18:04
Adamyñ ölüm bilen darkaşy

ADAMYŇ ÖLÜM BILEN DARKAŞY / edebi filosofik söhbet

(Ruh hem ölüm)

Ruhuň hem ruhy gymmatlyklaryň manysyny ölüm diýen filosofiki mesele arkaly oňat göz öňüne getirip bolýar. Adamzadyň taýpa, halk, millet bolup köpçülikleýin ýaşamagy eklenç, maddy meseleleriň çözgüdini ýeňilleşdiripdir. Edil şonuň ýaly-da, bileleşip ýaşamak ruhy meseleleriň hem çözgüdine ýardam beripdir. Güzeran tejribeleri ýaly, akyl hem ruhy tejribeler nesilden nesle geçip, milletiň bitewüligini öňküden-de berkidip gelipdir. Ruhy gymmatlyklar milletiň hiç mahal yrylmaz içki daýanç nokatlarydyr.
Bu hakykat ölüm diýilýän närsä gatnaşyk babatynda-da özüni bildirýär. Atalar hemişe ogullarynyň mert, dogumly, durmuşa ukyply bolmagyny isleýärler. Ogullaryň her hili kynçylyklardan gorkmazak adamlar bolmagyny isleýärler. Durmuşa ukyplylyk ölüm babatynda ölüme çydamlylyk hökmünde ýüze çykýar. Adamzat ölümi ruhunyň belentligi bilen ýeňýär. Adamzat ýaşaýşynda bu ölüm diýilýän hakykat gaty köp zatlary kesgitleýär, ölüm ruhy gymmatlyklaryň hilini we tebigatyny kesgitleýär. Ynanç, ahlak, ar-namys ölüme garşy göreşde gazanylan ruhy gymmatlyklaryň hataryna girýär. Ölümiňi boýun almak, oňa boýun bolmak iň uly mertlikdir. Watançylygam, wepa-da, milletiňi söýmegem şol mertlikden başlanýar. Watanyň hem milletiň najatlary bilen deňäniňde, öz janyň hiç zatdygyny boýun almak beýik ruhuň alamatydyr. Adam zerur mahaly özüni ölüme berýär, öz ölümi bilenem ol milletiň ömrüniň dowamatyny üpjün edýär.
Emma janyňy bermek giň ýerde gürrüň edendäkisinden has çylşyrymly meseledir. Jan süýji, ony bermek hem salkyn saýaly agajyň aşagynda lezzet alan bilen deň däl. Atalarymyzyň ölüme çydamlylyk ýörelgesi çuňňur ynançlara hem ruhy hakykatlara daýanýanlygy bilen güýçli bolupdyr. Olar bu meselede Gurhanyň hakykatyna daýanypdyrlar. Gurhany-kerimde bolsa «Jan Allatagala tarapyndan adama berilýän amanatdyr» diýen beýik ruhy ideýa beýan edilýär.
«Amanat» diýmek özüňki däl, wagtlaýyn berlen diýmekdir. Diýmek, ony bermejek bolup çytraşyp ýatmak, ony ähli özge zatlardan ýokary goýjak bolmak gözgyny ejizlik bolup görünýär. Oňa baky meniňki bolsun, galan zatlar kör bolsun diýip, talap bildirmäge hiç hili esas ýok.
Dogulýan zatlara ölmek hem mahsusdyr – her bir zadyň başlanýan hem gutarýan ýeri bar, taýagyň iki ujy bar – ine, şu ýönekeýligi bilen beýik hakykat atalarymyzyň ähli ruhy gymmatlyklarynyň ruhy-filosofik esasy bolup hyzmat edipdir.
Olar ölümiň barlygyna akyl ýetirmegiň özüniňem derdeseri bagtdygyny bilipdirler. Adam bu meselede özge jandarlardan tapawutlanýar. Şonuň bilenem adamyň ömri ýaşaýşyň üýtgeşik bir formasy hökmünde özge jandarlaryňkydan parhlanýar. Haýwanlara öz-özüni goramak instinkti berlenligi – olar üçin ölüm instinktiň derejesindäki hakykatdyr diýmegi aňladýar. Beýle tassyklama bolsa haýwan üçin ýaşaýyş, ömür hem instinkt – dogabitdi, erksiz hem aňsyz ymtylma, ten derejesindäki bir zat diýmekdir.
Ölümiň mifologiki hakykaty Gurhandan gaýdýar. Adam ata bilen How enäniň eden günäsini ýada salalyň. Olar şeýtanyň gepine gidip, gadagan edilen iýmiti iýýärler. Şol iýmitiň olaryň aň barlygynda ýüze çykaran üýtgeşikligine üns bereliň: Adam ata hem How ene şobada özleriniň ýalaňaçdygyny bilip galýarlar. Bu nämäniň alamaty? Bu olarda akylyň, ruhuň kemala gelendiginiň alamaty. Olar derrew uýat ýerlerini örtmek bilen bolýarlar. Çünki akyl hem ruh adamda utanç, haýa döredýär, ruh hem akyl ahlaky gymmatlyklaryň we ölçegleriň enesidir. Eger adam uýatlygyň nämedigine göz ýetiren bolsa, oňa ölümiň barlygyny aňlamak hem kyn däldir. Emma mifologiýada bu başgaça röwüş alýar. Allanyň diýeninden çykan adam jennetiň bakylygyndan mahrum bolup, Ýere – wagtyň hem giňişligiň duzagyna salnan edilip görkezilýär.
Jennetden kowulmak real taryhda adamyň tebigatdan saýlanmak prosesini aňladýar. Biologiki hem ruhy ewolýusiýa netijesinde adam abstrakt pikirlenme ukybyny, akyly edinýär. Bu bolsa ony tebigat jandaryndan jemgyýetçilik jandaryna, taryha gatnaşyja öwürýär. Oňa yşgy – ölümi ruhy taýdan aňlamak ukybyny-da beren ţol özgeriţlikdir.
Ýöne bu zatlaryň bary ölümiň ruhy esaslary, ölüm düţünjesi hakyndadyr.
Emma duýgy hökmündäki ölümiň psihologik esaslary hem ähmiýetlidir. Ruh akyla, psihika, jana esaslanýar.
Bu ikisiniň arasyndaky tapawudy şeýle anyk suratda göz öňüne getirip bolar:
Ruhy kämil adam ölümden gorkýar.
Ruhdan daş, ten bile ýaşaýan adam keselden gorkýar.
Soňky adam özüniň kämilligi hem derejesi boýunça janly-jandarlar deýin ölümi instinktiw duýýar. Muňa özboluşly psihiki atawizm diýmek bolar. Aslynda bu özboluşlylyk belli bir manyda adamlaryň hemmesine mahsusdyr. Özgeleriň ölýänini görüp dursa-da, adam eger-eger özüniňem öljegini doly görüp bilenok. Ölüm, hamala, onuň özüne degişli däl ýaly. Bu hatda özüniň geň galdyryjylygy bilen öz doganynyň soýulyşyna arkaýyn seredip duran, üstesine iým hem iýýän malyň arkaýynlygyny ýada salýar. Men muny illerde-de görýän weli, bu psihologik geň-taň ahwalat öz hususy tejribäme-de degişli. Bir tarapdan-a adam akyly, ruhy mynasybetli özüniň, garaz, haçandyr bir mahal ölmelidigine düşünýär, emma şol bir wagtda-da ol teni arkaly ölümi hökmanylyk, anyklyk diýip göz öňüne getirip bilenok. Illeriň ölýänini görse-de, ol hiç özüni şol orunda göz öňüne getirip bilenok. Göz öňüne getirmek üçin çalyşmasy-da gaty ýüzleý bolýar, ynandyryjylykly bolmaýar. Munuň özi täsin ahwalat, ruh bilen teniň çaprazlygyndan döreýän çylşyrymly hem üns berilmäge juda mynasyp täsinlikdir. Gutulmaz derde ýolugan bir belli režissýoryň: «Bäh, indi menem öler gidäýermikäm?» diýen haýykmasy eger-eger hakydamdan gidenok. Hassahanada ýatan segsen ýaşly gojanyň «Pylan-pylan etsem-petsemlerini» diňläp, içimizden ýaňsyly ýylgyrypdyk. Lukmanlaryň: «Indi hiç hili umyt ýok» diýip, öýüne goýberen başga bir gojasy bolsa: «Hassahanadan öýüme goýberýän bolsalar, ýagdaýym oňatlaşandyr» diýipdi. Bu ruhy däl, psihiki ýagdaýy türkmeniň «Çykmadyk janda umyt bar» diýen nakyly oňat suratlandyrýar. Jan karkara geläýmese, iliň däl, özüniň ölümini göz öňüne getirmekden adam ogly mahrum. Mundan-da beter, öz tanyş adamlarynyň ölüpdir diýen habarynyň janda birhili kanagatlanma duýgusyny döredýändigine men üns berdim. Bu duýgy gülläniň öňünden sowlup geçen adamyň başdan geçirýän duýgusyna gaty meňzeşdir. Munuňam üstesine, öz tanşynyň ölümine bar zatdan beter ol ölümiň öz ömrüniň bir bölegi bolan bir zady alyp gidýänligi üçin janyň gynanýanlygyna üns berdiňizmi?! Muňa janyň namartlygy hem hilesi diýesim gelýär. Ruhdan tapawutlylykda, jan ahlaky duýgulardan mahrum. Onuň bu hilesi Ependiniň bir şorta sözüni ýada salýar. «Tabyt göterilip barýarka, tabydyň yzynda bolanyň gowumy, öňünde?» diýip, Ependiden sorapdyrlar. Ependi: «Yzy-öňi – tapawudy ýok, tabydyň içinde bolmasaň bolýar!» diýip jogap beripdir.
Şeýlelikde, ruh bilen janyň arasynda ähli babatlarda, şol sanda ölüm babatda-da düýpli tapawutlaryň bardygyny tekrarlamak isledim.
Jan – teniň dili hökmünde panydyr, ejizdir, hiledir, bir özüni bilýän «men-menlikdir». Ruh bolsa howalalydyr, erklidir, akyla hem pikire daýanýandyr. Jan dünýäniň içinden çykyp bilmez. Ruh bolsa dünýäni-de ýeňer, ölümi-de ret edip biler. Ruh ölümden rüstem gelýär. Jan ölüm bilen gutarýar, ruh bolsa ölümden soň has hem ýokary galýar.
Jan – panylykdandyr.
Jan – nebsiň garyndaşydyr, jan hem nebis ýaly ahlaklylykdan mahrumdyr.
Janyň «men-menligini», ejizligini hem körlügini gören ruhuň hem oňa nebsi agyrýar, hem onuň bolşuny ýaňsa alýar. Ýeri gelendigine görä, ruhuň ölüm bilen baglanyşyklylykdaky iki sany ajaýyp sypatyny aýdyp geçeýin: bularyň birinjisi mertlikdir. Ruh ölümi gutulgysyz hakykat hökmünde ykrar edýär. Bu, hakykatdanam, ruh ömri düşündirmek, ömre manylylyk hem maksadalaýyklyk häsiýetini bermek meselesinde birnäçe delilleri getirip çykarýar. Muňa bolsa ruhuň döredijilik sypaty diýilýär. Hususanam, ölüm ömrüň uzaklygyny manydan gaçyrýar. Ömrüň gymmatyny uzynlygy kesgitlänok. Ömrüň gymmaty ählumumy ýaşaýşa goşan hil goşandy bilen kesgitlenýär. Ol gymmat boş, wagty ruhlandyryş derejesi bilen ölçenýär.
Ölümiň ruhy ýagdaýyndan gussaýy gymmatlyklary getirip çykaran söz ussatlaryndan üçüsini has aýratyn hormatlaýaryn. Olaryň birinjisi Omar Haýýamdyr.
Omar Haýýam sosial wagty pany wagtdan üzňelikde gören akyldardyr. Onuň beýikligi-de, pesligi-de şundadyr. Beýikliginiň sebäbi – ol wagtyň çäginden çykyp, ölüm mekanyna – wagtyň gutaryp, barlygyň ýokluga öwrülýän ýerine baryp bilýär. Haýýam ölüm derwezesinden bärik – adamzat ýaşaýşyna seredýär. Onsoň onuň gözüne wagtyň içinde durup seredilende, haýsydyr mana eýe bolýan ýaşaýyş manydan mahrum bimanylyga öwrülýär. Ýaşaýyş – bimany aýlaw. «Adamyň nireden gelip, nirä barýanlygy, näme üçin gelip, näme üçin barýanlygy belli däl. Kimdir biriniň yzyndan gelýäris, kimdir biriniň öň ýanyndan gideris» diýip aýdýar. Şu «kimdir biri» hem iň ýürek paralaýjy ýagdaýdyr. Dünýä hem ýaşaýyş Haýýam üçin öz şum näbelliligi bilen durşuna nämälimlik çalyşmasy. Şahyryň nukdaýnazaryndan adam ruhunyň diňe jemgyýetçilik manysy bar: ruh nämälimligi şertli suratda, özi üçin, ýaşaýşy wagtlaýyn sosial taýdan gurnamak üçin mälimlige öwürýär. Adam atanyň zatlara hem haýwanlara at dakyp çykyşy ýaly, adam zatlary we hadysalary öz dilinde atlandyrýar. Atlandyrmak – ýaşaýşy tertipleşdirmek, görnüşe salmak we şertlendirmek. Bu hili iş adama öz biologiki görnüş hökmündäki dowamatyny üpjün etmek üçin gerek. Diliň, sungatyň, ylmyň hem filosofiýanyň, diniň, mahlasy, adam aňynyň ähli formalarynyň düýp manysy şundan ybaratdyr, sosial wagty üpjün etmekden ybaratdyr. Şol wagtyň aňyrsynda nämäniň barlygy ýa ýoklugy meselesine, aýdaly, Älem näme, nirede başlanýar, gutarýar, asyl onuň başlanyp, gutarýan ýeri barmy, ýa bolmasa Alla näme, ol barmy-ýokmy – bularyň hijisine aňyň hem onuň formalarynyň hiç hili dahyly ýok. Hatda şol meselelere seredäýende-de, adam ruhy öz barlygynyň hajatlaryna hyzmat etmek funksiýasyndan başga zadyň hötdesinden gelip bilmeýär. Munuň özi, şeýle ýapyklyk, beýle keç aýlaw, seredip otursaň, gözgynylykdyr. Akyl-paýhas bary-ýogy adamyň ruhy hem maddy barlygyny saklamaga hyzmat edip bilýär. Bu edil möjegiň dürli häsiýetleri – dyrnagy, güýçli aýaklary, ýyrtyjylygy bilen bary-ýogy özüni ekleýşi ýalydyr.
Adam ýaşaýşy islendik başga bir biologiki görnüşiň – garynjanyň ýa möjegiň, ýa haýsydyr bir süýrenijiniň ýaşaýşynda hiç bir babatda artykmaç hem üýtgeşik däl bolup çykýar. Ol diňe «beýlekä elhalrak» diýen ýaly, öz-özüni eklemek, saklamak ukyplarynyň beýleki görnüşleriňki bilen deňeşdirilende, biraz kämilleşendigi bilen tapawutlanýar. Hususanam, adam gepläp hem oýlanyp, tebigaty üýtgedip bilýär. Ýöne bu-da, birinjiden-ä, onuň öz hyzmaty – akylly-başly, ýöriteleýin işiniň önümi däl. Ikinjiden, adamyň gepläp ýa oýlanyp, tebigaty özgerdip özi üçin edýän işlerini özge görnüşler şolary etmezden amala aşyrýar. Aýdaly, adamzat akyl bilen öz çagalaryny ekleýär, özüniň görnüş hökmündäki ömrüni uzaldýar, möjek bolsa başga serişdeler bilen çagalaryny ekleýär. Kim-kimden artykmaç bolýar onsoň?! Üçünjiden bolsa, adamyň öz artykmaçlygy hökmünde görkezýän akyly hem ruhy işi egoizmden başga zat däl, çünki ol ahyrsoňy adamyň örüsiniň tebigat tarapyndan göz öňüne tutulmadyk derejede giňelmegine we özgeleriň örüsiniň gysylmagyna, diýmek, ählumumy tebigy sazlaşygyň bozulmagyna getirýär.
Elbetde, meniň Haýýamy şu hili teswir edişim okyjyda biraz ýaňsy döremegine-de sebäp bolsa bolýandyr. Çünki men onuň aňyna mahsus bolmadyk düşünjeleri we aňlatmalary ulanýaryn. Hawa, men akyldary döwrebaplaşdyrýaryn. Emma beýtmek maksadalaýyklykdyr. Çünki onuň pikirlerini ruhuň janly faktoryna öwürmek üçin öz zamanamyzyň diline geçirmeli bolýar. Ýöne aslynda bularyň bary Haýýamda bar. Onda esasy zat – akylyň hem ruhuň çykgynsyzlygy, ölümiň öňündäki ejizligidir. Şol ejizlik sebäpli hem ol çykalgany başga ýerden – şerapdan tapýar.
Pikir etmek – göwün aldamak. Şonuň üçin göwün aldamagyň usuly bolsa şeraba ýüzlenmek. Ölüm bir diwardyr, akylyň şuglalary ol diwara degip, yzyna serpigýärler. Ondan aňyrdaky giňişlige geçmek adama berilmändir diýip, Haýýam netije çykarýar.

Bu tegelek, işigi ýok kapasa
Öz erkimiz bilen düşmedik ahyr.

Öz elimde bolsa, dünýä gelmezdim,
Munça hasrat çekip, aglap-gülmezdim.
Dogulyp, ölmekden has ýagşy dälmi,
Öňünden bereniň ömüriň muzdun.

Bu dünýäge bir pursatlyk geldik biz,
Ondan gaýgy, görgi, hasrat aldyk biz.

Paýhas düwünlerniň birinem çözmän,
Ýüregimiz dertli gaýyp bolduk biz.

Adam şahsyýetiniň ölümliligi Haýýamyň gözüne adalatsyz bimanylyk bolup görünýär. Emma näme üçin biz manyny hem manylylygy ileri tutmaly? Aslynda näme üçin ýaşaýyş manyly bolmaly, many näme? Manynyň öňe sürülmegi adamyň barlygyny düzýän zatlaryň diňe biri bolan akylyň öňe çykarylmagy, absolýutlaşdyrylmagy bolýar. Haýýamda janyň däl-de, akylyň men-menligi bar. Onuň pesligi-de şondan ybaratdyr.
Akylyň yzyna düşsek, seni nirelerden çykarmaz?! «Güman imandan aýyrar» diýlişi ýaly, Haýýamyň akyl «men-menligi» ony ahyrsoňy şübhä getirýär. Akylyň pitnesi bilen beleň alýan şübhe ynanjyň galasyny weýran edýär. Ynanjyň weýran bolmagy tutuş ruhuň mülküni çagşadýar.
Beýik Magtymgulynyň Omar Haýýam bilen meňzeş tarapy – ol hem edil soňky ýaly, adaty dünýä duýuşynyň çäginden çykyp, dünýädäki ýaşaýşyň dürüşdesine – absurdyna akyl ýetirýär. Emma bu akyl ony ynanja alyp gelýär, ony halas edýär. Magtymguly üçin bu dünýäniň panylygy o dünýäniň bakylygy baradaky pikiri öňe sürmäge esas bolup hyzmat edýär. Şonuň üçinem ölüm onda göwnüçökgünligi döretmeýär. Ölüm ähli zadyň bimany soňy, nämälimlik, ýokluk däl-de, ýaşaýşyň başga bir hile geçmegidir. Diýmek, sosial wagt munda wagtyň başga bir görnüşlerine we hillerine ýazyp gidýär. Älem hem ýaşaýyş bitewi hem sazlaşykly prosese öwrülýär.
Elbetde, Magtymguly ölümi hezillik diýip kabul edenok. Ölüm agyr ýük hem-de beýik bir adalatsyzlyk diýýär ol. Emma, birinjiden, muňa adamyň özi günäkär. Ikinjiden bolsa, ölüm diňe şu dünýäniň hezilliginiň nukdaýnazaryndan adalatsyzlyk. Bakylyk nukdaýnazaryndan ol ýaşaýşyň pursatlarynyň biri.
Ölüm iň uly betbagtlyk, şumluk hem ýowuzlyk. Ol adamyň aşyna awy gatýar, ony süýjülikden, erkden hem azatlykdan mahrum edýär. Şonuň üçinem ol adam üçin mähnet, adama edilýän iň aýylganç zulum. Emma muny tekrarlamak Magtymgulyny şübhä-de, inkärlige-de getirenok.
Aslynda näme üçin ölüme biri-birinden tapawutly şeýle iki sany gatnaşyk emele gelýär? Megerem, şol gatnaşyklar adamyň ruhy ýasawy tarapyndan kesgitlenýär. Magtymguluda tekepbirlik, «men-menlik» ýok. Şol sebäpden ölümiň adalatsyzlygy onda gargyşy, näleti döretmeýär. Tersine, ol beýle zatlary asylyk, günä diýip hasaplaýar.
Şahyr älemde iň esasy zadyň adam däldigini, adamyň islegleriniň hem bähbitleriniň absolýutlyk däldigini boýun alýar. Şonuň üçinem «men ölýän-ow» diýip sögünibermek, gargynmak, goh-galmagal etmek ahlaksyzlyk bolardy. Ömrüň gülüni çürtüp, onuň süýjüsiniň hezilini görşüň ýaly, ölümiň ajysyny-da çekmegi mertlik bile başarmaly. Adamyň «men-menlikden» uç alýan islegi çäksiz, akyly, erki hem ömri bolsa çäkli. Çäkliligiň üstünde çäksizligi gurup bolmaz. Isleg bolsa biakyllykdyr. Adamyň ýaradylyşy şeýle: ol ahyry öläýmeli. Öz isleglerinden başga zady bilmeýän jan tekepbirliginiň üstesine biakyldyr hem. Jan paýhasyň däl, teniň kategoriýalary bilen ýaşaýar: onuň diňe ýaşasy, ýaşasy, ýaşasy gelýär. Munuň özi barypýatan ýöntemlik, munda çaga bikemallygy bar. Bu nebsiň ýüze çykmalarynyň biridir. Şahyr ölümden ahlaky netijeleri çykarýar.
Aslynda welin, ölüm çözülýän mesele däl, diňe başgaça goýulýan mesele. Ruhuň her bir ägirdi öz şahsyýetine, döwrüne laýyklykda ölüm meselesini diňe özüçe goýup bilýär. Bu meselede ýaşaýyş meselelerindäki ýaly çözgüt mümkin däldir.
Şahyr öz eserlerinde ölümiň suratyny berýär. Şeýdip, ölüm diňe bir ruhy däl, eýsem estetiki ähmiýetli hadysa öwrülýär. Onuň ölümi sypatlandyryşynyň käbir taraplaryna ser salyp geçeliň.
Ölüm – aýralykdyr. Bu pikir türkmen aňynda has irki döwürlerden ýaşap gelýän pikirdir. Munuň asly: «Adam ölende ten jandan aýrylýar» diýen ynanja barýar. Emma ölümiň aýralyk hökmünde aňlanylmagy has köp röwüşli bir hakykatdyr. Teniň jandan aýrylmagy bary-ýogy biologik hadysa. Aýralygyň bolsa ruhy, jemgyýetçilik, ahlak jähetleri bar. Ölümiň netijesinde adam şähsyýeti ýakynlaryndan aýra düşýär. Adam dünýä ýekelikde gelýär, ýekelikde hem gidýär. Bu iki ýekeligiň aralygyndaky ömür adam jemagaty bilen ruhy, maddy, gan hem jemgyýetçilik bileliginde geçýär. Şeýle bilelige şeýle bir öwrenişýär welin, adam ýaşap ýörkä onuň mazmunyny ýekelikde göz öňüne getirmek mümkin däl. Bilelige öwrenişmek, durmuş bilen öwrenişmek adama ömür hemişelikdir öýtdürýär. Emma ölüm sebäpli adam bu bilelikden, baglanyşyklardan üzülýär, aýra düşýär.
Adamyň ölen garyndaşyny ýa tanşyny «aýrylan» diýip hasaplamagy, göz öňüne getirmegi täsin ruhy-psihologik ahwalatdyr. Merhum ýok bolanok, ol diňe bary-ýogy dirilerden aýra düşýär. Ýurduny täzeleýär. Şeýle pikirlenişiň aňyrsynda janyň ölmeýänligi baradaky ynanç hem, adamyň ölümi boýun almazak hötjetligi hem, galyberse-de, ölümiň faktyny-da ýaşaýşyň, diriligiň dilinde aňlatmak ýaly ruhy endik hem ýatýar.
Ölen adam hakynda «ýok boldy, ýokluga döndi» diýilmeýär, «gitdi» diýilýär. Bujagaz jümle ölüme çäk däl-de, dowamat hökmünde seredilýändigini görkezýär. Akylyň ösmegi bilen ölüm hakykaty meselesinde göwün bilen akylyň arasyna nälaýyklyk düşüpdir. Adam şahsyýeti goşalanypdyr. Adam öz eziz hossaryny ýatlap: «Sen nirelerde, sen gaýdyp gelmezmiň?» diýip hasrat çekýär. Akylyň nukdaýnazaryndan, bu sorag absurddyr, sebäbi akyl hem tejribe merhumyň hiç ýerde-de däldigini, onuň asla-da gaýdyp gelmejekdigini bilip dur. Emma şol bir wagtda-da şeýle akylyň eýesi bolan adam şol soragyny içinden gaýtalamagyny bes etmeýär. Çünki adamyň ruhy juda çylşyrymly, onuň absurda, bimanylyga bolan ynanjy, küýsegi mana bolan ynançdan-da has güýçlüdir. Hemme zadyň aýdyň, düp-düşnükli bolanlygynda, adamyň ruhy häzirkisi ýaly çylşyrymly, geň, köptaraply hem köp röwüşli çuňňur hadysa bolmazdy. Onda ruh däl, mehanizm bolardy. Ruh öz çylşyrymlylygy, düşnüksizligi hem syrlylygy bilen daşky dünýä barabar özboluşly dünýä bolup kemala gelýär. Çylşyrymly utgaşykda käbir pursatlar birtaraplaýyn aňa ýöntemlik bolup görünýän bolsa, bu ruhuň däl-de, şol aňyň pajygasydyr.
Goşalanmak prosesi soňky ýüzýyllyklarda adam ruhunda bolup geçen düýpli hadysadyr. Rasional akylyň ösmegi içki döwülişi barha güýçlendirýär, adama ruhy meselelerden baş çykarmak barha hossa öwrülýär. Ruhy telperleşen Ýewropa aňy üçin adam syr bolmagyny bes edýär. Munuň özi adamyň ruhy ýabanylyga ýakynlaşýanlygydyr. Ölüm adamy barlygyň başga gatlaklaryna atarýar. Şonuň üçinem adamyň ruhy bitewüligini göz öňüne getirmek üçin barlygyň ontologik bitewüligini dikeltmek gerek. Ruhy şahsyýet ýaşaýyş dartgynlylygynyň dürli derejeleri bolan dürli gatlaklara ýaýrap gidýär. Şu-da aýralykdyr.
Aýralyk – merhumyň yzynda galanlaryň ruhy ahwalaty, kalbyň dilinmesi. Barlygyň düýbünden seredeniňde, biz hemişe aýralykdadyrys, wysal bolsa – wagtlaýyndyr.
Men türkmen ruhunyň gazanan aýralyk kategoriýasyny sözüň hakyky manysynda filosofiki kategoriýa, aýralygy ýaşaýşyň esasy kanunlarynyň biri hasaplaýaryn. Dünýäde «meniň» bolany üçin, aýralyk bar. «Men» bolmagyň özi eýýäm aýralyk, dünýäniň özge zatlaryndan we hadysalaryndan aýrylmakdyr, «senden» we «ondan» tapawutlanmakdyr. Adamlar diňe ölenlerinde däl, entek şu dünýädekäler hem aýralykdadyrlar. Olaryň arasyndan göze görünmeýän bir gylça serhetler geçip gidýär. Hiç mahal bir adam beýlekä doly, onuň öz düşünişi ýaly düşünip, aýralykdan doly halas bolup bilmez. Sebäbi aralykda «men» bar. «Ten aýry – jan aýry» diýerdi enem pahyr. Şonuň üçinem adamyň çekýän agyry-ynjysyny onuň öz duýşy ýaly duýmak mümkin däl.
Türkmen ruhy adamlar arasyndaky  aýralygy aýyrmagyň köp gamyny iýipdir. «Iýeni aýra gidenok», «Arasyndan gyl geçenok» – bu türkmençe jümleler aýralygyň gapma-garşylygy bolan bitewüligi aňladýarlar. Millet bolmak hem aýralygy aradan aýyrmagyň bir alajydyr. 
Ölüm – biçärelik hökmünde. Magtymguluda ölüm bilen baglanyşykly köp aňlatmalar bar. Olaryň birtopary ölümi biçärelik hökmünde aňlamakdan gelip çykýarlar. Merhumy biçäre hasaplamak türkmen dünýäni duýşunyň bir aýratynlygydyr. «Pahyr, biçäre, neresse, görgüli, maňlaýygara» – şular ýaly ýürek awadyjy onlarça jümleler merhum barasynda ulanylýar.

Biçäre sen, ýer astynda ýatar sen.

Galar sen görde bagly,
Belli bir ýurda bagly.

Naçar bolup gider sen.

Biçäre sen, Hak buýrugyn tutar sen.

Şeýle garaýyş ölümi ýesirlik hökmünde göz öňüne getirdýär. Ömürden mahrum bolan adamyň nälaç obrazy adamyň ýüregini awadýar. Munuň özi ýaşaýşy özge bir tarapdan ykrar etmekdir.
Ölüm – garyplykdyr. Garyplyk aňlatmasy bu ýerde ýokluk, ýetmezçilik bilen aýralygyň manylaryny bir wagtda özünde jemleýänligi bilen çuňňurdyr.

Garybam, gamgynam, nalyş eýlärem.

Bu çölde rehm eýle garyp halyma.
Garyp ata, şum ene.

Görnüşi ýaly, ölüm bilen ulanylýan epitetler aýralyk manysyndaky ýaşaýşa hem geçip gidipdir. Munuň özi ölüm bile diriligiň tapawudynyň bir gylçadygyny görkezýär.
Ruh üçin ölüm bir esasdyr, şol esasa daýanyp, ruh filosofiýanyň hem ahlagyň delillerini agtarýar we tapýar. Ruha berýän şeýle delilleriniň hil we san taýdan agramlylygy, göwnejaýlygy nukdaýnazaryndan perzent ölümi has awuly, has agyr urgy hasaplanylýar. Şeýle ähmiýetliligi üçinem dünýä filosofiýasynda hem dinlerde bu tema uzak döwürleriň içinde giňden hem düýpli işlenilipdir. Injildäki hem Gurhandaky Ybraýym hem onuň ogly Ysmaýyl, Dawut hem onuň ogly Süleýman, hadyslardaky Muhammet we onuň ogullary bu temanyň ruhuň düýpli meseleleriniň açaryna öwrülendigini görkezýän bolsa gerek. Ölüm sebäpli adatdan daşary ýitileşdirilýän, ruhuň düýbünde ýatan ýürek hem kellagyrdyjy çylşyrymlylyklaryň ýokary galyp, ýüze çykmagyna sebäp bolýan ogul hem ata gatnaşygy müdimilik filosofiki tema bolup galypdyr. Adam ruhunyň uzak hem çylşyrymly ösüşiniň belli-belli uly döwürleri hut şu medeni formulanyň üsti bilen aňladylypdyr. Tebigat saýlanyş prosesinde adamzat aýratyn biologik görnüş hökmünde ýaşaýyş üçin göreşleri alyp barypdyr. Onuň şol wagtky ýagdaýy çagalygy ýada salýar. Çaga bolsa, elbetde, ata derkar. Onsoň, ol özüniň ruhy howandarlaryny – hudaýlary ata, özüni bolsa olar babatda perzent saýypdyr. Hristiançylykda Isanyň Hudaýyň ogly hasaplanmagy şol irki, ezeli ruhy eýýamlaryň galyndysydyr.
Adamzadyň bütinleý jemgyýetçilik ýaşaýşyna geçmegi ata-ogul formulasyny indi başga ruhy ahwalatlaryň aňladylmagyna hyzmat etdiripdir. Hut şu döwürde-de pygamberler we olaryň ogullary hakyndaky dürli sýužetler kemala gelipdir.
Perzent ölümi temasy iki sany uly ruhy meseläniň – ynanç hem bakylyk meseleleriniň gozgalmagyna  we degişli suratda çözülmegine puryja berýär. Ybraýymyň ynanjyny barlamak üçin Hudaý oňa öz eli bilen ogluny gurban çalmagy buýurýar. Ynanjyň nämedigini şu hili sýužetden oňat hem jaýdar açýan formulany tapmak mümkin däl bolsa gerek. Meseläniň şeýle goýluşy imanyň-ynanjyň barlygyny-ýoklugyny edil mähek daşy deý barlap görýär. Çünki ynanjy mal-mülk bile barlap boljak däl. Adam baýlygyny beribem, ynanjynyň ýoklugyny gizläp biler. Ynanjyň bardygyny hatda adamyň öz janyny talap edip hem anyklap bolmaz. Sebäbi ynanç juda çylşyrymly hem ynjyk ruhy-psihologik hadysa. Adam özünde ynanç bardyr öýdäýen ýagdaýynda-da onuň aslynda ynanç däl, gümanaly bolmagy ähtimal. Emma, ine, onuň perzendiniň ömrüniň bahasyny ynanjyň bahasyna laýyklasaň welin, onuň hatda aňastyndaky, onuň özüne-de bildirmeýän sap hakykatlar ýüze çykar duruberer.
Näme üçin mal-mülk däl, hatda onuň öz şirin jany däl, diňe onuň oglunyň jany ynanç subutnamasy bolup bilýär?
Sebäbi ynanç bile, iman bile bir terezide goýanyňda, mal hem, jan hem hiç zat. Adam bularyň özüne bary-ýogy wagtlaýyn berilýänligine oňat göz ýetirýär. Bular – soňsuz, dowamatsyz gymmatlyklar. Emma perzent jany – bu eýýäm adam üçin bakylyga güzer, bakylyga puryjadyr. Emma bu diňe şu dünýäniň bakylygyna güzerdir. Ahyretiň bakylygyna ýol bolsa ynançdyr. Hut şonuň üçinem Ybraýym özünde öz ogluny gurban bermäge gaýrat hem mertlik tapýar.
Ogul ölüminiň awusy Ybraýymyňam, Dawudyňam, Süleýmanyňam, Muhammediňem ýüreginde bar. Ýakut bolsa Ýusupdan diri aýralygyň jebrini çeken pygamber. Mukaddes kitaplardan gaýdýan dürli rowaýatlar halkyň aň ölçeglerini terbiýeläpdir. Hususanam, şol rowaýatlaryň esasynda dörän pelsepeleriň biri (çünki sýužet pelsepe esasynda däl-de, pelsepe sýužet esasynda döreýär): «Beýik adamlaryň şahsyýetine we ömrüne şu üç sypatlaryň biri mahsus bolmalymyşyn: ol ýa-ha juda garyp bolmaly we ir ýogalmaly, ýa-da dünýäden perzentsiz ötmeli».
Hudaý ruhy ömrüň – bakylygyň deregine, adamdan beýleki zatlar alýar. Türkmenlerde «Dünýäde at galdyrandan zürýat galmaýar» diýen pelsepe bar.
Ýöne men size başga bir ugurdan gürrüň bereýin. Perzent dagyny biziň milli şahyrlarymyzdan birnäçesi kitapdan okap däl, durmuşyň özünden tapypdyrlar. Magtymgulynyň bu temadan nähili goşgularynyň bardygyny aýdyp oturjak däl. Meniň gürrüňim Seýitnazar Seýdi hakynda. Terjimehal häsiýetli «Goşa pudagym» dessany ýaly ýüregiňi paralaýan başga bir eser edebiýatymyzda barmyka? Bu hakyky pajyga, hakyky heýhat.
Perzendiniň ata üçin nähili gymmatlydygy, arzylydygy şahyryň ata-ogul mähir hem ruhy baglanyşyklaryny görkezýän metaforalaryndan belli bolýar. Ogul atasynyň:
– ýürek örki, bagyr bagy;
– göz nury, çeşmi-çyragy;
– göz guwanjy, herne bary;
– maly-mülki, bar mydary;
– täze bagy-nowbahary;
– altyn gupbasy, täji-seri, altyn jygasy;
– bilinde kümüş kemeri;
– ýörir ýoly;
– döwleti;
– gyzyl gülnüň lälesi;
– özi guş bolsa – ganaty, özi goç bolsa – buýnuzy;
– kükrek dogasy;
– el serse – asmany, baş goýsa – ýeri;
– kuwwaty.
Men metaforalaryň bu uzyn hataryny wagt güýmemek üçin getirmedim. Bu uzyn hatary olaryň edebi-filosofiki teswiri ölümiň bakylyga, bakylygyň hem perzende gatnaşygy meselesinde köp zatlary aýdyňlaşdyryp biler diýen pikir bilen getirdim.
Ogul ölümi bilen baglanyşyklylykda ölümiň ýokluk, ýoksullyk, hije dönmek manysy açylýar. Üns berseň, ýokarky deňeşdirmeleriň hut şu hili ruhy-filosofik mazmuny bar. Obrazyň filosofik mazmunlylygy sungatyň pelsepe mümkinçiligi hakyndaky oýlanmalara iterýär. Akylyň bir formasy hökmündäki filosofiýanyň esasy alamatlarynyň biri hemişe-de pikiriň duýguçyllygy bolup gelipdi. Duýguçyllyk pikiriň janlylygyny üpjün edýär. Pelsepe ýöne bir guraksy pikirlenme däl ahyryn. Akylyň bir özi ruhy iýmit bolup bilmeýär. Onuň bilen oňňut etmek gury nany huruş edinen ýalydyr. Bu ruhuň guraksylygyna, gatylygyna hem mähirsizligine getirip biler. Hut şonuň üçinem bizde filosofiýa hemişe edebiýatyň içinde ýaşap geldi.
Ogul ölüminiň awusyny, derbi-dagyn ediji zarbasyny özünde göterýän ýokarky obrazlary estetiki aňlajak bolup göreliň. Şahyr ogullaryny ýitiripdir, bu ýitgi onuň üçin özüňi ýitirmek, ömrüňi hem ömrüň manysyny ýitirmek bolupdyr. Many-mazmun, hususanam, «meniň» mazmunyny «özünde» däl-de, «meniň» galtaşýan, baglanyşýan närselerinde şu baglanyşyklar arkaly ýüze çykýar. Şol gatnaşyklar, baglanyşyklar meniň barlygymdyr, meniň baýlygymdyr. Ogluň ata üçin şeýle manysy, mazmuny bar. Ogly ýitirmek many-mazmuny, diýmek, özüňi ýitirmek bolup durýar. Ýaşaýyş bir nägehan boşluga öwrülýär. «Boşluk» düşünjesiniň türkmen ruhunda aýylganç duýguçyllyk (emosional) manysy bar. Men özüm-ä ölüme boşluk hökmünde düşünýärin. Boşluk azatlyk hem, giňişlik hem däldir.
Boşluk – ýoklukdyr. Entek dirikä, dünýäniň ýaşaýjysyka, her bir adamyň tutýan giňişligi bolýar. Ölmek şu ontologik giňişligiň ýok bolmagydyr, boşluga dönmegidir.
Seýdiniň bu dessany adam ömrüniň boşaýşy, adamyň ýokluga dönüşi, adamyň ajal tarapyndan paýhyn edilişi hakyndaky eserdir. Şahyr ölüm awusynyň ýitiligini ýaňy çalnan hanjaryň ýitiliginiň derejesinde berip bilipdir. Aýralyk duýgusynyň kesgirligi şeýle bir täsirli, duýarlykly weli, tas endamyňy, teniňi gyýyp barýar. Sebäbi ol ölüm hasratyny teninden ötürip, süňňüne ýetirip ýazypdyr. «Goşa pudagym» syýa däl, bagryň gany bilen ýazylan dessandyr.
Bu eseriň aýratyn güýçli täsiri ölen çagalaryň ýaş aýratynlygy bilen-de baglanyşyklydyr. Olaryň biri ýedi, ulusy dokuz ýaşynda mergi keseli degip, ýogalypdyr. Janly-jemendäniň beýle ir, göklüginde ýogalmagy ajalyň gözdençykgynç adalatsyzlygy bolup görünýär. Bu aňly-başly adamyň etjek rehimsizliginden hem çökder bolup duýulýar. Adalatsyzlygynyň sebäbi – muňa hiç kimiň haky ýok, ondan-da beter, bu barypýatan biakyllyk bolup görünýär. Eger dünýä aňly, erkli bir närse bolsa, onda onuň göklüginde ormagy adalatsyzlykdyr. Eger dünýä erksiz, aňsyz närse bolsa, janly-jemendäniň ýaşlygynda ýogalmagy akylsyzlykdyr, dünýäniň akyldan mahrumlygynyň alamatydyr. Dogrudanam, aňdan hem erkden mahrum närsäniň akyly-da ýokdur.
Şeýlelikde, ölüm adalatsyzlykdyr we akylsyzlykdyr. Muňa akyl ýetiren ruh bolsa beýik närsedir.
Adam aňy, ruhy şol ýowuz ýaga garşy gönügendir.
Ötegçi dünýä diýilýär. Hawa, adam bu dünýä ötegçi diýýär.
Aslynda welin, dünýä ötegçi däl. Dünýä baky. Ötegçi bu dünýä ötegçi diýýän adamyň hakyt özi. Adam gelip, bu baky dünýäden ötüp gidýär.
Adam bu dünýä bäş günlük dünýä diýýär.
Aslynda welin, dünýä bäş günlük däl, ol bakylyk. Adam bu dünýä bäş günlük gelip, geçip gidýär.
Biz özümizi bu topragyň eýesi hasaplaýarys. «Ýer we onuň eýeleri» diýen düşünje bar bizde. Biz ýere hyzmat edýäris diýen düşünjä berk uýupdyrys.
Aslynda, biz däl-de, Ýer biziň eýýämiz. Ýer bizi bu dünýä inderýär. Egnimize don geýdirýär. Dürli nazy-nygmatlaryndan eçilýär. Iň soňunda ýene ol bizi giň gujagynda gizleýär.
Ene toprak diýýäris.
Ýer biziň baky enemizdir.

Osman ÖDÄÝEW.

Категория: Filosofiýa | Просмотров: 24 | Добавил: Has | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: