01:32
Intizar oldum
INTIZAR OLDUM

"Gül ýüzüñ gõrmäge intizar oldum"
Halk aýdymyndan.

Men saña garaşdym, hôwesi seýran,
Geljek ýollaryña intizar oldum.
"Ýyldyzdan ýol ýasap" ýanyña barýan,
Sag-u-sollaryña intizar oldum,
Bu pelek oýnuna ygtyýar oldum.

Bôwedin bôwsûpdir umyt derÿsy,
Ÿelleriñ ôñûnde boldum men asy.
Bagtymyñ barany, kôñûl hôwesi,
Bil seniñ ÿoluñda intizar oldum,
Nesipli aähtimde ähtimal oldum.

Umyt menzilinde saña baglydym,
Baśymdadyr beren ÿûpek ýaglygyñ.
Yśkyñ umydyndan kalby çogly men
Duý, seniñ ýoluñda intizar oldum,
Wadasyz wadañda ähte ýar oldum.

Gôwûn dûwmäm jyññyrdaÿar çalaja,
Sal kalbyña, ala gôzlem alaja-
Gorasyn bar zatdan, meñzäp gylyja,
Ýar, seniñ ýoluñda intizar oldum,
Ýyldyzly mekana ähtibar oldum.

Sen bir umyt berdiñ, gozgandy derdim,
Şypasy eliñde, bãri gel, merdim.
Kysmatyñ iśigmiñ agzynda gôrdûm,
Dur, seniñ ÿoluñda intizar oldum,
Kôñlûmde kôśgiñ bar- bagtyýar oldum.

Gôzûñden suw içer ômûr haýatym,
Gûl bagyma tûm dûşmedik saýadyñ.
Ak kagyza adyñ keśde gaýadym,
Bil, mydam ýoluñda intizar oldum,
Ôçmersiñ kôñlûmde- mähre ýar olduñ.

Oguljemal ÇARYÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 31 | Добавил: Medinilla | Теги: Oguljemal Çaryýewa | Рейтинг: 3.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 4
0
1  
Harp yalñyşlaryny düzetmäge 15 min. puryja.

0
2  
Düşünmedim?

0
3  
Garagum jurnaly 12/2018-nji sany

0
4  
Ownuk we agzanyña degmeýän kemçilik ýaly. Ýöne eserdäki harp ýalñyşlygy ýazuw derejesi pes okyjynyñ añynda grammatiki trafaret ýasaýar...

ä, ş... ýaly guýrukly harplaryña ünsli bol, indikide SURAÝ HANYM.
teswirlerde bu kriteriýañ hökmanlygy ýok, ýöne paýlaşylan eserde ýol berilmesiz ýagdaý!

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: