03:53
Agöýliniñ gyzy / hekaýa

AGÖÝLINIÑ GYZY

Henize bu güne çenli aýýarlygynyň syrlarynda utulmanlygy üçin hem oguz sähralyklarynyň pikir-matlabyny öwrenmek tabşyrylan jansyz bu ülkä gadam goýandan edil beýle bolaýar öýtmändi. Daňdanyň ümüş-tamşynda serhet goragynda hüşgärligi elden bermeýän agöýlülilerden sypyp, oguz topraklaryna ätlänem şoldy welin, duýdansyz atylan peýkam tasdanam ony atdan agdarypdy. Entek nämäniň-nämedigine düşünip ýetişmänkäde “Nüçin bukular sen?! Dostmusyň, duşmanmysyň, matlabyň nedir eý ynsan?!” diýip inçeden, dogumly ýaňlanan sese tisginşine, nädip gylyjynyň baljagyna elini ýetirerinem duýmady. Bu serhetleri aşmazdan ozal ençeme gezek agöýlileri ýiti nazary bilen yzarlanam bolsa  nämüçindir bu ýaşajyk, heniz murtyda tabamadyk agöýlini bu ýerlerde göreni ýadyna düşmedi. Ol öz topraklarynyň serhediniň goragynda hüşgärligi elden bermeýän agöýlileriň hiçisinden hem çekinmän duranokdy welin, hajraw ýaly daýaw, gözleri dogumdan ýanyp duran Tugra begden welin hiç bir sapalakda sypyp bilmejekdigi üçin hem öler ýaly gorkýardy. Ýöne soňky günler bu serkerdäniň görünmezligi ony birneme öz matlabyna gylawlandyrypdy. Indem beýleki goragçylara sapalak atan aýýary gel-gel heniz murty tabap, seside ýognamadyk bu inçejik ýigdekçäniň saklan bolup duruşyny diýsene. Muňa gahary gelen aýýar heniz daňyň aýdyňlygy töwerege ýaýramanka ýolundaky “bujagaz böwetden” dynyp, oguz iliniň töründäki syrlara tarap ganat açmak üçin duýdansyz golundaky gylyjy ýigdekçä garşy aýlady. Emma ýigdekçe ýelgamak deý aty bilen gylyjyň öňünden şeýle çalasynlyk bilen sowulyp geçdi-de, gelmişegiň edil ýazy maňlaýyndan kesgir gylyjyň yzyny goýup ýetişdi. Beýle urga garaşmadyk aýýaryň depesine uran gany çylgym-çylgym bolup gan öýülen bäbeneklerinden akarly göründi. Gylyjyny ýaňadan gazaply bulaýlap öňe topulan gelmişegi ýetginjegiň duýdansyz oklan tanapy ýere agdardy-da öňe, okdurylyp barýan bedewiň yzyn tirkäp, esli menzile süýräp gitdi. Çapuwy batly atyň badyna süýrenip barşyna tanapy gylyç bilen ýolmagy başaran jansyz esli salym aýlandyrylan ýaly entirekläp duruşyna alkymyna gelen ak ýüzli ýigdekçäniň ýene-de “Maksadyň nedir, nüçin dogry ýoly däl-de, gizlinligi saýladyň, haýsy niýet düşürdi seni biziň topraklara?!” diýen sowalyna jogap berjek deý ýuwdunyp, oguz ýigdekçesine al salasy geldi. Duýdansyz gözüne oklanan guma özüni dürsemek üçin urunýan ýigdekçäniň başyndan salan gylyjam onuň kellesini däl-de tuwulgasyny honda uçuryp goýberdi. Tuwulganyň aşagynda gizlenen tylla saçlaryň atyň göwsüne deňiç gelen owsunyna haýran galan jansyzyň elindäki gylyjy bolsa duýdansyz toýnaklaryň awusy bilen zyňylyp gitdi. Garaşylman durka gözele öwrülen ýigdekçede agöýlilere mahsus çalasynlyk bilen ony ýene-de tanapa salyşyna nirdesiň gelen yzy diýip ony serhede garşy alyp gitdi. Ýogyn ýüpüň ujyny mekir aýýaryň öz münüp gelen atyna berkidibem “Kim bolsaňam bilip goýgun, dost bolup gelene oguz töri açykdyr. Emma seniň deýin bu ýerleriň asudalygyna, bagtyna göz dikip gelene jähennemiň düýbi görkezilýändir biziň illerde. Ýöne bu gün ser bersede ýer bermedik oguzlaryň ynsanlygy bilen amanatyňy Eýesiniň özüne goýup seni gelen yzyňa kowar men. Goý, bu aýdanlarymy özüňi ýollanlara hem ýetir, özem bulary Tugra begiň gyzy Mahynur söýledi diýgin!  Eger dünýe dursa oguz iliniň törüni hem hiç kes bozup bilmez, çünki bu Hakyň permanydyr! ” diýdi-de gara pälli gelmişegi atyna baglap öz iline tarap kowup goýberdi. Henizem janynyň tenindedegine ynanmaýan ýaly galdyrap, bagly gollary bilen atyň loňkuldysyna goşulyp entirekläp barýan aýýara ençe menzile çenli seredip duran gözel eýýäm goňşy jansyzlaryň kakasynyň ýarawsyzlygyny aňyşlaryna haýran galdy. Kakasynyň derdine em boljak şol ýyldyz kyssaly oty tebibe ýetişdirmek üçinem ýaňky aýýara duşmazdan ozal ençeme günki uzak gözleglerinden soň hut şu gün tapan otuny gysymyna berk gysyşyna-da badyny gowşatman ýerdäki tuwalgasyny aldyda-da, daňyň ümüş-tamşynda gümezekläp duran ak öýlere tarap ýol aldy. Ençeme gün bäri tapylman nesibesini hut şu güne çekdiren şol otyň hikmeti ony jansyza gabatlaşdyran ýaly baryny bähbide ýorşuna erkek lybasy bilen ak öýlülere görünmezden bosagasyndan ätlemegiň aladasy bilen howlukdy. Eýýäm Gün eňegini ýerden göterende bolsa onuň kakasynyň derdine em bolmaly şol hikmetli oty tebibiň gollaryndady. Tapmasy örän hylalla bolan, emma emine şek ýetirip bolmajak otuň gudratyna bil baglan tebibiň gözlerindäki umydy, kakasynyň ýüzündäki çirksiz ynamy görüp gyz ertirki ýaramaz ýagdaýyň tolgunmasyny ýüreginden kowmaga synandy. Emma şindem bu mukaddes topraklara göz dikilýändigine bolan gazap onuň endamyny çalaja saňňyldadýardy, bu zatlary kakasyna duýdurmajak bolup aladalanýan gözler bolsa howsalaly balkyldaýardy. Ol häzir diňe bir zada kakasynyň sag-aman aýaga galmagyna we şonda hemme zadyň gowy boljakdygyna ynanýardy. Çünki onuň kakasy Tugra beg hut şu jelegaýlarda bu eziz topraklaryň eldegrilmesizligi ynanylan agöýlileriň serdary, jansyzlaryň, aýýarlaryň ençe menzillerden injigini sandyradan serkerdedi. Indi tas bir aý bäri derdinden aýňalyp bilmeýän serkedäniň öz çäginde görünmezligi eýýäm goňşy ülkäň jansyzlarynyň şübheli nazarlaryndadygyny ol hiç kes aýtmasada duýýardy. Hut şonuň üçin hem ol bu dert bilen göreşde erjellik görkezýärdi, çünki dertden basyldygyň birazajyk hem bolsa öz iliňiň syrlaryndan jansyzlara yş berdigiňdi. Bu bolsa damarynda oguz gany aýlanýan ynsana ölümden hem çökderräk gelýärdi. Aslynda ynsanyň däl-de onuň ynamlarynyň ýeňýän dünýesinde hemmeleriň ynamyna garylyp göz diken şol hikmetli oty serkerdäni garaşylşyndan hem çalt aýaga galdyrdy. Ýene-de serdarlarynyň aralaryna dolananyna begenen agöýlüler serhetleriň goragynda özlerini has ynamly alyp bardylar. Barynyň gowulyk bilen jemlenenini görüp ynjalan Mahynuram ýyldyz hikmetli otuň gözleginde sataşan aýýary hakda dil ýarmady. Emma onuň ýüregine gömen ol wakasy “Dogry gelen keýigiň iki gözünden özge aýby ýok edip”garaşylman durka goňşy ülkeden sawçy bolup gelen şazadanyň ertekikybap gürrüňlerinden aňyldy duruberdi. Ilçi ýa-da sawçy bolup geleni gapysyndan kowmadyk agöýlilerem nämäniň nämedigine hut şu pursat düşünip galdylar. Öň hem at ýaraga, söweş emellerine uçugy düşen gyzynyň beýle dogumyna Tugra begem ynanjagynam, ynanmajagynam bilmedi. Agöýlüligiň arkasyndan çörek iýýän beýleki serkerdeler bolsa bu aýdylýan wakany duýmaýyşlaryna haýran bolup gyza buýsanjaklarynam, özlerini köteklejeklerinem bilmän oýurganyp doňup galdylar. Mahynur bolsa şazadanyň dogumy özüni yşga kökerenem bolsa muny boýun alasy gelmän bialaç urundy. Şonuň üçin hem özüne sala salanlara “Oýlanmaga puryja bersinler” diýip özüniň we bu topraklaryň ykbaly hakynda ençe günläp ak öýüň böwründe sarsman oturşyna çuňňur oýa batdy. Goňşy ülkäniň şazadasynyň merdanalygy, dogumlylygy hakynda ol öň hem eşitmän duranokdy, emma edil şol şazadanyň sawçylarnyň öz gapylaryndan girip geljegi welin onuň ýatsa-tursa pikir oýuna geljek zat däldi. Şeýle mertligiň ýüzüne kese bakmak ynsanlyga gelişmeýän hem bolsa agöýliniň gyzy bolup göbek ganyň daman topragyna “hoş” diýip, bagtyňy saýry ülkeden gözläp gidibermegem oguz gözelleriniň ykbalynda henize bu güne çenli görülen ahwal däldi. Oguzlaryň ata-baba al gany bilen goralyp gelýän bu mukaddes topraklaryna ebedi sadyk bolup galmak bilen şazadany hem hiç hili kinesiz, mukaddes söýgüniň ýüzüne şarpyk çalmazdan “ýagdan gyl sogrulan ýaly” edip ugradyp goýbermegiň ugrunda kän oýurganan gyz ahyry matlabyny kakasyna söýledi. Şol matlapdan soňam Mahynuryň goýan şerti şazadany ýene-de bu ýerlere alyp geldi. Şerte görä şazada diňe at çapyşykda Mahynurdan üstün gelse öz illerine toý şatlygy bilen dolanyp biljekdi.
        Ine-de iki juwany synaga saljak şertiň bellenilen güni. Özüne, özündenem beter bolsa atyna göwni ýetýän şazada bedewine ykjam gamçy çaldy-da, Mahynuryň atlanan Ýyldyrymyna goşulyp märekäniň şowhunyna garylyp nirdesiň pellehana diýip süýnüp gitdi. Diňe iki juwany däl, eýsem özgelerem tolgundyran ýaryşyň şowhuny dik göge göterildi. Bir-birinden galmajak bolýan bedewler Arşa uçup giderli göründi. Şazadanyň bedewiniň badynyň hem özünden galman gelýänini gören Mahynur öňden oýlanan pirimine dogurlap – atyny has çägesöw ýerlere tarap gyssady. Şazadanyň  aty hem Ýyldyrymyň  ugry bilen ugurdaş gopdy. Ýöne öň diňe dag ýollaryna öwrendikli bedewiň hyjuwy öňe süýünsede, toýnaklary suw ýaly akyp ýatan çägäniň diline düşünmän dura-bara Ýyldyrymyň badyna eýermän başlady. Pellehanadan şowhun bilen geçip giden Mahynur bolsa ýeňişini baýram etmegiň ýerine şazadanyň ahmyrly göreçlerine bakyp bilmän “Barysy kysmatdandyr” diýip ysgynsyz pyşyrdady-da, Ýyldyrymyň bady bilen gözden ýitdi. Watanyny bagtyna çalyşmadyk ol gözeliň öz kalbynda mazaryna alyp gitjek müýni bolsa hiç kese duýulman galdy. Diňe onuň gözlerini baky ýummazdan ozal aýdan “Sebäp bu ýer meniň topraklarym” diýen iň soňky jümlesinden nämedir bir zat aňmak islän agöýlilerem ony öz nesillerine çyna berimsiz rowaýat edip aýdyp berdiler. Mahynuryň ýüreginde äkiden hakykaty bolsa dünýäniň düzlerine sygman melekleriň ganatlary bilen Arşa göterlip gitdi. Oguz sähralarynyň her daban ýerini paý-pyýada gezen derwüşiň bolsa, aýlanyp-öwrülip iň soňunda hem Mahynuryň mazarynyň ýanyny mesgen eýlemesiniň syryny welin, ähli zatlary Bilijiniň özünden özgesi bilmedi...

Aknur ROZYÝEWA. 

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 32 | Добавил: Has | Теги: Aknur Rozyýewa | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: