23:59
Almaz Teginiñ neberesi (hekaýanyñ dowamy)

ALMAZ TEGINIÑ NEBERESI

(hekaýanyñ dowamy)

Ýygnananlar hanyñ sözüne haýran galyp: "Aperin! Bu Tañrynyñ buýrugydyr!" diýdiler. Hassa zenan bolsa ölümden netije ýokdugyny bilip, ýaman niýetinden el çekmäge mejbur boldy. Iýip-içip, bahym başyny ýassykdan göterdi. Hanyñ çäksiz söýgüsi onuñ janyna tenekar, göwnüne teselli boldy.
Başdaş aýaly diri wagtynda-da, ölenden soñ hem, başga bir zenana öýlebmejekdigi barada hanyñ eden berk lebiz edeni tiz salymda oguz iline ýaýrady. Üýşmeleñlerde, toý-tomguda milletiñ agzyndan düşmedi. "Beýle bolsa-aýt, pygamberiñ eden wadasynyñ hasyl bolmagyna ýer hem galmaýar-da. Aýalsyzam çaga dogarmy? Toprakdan gögerip çykmajagy belli ahyryn. Pygamber näme üçin beýdiýdikä?" Ine, şeýdiýip, Tañra, pygambere betgüman bolşup otyrlar. Dünýäniñ gaýyp syrlaryndan habarly Nugman işanyñ gepi bolsa başga hili. "Tañry, pygamberiñ sungy ajaýypdyr!" diýip, ol şol öñki aýdanyny iññän ynamly gaýtalaýardy. "Tañry tagaladan buýruk bolsa, toprakdan gögeribem çykar, asmandan diri hem gaçar! Gaçmaz diýip hiç güman etmäñler!" Işana hormat-sylag goýýan kişiler onuñ ýüzüne gelip bir zat diýmeselerem, öz içlerinden: "Enteg-ä ýylak-bozalak ýaly ýerden gögerip çykýan ýa-da jöwenek ýaly gökden dökülip düşýän iki aýakly ynsan çagasyny göremizok" diýip pikir etdiler. Bu gürrüñiñ näme bilen gutarjagyny bilmän goýdular. Almaz han bilen Gülzenehdan begim bolsa, nikalarynyñ asmanda baglanandygyny, ýazgytlarynyñ aýrylmaz birligini syzyp, gaýtadan ysnyşyp, söýgüleri täzelenip, durmuşyñ hözirini görüp ýaşap başladylar. Seýle-şikara çykyp, mätäçlere-mazlumlara ýagşylyk kyldylar, alkyş aldylar. Ýigit çykyp öýlenip bilmän ýören hossarsyz oglanlary öýlendirdiler. Ölümin yzynda galan garamañlaý garrylara teselli berdiler. Ýetim saklaýan dul hatynlaryñ eklenjine seretdiler. Gussaly gözlerde şatlyk hem umyt oýanmagy, gamgyn ýüzleriñ ýagtylmagy han bilen aýaly üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gazanç boldy. Bu gazanç Tañrynyñ, pygamberiñ söýýän gazanjydy. Ulumsy, gysganç begler bolsa olaryñ edýän sogap işlerine göwnüýetmezçilik bilen garap, gybatlaryny edip, üstlerinden gülýärdiler. "Şeýdip ýörmek uly hanyñ işimidir" diýýärdiler. "Perzentli bolmakdan-a el ýuwan bolsalar gerek. Indi hana Tañry tagala altmyş-ýetmişi bermekçi bolaýanda-da, indiden soñ onuñ gysrak hatyny kän gezek üstüne ýyl yrman göwreli bolmaly hem üst-üstüne dogurmaly. Şunuñ bolmajagyny özlerem bilip, biderek zada güýmenen bolup ýörler-dä-raýt..." Ulumsy begleriñ aýdýany daşyndan görmäge dürsem ýalydy.
Emma asmandaky Lowh el-mahfuzda bellenen gün gelip ýetende, Tañry tagala öz pygamberiniñ beren wadasyna amal edip başlady. Nägehandan gabat gelen ýönekeý bir ýagdaý soñy bilen ula ýazan garaşylmadyk wakanyñ bahanasy boldy. Han bilen aýaly ýanyndaky nökerleri, hyzmatkärleri, kenizler bilen bilelikde bir toplum bolup, sährada ýörkäler, ýol ugrundaky guýudan suwlamaga sowuldylar hem alty-ýedi oraçadan ybarat bolan kiçijik garyp obajyga gabat geldiler. Atlaryny suwa ýakmak üçin guýa bakan sürdüler welin, görseler, çetki oraçanyñ ýanynda on-on iki ýaşly gulpaklyja gyzjagaz elindäki gundagly bäbegiñ agysyny diñdirip bilmän, ony golunda yralap, "jan-jan" diýip, özi hem aglap dur. Gülzenehdan hatyn onuñ golaýyna sürüp bardy. Aralarynda şunuñ ýaly sorag-jogap gürrüñ boldy.
- Çaga nämüçin aglaýa?
- Açlygyna aglaýa.
- Hany, ejesi nirede?
- Ejem öldi.
- Kakañ ýokmy?
- Kakamam öldi.
- Bu öýlerde emdirip biljek aýal ýokmy?
- Bardy welin, süýdi çekildi.
Hanyñ aýaly kenizleriniñ baştutany ekabyr Näzgül gelne: "Çagany al-da, diñdir!" diýip, yşarat etdi. Şunuñ ýaly ýumşuñ bu gelne buýrulmagynyñ sebäbi bardy. Näzgül hanyñ janpenalaryndan biriniñ maşgalasy bolmak bilen, özi hem ýaş çagaly, emdirýän zenandy. Balasyny obada enekä goýup gaýdan sagdyn, dolmuş gelin dyñzap duran mämesini aç ýetimegiñ agzyna tutdurdy welin, ýañky zak-zak aglaýan neressejik sesinj tapba kesdi-de, nebsewür emip başlady. Bäbegiñ agzynyñ şok-şoguny eşiden han aýaly golaý gelip ýantaşyp durdy hem Näzgül gelniñ emdirmeden ýaña lezzet alyp ýüzüni çalaja sortduryşuny görüp:
- Emdireniñde nähili bolýa, gyz? Süýt damaryñ syzlap, janyñ gönenýş gerek? - diýdi.
Gelin gönenmeden ýaña dişini sorup, başyny atyp-atyp jogap berdi. Gülzenehdan hatyn bolsa şu çaka çenli özüniñ ter mämelerine çaga agzynyñ degmändigini, mundan buýana-da degmejekdigini göwnüne getirip kemsindi, gussa çekdi. "Jan Alla! Tükenmez mal-döwlet berdiñ, dünýäde iñ güýçli oguz ýurduny berdiñ, altyn-kümüş hazyna berdiñ, emma iñ garyp-gasara eçilýän zadyñy ~ emdirmek bagtyny menden gysgandyñ" diýip küpür boldy. Almaz tegin gören badyna hatynyñ halyna düşünip, eglenmän ara düşdi. Ýañky gulpaklyja gyzjagazy aýalynyñ ýanyna getirip, onuñ adyny sorady, başga hossarynyñ barlygyny-ýoklugyny anyklady. Gyzyñ ady Sülgün, bäbejigiñ ady Söýün ekeni. Ejeleri-kakalary kaza bolansoñ, ikisem ~ ýer urup ýerde galan ýetim. Golun tutjak dogan-garyndaşdan, dosty-ýardan binesip. Bu ýagdaýy bilen han aýaly ýetimleri öz obasyna alyp gitmäni adamsyndan sorady. Asyl hanyñam islegi alyp gitmekde ekeni.
Öýe gaýdyp gelensoñlar, Gülzenehdan hatyn tapyndy gyzjagazy ýuwup-ardyp, oñat eşikler geýdirip, öz ýanyna getirmegi buýurdy. Ynha, tegelejik ak ýüzlüje, gara gözleri mähirlije, agzy-burny gelşiklije, keýik owlagy ýaly enaýyja zatjagaz. Özem akyllyja, üşüklije. "Hany meniñ jigim? Ony başga birine bereňokmy? diýip soraýar. Hanyñ aýaly gulpakly gyzjagazy hyjuw bilen özüne dartyp bagryna basdy-da, ýüzündenem öpüp:
- Sülgün jan! Gara gözüm! Ssn meniñ gyzym bolarmyñ? Jigerim-janym bolarmyñ? - diýip, biçak tolgunyp sorady.
Gyzjagaz uly adamyñ aladasy bilen:
- Jigimden aýyrmasañyz, bolaryn - diýip jogap berdi.
- Heý, senem jigiñden aýryp bolarmy?! Men seni gyzym edinsem, Söýün janam oglum bolar-da! Wah, men sizi... Arman men sizi...
Hanyñ ýuka ýürek zenany: "Wah, men sizi dogran bolsamdym! Arman, men sizi göwsümden emdirip ulaldan bolsamdym!" diýmek isledi-de, emma diýip bilmän, dilini dişläp, içine saldy.
- Jigiñi ýanaşyk öýde Näzgül gelin emdirip saklar. Senem gijesine şonuñkyda ýatyp, gündizime meniñ ýanymda bolarsyñ.
Gülzenehdan peri şeýdiýip, gyzjagazy arkaýyn edensoñ, ony ýanyna alyp, bäbekli öýe bardy. Jigisiniñ kökenegi bolan Sülgün gyz keniz gelniñ öýünde iki sallançagyń bir hüwdi bilen deñ üwrelýändigini, sallançaklaryñ birinde öz ýalñyz doganjygynyñ ýatandygyny görüp begendi. Beýleki sallançakdaku Näzgülüñ öz çagasydy.
Gülzenehdan peri kenizi bilen gürleşip, kän oturdy. Turar ýerdr turmady. Ýany bilen alyp gelen gyzjagazy düşeginde uklap galansoñ, ol öz niýetini mälim etdi. Häzir näzenin zenan öz ömründs gaty üýtgeşik bir özgerişiñ bolmagynh jany-teni, tutuş ruhy-rowany bilen arzuw edip gelipdi. Ol ibrişim ýüpek köýneginiñ ýakasyndan gündiziñ ýagtysyny görmedik ajaýyp ak mämesini çykaryp, ýetim oglanjygyñ üstüne egildi. Ýetimçe uky arasynda onuñ emmesini agzyna salanda, hanymyñ bütin bedenine üýtgeşik bir duýgy, dyglama ýaýrap gitdi. Bäbek gaty-gaty sorup başlanda, zenan süýt damarynyñ sorkuldysyna çydaman, hem gülümjiräp, hem aglamjyrap, heýjana geldi. "Waý, janjagazym-eý! Waý nädeýin-eý!" diýip, gönençden ýañ towlanjyraýardy. Edil şu pursatda-da göwsüne börñüldäp süýt indi. Tutuş süññi pagyş-para sökülip ysgyndan gaçdy. Arzuwyna ýeten zenan: "Tiz baryñ, hana buşlañ!" diýip, kenizini ylgatdy. "Näme boldy? Näme boldy?" diýip, gapydan giren Almaz han Gülzenehdan begimiñ bäbek emdirip oturanyny görüp begenjine gygyryberdi:
- Eý, Tañrym! Ahyr bir gün görkezjek gudratyñy görkezdiñmi?! Ýa, Ýafet pygamberim! Ahyr beren wadañda tapyldyñmy?! Näderkäñiz diýip bilmän ýördüm! Asyl beýtjek ekeniñiz-dä! Meniñ Gülzenehdan perimi köp-köp ýetimleriñ enesi etjek ekeniñiz-dä! Gudratyñyza, keremiñize aperin!
Bu sözler ýüregine bal bolup damýan bagtly gelin mähir bilen başyny galdyryp:
- Gözüm açyp gördügüm hanym! Göwün berip söýdügim hanym! Göwsümden ak süýt berip ulaldanymy perzendim diýip bilermiñ?
- Göwräñde göterip dogranyñ bilen deñ görerin!
- Onda men saña ~ oguzlaryñ hanyna giden bir nebere öndürip bererin!
Şundan soñ Almaz han ulus begleriniñ toýuna arkaýyn gidip başlady. Indi ony gara tuguñ astynda, gara çadyryñ içinde, gara keçäniñ üstünde oturdyp biljek adam ýokdy. Sebäbi onuñ ýany bilen barýan Gülzenehdan hatynyñ goltugynda gundagly akja bäbegi bardy.

(Soñy).

Sapargeldi Annasähet INER OGLY.

Категория: Taryhy proza | Просмотров: 146 | Добавил: Has | Теги: Sapargeldi Annasähet Iner ogly | Рейтинг: 2.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: