14:34
Ak Şuñkar -2 / hekaýanyñ dowamy

AK ŞUÑKAR

(hekaýanyñ dowamy)

Oguz beg gerek ýerinde hyzmatkärleriñ emeli bilen tiz dikelýän, göçmeli bolanda bahym sökülýän awçy öýünde, gury omça ýanýan tüssesiz oduñ başynda, tokaýdaky belent nawlaryñ şemala güwläp ses edişine diñ salyp pikire batyp otyrdy. Beg ýigidiñ göwnüne bolmasa, tokaýyñ bu howsalaly güwwüldisi abyrsyz tebigy güýçleriñ urnup-çapalanmasyndan dörän hadysa däl-de, eýsem sürnüp-basmarlap gelýän sarsgynly ýowuz wakalardan habar berýän ykbalyñ howsalaly duýduryşy ýalydy. Şazada Oguz beg atasy Garahanyñ öz üstüne agyr leşger tartyp gelýändigini eşidipdi hem özüniñ ata ýurdy bilen aldym-berdimli, gandöküşikli agyr söweş tutmaga mejbur boljakdygyna gussa çekýärdi. Ynha, görersiñ welin, bu öñki geçen uruşlar ýaly adaty bir uruş bolman, günbatardan ýalbyrap çogup gelýän yslam nurunyñ butparazlyk tümüni böwsüp pytradyşy bolar. Şamanlardyr porhanlaryñ depini tapyrdadyp, şaýyny şaññyrdadyp, agzyny köpüredip, bedenini saññyldadyp, hähhildeşip-wähhildeşip dälilik hetdine ýetýän yzagalak wagşyýana jemgyýeti mundan beýläk ylym-bilim hem täzelik getirýän öñdebaryjy musulman medeniýetine öz ornung bermeli bolar. Zamananyñ zerurlygy bolan bu söweşde ýaraşyga, gelişige düýbünden ýer galmaz. Garahan Bahaduryñ möwritini ötüren köne zamanasy özüniñ döwran sürmesini mundanam beýläk saklajak bolup, gara güýjünu gaýgyrmaz. Emma bu onuñ iñ soñky urşy bolsa gerek. "Bäh, Oguz beg öz atasynyñ kellesini kesäýmeli bormuka? Merdana beg ýigit üçin atasyny öldürmek adamkärçilig-ä bolmaz-ow!.."
Öýüñ bir dulunda, öz hekeminde, altyn zynjyrly gyrmyzy injiginiñ üstünde hekgerip oturan ak şuñkar, eýesiniñ agyr pikirlerden ýaña ejir çekýändigini bilýän dek, gan guýlan ýaly gyzyl gözlerinden uçgun saçyp, ýalt-ýalt edip, jak-jaklady. Öýüñ daş ýüzünde saklawlaryñ kimdir biri bilen hümürdeşýäni eşidildi-de, yz ýanyndanam ardynjyrama bilen bile gapynyñ eñsisi serpildi.
- Az-kem dynjyñy aldyñmy, merhetemli şazada? - diýip, inçe uzyn sakgally hortap ýaşuly iç işikde peýda boldy. - Şu günüñ kowha-kowy, alha-aly ýadadarça bolandyr.
Göwne mylaýym, dana Arkyl hojanyñ gelenine begenen Oguz beg ony ojagyñ başynda özüne ýakyn oturtdy. Begiñ iýmitine seredýän assyrynlyk bilen içeri girdi-de, myhmana çynma-çyn çaýyny demledi hem-de dogramça düzülen üç sany çybygy köze goýdy. Çişlik jyzyrdap ugranda, şazada "Özüm serederin" diýip hyzmatkäri daşaryk ugratdy.
Iññän köp çarşenbäni başyndan geçiren, ýüz ýaşy birçak arka atan, tutuş keşbine gadymyýetiñ çañy siñen goja çäýnegiñ bagyna düzülen dürli reñk hünjüleri inçe, hor barmaklary bilen oýnaklap, begiñ geplärine garaşyp durdy.
- Täsin bir düýş görüpdirin - diýip, Oguz ýigrimi bäş ýaşyn hyjuwyny basmarlap, mylaýym seslendi. - Ýorgudy sizden...
- Älemiñ görki Muhammet sallolahy aleýhi wesellem pygamberimiziñ mübärek ýorgudy bolgaý...
- Düýşümde däl-de, huşumda ýaly oraşan. Ynha, bir geñ-tañ görnüş! Ýeke özüm Seýhun derýasynyñ kenarynda olumyñ öñünde duranmyşym diýýän. Jowur ak eşiklimişim. Ýüzîn kybla sary. Eý-how, arkamda bir mähelle üýşendir welin, top-top, sap-sap, añyrsy-bärisi görünmän, yzy Orhona, Kerulene ýetýämiş diýýän. Hemmesem hüýt gara lybasly. Menem edil mal süren ýaly, bulary olumdan ötürip durun... Hudaýyñ gudraty bilen, derýadan öteni ak lybasla öwrülip barýar. Arkamdaky jemagatyñ hemmesi hem geçmelimiş diýýän. Bu bir manyly düýşmi ýa şeýtanyñ oýnumy ~ bilebilmedim.
- Ymgyr manyly bolmaly bu düýş! - diýip, goja kişi gobsunyp joşgunly gepledi. - Olumdan geçiren mähelläñiz geçiren ýeriñizde ak eşiklä öwrülip dur diýdiñiz dälmi? Munuñ ýorgudy: Buharystandan Mogolystana çenli bütin çöl-beýewanyñ ilatyna gudraty Güýçliniñ mukaddes din-ygtykaty bolan musulmançylygy eçilýänligidir. Bu düýş Allatagalanyñ kereminden habar berýär. Siziñ jowur ak eşikli sanýetmez halaýygy garañky kenardan ýagty kenara geçirip durşuñyz bolsa, Ýaradanyñ size uly parh goýanlygyny añladýar. Siz Hudanyñ ak şuñkary bolup zemine inensiñiz! Siz, megerem, geljekde müñläp ýyllara dowamaty uzan uly bir halkyñ atasy bolarsyñyz! Şol gara lybasdan ak lybasa girýän tükenmez mähelle mundan buýanky zamanalarda siziñ kowumlaryñyz bolup, Hakyñ dürs ýolundan ýörärler. Siz şu ak şuñkar ýaly üýtgeşik bir närse bolup dünýä inensiñiz! Siz öz gerdeniñize ýüklenen agyr ýüki çekmäge hötde gelmelisiñiz!..
Daşarda ýeliñ bady gowşap, tokaýdaky nawlaryñ güwwüldisi biraz peseldi. Içerde bolsa közüñ üstünde örtenýän çişligiñ jyzyrdysy artdy. Oguz beg çişleri beýlesine öwürdi-de, uludan demini alyp gaýgyly gepledi:
- Düýşümi şeýle ýoranyñyz üçin, sizi Alla ýalkasyn! Meniñ ykbalymy arşa çykaryp goýduñyz! Emma meniñ başymda bir ýowuz hasrat bar. Olam ~ öz atamy öldürip patyşa bolmaly! Şu ýagdaý maña agyr degýä. Kän kowumlaryñyz bolar diýdiñiz. Olaryñ gözüne men şermysar görünmenmi? Aý, Arkyl hojajan! Garahan butparaz ýaly patyşa kakam bolandan, siz ýaly pukara, pesgöwün dana kişiniñ ogly bolup doglan bolsam, Ýaradana ýüzde-müñ kükür ederdim! Ýogsa-da men siziñ mübärek aýaklaryñyza özümiñ patyşalyk başymy goýuban, ýalbaryban, gözýaş döküban, sizden dileg etsem, siz meniñ kyýamatlyk atam bolmazmysyñyz? Meniñ kalbyma direg gerek, ruhuma söýget gerek! Destgirim, howandarym, hernebarym boluñ! Eý, Belent Perwerdigäriñ diri öwlüýäsi!..
Oguz beg añyrsyndan hyñzap joşup gelen duýgularyñ täsiri bilen özüniñ owadan, husnubelent başyny gojanyñ sag egnine goýdy. Ak şuñkar eýesine arka durýan manyda ganatlaryny pasyrdadyp, haýbatly jak-jaklady. Öýüñ daşyndaky garawul özüniñ häzirdigini bildirip ardynjyrady.
Arkyl hoja şazadanyñ mañlaýyndan mähribanlyk bilen sypalady-da, onuñ başyny emaý bilen dikeltdi.
- Ruhuñy belent tut, balam! Isleseñ men seniñ o dünýä atañ bolaýyn! Ýüz ýyllap ýygnan akyl-parasadymy saña bagyş edeýin! Çirkeýiñ jany ýaly amanat janymu hem seniñ tutan işiñe gurban kylaýyn! Garrygan çagymda meniñ sen dek ogully bolmagym Allatagalanyñ tükenmez keremidir! Bu Ybrahym pygamberiñ uçran rahmetine uçramakdyr. Onuñ ogullary Ysmagyl bilen Yshak iki halkyñ atasy bolmak döwletine mynasyp görlen. Senem, şazada balam, Asman bilen Zeminiñ arasyny dolduryp duran belent bagtyñ eýesi bolup doglansyñ! Sen müñ ýyllara külterini çöşläp gidýän heññamyñ ak şuñkarysyñ! Döwrüñ depesinde parlap, ganat ýaý-da, jak-jaklap jakyrda, gözleriñden ot-ýalyn saç! Goý, duşmanlaryñ gamyş kimin galdyrasyn, simap kimin sandyrasyn! Patyşalyk ýaşyl tug edin! Tuguñda ak şuñkaryñ suraty bolsun! Atam bilen darkaş edýän diýip müýnürgeýji bolma! Älemiñ münewwer görki bolan mübärek pygamberimiz Muhammet sallolahy aleýhi wesselem özüniñ golaý garyndaşlary, agalary bilen söweş etmelo bolmanmy?! Bu Allanyñ buýrugydyr, ýazgytdyr. Buýrukdanam, ýazgytdanam çykma ýokdur!..
Keramatly Arkyl hojanyñ mähriban ata ornunda edýän öwüt-ündewleri Oguz begiñ kalbyny kuwwatlandyryp, añ-paýhasyny durlap, hyjuwyny artdyrdy. Ol çiginleriniñ ýumrugynyñ, gaty baldyrlarynyñ, syratly synasynyñ hereket isleýändigini syzyp ör boýuna galdy we göwnüne dolan belent oý-pikirlerden ýaña darajyk öýe sygmajak boldy. Ol daşardaky nökerlere: "Atlary eýerläñ!" diýip buýruk berdi.
Şazada Oguz beg goja kişi bilen iki atly bolup tokaýdan çykanda, olaryñ alnynda tebigatyñ ajaýyp bir görnüşi açyldy. Uzgam gök daga eñegini beren Gün jyzyrdap ereýän tokga altyn ýaly reñbe-reñ şugla saçyp, demirgazyga bakan uýgun akyp ýatan uly derýany, añyrky kenardaky baýyrlary hem daglary, bu ýañky göm-gök kedr tokaýyny ~ añyrsy-bärsi görünmeýän giñ dünýäni gözüñ doýmaýan owadan surata öwrüpdi.
- Şu zynatly jahana eýe bolan hanu-soltanyñ özi hem kalby gözel ynsan bolup bilse ýagşydyr.
Arkyl hoja Günüñ daga giren ýerinde zowwam-zowwam şöhlelerden dörän täsin ýelpewaja garap, pikire gidip pessaý gürledi.
- Diñe dünýäde haýyr işler gaýranlaryñ döwleti dowamatdyr. Şuny başaran kimerse ýene müñ ýyldanam dünýäniñ abatlygyna, gözelligine meniñem goşandym bolup biler. Ýaşaýyşda ýagşylygyñ ornuny giñeltmek üçin, goluñdaky häkimlik gürzüsini ýamanyñ depesinden indermej zerurdyr. Awyñ-şikäriñ pursady gutardy gerek. Urşuñ gamy iýilse ýagşy. Häzir eglenmän, Buharystana çapar gönder. Iýip-içip mesirgäp tosup ýatan leşgerleriñ tizden-tiz atlansynlar. Olar añyrdan gelip, bizem bärden ýetişip, üç-dört günüñ içinde orta ýolda tapyşarys. Nökerlerine uruş tälimini öwredersiñ. Olary edermen, gaýduwsyz çapyşmaga, sanjyşmaga taýynlanarsyñ. Galany hem pelek işi. Alla biziñ tarapymyzdadyr!

* * *

Bir hepdä ýetip-ýetmän, şazadanyñ goşunlary jemlenmeli ýerinde jemlenişdi. Oguz beg olary halkalaýyn daşyna üýşürip, Arkyl hojanyñ öwreden sözlerinu aýdar boldy:
"Eziz ildeşler! Maña uýan mende galsyn, oña uýanam oña gitsin! Şu gün menu goldamak dini-yslamy goldamakdyr, Haka ten bermekdir. Emma, Kelamyllada aýdylyşy ýaly, dinde zorluk ýokdur. Gidene zowal bolmaz. Añry geçjekler arkaýyn saýlanybersin. Ýüzüñiziñ üstünde burnuñyz bar diýilmez..."
Esgerleriñ bir toplumy patyşa leşgerine geçmek islegi bilen ýola düşdi. Bular özleriniñ añyrda galan maşgalalaryna, kowum-hyştlaryna soñky gün patyşadan zyýan ýeter öýdübem az gorkanokdylar. Iki göwünlisi çykyp gidensoñ, şazadanyñ goşuny azalmak bilen boldy. Emma şol gün Buharystanyñ soltany Ygtyýareddin tutuş leşgeri bilen gelip bulara goşuldy. Şundan soñ Oguz begiñ göwni ynjaldy. Ol Ygtyýareddin soltany hem Arkyl hojany ýanyna alyp, üç atly bolup, belent gerşe çykdy, gündogara tarap ýaýlyp ýatan giñ meýdany synlady.
- Duşmany şu meýdanda garşylasak, bize kän bähbit bolardy - diýip, şazada hemralaryna ýüzlendi. - Bärden añryk ýapaşak eññit. Şulam biziñ badymyza bat goşardy.
Ygtyýareddin soltan şazadanyñ pikirini oñlap, ýagyny şu meýdana getirmegiñ emelini aýtdy:
- Bizde bir toplum ýyndam atly bar. Şol atlylary olaryñ öñünden gaçyryp gaýdan bolsak, olaram kowalap gelseler gerek.
Arkyl hoja-da harby tilsimden bihabar däldigini bildirdi:
- Öz goşunymyzyñ ýarpysyny öñe çykaryp, galan ýarysynam gerşiñ arka ýüzünde gizläp goýsak, jeñiñ gyzza-gyzza pursadynda jaranyñ içinden baraga-da, duşmanyñ iku gapdalyndan urulsa, öz-özlerinden dowul tapyp dargaýmazlarmyka?
Şol wagtam agşam çagy golaýlady-da, ertir darkaş guruljak meýdana uzyn kölegeler düşeldi. Oýa batyp garap duranlaryñ göwnüne, barha garalýan kölegeler leýs ýatan maslyklar bolup göründi. Päh, ertir bu meýdanda zarp bilen urulýan agyr ýaraglaryñ jarka-jarkasy, mert ýigitleriñ nagra tartyp haýkyrmasy, çapylan ýaralylaryñ eñräp iñlemesi, guduza dönen atlaryñ toýnagynyñ güpürdisi, ýerden göterilýän çañ-tozan asman-pelege çykar. Ýowuz geljege mert garap duran Oguz begiñ aýgytly keşbine guwanyp bakýan Arkyl hoja: "Saña Şahymerdan destgir bolsun, balam!" diýip içinden pyşyrdady.
Agşam düşüp, dünýäni garañkylyk gaplap alanda, Oguz beg ýanyndaky hemralary bilen yzyna gaýdyp geldi. Şazada gat-gat keçe düşelen çadyra eglip girende, ýag çyranyñ ýagtysynda hekgerip oturan ak şuñkar eýesini jak-jaklap garşy aldy. Bu gije Oguz bege başyny ýassyga goýmak ýokdy. Ol oturan ýerinden elini mañlaýyna diräp, üzlem-saplam ymyzganýardy. Bu gije zulmata batan köne dünýä bilen nurana täze dünýäniñ sepgididi. Köne dünýäniñ täze dünýä ornuny berjegi ýa bermejegi ertir belli bolýardy. Şu manyda bu gije müñ gijedenem parhlydy. Zamananyñ agyr labyry şazadanyñ ýagyrnysyny çökerip gelýärdi. Duşmanyñ geljek tarapyna iberilen añtawçylar, möhüm habarly goşun serdarlary häli-şindi Oguz bege aýtmaly zatlaryny aýdyp durdylar. Gije ýarymdan aganda, duşman leşgeriniñ öñüniñ gelip ýeteni hem onuñ gündogar tarapky giñ meýdanda düşleýäni şazada mälim edildi. Oguz beg ýene atlanyp, ýakyn adamlary bilen hälki gerşiñ üstüne çykdy. Päh, ýokardan seredip synlasañ, giñişlige gara bulut ýaly bolup düşen käpir ordasy garañkynyñ içinde bulanyp, tolkunyp, eýmenji bir zat ýaly bolup görünýärdi. Mygyllynyñ ortasynda patyşanyñ çadyry dikilip, onuñ öñünde sary, gyzyl baýdaklar pasyrdaýardy. Dumly-duşda ot ýakylyp, oduñ daşynda oturan nökerler adam jynsyndan däl-de, yllaki ýeri böwsüp çykan wagşyýana döwlerdi. Olaryñ bokurdagyny hürledip, orlaşyp aýdýan aýdymy howany sarsdyryp, gulagyña gaty ýakymsyz eşidilýärdi. Bu doýmaz-dolmaz laýhorlara Buharystanyñ abadan obalaryny, gala-şäherlerini, süri-süri mallaryny paýhynlap oljalamak wada berlipdi. Bular at-düýe soýup, ullakan omaça gemirmäniñ arzuwyndady. Özleri ýaly çekgelek, gödek ýasaw bolmadyk gelşikli-görkana ilaty gul bazaryna toplum-toplum edip satuwa çykarjakdylar, suw perisi ýaly näzeninleri basalap gönenjekdiler. Oguz begiñ laýhorlar sülsadyna garap edýän pikirini añan Arkyl hoja göwün göteriji ähende:
- Bularyñ güýji wagşylykdadyr, biziñ güýjümiz ynsanlykdadyr - diýdi.

* * *

Biri-biriniñ kasdyna çykan iki leşger ertesi naýza boýy galan Günüñ gyýtak şuglasyna ýaraglaryny ýalpyldadyp, garşyma-garşy, sap-sap, ýüzbe-ýüz, garpyşmaga taýyn bolup durdy. Iki goşunyñ aralygy ýaý oky ýeter-ýetmez atgaýtarym boşlukdy. Patyşa Garahan Bahaduram, şazada Oguz begem jeñ başlamaga duýduryş berenokdy. Käpir ordasy laññara kakýardy, kernaý-surnaýyny zorladyp çalýardy, gyryk sesi bilen nagra tartyp, haýkyrýardy. Ortaky boşluga çykan butparaz şamanlary hem porhanlary deplerini tokurdadyp, şelpelerini şaññyrdadyp, agyzlaryndan ak köpüñ saçyp, däli-telbe bolup çarp urýardylar. Bu betnyşan närseler özleriniñ gaýybana arwahlaryny, jynlaryny musulmanlaryñ garşysyna urşa çagyrýardy. Şazadanyñ nökerleri şamanlardyr porhanlaryñ hähhildeşip çapalanyşyna gülüp gönenýärdi.
Bu masgarabazlyk sowlansoñ, aralyk ýene boşap galdy hem biraz salym asudalyk aralaşan ýaly boldy. Şol pursatda-da käpirler tarapyndan garaşylmaýan bir täzelik bolup, hemmäni geñ galdyrdy. Kazylyk mes bedewi iki ýanyndan bökjekläp idekleýän iki jylawdar goşun serkerdeleriniñ pasyrdaşýan sary-gyzyl baýdaklar astynda üýşüp duran ýerinden saýlanyp ortalyga çykdy. Belent bedewiñ üstünde küñre ýaly bolup oturan bolsa, boýdan-başyna demir dona, tuwulga, çaraýna, agyr ýaraglara beslenen Garahan Bahadur Alpyñ hut özüdi. Günçykar ülkeleri özüne tabyn eden şöhratly patyşa köne howalasy bilen ýekme-ýek söweşe çykypdy. Gadymy dessura görä, patyşa bilen başa-baş uruş etmäge deñme-den adam çykmalydy. Gökdäki görkli Tañrynyñ ýerdäki kölegesi bolan ýurt eýesiniñ jany bilen her ýeten pälwanyñ janyny deñ tutup bolmaz ahyryn!
Buharystanyñ hökümdary Ygtyýareddin soltan bilen Oguz beg: "Men gideýin-de-men gideýin" diýşip, ikisi iki ýerden atlandylar. Emma älemiñ gaýybana syrlaryndan habardar Arkyl hoja diwaly şazadanyñ peýdasyna çözdi hem: "Bu kysmatdyr" diýip goýdy. Ata bilen ogluñ döwüşmesiniñ ezelidigini dana goja, megerem, öñünden bilýän bolmalydy.
Şazada ýyndam at, ýarag bilen atasynyñ garşysyna söweşe çykdy. Patyşa ner-bugra dek bedewini güpürdedip, jyzasyny parladyp, gahar-gazap bilen eñende, çakgan ýigit atyny bir gapdala bökdürip, laýyk wagtynda howpdan sowlup ýetişýärdi. Şazada gaça uruş edip, gowuşgynsyz garşydaşynyñ daşynda atyny oýnadyp, özüne zeper ýetirtmän sypjyklap ýördi. Atasynyñ garşysyna gaça uruş etmek ogly üçin namartlygam däldi. Bu gaýtam jeñ gurmanyñ bir tilsimidi.
Musulman goşuny butparaz patyşanyñ şowsuz hereketlerine pakyrdaşyp gülýärdi, käbirleri bolsa onuñ janyna degjek sözler aýdyp gygyrýardy: "Heý, pöwhe! Nalajedeýinleriñ patyşasy! Torsuk iýýän haramhor! Sendenem bir ýarag işleden bormy? Başga işiñ bolmasa, bar git-de agtyklaryñ bilen uruş-uruş oýna!.." Añyrky sary, gyzyl baýdaklaryñ astynda duranlar bolsa, öz däplerine görä, bokurdaklaryndan horruk-horruk ses çykaryp, öz hökümdarlaryna gylaw berýärdi.

(dowamy bar)...

Sapargeldi Annasähet INER OGLY.

Категория: Taryhy proza | Просмотров: 190 | Добавил: Has | Теги: Sapargeldi Annasähet Iner ogly | Рейтинг: 3.7/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
1
1  
Sapargeldi Iner oglunyň prozasyny güýçli görýän

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: