15:12
Almaz Teginiñ neberesi / hekaýa

ALMAZ TEGINIÑ NEBERESI

(Oguz hekaýasy)

Gadymyl-eýýamda, ençe müñ ýyl mundan owal, Oguz ili akyl-parasatda özüni tanadan Almaz Gylyç tegini (garrap dünýäden öten hanyñ ogluny) ak bulut dek ak keçäniñ ortasynda oturdyp, ýigrimi dört taýpa ýigrimi dört ýerinden göter-göter edip, han saýladylar. Şeýdibem, oguzlar köneden gelýän dessurlaryny berjaý kyldylar. Täze saýlanan hana: "Gökdäki görkli Tañry seniñ bagt ýyldyzyñy belentde parlatsyn! Sen hem oguz uluslaryna aýdyń ýol görkeziji bolgaýsen!" diýip, ýagşy dilegler etdiler.
Toýdan soñ, Almaz Gylyç tegin sapaly-seýranly ýaýlada, dünýäden gaýdyş bolan han atasynyñ paýtagtynda, Buzbulak çaýynyñ çemenzar kenarynda, ýüpek halylar düşelen, gyzyl çuwaldyr torbalar gerlen ak bowun öýlerde, özüniñ saýlap-seçip öýlenen gözel gelni Gülzenehdan hanym bilen ýagşy günlerde ömür sürer boldy.
Hanyñ obasy, haçan görseñ, toý tutulýan ýaly mähelleli. Geñeşe, maslahata, gelýän begler üçin, uly hana çekim edýän baýlar, söwdagärler üçin söwüş üstüne söwüş soýulýar. Gadyrly myhmanlara şirin-şerbet, gymyz içirilýär.
"Tegin" lakamyna mynasyp bolan husnubelent, görkli han altyn tagtyñ üstünde raýatlarynyñ gözüniñ guwanjy, başynyñ täji bolup, ymgyr uly soltaneti emgenmän sorap otyr. Ýüwrük atly sozanguýruk çaparlar onuñ emr edýän permanlaryny yrýasyz gatnadyp, ýakyn-u-alysdaky uluslary jana getirýär.
Daş çykyp, dumly-duşuña nazaryñy aýlasañ, täsin zatlara gözüñ düşýär. Hanha, baýryñ eteginde, sagyma getirilen süýtli baýtallaryñ ýanynda bezzat taýçanaklar hyzzynlaşýar. Gaýra ýanda, tokaýyñ eteginde, ýaş nökerler gylyçdyr naýzalaryny bulaýlaşyp, garpyşyp, uruş tälimini öwrenýär. Çaýyñ aýagyndaky giñişlikde oglanlar albaý bulap, ýaş bürgüdi uçuryp-gondurýar, guş guşlaýar...
Han teginiñ semizlikden ýaña mälemez bolan dowar sürüleri, örküjine elýetmez düýe maly sähraýa syganok. Gylýal sürüleri ýalyny ýaýyp, guýrugyny sozup, güpürdäp göterilende, toýnaklarynyñ zarby ýer sarsdyrýar. Gökdäki görkli Tañry dünýäniñ tutuş mal-döwletini, abraýyny, bagtyýarlygyny başbitin şu bendesine eçilen ýaly. Emma bazygär pelegiñ aldawyna, oýnuna bak-a! Başyñy goýry salyp oýlanyp otursañ, bäh, haýranlar galýardyñ! Oguz iliniñ beýik hany dünýäde iñ garyp hem bagtsyz adamdy: onuñ söýüp doýmadyk hatyny önelgesizdi. Är-aýal ähli mal-mülküni bir sümükli dogma çalyşmaga kaýyldy. Almaz Gylyç begiñ han göterilen gününden bäri üç ýyl geçdi, bäş ýyp geçdi, emma Tañry oña zürýat bermedi.
Oguzlaryñ añynda perzentsiz maşgala ~ ýumrulan gaýa, opurylan kenar, köküni gurçuk iýen gury agaç. Öýüñden çaga sesi çykmazlygy ýöne bir bagtsyzlygyñ nyşany hem däl-de, has ýaman zadyñ ~ Hudaý uranlygyñ alamaty. Toýda-tomguda perzentsiz kişileri gara tuguñ astynda, gara çadyryñ içinde, gara lodar keçäniñ üstünde ala-böle ryswalap oturdarlar. Olaryñ özlerem şumdur, ýüzlerem şumdur, belki-de şumdanam beterdir. Belentde parlaýan ýaşyl tuguñ astynda, gülgüne oraýany, çadyrlaryñ içinde ýüpek halylaryñ üstünde, keýpi-sapada oturan mertebeli myhmanlar üçin gara çadyrdakylaryñ mysalasyny görmegem hebesdir..
Gömelteý sähraýy halkyñ ata-babadan gelýän dessury şeýle. Ol entegem seniñ han sylagyñ üçin çekip-çydap ýören bolsa bildiñmi? Ynha, alaga-da, bir gün ýüzüni kese sowup: "Han däde, siziñ ornuñyz gara çadyrda!" diýäýse, şonda ölermiñ-ýitermiñ? Şol söz aýdylan zaman tylla tagtyñdan düşmeli boljagyñ bigümandyr.
Perzentsizligiñ hasraty beýik hanyñ teninden ötüp, süññüne ornady, derdi-bela bolup kalbyny eýeledi, sulhuny öçürdi, meñzini soldurdy. Han raýatlarynyñ öñünde özüni aýyply, müýnli duýup başlady. Oguzystanda at alan aksakgal ýaşulular bu melamaty ýeñmäniñ añsat alajyny salgy berdiler. Hana täzeden öýlenmäni ýatlatdylar. Bu gürrüñ Gülzenehdan gelniñ hem gulagyna gelip ýetdi. Bir gün, ir säher çagy, är-aýal çynma-çyn çaýynyñ ýany bilen arynyñ balyna hem çig gaýmaga ak possuk nan batyryp iýip otyrkalar, mylaýymzada zyba gelin humarala gözlerini delmindirip, hana ýüzlener boldy:
- Eý, meniñ göz açyban gördügüm! Köñül berip söýdügüm! Munça gamgyn bolmagyl! Giñ dünýäñi daraltmagyl, belent boýuñy kiçeltmegil! Birini alma, ikini al! Aldyñ diýip ýüzümi çytsam, ýüzügara boldugym! Içen antyñdan seni boşadýan! Ak ýürekden, sap ýürekden boşadýan! Hanym begim, janym begim!..
Han söwer zeniniñ ýaş gelin wagtyndakysyndanam biraz endamlanyp, hasam görkanalanan synasyna, almaýañak gülöwser ýüzüne geñ galyp bakdy.
- Ýalñyzym! Gülzdnehdan, Almazenehdan perim! - diýip, Almaz Gylyç tegin mähirli, merdemsi söz aýtdy. - Sen meniñ antymy ýatladar bolduñmy? Meniñ şol ant-kasamym müdimilik ýadymda. Saña öýlenen günüm, senden özgäni duluma geçirmen diýip ant-kasam içipdim. Seniñ muhubbetiñden ganan kişiñ başga bir hatyny ýüregi çekmez ahyryn! "Antyñdan boşadýan" diýeniñem bolmaz. Men beýik Tañrynyñ öñünde ant-kasam içipdim! Eger men han halyma antymdan dänsem, onda ulus begleri, ähli oguzlar näme diýer?! Lebzini ýuwdan kişini biziñ milletimiz dünýäde iñ pes adam saýmaýarmy? Lebizsiz, ykrarsyz ärden önen zürýadam il derdine ýaramaz!
- Wah, eziz mähriban begim! Men seniñ gara çadyryñ içinde, gara keçäniñ üstünde oturdylmagyña nädip dözerin! - diýip, Gülzenehdan gelin gyýma gara gözlerinden ýaş paýratdy. - Almaz teginim, gök polat Gylyjym! Gel, meniñ ak atlaz garnymy ýarda, näme üçin düwünçek düwmeýänini bir bilsene! Bar günä mende ahyryn!
Parasatly han ýagşy sözler bilen zenini rahatlandyrdy. Şol zaman hem daşardan: "Huw Hak! Huw Hak!" diýen ýogyn owaz eşidildi hem açyk goýlan işikde başy külahly, egni jindeli, goly hümmet hasaly derwüş söm gara bolup göründi. Onuñ gödek sesi içerini doldurdy:
- Diwana geldi işikden. Bela çykdy deşikden. Diwanaga suw beriñ, gara gylly meşikden!
Öýdeniçerler derwüşe bir okara gymyz, bir tegelek repide nan hem goşaýumruk ýaly gowurma hödür etdiler. Diwana gymyzy başyna çekip, nan bilen gowurmany torbasyna taşlap, hüwjerip duran ýagallak ýüzüni, bulaşyk gaba sakgalyny eliniñ aýasy bilen syldy-da: "Allahu ekberu miñ külli şeiñ!" diýip, töwir etdi. Şundan soñ sena bile gidibermelidi welin, gitmän, sömelip dur. Birden hem, külahly başyny egip içerik uzatdy-da, gyryk ses bilen syrly äheñde hoññuldady:
- Mere-haw, mere! Üýnüm añla, Almaz Gylyç han! Erte Beçene ulusynyñ toýuna barmagaýsen! Olar gülgüne, oraýany, benewşe çadyrlaryñ arkasynda siziñ üçin gara çadyr geripdirler. Beçeneleriñ päli düzüw däl!
Derwüş aýtjagyny aýtdy-da, hasasyny dürküldedip gidiberdi. Onuñ getiren şum habary hem-de "toýa barmagyl" diýeni hany iñkise goýdy. "Eý, gudratly Tañrym!" diýip, ol gam-gussa batdy. "Raýatlaryndan gorkusyna, öýünden çykyp bilmän oturan bus-bus kişidenem han bolarmy?! Men bu melamatyñ bir alajyny tapmasam bolmaz. Görsene, Gülzenehdan periniñ ýüzi ýene-de ak ýuwha boldy..."
Hatyrjem bolan han beçeneleriñ toýuna asla-da gitmän, ýagşyzadalaryñ ruhy siñen keremli daglara zyýarata ugramagy ýüregine düwdi. Wezir-wekillerini, goşun serkerdelerini, maslahatçy ýaşulularyny gymmatbaha sowgatlar bilen beçeneleriñ toýuna ugradyp, özüniñ nähoşlyk zerarly baryp bilmeýändigini aýtmagy buýurdy.
Ertesi gün ir säher çagynda, ak bilen garanyñ gatyşdygynda, salkyn-salkyn dañ ýelleriniñ öwüsdiginde, bir toplum atly hanyñ obasyndan çykyp kybla tarapda başy asman diräb belebt daglara bakan ýol başlady. Ýeñseden, Ýerin erñeginden jyklan Gün tylla naýzalaryny göwsi gözel guba daglara sanjanda, münder-münder gaýalaryñ, kemerleriñ gyýçaklary lagly-jowahyr dek reñbe-reñ ýaldyrady. Gün galdygyça ýagtylyk dagyb başyndan aşak syryp, jülgäniñ içindäki, şaglap akýan, çaýyñ üstündäki akja dumanly howany süýt ýaly edende, daga siñip barýan atly toplumyñ kimlerdigi aýan boldy. Bular hanyñ özi, janpenalary, nökerleridi hem-de Gülzenehdan begimiñ öýdençerleri, kenizekleridi.
"Gudrat görerin diýseñ, daglara bar" diýlenu dürs ekeni. Uç-gyraksyz sähra giñişligine öwrenişen zyýaratçylara gara daşdan bina edilen bu ümmülmez daglar dünýäsi näçe diýseñ geñ-tañdy. Bu münder-münder, aşyrym-aşyrym belentlikler, arçaly, kerkawly, dagdanly, jenewütli ýapylar, basganç-basganç kemerler, depäñden injek bolup duran gaýalar näme üçin ýaradyldyka diýesiñ gelýärdi. Säheriñ galgynyna janly-jandarlaryñ şowhy göterilip, eññit ýapylaryñ ýüzünde, daşlaryñ arasynda mykyja käkilikler saýraşýardy, balyjaklar çaýyń suwundan böküp çykyp, ýene yzyna jülpüldäp düşýärdi, zordan gözüñ ýetýän uzaklykdaky belentligiñ çür başynda aýlaw şahly, dag goçy doñdurylan ýaly sarsman durdy, asmanyñ tüýnüginde bürgütler ganat ýaýyp aýlanýardy...
Bu pynhan syrly daglarda müñlerçe ýyl mundan owal Ýafet ýalawaç atly keramatly pygamber ömür sürüp geçipdi, häzir bolsa onuñ mukaddes gubury hem keramatly ruhy barça oguz milletine penakärlik edýärdi.
Zyýaratçylar atlaryny kertiñ düýbünde galdyryp, dagyñ bilindäki kiçeñräk tekizlige ýarmaşyp çykanlarynda, gadymdan galan, gyralaryna daş dikilen uzyn gubura olaryñ gözi düşdi. Öwlüýäniñ bir gapdalynda ýigrimä ýakyn tümmek bolup, bular ýalawajyñ guburyna müjewwürlik etmäge ömrüni sarp eden ýagşyzadalaryñ mazarydy. Gadymdan galan gürrüñe görä, olaryñ her haýsy ýüz ýyl, ýüz ýigrimi ýyl müjewwürlik edipdir diýseñ, Ýafet ýalawajyñ panydan bakyýa göç edenine iki müñ ýyl töweregi bolýardy.
Şu günüñ diri müjewwüri ~ gunda ýaly juw ak saç-sakgal basan, kellesi saññyldap duran iññän garry goja çöp çatmadan çykyp geldi-de, salamlaşandan soñ, myhmanlara çadyr gurmaga ýer görkezdi.
Han gyzyl-gyzyl çadyrlaryny gerip, gerçek pygamberiñ başujunda bir hepdeläp nezir-nyýaz etdi. Ýanýoldaşy Gülzenehdan peri bilen bile dyza çöküp, köp tobalar edip, Tañrydan ogul zürýat dilediler. "ÝA Ýaradan! Özümiz üçin, halkymyz üçin ýalñyz dogma bergeý sen!" diýip, gözýaş döküp ýalbardylar.
Zyýaratçylaryñ çadyrlaryny söküp gaýtmakçy bolan güni, müjewwür goja saññyldap gelip, titrewük sesi bilen gepläp, olary haýran galdyrdy:
- Zyýaratyñyz kabul boldy bolgaý! Düýşüñizi gördüm! Pygamberim ýorgudyny aýtdy: Tañry sizlerge ilki ýigrimi dört ogul-gyz bergeý, soñ ýene ýigrimi dördüni bergeý, ahyrynam - ýigrimi dördüsini...
Han tegin begenjinden ýaña demi-demine ýetmän hopugyp sözläberdi:
- Päh, meniñ ýeke garyn götermedik näzenin perim nädip ýetmiş ikisini dogursyn? Munçany öndürer ýaly, ol Howene däl ahyryn! Şu aýdanyñyz boljak zatmy?
- Tañrydan buýruk gelse, bolmajak zat ýokdur - diýip, goja kesgitli gepledi. - Garyp-gasara malyñyzdan sadaka beriberiñ. Sadaka Tañrynyñ gazabyny ýatyrar, gargyşy syndyrar, şeýtany izzildäp aglamaga mejbur eder.
Gaýdyşyn Gülzenehdan peri ak atlaz deýin ýylmanak garnyny elinuñ aýasy bilen sypalap" "Ekiz-ekizden boljakmyka ýa-da üçem-üçemden?" diýip, göwnüne getirýärdi. Näçedenem bolanda, şu çaka çenli zürýada zar bolan hem-de üstüne aýal almazlyga ant-kasam eden ýalñyz han kişisiniñ öwladyny köpeltmäni asla irnik görjek däldi. Hanyñ özi bolsa birisi ýok ýerden şunça perzendiniñ boljagyny göz öñüne getirip bilmän, aljyraññy haldady. Abanyp gelýän uly bagtyñ öñünde ol uçursyz tolgunýardy. Oguzlaryñ medetkär pygamberi onuñ kalbyny güýç-kuwwatdan doldurypdy. Indi ol gara keçäniñ oturdylaryndan gorkup ýören ýöwsel han däldi. Gaýtam öz paýtagtynda uly sadaka berýändigini mälim edip, şol hetdini tanamaz ulus begleriniñ üstüne çapar iberdi. Oguz iliniñ ähli ýaşulularyny, batyrlaryny, ulamalaryny-da çagyrdy. Garamaýak ilatyñam gelip bileni gelibermeli edildi.
Hanyñ bu çakylygyna sadaka diýseñem boljakdy, toý diýseñem. Sanýetmez mähelle ýygnandy. Paýtagtyñ özünde hem atgaýtarym töwereginde gurlan reñbe-reñ çadyrlar şemala pasyrdaşyp, asmandan garaýan bürgütleri geb galdyrdy.
Ine, oguzlaryñ hany-soltany Almaz tegin altyn tagtynyñ üstünde, sarpaly hem mertebeli görnüşde, özüniñ zyýarata gidişini ulus beglerine gürrüñ berip otyr. Keramatly Ýafet pygamberiñ ady tutulanda toba edýän oguzlar dykgat bilen diñleýär barysy. Gülgüne çadyryñ içindäkileriñ üstüne suw sepilen ýaly ümsümlik. Semiz gunançanyñ buglanyp bişirilen etini myşlaşyp sümrüşip iýýärler. Emma han tegin pygamber tarapyndan özüne altmyş-ýetmiş perzent wada berlendigini mälim edende, ýumry duluklaryñ gäwüşi togtady. Ýagjymak erinlerde ýyrşarma alamaty göründi. Bu ýyrşarma ynanmaýan adamyñ ýyrşarmasy bolup, onuñ soñy gülkä ýazdy. Daýaw göwrelerini silteşip, lohhuldaşyp güldüler. Han ýalan gepde tutulan adam ýaly, gyjalata galyp dymdy. Beçeneleriñ sypaýyçylyk bilmez taýpabaşy Topaz beg ýañsylap içýakgyç gepledi:
- Aý, han adam dyzyna direnende, zory zor bolýa-da! Bahym obanyñ içi jägildi bolup dursa näderdiñiz!
Dodurgalaryñ serkerdesi Gaýtmaz begem şerebesini pürkdi:
- Bäh, onça elewkäni doýurmak üçin ýelni dyñzap duran eneke bary-da gerek bolar-ow!
Han näme diýjegini bilmän, ýüzüni aşak salyp lak bolaýdy. "Bu başyna giden peläketler, öýüñe gelibem, özüñi gara keçäniñ üstünde oturtjaklar-aý!" diýen pikir bilen han hezili gaçyp, haýygyp otyrdy. Hernä il içinde sylagly Nugman işanyñ ýuwmarlap ara düşmesi oñat bolaýdy.
- Jemagatlar! - diýip, gepi diñlenýän ruhany parasatly gürrüñ etdi. - Halys ynanmazlyk ediji hem bolmañ! Bir keleme sözde asmanu-ýeri ýaratgan Tañrynyñ gudraty, keramaty çäksizdir. Köp bererin diýse-de, az bererin diýse-de ygtyýar özündedir. Baryñ siz, gowusy, at çapyşygyna, pälwanlaryñ göreşine, mergenleriñ atyşyna tomaşa ediñ! Atarman-çaparman ýigitlere, edermen kişilere şonuñ ýaly güýmenje gyzykly bolar...
Iýip-içip gerk gäbe bolan begleriñ özlerem şemala çykanyny kem görmeýärdi. Daşaryk çykyp, garynlaryny sypalap gägirişdiler, han bilen bolan gürrüñi ýatlap ýene gülüşdiler. Gülgüne çadyryñ içinde hanyñ ýagşy görýän ýürekdeş adamlary hem işan hezretleri galypdy. Işan aga pendi-nesihatlar edip, ýurt eýesi Almaz teginiñ göwnüne giñlik saldy:
- Tañry tagalanyñ sungy ajaýypdyr! Haka sygynsañ, maksadyña ýetersiñ! Milletiñe ýagşylyk kyl-da, alkyş al! "Alkyş bilen är gögär" diýlendir...
Birsalym dymyp oturansoñlar, han ýañky mesirgän beglerden käýinip, wezirlerinden biriniñ beren maslahatyny ýatlap gürledi:
- Agyzlaryny alardyp, biri-birine öjükdirip garpyşdyrsañ, başga zada ellerem ýetmez-le welin. Ganjaryşansoñlar, ýowlaryny basyp ýatyr-da, jezalaryny beriber. Dünýäniñ düýbi tutulaly bäri şulam bir ulanylýan emel bolmaly. Emma meniñ-ä başarjak zadym däl. Araýolda bigünä adamlaryñ gyryljagyny bilip durkam...
- Beýle iş size gelişmez, Almaz tegin! - diýip, Nugman işan alyp göterdi. - Tañry tagala sizi ~ kalby dünýäñizem, boý-syratyñyzy hem ýagşyzada ýasawunda ýaradypdyr. Ol bedähet işler Iblise gol beren asly haram orramsylaryñ gylygydyr. Siz, tegin hanym, ýagşylyk kylyp, köp-köp alkyşlara mynasyp boluñ! Alkyş ~ altynyń gyryndysy, goý, siziñ eliñize, kalbyñyza siñsin! Alkyşda Allanyñ nury bardyr!
Işan hezretleriniñ doga gaplaýmaly sözleri Almaz hanyñ janyna tenekar dek ornap, ruhuny göterdi. Toýy-sadakasy aman sowlansoñ, ol mätäçlik çekýän mazlumlara, hossar-howandarsyz garrylara, maýyplara, ýetimlere tükenmez malynyñ ujundan gysganman bölüp beriberdi. Il içinde onuñ adyna öwgi-alkyş bary ýagdy. Sogap işden göwni bähre tapdy, wagt-wagt perzentsizlik yzasyny-da unutdy.
Indi Gülzenehdan hatynyñ halyndan habar alaýlyñ. Näzenin zenanyñ bir isleg-arzuwy göwresinde çaga galmagydy. "Müjewwür gojanyñ wadasy haçan hasyl bolarka?" diýip, bir ýyllap garaşdy. Emma synasy düwünçek tutmady. Tebip kempirlerden haraý gözledi. "Iñ dogurmazagy hem dogurdýarmyş" diýilýän heleýlere bilini, bykynyny owkalatdy, sypalatdy, olaryñ berýän köp dürli däri-dermanlaryny içdi. Şunluk bilen ýene bir ýyl peýdasyz geçdi.
Dertli bolsañ, her ýeten gören-eşiden zadyny salgy berýär. Hanyñ aýaly garly dagyñ gowagynda ýüz ýaşy arka atan, ýer astynda ýylan gäwüşese bilýämiş diýilýän suhangöý, jadygöý kempiriñ ýaşaýandygyny eşidip, şoña tagbyr açdyrmaga gitdi. Ýanyksy ýüzi gasyn-gasyn, meñli, mylkyk hamy alkymyndan sallanyp duran, kellesi gora gömlen kädi ýaly betnyşan kempir gara kesewi gollaryny näzenin gelniñ inçe biline dolap, içinden çal gyllary hüžžerip çykyp duran ýary gulagyny ýylmanak ak garna goýdy. Esli wagt diñ salansoñ, kellesini dikeltdi-de, kinniwan gözjagazlaryny dyzzardyp, uzyn gaýyş dili bilen gögümtil dodaklaryny ýalmaçlap şammyldady:
- Şenden çaga önmez. Hiş haşanam önmez.
- Waý, beýdiýme-dä, mama jan! - Gülzenehdan hatyn buruljyrap zaryn iññildedi. - Sadagasy boldugym Ýafet pygamber maña altmyş-ýetmiş perzent wada berdi ahyryn.
- Şenden birisem dogmaz! Işşiñde şaga sesi ýok! Men ýene otuz ýyldan dünýä injek perzendiñem jyñnyldysyny şu wagtdan eşidip bilýän. Seniñ göwräñde çybynyñ jyññyldysy ýaly jyññyldam ýok. Ýaradan seniñ sulbañdan ikiaýakly ýaratmaz. Katumyt bolaýgyn! Perzentsizlik owwalyn seniñ ýazgydyñ, täleýiñ, takdyryñdyr.
Ähli umytlary wes-weýran bolan ýüregi ýuka Gülzenehdan begim essi aýylyp, bihuş bolup ýatyberdi. Kenizleri ýüzüne suw sepeläp, elini-aýagyny owkalap, zordan öýüne getirdiler.
Öýüne gaýdyp gelenden soñ, kempirden şarpyk dadan näzik göwünli begim, başyny ýassykdan galdyrman, hassa-bimar bolup ýanyny ýere berdi. Şum takdyrynyñ aýan bolmasy onuñ mundan buýanky ýaşaýşyny gerekmez edip goýdy. Janyna jaý bermeýän oý-pikirler münder-münder bolup basmarlaýardy... "Almaz han ~ oguzlaryñ atasy diýsek, Gülzenehdan begimem ~ oguzlaryñ enesi-dä. Emma bagty gara şumroý kişiler halkyñ atasy, enesi bolup bilermi? Miwe bermez gury agaç kesilip taşlanmaga mynasyp dälmidir? Ýogsa-da Tañrynyñ pygamberi bilen tagbyrçy kempiriñ sözi näme üçin çapraz düşýärkä? Pygamber aleýhyssalam gol doly ogul-gyz berjek diýdi, kempir bolsa hijem bolmaz diýýär. Muña nähili düşünmelikä?.."
Birdenem, yllaki tüm garañky gije jasyrdap ýyldyrym çakan ýaly, zenanyñ añynda hemme zat ap-aýdyñ boldy duruberdi. "Asyl pygamberiñ wadasam, kempiriñ aýdanam dogry bolup biljek eken-ä! Onuñ dogrulygy, bilseñ, gör, neneñsi ekeni! Han adamymam beriljek köp sanly perzent men betbagtdan teýim-takyr gysrakdan dogulman, hanyñ menden soñky nikalaşjak aýallaryndan dünýä inmeli bolsa näme! Men öz şum täleýim bilen adamymyñ bagtyny baglap, bir giden neberäniñ öñüne böwet bolup ýörendigime indi göz ýetirdim! Aradan ýok bolup aýrylaýyn! Ýogsa-da, nädip aýrylarkam? Nikamy bozaýyn diýsem, oguzlarda aýal tarapyndan nika bozmak däbi ýok. Gaçyp gidip, çölde, tokaýda gizlensemem, gözläp taparlar. Munuñ täk bir alajy ýatyp ölmek bolsa gerek. Ýatyp ölsem, oguzlaryñ hany mendenem dynar, antyndanam boşar. Şondan soñ ol, näçe islese, täzeden öýlenibermeli bolar..."
Gülzenehdan hatyn pany dünýäden el üzüp, Tañry tagaladan tiz ölüm diläp, her deminde janalgyç perişdäni çagyryp, düwdek bolup ýatyberdi. Ol kenizekleriniñ iýdirjek bolýan datly tagamlaryny iýmedi, içirjek bolýan şirin-şirin şerbetlerini içmedi. Iküç günüñ içinde sary samana dönüp, düşegine siñip barýan agyr hassa öwrüldi. Awa-şikara giden Almaz hany, çapar gönderip, gyssagly yzyna çagyrdylar. Han ýalñyz söýgülisini bu halda görüp, howsala düşdi. Dözmeziniñ başyny dyzynyñ üstünde goýup, onuñ ýüz-gözünden mähir-muhabbet bilen sypalady. Gülzenehdan hanymyñ ysgynsyz zenan ýüregi pagyş-para eräp gyýma gara gözlerinden ýaş paýraberdi. Almaz han: "Wadaryga! Sen nä derde ýolukdyñ, eý janymyñ aramy, Gülzenehdanym, Almazenehdanym?" diýip sorady. "Gül meñziñ solupdyr, alma ýañaklaryñ myssarypdyr, humarala gözleriñ şöhlesi öçüpdir! Saña näm boldy?.."
- Ajal ýakamdan tutar boldy-la! Ölüm pursatym ýetip geldi-le! - diýip, hassa zenan hamsygyp gepledi. - Men ýüzügara seniñ başyña musallat bolup inipdirin! Oguzlaryñ döwletine zelel bolup gelipdirin.
Almaz beg ör-gökden gelip, başyny bulaýlady:
- Beýdiýmäwer, perim! Beýdiýmäwer! Sen meniñ başymyñ täji dälmi! Gözümiñ guwanjy dälmi! Ýüregimiñ aramy dälmi! Sen bolmasañ, maña mal-döwletem, altyn tagtam, hanlyk-begliklerem, diriligem gerek däl! Saña doga-jady edildimi? Tersokanyñ dem salan gumy üstüñ sepildimi?
Birdenkä-de han gazaba münüp, hyzmatkärleri, kenizekleri gyssap başlady.
- Hany dogryñyzy aýdyñ! Golaýda del adam oba aralaşdymy? Ýa-da başga bir üýtgeşik waka boldumy?
Hyzmatkärler oba del adamyñ aralaşmandygyny, ýöne Gülzenehdan begimiñ jadygöý kempiriñ gowagyna gidip, tagbyr açdyrandygyny aýtdylar. "Bela jadygöý kempirden ýetendir!" diýip, han garry peläkediñ üstüne sürdi. Aýýar kempir hanyñ aýalyna mälim eden syrlaryny hanyñ özüne-de ýaşyrman habar berdi. Näzenin periniñ näme sebäbe görä öz janyna kast edýändiginem mälim etdi. Gidende kempiri çapmak niýeti ugran han, hakykata göz ýetireni üçin, oña zelel etmän, atyny aldygyna sürüp, paýtagtyna gaýdyp geldi.
Almaz tegin ähli dogan-garyndaşlaryny, ýakynlaryny, wezir-wekillerini hassa zenanyñ ýatan öýüne ýygnap, öýe sygmadyklara bolsa, durlugyñ etegini galdyryp diñlemäge ygtyýar berip, haýbatly han sesi bilen dik duran ýerinden jemagata ýüzlendi:
- Eý, meniñ arka-döşlerim! Tagtymyñ-bagtymyñ diregleri! Ölemde tabydymy egnine göterjek janköýerlerim! Gulak goýuñ! Meniñ sözümi ýadyñyzda berk saklañ! Men şu gün söýgüli zenimiñ näme sebäbe görä ölmek isleýänine akyl ýetirdim. Ol meni nikamdan, antymdan boşatmak üçin ölüm ýassygyna baş goýupdyr. Kenizler! Hany bibiñiziñ başyny ýassykdan göteriñ! Mej oña nähakdan arrygyny gynaýandygyny bildireýin. Öleni bilen meni ykrarymdan dänderip bilmejegini aýdaýyn. Eşider bolsanyz, men öñki antymyñ üstüne ýene bir ant-kasam içýän! Eşidiñ täze antymy: häzirki zenim, kaza tartyp, baky dünýä göç kylsa-da, men onuñ yzynda başga gyz-gelne ýüz galdyrman, maşgala edinmän ýalñyz öterin! Ýafet nebiniñ wada beren beren perzentleri hem, Gülzenehdan begimden dogmajak bolsa, goý, başga zenanlardan hem dogmasyn!

(dowamy bar)...

Sapargeldi Annasähet INER OGLY.

Категория: Taryhy proza | Просмотров: 166 | Добавил: Has | Теги: Sapargeldi Annasähet Iner ogly | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Mustapa Çewikiñ Hökümdarynda-na gowy eken. Yzynam goýarsyña @Hawranga

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: