21:28
Ahmet Bekmyradowy ýatlap

Miwe Tuwakbaýewa, şahyr, Daşoguz şäherindäki B. Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

Ahmet neresse bilen ýokary okuwda bile okapdyk. Ol synpdaşlarymyň içinde gaty yhlaslydy, türkmen mirasyny, taryhy biçak gowy görerdi. Ýadymda, onuň bilen  Tejen töwereklerinde pagta ýygardyk. Bizem-ä kän ýygýardyk welin, ol bizden hasam köp ýygardy. Bizem gyz bolup ondan az ýygýanymyza utanýardyk.  Onuň ýeke-täk hossary ejesidi. Ol obasyna dynç alyşa gitse-de, maşgalasyny eklemek üçin öýünde kerpiç guýup, pul gazanar eken.

Onuň el torbasyndan mydama birnäçe sary giden kitaplar bardy. Hatda pagta ýygyp ýöreninde-de, onuň tor gözenekli el torbasynda azyndan 5-6 kitaplary bolardy. Ýaşlykdan edebiýaty, taryhy, mirasy dynman öwrenýärdi.
Gelni Ogulmerýem hem biziň toparymyzdandy. Biz 4-nji okuw ýylyny tamamladygam welin, Ogulmerýem bize: “Toý edýäris” -  diýen buşlugy ýetirdi. Görüp otursak, olar gizlinje halaşypdyrlar. Biz pagta ýyganymyzda bize aşpezlik ederdi. Ol asylly, sadaja maşgalady, saçyny iki örüp, adaty köýnekde gezerdi. Üýtgeşik geýinjek bolubam ýörmezdi, olam edil Ahmediň özi ýaly sadady.

Ahmet neresse entek talypka sarahsly wäşi Gurban Wehimi bilen gowy gatnaşardy. 3-4-nji ýyllyk talyp wagtymyz bizem ýygy-ýygydan Ahmediň umumyýaşaýyş jaýyndaky otagyna hemmämiz üýşerdik. Ol azerbaýjan dilini gowy bilýärdi. Şol baranymyzda hem Nesiminiň azeri dilinde çykan kitaplary stolunyň üstünde durdy. Ol Gündogar edebiýatynyň aşygy. Okap ýören wagtlary bolsa özüniň  türkmen mirasy we edebiýatynyň taryhy barada kandidatlyk dissertasiýasyny ýazyp başlan eken.

Hakykatdan-da ol gaty yhlasly talypdy. Uniwersitetde okaýarkak edebiýat agşamynda olam ilkinji goşgularyny hödürläpdi. Şonda Öde Abdyllaýew oňa:  “Sen goşgy ýazma-da, ýazylan goşgulary derňe!”  diýip, degişme äheňinde maslahat beripdi. Ahmediň geljekki gaýynatasynyň şol maslahatam onuň edebiýat, miras  barada ylmy işleri ýazmaga itergi beren bolmaga çemeli.

Ol haçan görseň howlukmaçdy, hemişe ylym bilendi. Akademiýada işläp ýören ilkinji ýyllarynda onuň ilkinji “Sadrançmana” atly kitaby çap edildi. Bu kitap çaklaňja bolsa-da, örän gyzykly manyly kitap bolup, halkymyz tarapyndan gowy garşylandy.

   *      *       *
Şemiň ýanyp-ýanyp gutarşy ýaly, Ahmet neressede il bähbitli işleriň ugrunda zähmet çekip bu dünýäden biwagt ötdi. Halky üçin gymmatly serpaý ýapmagy başaran bu kalby beýik ynsanyň ýatan ýeri ýagty, iman baýlygy hemrasy bolsun!

Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 70 | Добавил: Gurban_aga | Теги: Miwe Tuwakbaýewa | Рейтинг: 3.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 6
0
1  
Ahmet Bekmyradowyň dünýeden ir gitmegi gynandyrýar. Ahmet Bekmyradow türkmen geçmişiniň taryhyny düýpli öwrenen alym. Iň bolmanda 60 ýaşan bolan bolsa köp zatlar ýazardy.

0
2  
Köp türkmen ýazyjylaryň edähedi döredijilige ilki başlanlarynda goşgy ýazyp başlaýarlar. Goşgy ýazyp şowlap gitse goşgy ýazmakdan dowam edýärler. Eger-de goşgy ýazmakda şowlap gitmese roman, powest, proza, ýazyp ýa-da türkmen halkynyň taryhyny öwrenmekde alym bolup gidýärler.

0
3  
Şeýle maglumatlary okamak gyzykly.Gurban,sag bol jigim.Ömrüñ uzak bolsun.

0
4  
Yalñyş kesgitleme beryañ.

0
5  
Ahmet aganyñ tebigatynda şahyranalyk bar. Onuñ ylmy monigrafiyalary çeper eser okan yaly lezzet beryar. Ahmet aga döredijilikde şowlamandygy ü.n alymlyga ýûz tutan adam dal.

Diñe A.Bekmyradow dal, hemmeler babatda-da şeyle. Adamyñ añasty kodlary bar. Şol kodlar ony nämä gönükdirse adamyñ ukyby şoña görä hem açylýar. Muny haysydyr bir tötanleyin şowlulyga ya şowsuzlyga baglamak nadogry.

0
6  
Sagbolun hslypa gyzykly maglumatynyz ucin

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: