17:08
Akgoýunly türkmenleriñ soltanlygy

AKGOÝUNLY TÜRKMENLERIŇ SOLTANLYGY
(1350 – 1502 ý.)

Akgoýunly türkmenleriň döwleti 1350-nji ýylda akgoýunlylar tarapyndan bina edildi. Akgoýunlylaryň ýurdy Anadoludaky Diýarbekir we onuň töweregi bolupdyr. Akgoýunlylar Oguz han Türkmeniň agtygy Baýyndyrdan gaýdýan neberedir. Akgoýunlylardan Gara Ýülük Osman beg merkezi Amid bolan döwleti gurupdyr. Onuň agtygy Uzyn Hasan Jahan şany hem-de Horasan-Türküstan hökümdary Abu Seýidi ýeňip, akgoýunly döwletini döwrüň uly imperiýasyna öwrüpdir.
Akgoýunlylar özleriniň baýyndyrlardan gelip çykandyklaryny oňat bilipdirler. Şonuň üçinem olaryň pullarynda, permanlarynda, baýdaklarynda baýyndyrlaryň tagmalary şekillendirilipdir.
Akgoýunlylar töweregindäki we içindäki türkmen taýpalaryny hem-de tirelerini bitewüleşdirmek üçin jan çekipdirler. Olar Halap türkmenlerini, dulkadyrlylary, çepnileri bir döwletiň raýatyna salypdyrlar. Akgoýunlylar Horasan, Bagdat, Şiraz, Yspyhan ýaly ýerleri öz häkimligine tabyn edipdirler.
Akgoýunly hökümdary Ýakup beg 1490-njy ýylda ýogalýar. Onuň ogullary entek ýaş bolansoň, akgoýunlylaryň beýleki wekilleriniň arasynda tagt üstünde uruşlar bolupdyr.
1499-njy ýylda Akgoýunly döwleti ikä bölünipdir. Azerbaýjan, Eýran, Diýarbekir Elwent bege, Ajam Yragy, Arap Yragy, Fars we Kerman bolsa Ýakubyň ogly Myrada berlipdir.
Akgoýunly türkmenleriň döwletiniň taryhy, diňe bir bu toprak däl, henize-bu güne çenli eždatlarymyzyň guran şalyklarynyň, döwletleriniň taryhy gaty az öwrenildi, asyl sowytly öwrenilmedi diýseň hem boljak. Men Allatagalanyň özüme çäksiz uly mümkinçiligi – sogaby: türkmen taryhyny öwrenmek we ýazmak mümkinçiligini berendigi üçin çäksiz minnetdardyryn, bu mümkinçilik üçin özümi çäksiz bagtly duýýaryn. Neneň bu mümkinçilige begenmejek? Seniň aňryň nadan, sen çarwa halk, seniň aňryň sowatsyz bolupdyr diýlip ýetmiş dört ýyllap gursagyna guýlan halka beýik hakykaty açyp bermekden uly hem bir bagt bolarmy?!
Men her bir türkmen döwletiniň taryhyna çuň aralaşanymda, ata-babalarymyzyň bitiren çäksiz guwandyryjy işlerine begenjimiň çägi bolanok.
Dogrymy aýdaýyn, men «Türkmen taryhyny» ýazmakdan çäksiz lezzet alýaryn. Elbetde, kitap ýazmak, onda-da taryhy ýazmak gaty agyr iş. Taryhy ýazan şahsyýetleriň galabasy köplenç diňe öz şahsy pikirlerini, özleri üçin bähbitli bolan pikirleri ýazypdyrlar, halamadyk şahsyýetlerini garalapdyrlar, gowy gören adamlaryny bolsa öwüp arşa çykarypdyrlar. Hakykat soňky orna geçirilip, öz ýaşaýan döwletiniň bähbitleri, özi, hany öňe tutulypdyr. Käbir seneleriň, wakalaryň anygyna ýetmän, çak bilen ýazyp goýberipdirler. Şeýle bolansoň taryhda bulaşyklar köp. Köp seneler, wakalar biri-birine gabat gelenok. Şeýle bolansoň taryhy maglumatlar öwrenilende kitaby kimiň ýazandygyna aýratyn üns-ähmiýet bermeli bolýar.
Dünýäniň çar künjüne ýaýran eždatlarymyz hakdaky maglumatlary okanymda, öwrenenimde men howlukmadym, sebäbi men bir senäni, wakany aýdanymda onuň jogapkärçiligini has artyk duýýaryn, meniň ýalňyşmaga hakym ýok hasaplaýaryn.
Men Akgoýunly türkmenleriň, Garagoýunly türkmenleriň taryhyny öwrenenimde biri-birine gabat gelýän dürli pikirlere, dürli maglumatlara köp duş geldim. Şol maglumatlaryň içinden hakyky maglumatlary seçip almak aňsat düşmedi. Men dürli kitaphanalardan şol döwrüň taryhy kitaplaryny getirtdim, dürli ýurtlaryň alymlary bilen söhbetdeş boldum. Näme üçin akgoýunlylar bilen garagoýunlylar duşman bolupdyrlar?
Men türkmen göçünden soňky türkmenleriň beglikleriniň, döwletleriniň ýerleşiş kartasyny düýpli öwrendim. Ýogsam gürrüňi edilýän döwletiň nirededigini, haýsy ýerler bilen serhetleşýändigini anyk bilmeseň, anyk gürrüň etmek hem kyn bolýar.
Akgoýunly türkmenleriň ýaýlaglarynyň gözel tebigatly Erzurum, Erzinjan, Kemah, Kars bolandygyny taryhçylar, aýratyn hem türk taryhçylary, azerbaýjanly taryhçylar giňişleýin ýazypdyrlar. Mamluk serhet ýakalarynda – Urfa (Ruh), Mardin, Jaber, Rakka lälezarlyklarynda akgoýunlylar gyşy gyşlapdyrlar. Döwletde türkmen ýaşulularyna aýratyn sarpa goýlupdyr. Ýaşulular geňeşi her meseläniň çözülýän merkezi bolupdyr.
XVI asyryň başlarynda mongol basybalyjylarynyň gowşap ugramagy bilen Anadoludaky Jelaýyr, Suldus, Uýrat ýaly mongol tire-taýpalarynyň arasynda çaknyşyklar ýüze çykýar. Şol döwürde Akgoýunly türkmenleriň başynda Tur Aly beg durýardy. Şeýle bolansoň Akgoýunly türkmenlere Tur Alylylar hem diýilýärdi. Munuň özüniň adaty zatdygyny okyjy eýýäm bilýändir. Her bir döwlet şol döwletiň başynda duran serdarynyň ady bilen atlandyrylýar. Tur Aly beg hem başarjaň, batyr serkerde bolupdyr. Tur Aly begiň 30.000-e ýetýän esger ýigitleri bar eken. Bu uly güýç bolupdyr. Tur Aly beg bu ýigitleri bilen Gazan hanyň Şama, Yraga, Anadola eden ýörişlerine gatnaşypdyr. Şol ýörişlerdäki onuň deňsiz-taýsyz gahrymançylygyna, edermenligine Gazan han ýokary baha beripdir, şol döwrüň şahyrlary bolsa Tur Aly begiň gahrymançylyklary hakda ýörite şygyrlar, dessanlar ýazypdyrlar.
Tur Aly begiň duýdansyz ölümi akgoýunlylary serpmeden gaýdan ýaly edýär. Gutly begi han saýlaýarlar. Gutly beg Rum imperatorynyň gyzyna öýlenýär. Onuň başga dinli aýal maşgala öýlenmegi halk tarapyndan, şeýle hem emeldarlary tarapyndan o diýen bir oňlanylmandyr. Ýöne Gutly beg Rum imperatorynyň gyzyna hakyt syny oturypdyr, söýüpdir. Gutly beg Mutahharteniň ýanyndan amatly ýer edinipdir. Şeýle hem öz güýçleriniň Erzinjan-Baýburt serhediniň günortasynda orun-ojak edinmegini gazanypdyr. Palu, Kigi hem-de Erganini eýeläpdir, ol ýerlerde öz adamlaryny häkim edip belläpdir, merkezleşdirilen dolandyryşy ýola goýmaga aýratyn ähmiýet beripdir. Ýöne 1389-njy ýylda Gutly beg aradan çykýar. Şol döwürde ogullary Ahmet Paluny, Pir Aly Kigäni, Gara Osman Diýarbekiriň demirgazyk günbataryndaky Erganiýäni dolandyrýardy, häkimlik edýärdiler.
Gutly begiň ölüminden soň ýagdaýlar özgerýär: ilkinji nobatda Mutahharten bilen hyzmatdaşlyk gatnaşygy kesilýär. Gutly begiň ogullary döwleti parahat dolandyrmak üçin çykalga gözleýärler.
Gutly begiň ogly Gara Ýülük Osman köp meseleleriň çözgüdinde dargursaklyk edýärdi. Siwasyň häkimi Kazy Burhaneddinden goldaw-tekge isläp, ýanyna barýar, ýöne ýüze çykan düşünişmezlik esasynda ony öldürýär. Ol Siwasy basyp almak üçin howlugýar, ýöne howlugyp, ýeterlik güýç ýygnaman eden ýörişi şowsuz gutarýar. Şeýle bolansoň Gara Ýülük Osman Memluk soltany Berkugyň hyzmatynda durýar. Ýöne uzak wagt geçmänkä Berkuk aradan çykýar. Bu ýagdaý Gara Ýülügiň paltasyny daşa degirýär.
Gara Osman başarjaň, ganojak serkerde bolupdyr. Onuň rehimsizlikleri üçin halk oňa «ýülük» lakamyny goýupdyr.
Gara Osman Trapezunt ýunan şalygynyň komnen hanedanlygynyň Melike Sara atly gyzyna öýlenýär. Komnen hanedanlygy 1057-nji ýyldan 1183-nji ýyllar aralygynda dowam edýär. Rum şalygyny dolandyrýan komnen hanedanlygy milleti boýunça ermeni ekeni. Gara Osmanyň milleti, dini başga maşgala öýlenmegi diňe bir öz soltanlygynda däl, eýsem Garagoýunly soltanlygynda hem uly nägilelik döredýär. Ine, şu nägilelik hem Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleriň gatnaşyklarynyň kesilmegine, duşmana öwrülmeklerine sebäp bolýar.
Anadoly serhetlerinde Demir Agsagyň peýda bomagy Gara Ýülük Osmanda gelejege – uly üstünliklere yş döredýär. Ol Demir Agsagyň gullugyna barýar. Onuň Demir Agsakdan ilkinji haýyşy Siwasy basyp almak bolýar. Gönüden-göni Gara Ýülük Osmanyň gatnaşmagynda Siwas zabt edilip alynýar. Şondan soň Gara Ýülük Osman Demir Agsagyň Şamy basyp almagyna ýurda belet hökmünde kömek-ýardam berýär. Demir Agsak Gara Ýülük Osmanyň yhlasyna, hyzmatlaryna şeýtel hökmünde Artyk ürkmenlerinden basyp alan Amyt şäherini oňa berýär. Şeýlelikde, Palu, Kigi we Erganiden soň Amyt şäheri hem akgoýunlylaryň ygtyýaryna geçýär. Garagoýunly türkmenleriň Demir Agsaga garşy çykmaklary Akgoýunly türkmenleriň soltanlygynyň ýeriniň köpelmegine, giňemegine we kuwwatlanmagyna sebäp bolýar. Akgoýunlylar Agsak Demiriň 1402-nji ýylda Ankaranyň eteginde Osman soltanlygynyň Soltany Ýyldyrym Baýazit bilen eden söweşine gatnaşýar we Agsak Demiriň ýeňmegine uly kömek berýär.
Demir Agsak 1405-nji ýyldaa aradan çykandan soň, Gara Ýülük Osman has batyrgaý hereket edip ugraýar. Ol 1407-nji ýylda Mamluk türkmenleri bilen darkaş gurmaga girişýär. Emirligini yglan eden Jekemiň gozgalaňyny basyp ýatyrýar. Şonuň netijesinde Mamluk türkmenleriniň soltanlygynyň Ruhany şäherini we onuň daş-töweregindäki meýdanlary öz garamagyna geçirýär. Jekemiň zulumyndan gaçyp Baýat we Inanly türkmenleriniň belli bir bölegi Akgoýunly soltanlygyna goşulýar. Gara Osmanyň ogly Alybegi garagoýunlylaryň soltany Garaýusup ýesir alyp, zyndanyna taşlaýar. Alybeg türmede uzak oturýar. Haçanda Demir Agsagyň ogly Şahruh Azerbaýjana gelende Alybegi boşadýar.
Alybegiň ogly Jahangir kakasynyň ornuna Diýarbekir şäherine hökümdarlyk etmäge girişýär. Jahangiriň tejribesizliginden peýdalanyp, onuň duşmanlary şäherde agdarylyşyk edýärler. Jahangir janyny aman saklamak üçin şäherden çykyp gaçmaga mejbur bolýar.
Alybegiň beýleki ogly Hasan beg bu agdarylyşygy uzaga çekdirmeýär. Haýdan-haý goşun çekip gelip, agdarylyşyk edenlerden rehimsizlik bilen öç alýar.
Garagoýunly türkmenleriň soltanlygynyň hökümdary Garaýusubyň aradan çykmagy Akgoýunly türkmenleriň soltanlygynda, Gara Ýülük Osmanda arkaýynlyk, rahatlyk döreýär. Şondan soň Gara Ýülük Osman 1421-nji ýylda Ruhany, 1424-nji ýylda Terjil bilen Silwany, 1425-nji ýylda Erzinjany, 1432-nji ýylda Çemişezeri basyp alýar. Şeýlelikde, Akgoýunly tire-taýpa kethudalary Diýarbekir we onuň golaý-goltumyndaky onçakly ähmiýeti bolmadyk ownuk-uşak bir beglikden at-owazasy, güýç-kuwwaty, baýlygy Ýewropada, Aziýada belli bolup ugran güýçli soltanlyga öwrülýär.
Erzurum-Dýarbekir geçidinde, esasan, maldarçylyk bilen meşgullanýan türkmenleriň içinde dürli türkmen tire-taýpalarynyň wekilleri bardy. Akgoýunlylar şol dürli tire-taýpalaryň ählisini akgoýunlylara, ýagny baýyndyra birleşdirmäge çalşypdyrlar, tire-taýpa gürrüňiniň, dawasynyň bolmazlygyna aýratyn ähmiýet beripdirler. Gündogar Anadoluda bolan mosully, pürnek, owşar, baýat, inally, dabanly, danyşmentli, bijanly hem-de hajyly boýlar we oýmaklar baýyndyr boýunyň etrabynda ýörite jemlenipdir. Garagoýunly döwletiniň synmagy bilen Garamanly, Jakyrly, Sadli, Alpawut ýaly oýmaklar hem Akgoýunly boýlar birleşigine giripdir. Akgoýunlylara soňundan Dulkadyr, Halap, Ispendiýar etrabyndaky käbir türkmen tire-taýpalary hem birleşipdir.
Akgoýunly soltanlygynda tire-taýpa kethudalary döwletiň hem harby, hem syýasy güýçleridiler. Olar özlerine berkidilen ýerlerde erkin ýaşaýardylar, ähli edara ediş meselelerini, şeýle hem özleriniň häkimlik edýän ýerlerindäki ähli meseleleri öz islegleri boýunça çözýärdiler. Merkezleşdirilen edara ediş ulgamy gowşapdy, bir söz bilen aýdanyňda, tire-taýpa kethudalarynyň han özleridi, soltan özleridi. Merkezleşdirilen edara edişiň gowşamagy Akgoýunly döwletiniň böleklenmegine ýakynlaşdyrýardy. Ýagdaý şeýle-de bolsa, döwlet entek kuwwatlydy, güýçlüdi. Daýhanlardan alynýan salgytlar nägilelikler döredýärdi. Sebäbi anyk bir kanunyň, çägiň ýoklugyndan peýdalanyp, ýerli kethudalar halky talaýardylar. Halkyň nägileliginiň öňüni almak, halkdan alynýan her hili salgytlary kadalaşdyrmak, düzgüne salmak maksady bilen «Kanunnama» atly kanunlar ýygyndysy çap edilýär. Onda döwletiň ähli kada-kanunlary, döwlet gaznasyna tölegleri ýygnamak bilen baglanyşykly ähli meseleler aýdyňlaşdyrylyp, belli bir ulgama girizildi.
Akgoýunly türkmenleri Uzyn Hasan beg döwründe ösen derejä ýetdiler.
Uzyn Hasan beg döwletiň kuwwatlanmagy, çäginiň artmagy, giňemegi üçin köp aladalanýar. Ol Hasan Keýfi basyp alýar. Diýary Mudar, Mordin, Diýary Rabygany eýeleýär. Uzyn Hasan beg Garagoýunly döwletiniň gutarnykly soňuna çykýar. Türkmen türkmeniň soňuna çykýar.
Men şu ýerde türkmen döwletlerine häsiýetli bir aýratynlygy belläp geçeýin. Saparmyrat Türkmenbaşy çykyşlarynda türkmen döwletleriniň içki agzalalyklar esasynda içinden synandyklaryny nygtapdy. Bu gün Kiçi Aziýa göç edip, ençeme döwletleri guran türkmenleriň ýene bir aýratynlygy barada aýtmakçy bolýaryn: türkmen türkmeni ýok edýär.
Şu babatda beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň aşaky setirlerini ýatlamak isleýärin:

Musulmanlar gylyç ursa bir-bire,
Döwlet dönüp, dinler nogsana gelgeý.

Ýa-da:

Bir-biriňi çapmak ermez ärlikden,
Bu iş şeýtanydyr, belki, körlükden.
Agzalalyk aýrar ili dirlikden,
Döwlet dönüp, nobat duşmana gelgeý.

Dogry, peýdany duşman görýär. Agzalalyk sebäpli türkmen-ä hiç zatsyz galýar, duşman hem baý köşgi-eýwanly, döwletli bolýar.
Kiçi Aziýadaky türkmenleriň döwletleriniň synmagy goňşy türkmen döwletiniň çozuşy bilen baglanyşykly. Türkmen döwleti türkmen döwletiniň üstüne çozýar we ýok edýär, ilatyny rehimsizlik bilen gyrýar.
Uzyn Hasan beg Dulkadyr türkmenlerinden Karputy basyp alýar. Garagoýunlary gutarnykly ýeňenden soň Uzyn Hasan beg döwletiň paýtagtyny Diýarbekirden Töwrize geçirýär. Garamanogullary türkmenleriň ýerlerini Uzyn Hasan beg almak isleýär. Osman döwleti bilen hem darkaşa girýär.
Uzyn Hasan begiň Osman döwleti bilen darkaşa girmegini Ýewropa döwletleri örän şatlykly kabul edýärler. Sebäbi Osman döwleti Ýewropa üçin gaty uly wehimdi. Ýewropa döwletleri özleriniň janlaryny Osman döwletinden aman saklamak üçin Akgoýunly türkmenleriň döwletine kömek berjekdiklerini, Akgoýunly döwletiniň «örän dogry hereket edýändigini» telim gezek nygtap, ilçi yzyna ilçi iberýärler. Akgoýunlylaryň pikirini goldaýandyklaryny, adalatyň hatyrasy üçin özleriniň hem ellerinden gelen kömekleri berjekdiklerini nygtap, haýdan-haý darkaşa girmegi teklip edýärler. Ýewropa döwletleri Uzyn Hasan bege çoýundan we demirden 16 sany uly top, 200 sany ok atýan gural, 1000 sany tüpeň, 20 000 sany demir naýza, peşeňdir ok-däri we uruşda zerur bolan beýleki birnäçe zatlary murra-mugt ugradýarlar: Osman döwleti bilen uruşsaň, şol döwleti mugyra getirseň bolýar. Harby tälim berlen birnäçe esger hem ugradylýar. Ýöne Garamanogullary türkmenleriniň ýerini Osman soltanlygynyň basyp almagy netijesinde Ýewropa döwletleriniň Akgoýunly döwletine ýarag kömeklerini ibermek işi kynlaşýar.
Akgoýunly döwletinde bolsa oňytly söweş ýaraglary ýokdy. Myltyk diňe mergen kişilerde bardy.
Türkmenler haçly ýörişlerine garşy söweşde myltyklaryny peýdalanypdylar. Şol myltyklar hem Günbatar Ýewropa feodallarynda uly gyzyklanma döredýär. Olar myltygy Wenedige eltip, şol ýerde hem ýarag fabrigini gurup, has kämilleşdirilen tüpeňleri çykarmaga başlapdyrlar. Türkmen öz döreden myltygyndan soňky asyrlarda çäksiz köp pidalary berdi.
Ýene bir maglumat. Günbatar Ýewropa feodallary bilen darkaşlarda taryha seljuklar ady bilen giren türkmenleriň sap-sap goşunlary birmeňzeş harby eşikdediler, ýöne her tire-taýpanyň tapawutly nyşany bardy. Her bir taýpanyň baýdagynda, şeýle hem her bir esgerde öz nyşanlary bardy: kimdir biriniň eşigindäki ýa-da baýdagyndaky nyşanynda öküziň ýa-da goçuň şekili, başga biriniňkide ýyrtyjy guşlaryň biriniň – bürgüdiň, ýyrtyjy gyrgynyň şekilleri şekillendirilendi. Bu barada şeýle ýazypdyrlar: «Haçlylaryň seljuklar bilen darkaşyndan soň gerbler ýüze çykdy». Polýak sözi bolan gerb – türkmenlerde tugra diýip atlandyrylýar.
Ýarag babatda türkmen minneti egri gylyjyndan çekipdir. Şony hem kämillik derejesine ýetiripdir.
Söweş ýaraglarynyň kämilleşmegi bilen egri gylyjyň orny hem pese gaçyp ugrapdyr. Şeýle bolansoň, 1473-nji ýylda Akgoýunlylar Osmanlylar bilen Otlukbili söweşinde uly ýitgiler bilen ýeňilýärler.
Uzyn Hasan beg bu ýeňlişden soň aradan çykýar. Onuň ogullary tagt üstünde ylalaşman garpyşyp ugraýarlar. Uzaga çeken dawalardan, darkaşlardan soň Ýakup beg tagty öz eline alýar. Akgoýunlylar üçin howp döredip ugran Sopy Şyh Haýdary öldürip, maşgalasyny Istahr galasynda tussag edýär. Ýöne Ýakup bege uzak soltanlyk etmek bagty miýesser etmeýär. Onuň ýogalmagy bilen tire-taýpa kethudalarynyň arasynda tagt ugrundaky söweş başlanýar. 1490-njy ýylda Baýsungur, 1492-nji ýylda Rüstem, 1496-njy ýylda Göde Ahmet beg Akgoýunlylar soltanlygyny dolandyrýarlar.
Akgoýunlylar döwletinde tirebaşylaryň erkinligi, özbaşdaklygy döwletiň ösüşine badak salýardy. Birek-birege göwnüýetmezçilikler, her kimiň öz tire-taýpasyny ileri tutmagy agzalalyga, döwletiň gowşamagyna getirýärdi, şeýle hem döwletiň başynda oturan hökümdaryň janyna kast edilmegine getirýärdi.
Ahmet beg öldürileninden soň Muhammet Mürzäniň, Soltan Elwendiň, Soltan Myradyň arasynda tagt dawasy başlanýar. Kim kimden rüstem?! Muhammet Mürzäniň ölüminden soň Akgoýunly döwleti Myrat bilen Elwendiň arasynda paýlaşylýar. Diýarbekir, Azerbaýjan, Erran Elwendiňki, Yrakeýn bilen Pars Myradyňky bolýar.
Şyh Haýdar Ýakup beg tarapyndan öldürilen hem bolsa, onuň müritlerini Şa Ysmaýyl Sefewi peýdalanmagy we Akgoýunly döwletiniň içinden synmagynda peýdalanmagy başarýar. Şa Ysmaýyl Sefewi Dulkadyr, Teke türkmenleriniň birnäçe toparyny jemläp, Töwrize ýöriş edýär we elwendi ýeňýär. Şeýlelikde, Akgoýunly türkmenleriň döwleti Sefewi türkmenleri tarapyndan syndyrylýar.
Myrat beg 1503-nji ýylda Hamedanyň ýakynynda bolan söweşde Ysmaýyl Sefewiden ýeňilýär.
Sefewi türkmenleri Sopy Şyh Haýdaryň aryny Akgoýunly türkmenlerden almak maksady bilen aýylganç gyrgynçylyk edýärler. Şapurda, Almagulakda, Töwrizde adamlar köpçülikleýin rehimsizlik bilen gyrylýar. Töwrizdäki Akgoýunly nesilşalygynyň mazarlaryndan ystyhanlaryny çykaryp, otlapdyrlar. Baýyndyr boýuna degişli bolan ähli göwreli aýallary wagşylyk bilen öldüripdirler.
Akgoýunly döwletiniň synmagy bilen baýyndyrlar özlerine akgoýunly diýmekden heder edipdirler, olardan diri galanlary Bozulus taýpasyna öwrüldiler. Mosully, Pürnek, Owşar, Baýat, Ala Hajyly, Bijanly, Çakyrly, Agaçeri ýaly akgoýunly birleşigine giren tire-taýpalar Uzyn Hasan begiň Töwrize elten türkmenleri bolmaly. Bozulus türkmenleriniň arasynda Dulkadyr we Halap türkmen tire-taýpalary hem bar.

Osman ÖDE.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 17 | Добавил: Has | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: