22:42
Taryhda Täk galasy
Masut Gaznaly bolan işe haýran galyp, ruhdan düşýär.
Türkmenler 1035-nji ýylyň tomsundaky Nusaýyň golaýynda gazanan ýeňşine özleride geň galypdyrlar. Emma olaryň üstünlikden başy aýlanmandyr, kelle gyzgynlyk etmändirler. Gaýtam tersine, Beýhakynyň ýazmagyna görä, gaznawylar bilen arany ýitileşdirmejek bolup, ýene-de şol öňki ýer bermek baradaky haýyşlaryny gaýtalapdyrlar. ýöne indi ýer meselesini has düşnükli edip aýdypdyrlar we has durnuklylyk bildiripdirler. Şu maksat bilen olar ýene-de Nişapura wekil iberip, ilçileriň baştutany edibem bir buharaly alymy belläpdirler. Ol örän dilewar adam bolupdyr. Ilçileriň gowşuran hatynda Ahmet Abdy-as-Samat atly bir hojanyň—kethudanyň ady tutulýar. Ol Masut Gaznalynyň beýik weziridi. Seljuk serkerdeleri şol adamy tanaýandyklaryny, ony ozal Horezmde görüp, arzy-halyny aýdandyklaryny we onuň Masud Gaznala türkmenlere haýyş edýän ýerlerini bermeli diýen maslahatyna garaşýandyklaryny, şoňa ynanýandyklaryny beýan edýärdiler. Ýene-de şol hatda özleriniň asla uruş etmek islemändigini, gaznalylaryň raýatyna geçjek wagty olaryň üstlerine «goýna gurt daran ýaly» bolup döküleni sebäpli uruşmaga mejbur bolup, öz ojaklaryny, aýal-oglan-uşaklaryny goramaly bolandygyny ýazýarlar. Uzak gepleşiklerden soň gaznawylar türkmenleriň haýyşyny kanagatlandyrmakçy bolýarlar. Bu habary eşidip, Nişapura türkmen wekilleri Musa Ýabgu, Togrul beg we Çagry beg üçüsi gelý1är. Olary Nişapurň baş diwanynda kabul edýärler we gepleşiklerden soň ellerine perman, halat we tug-baýdak gowşurýarlar. Şol perman boýunça Togrul bege Nusaý etraplary, Çagry be-ge Dehistan, Musa Ýabguwa bolsa Paraw töweregi bölünip berilýär. Özüne-de şeýle şert bilen: olar gaznawylara gulluk etjekdikleri barada kasam etmeli we permanda görkezilenden başga ýerlere ymtylmaly däl. Permana Masudyň özi gol çekýär. Seljuk serdarlarynyň her birine halat, telpek, başga geýim-gejimler, at, eýer, altyn guşak we 30 kişilik dürli matadyr-parçalar gowşurýar. Bu waka 1035-nji ýylyň güýzünde bolup geçýär. Sarahs söweşinden soň Nişapuryň derwezesiniň öňünde Ybraýym Ýynalyň baştutanlygynda kiçiräk türkmen otrýady peýda boldy. Ol şähere ilçi iberip, oňa ýakyn günlerde bu ýere türkmen serdarlarynyň agyr goşun çekip geljekdigini habar bermegi, halkyň garşylyk görkezmän, türkmenlere tabyn bolmagyny maslahat bermegi tabşyrýar.
Beýhaky halkyň öňüne düşýän barly wekilleriň şäher kazysynyň öýüne ýygnanyp, gaty çekeleşikli maslahatdan soň, garşylyk görkezmegiň peýdasyzdygy barada karara gelendiklerini beýan edýär. Nişapuryň derwezesini uruşsyz açmak we ony türkmenleriň baş serkerdesi Togrul bege tabşyrmak karar edilýär. Halk türkmenleri garşylamaga taýýarlyk görüp başlaýar. Hurramek diýen köşk bagyny parçalar bilen bezäpdirler. «Salar-i-Bezirgen» atly täjirleriň köşgüni ýörite taýýarladylar. Baý täjirler Horasanyň öňki dikmesinden ejir çekeni üçin, derrew türkmenleriň tarapyna geçdiler.1
Haçan-da olar Nişapuryň kaşaň we bezemen geýnen baýlary bilen turkmenleri garşylamak üçin derwezäň daşyna çykyp, Ybraýym Ýynalyň atlylaryny görenlerinde, türkmen ýigitleriniň egnindäki elegüne solup giden ýyrtyk-ýirik, sal-sal eşiklerine, täze gelen ýeňiýoluk «hökümdarlaryň» daşky gärnüşine syn edip, haýran galyp durdylar. Jarçylar bazarlarda, köçelerde jar çekip, halky köşeşdirýärdiler. Goşun çekip gelen Togrul begi tagta çykarýarlar. Emma ol hem daşky gernüşi boýunça-da, özüni alyp barşy, sypaty-syraty boýunça-da asyl patyşa meňzemeýärdi, Onuň egninde Merwde dokalan ýüpek matadan çäkmen, başynda ýuka matadan (tawwazy) edilen sellesi, aýagynda keçe ädik, egninde ýaýy, bilinde guşagyna gysdyrylan oklary — ine şu durşuna tagta çykýar. Özüni we onuň goşunlaryny gutlamaga gelen muwafyklar bilen, köşge üýşen ähli ýenekeý märeke bilen garym-gatym bolup, arkaýyn .gürleşipdir. Hiç bir dabara- beleň saklamandyr, Gepiň gysgasy, tüýs sada türkmençilik edip, köşk hyzmatkärlerini we baý täjirleri oňaýsyz ýagdaýa salýar. Şeýdibem hem-ä özüniň köşgüň kaşaň düzgünini ýigrenýändigini, hem-de arkasynda uly güýjüň bardygyny duýdurýar. Togrulyň adyna hutba okalyp, onuň häkimligi ykrar edilýär.
Togrul beg bolsa Gürgene, Damgana iberilýär. Çagry beg Türkmen döwletiň paýtagtyny Merwe geçirip, Gündogar Seljuk döwletiniň soltany bolýar. Togrul beg bolsa Günbatar Seljuk imperiýasyny döretmek üçin Eýranyň, Yragyň usti bilen Kiçi we Alynky Aziýa, ýagny Uzak Günbatara goşun çekip gidýär. Bu iki imperiýanyň taryhy, elbetde, ilki bada biri-birine bagly ýagdaý-da geçýär. Emma kem-kemden olaryň her haýsy özbaşdak, aýry döwlete öwrülýär.
Seljuklaryň döwleti bütin Horasany eýeläp, berkarar bolan zamanynda türkmekler gündogarda Balh-Badahşandan başlap, günbatarda tä Hazar deňzine guýýan Gürgeniň kenarlaryna çenli Sarahs, Merw, Abiwerd (häzirki Kaka etraby), Nusaý (häzirki Ahal), Paraw (Gyzylarbat), Dehistan (Meşedi Misirian, Etrek) etraplarynda ýaşap, edil şu günkusi ýaly şu ýerleri tutuş eýeläpdirler. Diýmek, türkmen halkynyň soňky göçüm-gonumlaryny, ýagny içki migrasiýasyny hasap etmesek, onda olaryň tutýan territoriýasy, asyl oturymly ýerleri XI asyryň ortalaryndan bäri üýtgewsiz galýar. Elbetde, şol dewürlerde-de, türkmenler Horezmde-de, Mawerannehriň dürli ýerlerinde, Buhara, Samarkant, Zerewşan sebitlerinde-de ýaşapdyrlar. Ýöne taryhyň çarhy dynuwsyz aýlanyp durany sebäpli, soň-soňlaram migrasion proses dowam ediýär. Aýratyn hem XIII asyrda mongollaryň çozuşlary zerarly, XIV asyrda Teýmiritleriň alyp baran uruşlary netijesinde halk eýläk-beýläk çaýkanmaly bolýar, oňa-muňa gaçyp gutulmaga mejbur bolýar.
Döwleti edara etmekde seljukly soltanlar bada-bat köneden gelýän täsirli şäher aristokratiýasy bilen, ýagny gaznawylaryň döwlet sistemasyny edara edip ýören şäher häkimleri, çinownikleri. baý täjirleri, ruhanylary bilen arany sazlap, şolara daýanypdyrlar, Ýerlere häkim edilip iberilen seljuk begleri döwlet häkimietiniň hataryna şolary çekip, her haýsy öz ýerli diwanyny. seljukly soltanlar bolsa merkezi weziriýeti we diwany düzüpdirler. Muňa mysal edip, Alp-Arslanyň (1063—1072 ý.) we Mälik şa Türkmeniň (1072—1092 ý.) döwründe beýik seljuk imperiýasynyň beýik weziri adyny alan Nyzam al-Mülki ýatlap geçmek ýeterlikdir, Bu adam otuz ýyllap beýik weziriň wezipesini ýerine ýetirip, şeýle uly. şahsyýete öwrülýär, ony seljuk imperiýasynyň baýdagy hasap edipdirler. Seljuklaryň imperiýasynyň rowaçlanmagy üçin soltanlar minneti şol wezirden çekmeli bolupdyrlar. Ol ýöne wezir bolman, dura-bara döwleti edara etmek işini tutuş öz elinde jemleýär. Emma taryhyň çarhy şa bol—geda bol, soltan bol — hemme kişini öz degirmeninden geçirýär.Nyzam al-Mülk hem soňa-baka Seljuklaryň imperiýasynyň bütewiligini saklamaga hötde gelip bilmändir, öz programmasyny doly amal edip bilmedi. Ilkinji soltan adyny alan Togrul beg bolýar. Bu derejeli at adatça Apbasylaryň halyfaty tarapyndan dakylýar ekeni. Soltan häkimiýetiniň mümkinçilikleri çäksiz bolupdyr, bütin dewletiň emlägine erk edip bilipdir, kim-de bolsa birine gahary gelse, onuň gazabyna duçar bolanlaryň kellesini almak, elini-aýagyny kesmek, dara çekmek, zyndana taşlamak, taýak bilen ýençmek ýaly jezalary berip bilipdir. Ol diňe bir raýat işlerine däl-de, eýsem harby işlere-de ýolbaşçylyk edipdir, goşun serkerdelerini belläp ýa-da iş başyndan aýryp bilipdir. Wajyp döwlet meselelerini çözmeli bolan wagty soltan geňeş çagyrýardy. Wezir edip soltana wepadar, dewlet işine ezber adamlardan belde-nilýärdi. Ol soltanyň weziriýetine, oňa girýän hemme diwanlara ýolbaşçylyk etmelidi, aýratyn hem döwletiň gaznasyna, pul dolanşygyna, maliýe işlerine, salgyt ýygnalyşyna, ýer eýeçiligine gözegçilik etmeli bolan. Emma weziriň ýer paýlamaga haky ýokdy. Ýeri hemişelik mülk-ikta ýa-da wagtlaýynça kärendesine (emläk, jemagat ýeri) diňe soltanyň özi paýlap bilipdir.
Seljuklaryň iň soňky hökümdary Soltan Sanjar 1153-nji ýylda Balhly oguzlara ýesir düşüp, ol ýerde üç ýylyny geçirmeli bolýar. Onuň ýesir düşmegi imperiýany agyr hala salýar. Oguzlaryň şäherlere çapawulçylygy, talaňçylygy seljukly döwletiniň gowşandygyny aňladypdy. Bir günden bir gün ahyry Soltan Sanjara ýesirlikden gaçmak başardýar (1156). Bu gezekki edilen synanyşyk şowuna bolýar. Nobatda duran garawullary satyn alyp, Termeziň gabadynda Amyderýadan geçer ýaly gaýyklary häzirläp, ýürege daş baglap gaçýar we özuni Termeze atýar. Galanyň içinde gizlenip, töweregine öz tarapdarlaryny ýygnap başlaýar. Sanjaryň ýesirlikden gaçyp gutulmagy mynasybetli Horezmşa Atsyz Balh oguzlarynyň serkerdesine ýörite hat bilen ýüzlenýär .we özüniň araçy hökmünde çykyş etjekdigini mälim edýär. Garaz, eýle bolýar, beýle bolýar, Soltan Sanjaryň kysmaty pes bolýar, ömrüniň paýawlan wagty gussa bilen geçýär. Öňki häkimiýetem, güýç-kuwwatam, gülläp oturan Horasanam, bazarly-baýdakly, çar derwezeli, içi metjit-medreselerden, kitaphanalardan doly abadan Mary şäheri-de galmady. Soltan Sanjaram bu pyrkatlardan, musallatlardan soň agyr keselläp, peýmanasy dolýar we 72 ýaşynyň içinde Maryda dünýäden ötýär.
Gadymy Mara zyýarata, ekskursiýa gelýän adamlar aňyrsyna-bärisine göz ýetmeýän harabalyklary görýändir, ortarasynda bolsa alyslardan gerünýän Soltan Sanjaryň aramgähi saýlanyp durandyr. Seljuklaryň zamanynda Mary ullakan syýasy-ykdysady we medeni merkeze öwrülýär. Soltan galany saldyran Çagry begiň agtygy Mälik şa (1072— 1092 ý.) bolýar. Onuň saldyran galasynyň diwarlarynyň uzynlygy 12 müň ädime barabar bolupdyr.1 Bu galanyň içindäki binalar sene taýdan araplaryň gelen zamanyndan başlap, tä mongollara çenli (1221 ý.) döwri öz içine alýar, ýagny 550 ýyl çemesi ýaşapdyr. Galanyň diwarlarynyň sudury häzire-bu güne çenli bildirip dur we seljuklaryň zamanasyn-da harby nukdaý nazardan şäher galasyny nähili gurmalydygyny, munuň tutuş bir sungatdygyna şaýatlyk edýär. Elbetde, diwarlary çig kerpiçden ýa-da pagsadan gurupdyrlar, diňe käbir ýerlerini we derwezelerini bina etmekde bişen kerpiç ulanypdyrlar. Galanyň içindäki ymaratlaryň aglabasy bişen kerpiçden, birnäçeleri bolsa çig kerpiçden we pag-sadan gurlupdyr. Şol ymaratlardan saklanyp galany Soltan Sanjaryň gubur — aramgähidir. Bu ýadygärlige syn edeniňde, onuň ilki başdaky durkuny belli bir derejede saklandygy mälim bolýar, XII asyryň arhitektura ýadygärlikleriniň ajaýyp nusgasydygyna gözüň ýetýär.
XII asyryň ilkinji ýarymy, XIII asyryň başy Köneürgenç Türkmen döwletiniň zamanasy boldy. Soltan Sanjary balhly oguzlardan gorajak bolup synanyşan Köneürgenç şa Il-Arslan (1156— 1172 ý.) öz täsirini basym Günorta Türkmenistana, Gürgene, Dehistana ýetirip başlaýar. 1160-njy ýylda onuň goşunlary Balkan daglarynyň sebitinde ýaşaýan ýazyrlaryň üstüne çozýar.1 Ýazyrlaryň baştutany Ýagmyr (XI asyryň 20-30-njy ýyllarynda-da Balkanda türkmenleriň Ýagmyr atly serkerdesi bolan, bu belki şonuň neslidir, ady dakylandyr) beýleki goňşulykda ýaşaýan türkmenlere ýüz tutup, Horezmşalaryň Etrek-Gürgende goýup giden dikmesi Ygtyýar et-Dine garşy bile çykyş etmäge çagyrýar. Netijede, ýazyrlary goldan goňşy türkmeileriň. birleşen güýji üstün çykýar. Olar Dehistany dargadyp, yzlaryna gaýdýarlar. Emma Horezmşalaryň Günorta Türkmenistana bolan harby ekspansiýasy munuň bilen gutarmaýar.
1193-nji ýylda Tekeş (1172—1200 ý.) ýokarda ady tutulan türkmenleriň ýaşaýan welaýatlarynyň hemmesini diýen ýaly Köneürgenç türkmen döwletine boýun egdirýär. Hyradyň, Nişapuryň töwereklerinde ýaşaýan türkmenler ol ýerlerde uzak eglenmän, Horasanyň demirgazyk raýonlaryna, käbirleri bolsa Azerbaýjan, Ermenistan taraplara göçüp gidýärler. Tekeşiň döwründe-de, soňra Muhammet şanyň döwründe-de (1200—1220 ý.) Köneürgenjiň häkimiýeti Horasanda şeýle bir berk bolmandyr. Horasanly türkmenler Köneürgenje belli bir salgytlary töläpdirler, emma özlerini esasan özbaşdak alyp barypdyrlar.
Köneürgenç türkmen hökümdarlary özlerini näçe belent tutjak, beýgeltjek bolup synanyşsalar-da, hiç haçan seljukly soltanlaryň, derejesine ýetip bilmändirler. Muhammet şa Köneügenç türkmen döwletiniň hökümdarlarynyň iň soňkusy bolýar. Ol özüni 1210-njy ýylda Aleksandr II diýip yglan edýär.. Soltan Sanjaryň hormatly atlaryny kabul edýär, özüni yslamyň diregi hasap etdi. Hytaýy basyp alaryn, dünýäde iň uly imperiýany dörederin diýip magtanyp başlaýar, Emma Muhammet şanyň hakykat ýüzünde kimdigini barlamak uzaga çekmedi. Taryh muny hälä goýman örän basym kesgitledi. Haçan-da 1221-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynda mongollar Köneürgenç çozan-da, Muhammet şa ýurduny taşlap, «Assa gaçan namart» diýip, zut gaçdy, soň hem haýsy deşige girjegini bilmän, iki ýana urundy.
W. W. Bartoldyň belleýşi ýaly, Ýazyrlar «XII—XIII asyr-larda türkmen illeriniň içinde belli bir ýeri mekan tutunyp, düýpli ornaşan ýeke-täk ildi. Ýazyrlar şeýle bir köp bolupdyrlar, olara özbaşyna bir halk hökmünde garapdyrlar» (t. 11, ç. 1, s. 585). Oguzhanyň ikinji ogly Aýhandan gaýdýan ýazyrlar Türkmenistanyň taryhynda aýratyn ähmiýetli rol oýnan ildir. Olar XII asyrda, belki-de XI asyryň 20-30-njy ýyllaryndan başlap Balkan daglarynyň sebitlerin-de ýaşapdyrlar. Olara soň ýene iki sany il goşulýar, biri Maňgyşlakdan, beýlekisi Horasandan gelýär. Şundan soň olar Balkan daglaryndan gaýdyp, Paraw, Täk galalaryny eýýeleýärler. Özlerem üç bölege bölünipdirler, ýazyrlaryň özi, maňgyşlak ýazyrlary hem-de parsy, ýagny horasanly ýazyrlar.
Taryhçylaryň arasynda Täk galasynyň nirede bolandygy barada köp wagtlap belli pikire gelinmedi. Abulgazy ýazyrlaryň ýurdy Durun bolmaly, şol ýere gelip, olar ekerançylyk bilen meşgul bolupdyrlar diýip ýazýar. W. W. Bartold Durun adynyň has soň, Teýmirleriň zamanynda, ilki 1384-nji ýylda tutulýandygyny belleýär.1 Mundan owal ýazyrlar Durunda mekan tutan hem bolsalar, galanyň ady Durun bolmaly däl-de, Täk ýa-da Ýazyr bolmaly diýip tekrarlaýar. Emma soňky arheologik barlaglar Täk galasynyň Durunam däl, Ýazyram däl-de Baharlynyň 19—20 kilometrlik demirgazyk-günbataryndaky Şähriyslamyň harabalyklarydygyny subut etdi. Bu şäheriň (galanyň) tutýan meýdany 30 gektara barabar bolup, ol XII asyryň ortaça şäherleriniň möçberindedir. Şähriyslamyň tewereginde köp bugdaý ekilendigini orta asyr taryhçylary belläpdir. Garagumuň çägeleriniň içinde galan Şähriyslamyň ýadygärliklerini 60-njy ýyllarda gazuw işleri arkaly öwrenen Ýegen Atagarryewiň ylmy kitabynda-da bu ýer-de ekerançylygyň ösendigi, küýzeden ýasalan suw turbalarynyň çekilendigi görkezilýär.
Ýazyrlaryň Balkan daglarynyň sebitinde oturýan zamanynda şol ýerlerden nebit gazylyp alynýandygy belli. Orta asyr taryhçylary nebit-ýagyň her ýerde gazylan guýulardan çekip çykarylýandygyny, onuň gögümtil, agymtyl we garamtyl hili üç dürli görnüşiniň bardygyny, Balkanyň töweregindäki nebitiň garamtyl bolup, bir depäniň golaýyndaky guýulardan çykaryp, dürli ýerlere äkidilýändigini belleýärler. Garamtyl nebitiň durlanyp, agymtyl bolýandygyny hem görkezipdirler. Bu maglumatlar bolsa şol zamanlarda-da Balkan daglarynyň töwereginde nebitiň çykarylýandygyna, başga ýerlere äkidilip satylýandygyna, ony durlap kerosine öwrüp bilendiklerine şaýatlyk edýär. XII asyrda türkmenleriň şu zatlary bilmegi olaryň mertebesini. ýokary galdyrýar, medenie-tiniň ösendigini gerkezýär.
Bu jähtden ýazyrlar Durunyň töweregine gelenlerinden soň gutarnykly suratda göçme-çarwaçylykdan ekerançylyga geçip, şol etraplary gülläp ösen abadan ülkä öwürendiklerini bellemek hem ýeterlikdir. Şonuň üçin ýazyrlaryň ýurduny, hususan-da Durun etraplaryny Horezmşalar hem eýýelejek bolup synanyşypdyrlar, oňa gözüni dikipdirler.
XIII asyryň başynda ýazyrlaryň hany Hindi-han on bir ýyllap hanlyk sürenden soň ölýär. Şu pursatdan peýdalanyp, Muhammet şanyň ejesi Türkan hatyn özüniň aslynyň, ýazyrlardandygyny ýatlap, garyndaşlyk gatnaşygyny täzelemek bahanasy bilen Ýazyryň ýurduny Köneürgenje birikdirýär. Haçan-da, mongollar Köneürgenji basyp alanda, Türkan hatynyň özi Ýazyr ýurduna gaçyp gelýär. Marynyň häkimi-de mongollardan gaçyp, ýazyrlaryň arasyna gelýär. Ýazyrlaryň galasyny penalap, şony gaçypatalga edinip HKöneürgenjiň, Merwiň häkimleriniň gelmegi Ýazyr ýurdunyň şol zamanda uly ähmietiniň bolandygyny görkezýär. Abulgazynyň zamanasynda, ýagny XVII asyryň ortalarynda ýazyrlara garadaşly diýilýändigini ol belleýär. Garadaşlylaryň soňky ykbaly, olaryň Hywa göçüşi barada XVIII—XIX asyrlara degişli bölümlerde has giňiräk durup geçeris.
Biz ozal 1153-nji ýylda Soltan Sanjaryň Balhda oturýan oguzlara ýesir düşenini, onuň üç ýyllap bendi bolup gezenini beýan edipdik. Bu eýýäm seljuklaryň döwleti üçin uly masgaraçylykdy. Soltan Sanjary Balhly oguzlardan halas etmek üçin Atsyzyň araçy bolup çykyş edeni barada-da ýazypdyk. Bularyň ikisi-de bir döwürde dünýäden ötýär. Atsyz 1156-njy ýylda Köneürgenjiň özbaşdaklygyny dikeldip ölýär, Soltan Sanjar bolsa 1157-nji ýylda seljuklaryň döwletiniň öňki durkuny dikeldip bilmän ölýär. Seljuklaryň döwletiniň synmagy, Mawerannahrda bolsa garahytaýlylaryň çozup gelmegi netijesinde garahanlylaryň döwletiniň synmagy XII asyryň ikinji ýarymynda XIII asyryň başynda Köneürgenç şalaryň Orta Aziýada ýeke-täk uly döwlete—imperiýa öwrülmegine amatly ýagdaý döredýär. Atsyzyň ogly Il-Arslanyň (1156—1172 ý.) we onuň ogly Tekeşiň döwründe (1172—1200 ý.) Horezmiň territoriýasy ummasyz derejede giňelýär. Aýratynam Horezmşalaryň içinde iň hyjuwlysy Tekeş bolýar. Ol 1191-nji ýylda Nişapury, 1192-nji ýylda Reý şäherini, 1193-nji ýylda Maryny basyp alýar, 1194-nji ýylda bolsa Günbatar Seljuk imperiýasynyň soltany Togrul beg II-niň goşunlaryny dargadýar. Şol söweşde Togrul ölýär. 1195-nji ýylda Tekeşiň goşunlary Yragy hem eýýeläpdirler. Emma talaňçylyga ýüz urup, özlerine garşy ýerli ilaty aýaga galdyrany üçin hem-de 1200-nji ýylda Tekeşiň ölmegi bilen bagly Yragy taşlap gaýtmaga mejbur bolupdyrlar.
Şeýlelikde, Köneürgenç Türkmen döwleti döwleti Orta Aziýanyň köp bölegini, Eýranyň gündogar bölegini, Horasany özüne birikdirip, mongollaryň çozup gelmeginiň öňüsyrasynda ullakan bir döwlete öwrülipdir.
Tekeşden soň Köneürgenç tagtyna onuň ogly Muhammet şa çykýar (1200—1220 ý.). Elbetde, Muhammet şa-da atasynyň syýasatyny dowam etdirjek bolupdyr. Mawerannahry, Samarkandy, Buharany eýýe-lejek bolup, ençeme ýörişler edipdir. Emma munuň işleri şowuna bolmandyr. Muhammet şa esasan gypjaklardan goşun saklap, şolara daýanypdyr. Hakyna tutma goşun serkerdeleri örän talapgär, gedem bolupdyrlar, Muhammet şanyň hemme diýenlerini ýerine ýetirmändirler. Olar Muhammet şanyň ejesi Türkan hatynyň goldawyndan peýdalanyp, döwletiň iň abraýly we girdeýjili wezipelerini öz ellerine alypdyrlar. Tekeşiň aýaly Türkan hatyn örän hilegär, yzgytsyz, hyjuwly, häkimiýeti söýýän aýal bolup, ömürboýy köşk dildüwşiklerine baştutanlyk edip gelipdir, ogly Muhammet şanyň işlerine gatyşyp, häli-şindi ikisiniň arasyna tow düşýärdi. W, W. Bartoldyň maglumatlaryna görä, Türkan hatyn ýazyr türkmenlerinden bolupdyr. Başga maglumatlar boýunça-da gypjaklaryň kangly tiresinden bolup, öz garyndaşlaryny Horezmiň döwletinde iň täsirli ýerlerde goýuşdyrypdyr, döwleti dolandyrmak işine aktiw gatnaşypdyr. Gypjakly «harby ýolbaşçylaryň» eden-etdiligi Muhammet şanyň mümkinçiliklerini gowşadýardy we ahyr soňunda Köneürgenç döwletiniň pagyş-para bolup ýykylmagyna getirdi.
Çingiz han mongol döwletini we onuň güýçli goşunyny döredenden soň ilki bilen Hytaýyň üstüne ýöriş edýär. 1211-nji ýylda ol ummasyz goşun bilen Beýik Hytaý diwaryndan geçýär we hytaýlylaryň goşunlaryny çym-pytrak edýär. Goşunlara Çingiziň özi bilen bir hatarda dört ogly Juçybatyr, Çagataý, Ugedeý, Tuluý hem-de iki sany meşhur goşun serkerdesi Jebe bilen Subedeý baştutanlyk edipdirler.
1215-nji ýylda mongollar Pekini eýeläpdirler. Olaryň öňünde Hytaýyň gülläp ösen ülkeleri dyza çökdi, tükeniksiz olja ýygnadylar, altyndan, kümüşden, demirden, bürünçden we misden ýasalan gymmatbaha we iň gerekli zatlary, ýüpek matalary ýabylaryna ýüklep, alyp gaýtdylar, goşun üçin ýaramly ýaşlary we ýabylary Mongoliýa sürdüler, müňlerçe adamlary gul-gyrnak edip sakladylar, Bularyň daşyndan hem Çnngiz han hytaýlylaryň ýokary derejä ýeten harby teh-nikasy bilen tanyşdy, gala gabamak we ýykmak, ony zabt edip almakda ulanylýan desgalary gördi, şolary örän köp mukdarda Mongoliýa äkitdi. Şeýle desgalary ýasap hem-de ulanyp bilýän adamlary-da sürüp alyp gitdi, örän köp muk-darda hytaýda ýasalan ýaraglary aldy. Bularyň hemmesi Çingiz hanyň goşunlarynyň soňraky ýörişlerinde örän gowy netijeler berdi.
Gepiň gysgasy, ol Hytaýyň hasabyna hem-ä goşunyň üstüni doldurdy, hemem ony örän gowy ýaraglandyrdy. Netijede, Çingiz hanyň goşuny öz zamanasynyň iň gowy ýaraglanan, kämil enjamlar bilen üpjün edilen we san taýdan deňi-taýy bolmadyk leşgere öwrülýär. Indi bu ordanyň öňünde durup biljek güýç dünýäniň hiç ýerinde-de ýokdy.
Hytaýy özüne mazaly tabyn edenden soňra Çingiz han öz nazaryny günbatara — Orta Aziýa tarap gönükdirdi. Bu ýerde--de Muhammet şa Mawerannahry eýýeläp, özuni Çingiz handan pes tutmaýardy, özüne Isgender Zülkerneýiniň we Soltan San-jaryň adyny berip, Hytaýy basyp almak üçin ýörişe taýýarlanýardy. Emma Çingiz han öňürtdi. Onuň 1215-nji ýylda Hytaýyň paýtagty Pekini basyp alandygyny eşiden Muhammet şa öz üstüne howpuň Gündogardan abanjakdygyna göz ýetirip başlady. Çingiz han baradaky ýaýran dowuly we myş-myşlary barlamak üçin Horezmşa Mongoliýa ilçileri iberipdir. Olaryn, kerweni ilki Mongoliýa, ol ýerdenem Çingiz hanyň Pekindedigini eşidip, Hytaýa barýar. Çingiz han olary kabul edip, özüniň bütin Gündogaryň patyşasydygyny, Muhammet şany bolsa Günbataryň patyşasy hasap edýändigini aýdypdyr we bu habary Horezmşanyň dykgatyna ýetirmegi tabşyrypdyr.
Az salymdan soň Köneürgençden Mongoliýa ýene bir ilçi iberilýär. Çingiz hanam jogap hökmünde öz ilçisini Horezme iberýär. Şeýdip iki tarapdan ilçi gatnawy açylýar, birek-birege sowgat-salam iberilýär, iki tarapyň täjirleri kerwen tutup, hem-ä ilçi gatnadypdyrlar, hemem söwda edipdirler.
Çingiz hanyň Köneürgenje gaýdan ilçilerine asly köneüregençli baý täjir Mahmyt Ýalawaç baştutanlyk edipdir. (Bu Daşoguzda oturan salyr türkmenleriň ýalawaç tiresinden bolmagy mümkindir). Onuň Muhammet şa gowşuran hatynda Çingiz han özüniň Horezmşa barada habarlydygyny, onuň kuwwatly şadygyny bilýändigini, iki ýurduň arasynda parahatçylyk şertnamasyny baglaşmak isleýändigini beýan edip, hatyň soňunda Muhammet şany edil öz ogullarynyň biri ýaly görýändigini aýdypdyr. Çingiz hanyň bu «sypaýyçylygy» Gündogaryň diplomatiýasynda onuň Muhammet şa öz wassaly hökmünde garaýandygyny aňladýardy. Özüni Isgender Zülkarneýn, Soltan Sanjar hasap edip ýören Muhammet şa bu «sypaýyçylyk» ýaramandyr.
Ol Mahmyt Ýalawajy gije gizlinlikde ýanyna çagyryp ,,Çingiz hanyň goşun güýji barada, nireleri basyp alandygy we indi nirä ýörişe taýynlanýandygy” barada hiç zady ýaşyrman gürrüň bermegi talap edýär. Mahmyt Ýalawaç Muhammet şadan çekinse-de, hemme ýagdaýy bassyr-ýussursyz bolşy ýaly gürruň berýär. Horezmşa Mahmyda yzyna dolanyp, Mongoliýada özüne içaly bolmagy, habar berip durmagy teklip edýär. Mahmyt Ýalawaç il ýüzüne ýalandan boýun bolýar we Çingiz hanyň ýanyna dolanyp baranda, oňa Horezm barada has doly maglumatlary aýdyp berýär.
Çingiz han özüniň Horezm bilen gatnaşygyndan doly kanagatlanýandygyny bildirip we onuň bilen parahatçylyk şertnamasyny baglaşmak maksady bilen 1218-nji ýylda ägirt uly kerwen bilen ilçileri gönderýär. Kerwende 500 düýe we 450 adam bar eken.1 Ol Horezmiň paýtagty Köneürgenje barmalydy. Kerwene bu gezegem musulmanlardan bolan täjirler baştutanlyk edipdirler. Emma kerwen Ürgenje ýetmändir. Syrderýa boýundaky şäherde Köneürgenç şalaryň gypjaklardan bolan garnizony kerweni saklap, ony kemini goýman talapdyr, adamlaryny gyrypdyr. Elbetde, bu tragediýa Muhammet şadan bidin bolan däldir. 450 adamdan ýekejesi gaçyp gutulýar, ol hem çeträkde düýelere seredip ýören düýekeş ekeni. Ol baryp Çingiz hana hemme bolan işleri birin-birin gürrüň beripdir.
1218-nji ýylda Otrarda Çingiz hanyň iberen kerweniniň derbi-dagyn edilmegi we onuň ilçileriniň öldürilmegi mongollaryň Orta Aziýanyň üstüne çozmagyny çaltlaşdyrdy. Çingiz han öňde-soňda Günbatara, hususan-da Edisuwa (Semireçýe), Mawerannahra, Horezme ýöriş etjekdi. Muhammet şanyň ilçiler we söwda kerwenleri barada alyp baran akylsyz- paýhassyz syýasaty bu belanyň gelmegine ýol açdy.
Köneürgenç şa Ürgençde harby geňeş çagyrypdyr. Şol harby geňeşde duşmany nähili garşylamalydygy bara-da agzalalyk döräpdir. Horezmşalaryň köşgünde wekil hyzmatyny eden Şyhabuddin Hywaky ýeke-täk dogry maslahaty beripdir. Ähli goşunlary bir ýere jemläp, mongollaryň, öňünden çykmaly, olara Syrderýa boýunda garaşmaly, haçan-da uzak ýoly söküp gelen argyn goşun Syrderýa boýuna ýetende; oňa dynç almaga puryja bermän garşylamaly we aman-zamanyny bermän, baş söweşi edip, külüni çykarmaly
1219-njy ýylda Çingiz han ägirt uly goşun bilen Orta Aziýa tarap ýola düşýär. Ol ilki bilen öz kerweniniň dargadylan we ilçisiniň öldürilen ýeri bolan Otrara ugraýar. Şol ýere sentýabr aýynda gelýär. Çingiz hanyň goşunlarynyň sany 150 müňden gowrak, 200 müňden hem azrak bolupdyr, esasy bölegi bolsa atly goşunlardan ybaratdy. Goşunyň başynda Çingiz hanyň özi, dört sany ogly we söweşlerde synagdan geçen tejribeli serkerdeleri durýardylar. Bular goşunyň ýany bilen gaýdan Orta Aziýaly täjirleriň kömegi bilen haýsy şähere haýsy ýol bilen gitmelidigi, derýalardan nirede we nähili geçmelidigi, haýsy ýerde köprüleriň bardygy, dag gerişlerinden nähili aşmalydygy barada örän gowy habarlydylar. Goşunda galalaryň diwarlaryny ýykýan her hili desgalar (katapult), içi nebitden doly ýanýan küýzeleri galalaryň içine atýan maşynlar, ýüpden we gargy gamyşdan ýasalan ýeňil merdiwanlar we ş. m. gurallar bardy, ýaraglar bilen üpjündi.
Ol şol ýerde goşunlaryny birnäçe bölege bölüp, birini-Otrarda galdyrýar, beýlekisini uly ogly Juçy hanyň baş-tutanlygynda Syrderýa boýunça aşaklygyna, üçünjisini-de ýokaryk iberýär. Juçy han iki dogany Çagataý we Ugedeý bilen Sygnak, Uzgen, Barçylykkent, Jent, Ýaňykent şäherlerini alyp, Ürgenje çykmalydy. Syrderýa boýunça ýokaryk giden otrýad Hojent şäherini eýelemelidi. Çingiz hanyň özi bolsa esasy goşun bilen Buhara tarap ugraýar. Ol gyş aýy bolany üçin, suwsuz çöllük ýerden gidýän iň gysga ýoly saýlap alýar. El ugruna türkmenleriň oturan Nurata galasyny eýeleýär, ony talaýar we ilata müň ýarym dinar kontribusiýa salýar. Nuratadan soňra Buhara golaýdy.
1220-nji ýylyň, Baydak aýynda Çingiz hanyň goşunlary Buharanyň alkymyna geldiler. Şäher ilaty we 10—12 müňden ybarat şäheri goraýjylar garşylyk görkezseler-de, ýerli ruhanylaryň dönüklik etmegi, goşun serkerdeleriniň bolsa passiw hereketi netijesinde mongollar Buharany uzak eglemän aldylar.
1220-nji ýylyň Nowruz aýynda Çingiz han Orta Aziýanyň iň esasy şäheri bolan Samarkanda geldi. Samarkant mongollara garşylyk görkezip biljek şäherdi. Galanyň diwarlary azda-kände berkidilipdi, şäherde 60 müň goşun, 50 müň çemesi-de şäherlilerden ýygnanan goraýjylar bardy, atly we pyýada goşunlardan başga-da 20 sany harby tälim berlen pil bardy. Umuman, belli bir derejede duşmany garşylamaga taýýarlyk görlüpdi. Samarkandyň ilaty, hünärmentler, söwdagärler, garamaýak halk, aýratyn hem ýaşlar öz güýçlerine ynam edýärdi we garşylyk görkezmäge taýyndy. Şäher häkimleri, çinownikler, ýokary wezipeli ruhanylar, şeýh-ul-yslamyň, özi, ymamlar, ulemalar bukulyp garaşýardylar amatly pursat bolsa dönüklik etmekçidiler. Muhammet şa gaçyp-gaçyp, Kaspi deňziniň günorta kenarlaryna golaý adam ýaşamaýan bir ada özüni atýar. W. W. Bartold ol adanyň kenar ýakasynda ýerleşen Abeskun şäheriniň golaýyndadygyny belläp, Aşyrada bolmaly diýýär.1 (Aşyr-ada XIX asyrda türkmenleriň gawun-garpyz ekýän bakjaçylyk ýerleri bolupdyr.

W.W. Bartold Türkmen halkynyñ taryhyny õwreniji alym
kitapdan. 2016ý
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 15 | Добавил: Sahypjemal | Теги: Türkmenistanyñ taryh kafedrasy | Рейтинг: 4.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: