy.
Ar-namys – türkmeniň tugy boldy.
Türkmen halky üçin dünýäde iň päk zat – ar-namys päkligidir.
Bu zamana – türkmeniň ar-namys mukaddesligine, päkligine aýratyn sarpa goýulýan zamanadyr.

Osman ÖDÄÝEW.

Категория: Filosofiýa | Просмотров: 19 | Добавил: Has | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: