12:55
Adamzady halas etmek -3/ dowamy

* * *

Täzeje gara «Mersedes» hälki iki gat jaýyň öňüne gelip saklandy. 
– Tanarmyka? – diýip, Bekki mugallym maşyna garap ýylgyrdy. Maşynyň  öň oturgyjynda çykan adam  howlukmaçlyk bilen yzky gapyny açdy. 
Maşynyň gapysy açylmaga mähetdel, şol, telewizorda häli-şindi görlüp ýörülen Wladimir Putin berdaşly hem-de gujyrly, owadan gadamy bilen maşyndan salykatly düşdi-de, ýüzüni galdyrman, durşuna gujur bolup duran bady bilen, göni Bekki mugallyma tarap ýöredi. Bara barmana onuň aljyraňňy, horja, kiçijik göwresini, edil, bürgüdiň ganatlary ýaly gerip, mähirli gujaklady-da, ýaňaklaryndan ogşady. 
– Oý, Bega! Brat moý, radnoý! – diýip pyşyrdady. Soň gyzgyn ýüzüni onuň kükregine goýup, ep-esli  saklady. – Bega, eziz dogan, sen nädip meni tapdyň?! Brat moý, radnoý, radnoý moý! 
Bekki mugallym ilki näme diýjegini bilmedi. Soň birden: 
– Wolodiýa! – diýdi. 
Wladimir Wladimirowiç Bekki mugallymyň ýüzüne dikanlap bir seretdi-de: 
– Üýtgemänsiň, ýok, sen üýtgemänsiň? – diýdi. 
Ol ony has mähirli gujaklap, nämedir bir zatlar diýdi. Bekki mugallym  ýylgyrdy-da, indi onuň özi Putini gujaklap başlady. 
– Doganym, gardaşym, mähribanym – diýip, türkmençe samrap başlady. Soňam: – Brat moý, bratişka moý, ýedinstwenni moý! – diýdi. 
Putin soň Rejep bilen gadyrly görüşdi. 
Soňra olary giň, goş-golamy baý, ýagty otaga alyp bardylar. 
Wladimir Wladimirowiç  Bekki mugallyma giň hem-de ýumşak diwany görkezdi. 
– Geç, doganym, bileje oturaly. 
Ol Bekki mugallymyň gapdaljygyna gelip, ony gujaklap oturdy. 
– Görsene, bu ykbaly. Bize duşuşmak bar eken. Men seniň maňa eden ýagşylygyňy hiç haçan unudan däldirin. Seni her gün ýatladym. «Trud»,  «Sowetskaýa Rossiýa», «Izwestiýa» gazetlerinde seni idegläp, seni sorap  çykyş etdim. Emma hiçisinden derek tapmadym. Adyňam, ataň adynam, nirelidigiňem unudypdyryn. Aslynda, sen özüň bilýäň-ä, men siziň çasyňyzda gaty az wagt boldum-a. Olaryň barynam seniň bilen geçirdim-ä. 
Ol azajyk oýa batdy-da, sözüne dyngy berdi. 
– Bolsa-da, sen mert ekeniň, öz doganyňy gözläp tapdyň. Sen menden mert çykdyň. – Ol Bekki mugallymy mäkäm gujaklap, gözlerini aýasy bilen süpürdi. – Alla ýalkasyn! 
Ol Bekki mugallymy ýene gujaklady. 
– Doganym, eziz doganym. Özüň nähili? Seni juda göresim, tapasym, şeýdip bagryma basasym geldi. Alla şaýat başarmadym. 
Bekki mugallymyň hem gözleri balkyldady. Ol: 
– Menem – diýjek boldy. Emma gözlerinden yňdarlyp gaýdan dury monjuklar, ýüreginiň gatlarynda birden pagyş-para erän begenç bulagy onuň damagyna dykyldy. 
– Zyýany ýok, indi hiç wagt aýrylyşmarys. Meniň senden başga doganym ýok. Sen meniň ýalňyz doganym – diýip, Putin hem demligine agram salyp aýtdy. 
Olary agşam naharyna çagyrdylar. 
Üýtgeşik-üýtgeşik nazy-nygmatdan, dürli salatlardan dolup duran stoluň başyna geçensoňlar, Wladimir Wladimirowiç özüne içgi guýulan näzikden owadan, dury bulgury eline aldy-da, ýerinden turdy. 
– Meniň eziz doganym, meni küýsäp, meni görmek üçin gelipsiň. Hakyky dogan, hut, şeýle bolýan eken. Ýöne, hakyna bakanda  öz minnetdarlygymy aýtmak üçin, onuň ýanyna özüm barmalydym. – Ol bulgurynyň daşyna barmaklaryny alady-da, başyny ýaýkady. – Doganym ýene menden mert çykdy. – Ol  ýüzüni ýumşajyk bürüşdirdi. – Şol gije men ölmelidim. Sowuk garyň astynda telim ýyllap ýatan agyr mina edil meniň aýagymyň astynda partlady. Maňa agyr şikes ýetdi. Bega dogamym hem agyr ýaralanypdyr. Şonda-da ol şol syrgynly, ýerden göge çenli gar-buz bolup ýatan janyňy alyp barýan sowuk, aýazly gije meni ellerinde göterip, Karatübe obasyna getiripdir. Onuň aýagyndan jorlap gan aksa-da, ol özüni unudypdyr, emma meni  taşlap gaýtmandyr. Aralyk on bäş kilometrlik ýol eken. Ol meni keselhana getirensoňam, maňa şol halynda öz ganyny beripdir. Tä, özüme gelip, meni merkeze alyp gaýdýançalar, ol meniň başujumda oturdy. A men?! – Ol bulgursyz aýasy bilen gözlerini syldy. Soň başyny hesretli yrady-da, içini çekdi. – Mertligiň şunuň ýaly belent derejesini diňe, çyn dogan edip biler. – Ol Bekki mugallymyň ýanyna geldi-de, elindäki bulgury-zady bilen ony mäkäm gujaklady. – Sag bol, doganym! Seniň saglygyňa! Meni bagyşla. Meniň bilen deň bolma. – Ol bulgury başyna çekdi. 
Olar üç bolup, bir salym oturdylar. Soň, öý eýesi sagadyna seretdi. 
– Men häzir gitmeli. Çeçenistandan ýörite delegasiýa gelmeli. Şolary sagat dokuzda kabul etmeli. – Ol Bekki mugallyma garady. – Bega, siz bärde bolarsyňyz. Ýekşenbe güni Peterburgdan ejem gelýär. Seni ýörite görmäge. Aýalym, gyzlarym bolsa, Moskwada saňa garaşýarlar. Oňa çenli şu ýerde dynç alarsyňyz. Özüňizi  hemme taraplaýyn bejerdersiňiz. Men her gün  gelip, sizden habar alar duraryn... 
Ol Bekki mugallymy gujaklap: «Bolýarmy?!» diýdi. 
Bekki mugallym «Bolýar» diýen manyda başyny atdy.
Öý eýesi daş çykjak bolanda Rejebi daşary çagyrdy-da, Bekki mugallyma ýüzlenibem: 
– Bolýar, Bega, duşuşýançak diýip, çykyp gitdi. 
– Näm bold-aý! – diýip, Bekki mugallym ep-esli eglenip gelen Rejepden sorady. – Ýa bir ýalňyşlyk goýberdimmi?! – diýip, ol müýnliräk sorady. 
Rejep ýylgyrdy. 
– Ýok-laý, Woraşil. Seniň obadaky durmuşyňy, ýaşaýyşyňy sorady. «Ýöne, dogryňy aýt» diýdi. 
– Sen näme diýdiň – Bekki mugallym alada bilen sorady. – Gaty gowy diýdiň dälmi?! 
Rejebiň keşbi çynlakaýlaşdy. 
– Men-ä mugallym sögseňem, käýeseňem, ýalan sözläp bilmedim. Hakykaty aýtdym. Sebäbi, ol adamlar how, iki gözüň garaçygyna seredip, içiňdäkini bilip durlar-a... 
Bekki mugallymyň nar suwy sepilen ýaly garaýagyz ýüzi ganjardy. 
– Sen köne korownigem aýtdyňmy? 
– Näme üçin  men  ýalan sözlemel-äý? 
Bekki mugallym ýerinden turdy-da koridora çykdy. 
– Sen düşün, Rejep, türkmen öz dostunyň ýanynda kiçeleninden, ölenini gowy görýändir! Kim saňa ol zatlary aýt diýdi. Sen meni masgara eder ýaly, kim? Sen meniň aýbymy ýapmaly halyma, ony ile ýaýypsyň. 
Ol şol bada ikinji gata çykdy-da, täzeje eşiklerini çykaryp, Aşgabatdan geýip gelen eşiklerini geýdi-de, Rejebe barmysyňam diýmän, tokaýa urup gitdi... 

* * * 
Dynç güni Putiniň özi ir bilen daça geldi. 
– Ýöriň, gideliň! 
Bekki mugallymyň keýpi diýseň, kökdi. Geçen dört bäş günde onuň ýüzi agaryp, doluşan, owadanlaşan ýaly bolupdy. Ol: «Degişýän-how, men seni synap gördüm, heý menem seniň syryňy açarynmy, ýoldaş Worşil» diýensoň, Rejebem bagyşlapdy. 
– Iň esasy zat, ejem öz ikinji ogluna garaşýar. Maňa ene bilen ogluň duşuşygyny synlamak, juda mukkaddes hem-de gyzykly. – diýip, Wladimir Wladimirowiç  ýylgyrdy. 
Olar täzeje «Mersedese» üç bolup mündiler. Rejep öňe geçdi. Putin Bekki mugallymyň gapdalyna mündi-de, ony gujaklap, çep elini onuň egnine atyp oturdy. Maşyn ýola düşdi. 
– Bilýäňmi, näme? Käte-käte düýşüme şeýle bir zatlar girýär. Bir görseň elim düýrme gylyçly, mes ata atlanyp, onlarça, ýüzlerçe ak, gara  telpekli adamlar bilen garyşyp, duşmanyň  üstüne atylyp barýan... 
Bir görseň, ýagşyzada kysym, gara telpekli, nurana, gyrmyzy donly, ak sakally, gojalar bilen ak öýüň içinde gürleşip otyryn. Şonda, ömür-baky şolar bilen galasym gelýär. Olar diýseň mähriban adamlar. «Biz seniň ata-babalaryňdyrys» diýip, ýylgyryşyp otyrlar...
– Seniň aňryň hakykatdanam türkmen bolaýmasyn?! – diýip, Bekki mugallym gülüp aýtdy. 
Putin: 
– Meniň ganym türkmeniňki bolsa, başga näme gerek, saňa. Bu gan, bu gan keramatly gan. Onuň gudratyny sen goýaý! Ýogsa men nire, bu uly ýurduň Prezidenti bolmak nire?! 
Olar gülüşdiler... 
«Mersedes kerweni şähere girdi. 
– Elbet-de, Prezident bolmak aňsat wezipe däl. – diýip, Putiniň özi dillendi. – Diňe çeçen meselesiniň özem bir ömrüňe iş! Niresinden barsaň, wawwaly mesele bolup dur. Olaryň delegasiýasy geldi. Ne olar biziň öňe süren şertlerimizi kabul edýär, ne-de bize kabul ederlik şertleri hödürleýärler. Bir çukura tüýkürip bolanok. Çeçen halky hiç köşeşenok. 
Bekki mugallym Rejebiň ýüzüne seretdi-de, türkmen dilinde gepläp başlady. 
– Eziz doganym, Çeçen halky, çeçen ýurdy barada ýekeje iş etmeli! – Rejep onuň sözlerini rus diline bada-bat terjime etdi. 
– O nähili iş? 
– Olara öz öýüni, ojagyny watanyny bermeli! Olaryň hem adamdygyny ýadyňdan çykarmaly däl! Ruslar, baryp, on ýedinji asyrdan bäri, Çeçen halkyna gan ýutdurma kemini goýan däldir. Olaryň üstlerine baryp, adam ganyny edil derýa ýaly akdyryp geldiler. Heý, namys derýasyna, gözýaş derýasyna gark bolan halkam bir köşeşermi?! 
Putin aşak garady, ýöne elini Bekki mugallymyň egninden aýyrmady. 
– Her bir şahsy meselesi, ýa-da döwlet meselesi çözülende, hökman özüňe basyp görmeli. Eger seniň çagajyklaryň gülüp-oýnap otyran otagyň penjiresine bir päli gara ýezit gelip daş zyňyp, aýnaň gözüni döwende çydajak bolsaň, şonda iliň penjiresine daş zyňmaly. Çeçenler Moskwa çozup, halky gyryp, öýler, ojaklara gan çaýkasa, ors çydarmy?! – Bekki mugallym Rejebiň ýüzüne garady. Rejep ýüzüni sypjyklatsa-da, onuň sözlerini rus diline terjime etdi. – Onda näme üçin, orslar Çeçene çozmalymyş! Olaram Allanyň guly, orslaram Allanyň guly. Özi gulka, ol halk näme üçin başga bir halkyň üstüne han bolmaly?!Olara-da Alla ýaşamaga hak-hukuk berendir. Şony ýatdan çykarmaly däl... 
– Gaty dogry! – Putin Bekki mugallyma has gysmyljyrady. 
– Gaty dogry aýdýaň, doganym. Olar hem adam. Olaryň hem bagtly, eşretli ýaşamaga, nesiller öndürip, toýlar tutup ömürler sürmäge hak-hukugy bar. Biz, elbetde, kanun diýip, adamçylygy unudýarys. Bu dogry.. 
«Mersedesleriň kerweni Kremliň gadymyýetiň haýbatly ruhuny saklap oturan owadan gujagyna emaý bilen  gelip girdi. 

* * * 
Putiniň gyzlary elleri ter çemenli, meýdançada garaşyp durdylar. Aňyrda olaryň ejesi, ýene bir mähriban aýal ýylgyryşyp durdylar. 
Putin gapy açylaryna mähetdel, böküp maşyndan düşdi. 
– Ine, meniň eziz doganym geldi. 
Putiniň gyzlary ylgap gelip Bekki mugallymy maşyndan düşürdiler. 
– Wot, dýädiýa Bega! 
– Zdrastwuýte! 
– Zdrastuwuýte! 
– Salam. 
Putin Bekki mugallym bilen öz maşgalasyny tanyşdyryp başlady. 
– Ine, bu aýalym, Lýudmila Aleksandrowna! 
Begmyrat türkmenleriň maýa ýaly diýýän maşgalasy bilen elleşip salamlaşdy. 
Putin gyzlaryna bakan ýöredi. 
– Ine, bu meniň uly gyzym, Mariýa! – Mariýa Bekki mugallyma owadan gül-çemen gowşurdy-da, başyny egdi. 
Aleksandr Aleksandrowiç  kiçi gyzynyň ýanyna bardy. 
– Bu meniň kiçi gyzym, Ýekatrina! – Ýekatrina-da, bu hormatly myhmana öz  gül-çemenini gowşurdy. 
Ol  Bekki mugallymy öz ejesiniň ýanyna alyp bardy. 
– Bu bolsa, ikimiziň ejemiz Mariýa Iwanowna! 
Ol aýal Bekki mugallymy mähirli gujaklady. 
– Mähriban oglum, Taňry ýalkasyn. Wolodiýa maňa hemmesini gürrüň berdi. Taňry ýalkasyn. 
– Mama, mamoçka! – diýip, Bekki mugallym ol aýaly gaýta-gaýta gujaklady – Mama, mamoçka maýa! 
Olar uly şowhun bilen jaýa girdiler... 
Rejep Aşgabatdan alyp gelnen sowgatlary bir gujak edip otaga getirdi-de, olary Bekki mugallymyň öňünde goýdy. Bekki mugallym sowgatlaryny öz eli bilen paýlaşdyrdy. 
Mariýa bilen Ýekatrina özlerine getirilen ýüpek çabyt dony geýip, owadan kümüş şaýlary dakynyp, otagyň içinde begençlerinden ýaňa guş bolup uçaýjak boldylar. 
Lýudmila Aleksandrowna bolsa özi üçin alnan çyrpy gülli dony egnine geýdi. Bu don türkmen maşgalasyna meňzäp duran etli-ganly zenana şaplaşyp, onuň görk-görmegini telim esse artdyran ýaly boldy. 
Wladimir Wladimirowiçe bolsa ak telpek, gyrmyzy don geýdirdiler. 
Mariýa Iwanowna bolsa, kümüşden ýasalyp, ýüzüne tylla çaýylan gülýaka, owadan gülli türkmen jorabyny, türkmen eneleriniň halap dakynýan ýüň ýaglygyny berdiler. 
– Duruň! – Bekki mugallym esasy sowgadyny gözledi. Tapmansoň Rejebe – Maşynyň yzyndadyr, bar, alyp gelsen-e! – diýdi. 
Rejep timarlanyp baglanan kagyz haltany alyp geldi. Ol maşyndan düşürilip getirilip, koridorda goýlan eken. 
– Eto, ot nas, snahu! – diýip, ol ajaýyp sur baganasyndan  nepislik bilen tikilen sur bagana possuny Lýudmila Aleksandrownanyň egnine geýdirdi. 
– O-oh-ho! Eto, da! – Putin başyny ýaýkady. – Görsene, ajaýyp, ajaýyp zat!.. 
Bekki mugallym tolgunyp, ikinji gaby açdy. Onda owadan bagana possuny alyp, Wladimir Wladimirowiçiň egnine atdy. 
– Bu meniň eziz doganyma! 
– Ajaýyp eken – diýip, ol possun bagananyň synlaryny sypalady. 
Bekki mugallym başga bir uly düwünçegi açman öý eýesine uzatdy. 
– Ine, muny bolsa, Türkmenistanyň Prezidenti: «Menden sowgat» diýip iberdi – diýip ullakan gara çemodany orta goýdy... 
Gyzlar Bekki mugallymy haladylar. «Däde Bega» diýişip, ondan Türkmenistan, Garagum çölüniň jöwzasy, obalaryň ýaşaýyş durmuşy barada gyzygyp soraýardylar. 
– Ogluňyz barmy? – diýip, Katýajyk näzikden akja, edil bir bägüliň ýaprajygy ýaly, ýaňaklaryna nar suwy sepilen ýalyjak edip sorady. 
– Bardy, arman, indi ýok! 
– Ýogaldymy? 
– Ýok – diýip, Bekki mugallym gussalyja ýylgyrdy – Alla olary özüne ogullyk edip aldy. 
Nahardan soň gyzlar ýene Bekki mugallymyň ýanyna gelip, onuň goltugyna giräýjek bolýardylar. Olary garry eneleri beýleki otaglaryň birine çagyrdy. Soň onuň özi Bekki mugallymyň ýanyna gelip, diwanyň bir gyrajygynda bir gysymjyk bolup oturdy. 
– Oglum, sag-aman geldiňizmi?! Janyňyz sagmy, maşgalaňyz gurgunmy? Sowgatlaryň üçin  sagbol, oglum. – Soňra ol  Bekki mugallymy sowala tutdy. 
Putiniň gyzjagazlary bilen gepleşip, gülüşip-degişip, Bekki mugallymyň  dili açylyşypdy. Indi onuň bir wagtlar bilbil bolup saýran sözleri ýadyna düşüp başlapdy. 
– Hawa, ene! – diýip ol arkaýyn aýtdy. – Hemmesi gurgun, size salam aýtdylar. 
Mariýa Iwanowna  Bekki mugallymyň ýüzüne ynjyly garady. 
– Oglum! – diýdi. – Sen meniň Wolodiýamy ölümden halas edipsiň?! Muny maňa Wolodiýa ýap-ýaňy aýtdy. – Ene könelişen gözlerini süpürdi. – Ol gullukdan agyr ýaraly bolup gaýdyp gelenden soň Moskwanyň keselhanasynda ýatypdyr. Ýöne biz ol gullukdadyr öýdüp ýörüpdiris-dä. Ol wakalar indi ýüze çykyp ýör. – Mariýa Iwanowna Bekki mugallymyň ýüzüne dikanlap garady. – Sen bolan wakany maňa bir gürrüň bersen-e... Men indi şony öz gulagym bilen eşitmesem ynjalmaryn... 
Gyzlar ejeleriniň elinden tutup, ony Bekki mugallymyň oturan jaýyna alyp geldiler. 
Bekki mugallym bolşuna görä patdyk-putdygragam, döwük-ýenjigrägem bolsa, bolan şol wakany Mariýa Iwanowna jikme-jigi bilen gürrüň berdi. 
– Wah, seni Alla ýalkasyn – diýdi-de, Mariýa Iwanowna gaýta-gaýta çokunyp, ýerinden turdy-da, gelip Bekki mugallymyň maňlaýyndan ogşady. Lýudmila Aleksandrowna  bir gapdalda gürrüň diňläp oturan adamsyna ýüzlendi: 
– Wolodiýa, bu gürrüňler hakykatmy? 
– Hakykat! 
Oňa çenli gyzlar kakasynyň köneje surat albomyny alyp geldiler. 
– Bega däde, sen öz suratyňy tapyp beräý-dä! 
Begmyrat esger oglanlar tarapyndan güýmenjelik üçin alnan suratlara birlaý göz gezdirdi. Emma olaryň arasyndan özüni tapmady. 
– Aý! – diýip, ol albomy ýapyp, beýläk goýdy. 
Wladimir Wladimirowiç albomy eline aldy-da, ony dykgat bilen gözden geçirip başlady. 
Ol bir suraty eline aldy-da: 
– Tap-dy-ym! – diýip dabaraly aýtdy. 
Mariýa şol suraty kakyp aldy-da, kakasyna hem-de Bekki mugallyma çalt-çalt seretdi. Suratdakylaryň  arasyndan Bekki mugallym bilen kakasyny tanap: 
– Hawa, şolar! – diýip, ony kakasyna berdi. 
Putin  başga  bir suraty eline aldy-da, Bekki mugallyma seretdi. 
– Bega, seniň ganyňy beren başga-da bir doganyň hem bar-a! Olam seni gözläp ýör! 
– Kim? Kim? 
Putin elindäki suraty onuň gözüne tutdy. 
Bekki mugallym surata seretdi-de, misli, ol suratdan ýüzüne ýalyn çabyrap duran ýaly, başyny  howsala bilen yza çekdi-de, suraty orta taşlap goýberdi. 
– Net, net. Ýok, ýok, men ony tanamogam. Tanamak islämogam! – diýdi-de, turup, beýleki otaga geçip gitdi. 
Wladimir Wladimirowiç Bekki mugallymyň yzy bilen bardy. Ol kresloda gussa batyp oturan Begmyrady görüp, onuň ýanyna geldi-de: 
– Bega, näme boldy? – diýdi. Hany sen maňa düşündir. Ol Amerikňanyň Birleşen ştatlarynyň häzirki Prezidenti Jorj Buş ahyryn. Ol geçen güýz Russiýa döwlet delegasiýasyna ýolbaşçy bolup geldi. Şonda ony öýe çagyrdym. Ol şonda  bu alboma seretdi. Şonda ol seniň hälki suratyňy tanady. Bagryna basyp, «Doganym!» diýdi. – Ine, şu adam meni ölümden halas etdi – diýdi. – Onsoň menem bolan wakalary gürrüň berdim. Olam gürrüň berdi. Sen juda adamkärçilikli iş edipsiň-ä. Indi näme ynjaýaň? 
Bekki mugallym kreslo özüni goýbermek islemeýärdi. Aslynda, ol bu gürrüňlere indi dolanmak islemeýärdi. Emma Putin eýtdi, beýtdi, ony gürrüň bermäge yrdy. 
– Hawa – diýip, Bekki mugallym Putinem, Rejebem haýran galdyryp, gürrüň berip başlady. 
–  Men demblden soň, Moskwanyň üsti bilen öýe gaýtmak isledim. Güljan diýen bir gowy gyz bilen çagalykdan bäri söýüşip ýördüm. Güljan maňa garaşýardy. Emma kakasy Taýtar molla diýen adam ony öz baýyrak garyndaşlarynyň birine berjek bolýardy. Emma Güljan: «Ýene bir aý garaşyň» diýip, olary saklaýardy. Sebäbi  bir aýa çenli men oba barjakdy. Men Aşgabada has çalt barmak üçin Moskwadam samolýota uçmak üçin Moskwa gelipdim. Soň, Güljan bilen toý tutmalydym. 
Men «Ukraina» myhmanhanasyna ýerleşdim. Aşgabada uçmak üçin bilet aldym. Samolýot gije onlarda Aşgabada uçýardy. Men şol gün sagat altyda   «Domededowa» barmak üçin aerowokzala baraýyn diýip, myhmanhanadan çykdym. Sebäbi aerowokzaldan «Domededowa» çenli  awtobus gatnaýardy. Şoňa ýetişsem bolýardy. 
Şol günler Moskwada bütindünýä ýaşlar festiwaly geçýärdi öýdýän. Şonuň üçim Moskwa  owadandy, köp adamlydy. 
Men «Ukraina» myhmanhanasynyň öňündäki köpüri bilen aňry geçip,  metro bilen gitmelidim. Men köpürä tarap, Moskwany synlap, hiňlenen bolup barýaryn. Birdenem: 
– Ýetişiň! Kömek ediň! – diýip, biriniň dady-perýat edip gygyrýan sesini eşitdim. Men hiç zadyň pikirini etmän, ses gelýän tarapa, köpriniň aşagyna tarap ylgadym. 
Dört sany daýaw pyýadanyň bir inçejik ýaş oglany köpläp, erbet urýandygyny gördüm. Ol ýigit bolsa özüni bilmän bagyrýardy. 
Men elimdäki çemodanymy taşlap, ol ýigidi halas etmäge topuldym. Ol ýigidi urup duranlar meni görüp aljyradylar. Men jynsyz gygyrdym-da, olar bilen uruşmaga başladym. 
Uruşýanlaryň biri pyçagyny çykaryp, ýaş ýigidiň böwründen sokdy. Beýleki biri bolsa meni pyçaklajak bolup, maňa topuldy. Men onuň elindäki pyçagy depjek bolan wagtym, ýiti pyçak aýagymdan parran geçdi. 
Men ýaş ýigidiň köýnegini çykaryp, arkalaryny barladym. Onuň sumkasynda ullakan plotensiýasy bar eken. Şony iki bölüp, ýarasyny mäkäm daňdym...
Biziň uruşanlygymyzy, ýaralananlygymyzy köprüniň üstünden gören adamlar bolupdyr. Olar milisiýa habar beripdirler. Sähel salymdan milisiýanyň maşyny, «Tiz kömek» geldi. Bizi Moskwanyň 1-nji «Tiz kömek» keselhanasyna alyp gitdiler. 
Ol ýigidi bada-bat operasiýa etmäge alyp gitdiler. Meniň aýagyma düşen ýarany tikdiler. Aýagymyň ýarsyna bäş tikin düşdi. 
– Ertire çenli şu ýerde gal! – diýdiler. Sorag etdiler, protokola gol çekdirdiler. Gije ýatyrkam meni ýene oýardylar. 
– Ganyň näçinji topara degişli – diýip, ýaşuly aýal wraç sorady. Men aýtdym. 
Bir salymdan olar meni hälki ýaş ýigidiň palatasyna alyp gitdiler. Hälki wraç aýal aglaýardy, hem-de: 
– Soldat, ezizim, bu ýaş ýigidi diňe sen ölümden halas edip bilersiň. Gaýrat et, bize haýpyň gelsin! – diýýärdi. 
Men olara oba biletimiň bardygyny aýtdym. Olar gulak asmadylar. Kyrk günläp, onuň gapdalynda ýatyp, zerur wagty oňa gan berip durdum. Kyrk günläp! Ol meni kyrk günläp daňyp goýdy. 
Biledim köýdi. Iň esasanam, wah, iň esasanam, Güljanym elimden gitdi. Söýgim, ähtim, mähribanym, yhlasym, umydym elimden gitdi. Aglap galdym, yzynda! 
Kyrk günden ol ýigit sagaldy. Ejesi, kakasy Amerikadan yzyndan geldi. Olar maňa «Synok, spasibo!» diýen bolýarlar. Meniň ol wagt «Synok, spasibo» gözüme görnenok. Sähel maý tapyp, otly bilen Aşgabada gaýtdym... 
Barsam, oba gugaryp ýatyr. Ejem pahyr gaýga, namysa batyp bir gysym bolup galypdyr. 
Men «Eje, bardygym toý tutjakdyryn. Hiç kime aýtman toýa taýýarlyk görübergin» diýip hat ýazypdym. Türkmenler aýdýa: «Hasap edeniň bolmaz, nesip edeniň bolar» diýýärler. Meniňkem şol boldy. 
Güljan halamaýanyna berilensoň,  men geler wagty gelmänimden soň, ejem görgüli, oňa-muňa urunypdyr. Woýennikomda, raýkoma barypdyr. Derek bolmandyr. Kimdir birem: «Bu wagta gelmedik bolsa, hat-habaram ýok bolsa, ýa ölendir, ýa-da içaly bolup, daşary ýurda geçendir» diýipdir. Ejem pahyr bu gaýgy-gussalara çydaman, arman bilen amanadyny tabşyrypdyr. 
Sähel soňam men bardym. Öýlendim. Işe başladym. Ýüregimdäki gahar-gazap bolsa, şol ýigide bolan ýigrenje öwrülip, sowap gitdi. 
Bu gün şol gazap ýene tutaşdy. 
Wladimir Wladimirowiç inçejik barmaklary bilen, gözleriniň owasyny syldy-da, uzyn, owadan boýnuny süýndirdi: 
– Erbet bolupdyr! – diýdi. Ol agyr ýuwdundy. – Ýöne, Jorj Buş seni edil Hudaý ýaly görýär. Olar soň seni gaty köp gözläpdirler. Siz gutulyp gideniňizden soň, Moskwanyň hälki aýdan 1-nji «Tiz kömek» keselhanasynda ýangyn bolupdyr. Ähli dokumentler ýanany üçin, senden habar-derek alyp bilmändirler. Soň, kakasy Amerikanyň Prezidenti bolandan soň, ol seni has düýpli gözläpdir. «Maňa şeýle uly ýagşylyk eden adamy tapman ölsem, dowzahda ýanaryn...» diýip, meniň ýanymda başyny ýaýkap oturdy. Biz  seni  hökman tapmagy kasam etdik. Sebäbi menem oňa bolan wakany gürrüň berdim. Onsoň, ikimiziň  islegimiz birleşdi. Ýöne  her näçe agtarsagam, sen ýok. Dünýäniň ýüzünde on million  Bega bar eken. Ýöne, sen ýok. Seni tapmak, seni ilkinji bolup bagryma basmak, meniň bagtyma düşdi. 
Ol ýylgyryp, ýerinden turdy-da, gelip Bekki mugallymy bagryna basdy-da gujaklady. 
– Meniň eziz doganym! – diýdi. – Gel, ol doganyňam günäsini geç. Elbetde, boljak işe çäre ýok. Geçen güni gaýtaryp getirip bolmaýar. Eger «bolýar» diýseň, men Jorj Buşa seni tapanymy buşlaýyn. 
Bekki mugallym sesini çykarmady. 
– Men, häzir – diýip, Putin öz kabinetine girip gitdi. 
Bu bolýan gürrüňlere haýran galyp oturan Rejep, kreslodan diwana geçdi. Ol öňem hüwüniňki ýaly bolup, maňlaýynyň ýaryny tutup duran gözlerini çerreldip: 
– Eý, ýoldaş Woroşil, bu gepler, bolýan zatlar çynmy, ýa-da men düýş görýänmi?! – diýdi. 
Bekki mugallymyň ýadyna oýun düşer ýaly däldi. Ol: 
– Çyn! – diýip, öýkeli hüňürdedi. 
– How, ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jorj Buş-a! – diýdi. – Olam gaty uly adam-a! 
– Bolanda maňa näme?! – diýip, hälki ýatlamalar bilen derdi gozgan Bekki mugallym gamgynrak aýtdy. 
– A seniň Güljan diýýäniň Taýtar mollanyň gyz-a, häzirki birinjiniň aýal-a, ol. 
– Bolanda näme? Indi ol zatlaryň  maňa bir köpüklik ähmiýeti ýok. 
Rejep şatlandy. 
– Men indi düşündim, Taýtar mollanyň seni näme üçin ýigrenýänine. Düşnük-li-i! 
Bekki mugallym sesini çykarmady. Içeri Putin girdi. Ol dabaraly äheň bilen: 
– Gelýär! – diýdi. 
Lýudmila Aleksandrowna, gyzlar oňa haýran bolup seredişdiler. 
– Eger, gizlin bolmasa, kimiň gelýändigini aýtsaňyzlaň? 
Putiniň hor ýüzündäki gyýma gaşlary uçup-gonup başlady. 
–  Jenap Jorj Buş öz eziz dogany Begany görmäge, Moskwaa, ýoldaş Putiniň öýüne myhmançylyga gelýär... 
– Ur-ra-a!!! 

(Dowamy bar)...

Категория: Powestler | Просмотров: 69 | Добавил: Has | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 4
0
1  
Şu awtoryñ adyny eşdip gorenim yadymda ýok. Bardr goylan zatlarnyñ baryny okap cykdym. Kitaphanañyzada bir goz ayladym welin kitap alyp bilmedim. Belki, kyn dushmese beýleki eserlerinem goyarsyñyz?!. Gyzykly yazyan ekeni.

0
2  
Говы.язылыпдыр

0
3  
Гаты тасирли сагболсун автора Туркмени Бейикде горкезя язгыда

0
4  
Довамына гарашяс

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: