T.D.Goçyýew. Türkmen halkynyň ahlak kadalarynyň ulgamy. Okuw gollanmasy
09.04.2019, 11:57
GIrIŞ Adam ata How enäniň kowumlarynyň zemine ýaýrap başlama- gy we örüsiniň giňemegi netijesinde, olaryň arasynda ýüze çykýan gat naşyklar, esasan, ahlak kadalary bilen düzgünleşdirilipdir. Bu meselede adatyň we diniň kadalaryna hem aýratyn orun berlipdir we olar jemgyýetde ahlak kadalary bilen utgaşykly hereket edipdir- ler. Has soňkurak döwürlerde döwletiň döremegi bilen jemgyýetçilik gatnaşyk lary hukugyň kadalary bilen hem düzgünleşdirilip ugraýar. Ata-babalarymyz ir döwürlerde ynsan gatnaşyklarynda hem-de şahsy durmuşynda adamlaryň özlerini nähili alyp barmalydygyny ýa- da barmaly däldigini kesgitleýän ahlak kadalaryny işläp düzüpdirler. Bu kadalar jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmekde uzak ýyllaryň, asyrlaryň dowamynda gaýtalanyp durany üçin adam laryň endigine geçipdir, ahyrynda hem olaryň däbine öwrülipdir, wagt geçdigiçe-de sünnälenipdir we biziň günlerimize çenli adaty berjaý ediläýmeli dessurlar hökmünde ýetirilipdir. Şeýlelikde, adam laryň edim-gylymlary, ýagny anyk hereketleri ýa-da olary amal etmek- den saklanmaklary halkyň kada derejesine ýetirilen däp-dessurla- ryna, urp-adatlaryna, dinine esaslanypdyr we häzirki günlerde hem milli aýratynlyk hökmünde ykrar edilýär. Danalarymyzyň dürdäne akyl-paýhasy siňen ahlak kadalarynyň şu döwürde sagdyn türkmen jemgyýetini kemala getirmekde örän wajyp ähmiýeti bardyr. ahlak - şahsyýetiň jemgyýetde özüni nähili alyp barmalydygyny ýa-da barmaly däldigini kesgitleýän köpçülik tarapyndan umumylyk- da ykrar edilen jemgyýetçilik garaýyşlarydyr. Şundan ugur alyp, ah- lak kadalarynyň näme aňladýandygyny kesgitläp bolýar. ahlak kadalary diýip, esasan, ýagşa-ýamana, harama-halala, adalata we adalatsyzlyga baha bermek netijesinde ynsan gatnaşykla- 7 ----------------------- Page 8----------------------- rynda ýüze çykýan köpugurly durmuş pursatlarynda, şeýle hem şahsy meselelerde şahsyýetiň özüni nähili alyp barmalydygyny kesgitleýän, özi-de jemgyýetçilik köpçüligi tarapyndan goldanylýan we ýazyl- madyk görnüşde hereket edýän düzgünleriň jemine düşünilýär. Kesgitlemeden görnüşi ýaly, her bir adamyň gündelik durmuşyn- da ýüze çykyp biläýjek jemgyýetçilik gatnaşyklarynda özüni nähili alyp barmalydygynyň kadalaryny jemgyýet belleýär. Jemgyýet bu gatnaşyklary diňe bir düzgünleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem se- niň hereketleriňe ýa-da belli bir hereketleri etmekden saklanmagyňa baha-da berýär (goldaýar ýa-da tersine goldamaýar), zerurlyk ýüze çykanda garşyňa temmi çärelerini (oňlamazlyk, ýazgarmak, utan- dyrmak, duýduryş bermek, tertibe çagyrmak we ş.m.) hem ulanýar. Umuman, ahlak kadalary şahsyýetiň her bir durmuş ýagdaýyn- da etmeli (etmesiz) hereketlerini, çäklendirmeleri we gadaganlykla- ry belleýär. Her şahsyýet ahlak kadalaryny kabul edip-de, etmän-de biler. Bu ýerde döwlet kada-kanunlarynyň talaplarynyň durmuşa geçirilişinden tapawutlylykda hiç hili zorluk ulanylmaýar. Ýöne ah- lak kadalaryny berjaý etmeýänligiň sebäpli, jemgyýet senden ýüz öwrüp, daşlaşyp biler. Şonuň üçin hem her bir şahsyýet öz ahlagyny jemgyýetçilik ahlagy bilen bir hörpden gopar ýaly etmäge çalyşmaly, ýagny şahsy we jemgyýetçilik ahlak garaýyşlarynyň sazlaşygyny ga- zanjak bolmaly. Şahsyýetiň ahlak kadalaryna laýyklykda, daş-töwereginde bolup geçýän zatlara baha bermegi we şoňa görä hereket etmegi netijesinde adamyň ahlak keşbi kemala gelýär. Ýokary ahlakly adam her hili kyn şertlerde hem ejizlemän, halal ýaşamaga çalyşýar, arassa gazanjynyň hasabyna eklenýär, şol ruhda hem çagalaryny terbiýeleýär, elmydama döwletiň kanunlarynyň öňünde şahsy jogapkärçiligini duýup, olara hormat goýup ýaşaýar hem-de kanunyň talaplaryny gyşarnyksyz ber- jaý edýär. Şu zeýilli ýokary ahlakly şahsyýetler köp bolanda jemgyýet sagdyn bolýar, döwletde hukuk we kanun bozulmalarynyň sany şonça-da azalýar. Ynsanyň ahlak terbiýesi maşgala ojagyndan başlanýar, mek- dep ýyllarynda dowam etdirilýär, soňra şahsyýet ahlak sapaklaryny 8 ----------------------- Page 9----------------------- jemgyýetden özbaşdak alyp başlaýar. Häzirki döwürde ahlak terbiýe- siniň ähli ugurlarda talabalaýyk güýçlendirilmegini durmuş talap edýär. Türkmen jemgyýetinde ýaşlara edepli bolmany, arassa-ha- lal ýaşamany, zähmeti söýmäni dowamly ýagdaýda öwredilýär we aňyna guýulýar. Şu wezipeler göwnejaý ýerine ýetirilmedik halatyn- da türkmen jemgyýetiniň geljekki nesilleriniň ykballaryny göz öňüne getirmek-de kyn. Elbetde, bu meselede maşgalanyň we mekdep mu- gallymlarynyň üstüne aýratyn jogapkärçilik düşýär. Aýdylanlardan ugur alyp, halkyň ahlak kadalarynyň ulgamlaşdy- rylmagy, şoňa görä hem wagyz-ündew işleriniň meýilnamalaýyn esaslarda talabalaýyk guralmagy jemgyýetiň öňünde durýan möhüm wezipe bolup durýar. Türkmen jemgyýetinde milli gymmatlyklarymyzyň, şol sanda ahlak kadalarynyň öwrenilmegine, wagyz-ündew edilmegine we dur- muşda giňden peýdalanylmagyna döwlet syýasatynda aýratyn orun we ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň mart aýynda Mejlisiň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda ýaş nesille- re terbiýe bermek bilen bagly kanunçylyk ulgamy kämilleşdirilen- de: “Gadymy däp-dessurlarymyzy goldanyp, kanunlarymyzy häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebap ýagdaýa getirmeli diýip pikir edýärin” diýip aýratyn nygtap geçdi. Diňe öz geçmiş taryhyny, milli aýratynlyklaryny bilýän halk özüne mahsus ýol bilen ösüp, özgerip, mynasyp durmuşda ýaşap biler. Şeýlelikde, milli miras, ondan öz gözbaşyny alyp gaýdýan jemgyýe- tiň ahlagy türkmen halkynyň şu gününiň we ertiriniň ykbal kesgitleýji binýady bolup çykyş edýär. Diýmek, milli mirasymyzy bilmegimiz we şoňa laýyklykda ýaşamagymyz, gurmagymyz, döretmegimiz bi- ziň hemmämiz, ilkinji nobatda hem ýaşlarymyz üçin möhümdir. Şeýle syýasatyň alnyp barylmagy netijesinde halkyň döwrebap ahlak medeniýeti kemala gelýär. ahlak medeniýeti şahsyýetiň ah- lak sowatlylygyny, şoňa laýyklykda döreýän onuň ahlak aňyýetini, öz gezeginde şondan gözbaşyny alyp gaýdýan ahlak edebini, ýagny özüni näderejede ahlakly adam hökmünde alyp baryp bilýändigini görkezýär. Bularyň hemmesiniň binýadynda bolsa halkyň ahlak ga- 9 ----------------------- Page 10----------------------- raýyşlary, ýörelgeleri we kadalary ýatandyr. Munuň özi halkyň ah- lak derejesine görä onuň ahlak medeniýetiniň ýüze çykýanlygyny aňladýar. Şahsyýetiň ahlak-hukuk edebi, giň manyda – medeniýeti, onuň ruhy dünýäsinden gözbaş alýar. adamyň ruhy dünýäsi - akyl, aň ýetiriş aýratynlyklaryna görä onda döreýän içki duýgular, oý-pikirler, filosofik garaýyşlardyr. Şolaryň üsti bilen ol dünýäde bolup-geçýän zatlara göz ýetirýär we özüçe baha berýär, her bir meýilleşdirýän amalyny sazlaýar. Ahlak kadalarynyň ýygyndysynda hödürlenýän kadalaryň okyjylar tarapyndan içgin we çuňňur özleşdirmegini gazanmak mak- sady bilen, ýörite çyzgylar taýýarlanyldy we testler düzüldi. Çyzgylar okyjynyň öwrenen maglumatlaryny görüş ýatkeşligi- niň hasabyna logiki seljerme geçirmek ýoly bilen töwerekleýin özleş- dirmäge we olary berkitmäge, täze meseleleriň üstünde oýlanmaga mümkinçilik döredýär. Çyzgylarda berilýän maglumatlar logiki yzy- giderlikde bir bitewi zynjyrjyga düzülýär we ahlak kadalarynyň ma- ny-mazmunyna doly we hemmetaraplaýyn düşünmäge ýardam berýär. Ahlak kadalary bilen içgin tanyş bolan okyjy çyzgylary “gepletmäni” hem-de öz pikirlerini ösdürmäni başarmaly. Testleriň üsti bilen okyjylar öwrenen zatlaryny näderejede özleşdirendiklerini barlap bilýärler. Testleriň jogaplary ýörite bir-biri- ne manydaş äheňde, ynandyryjy we özüne çekiji edilip düzülýär. Şo- nuň üçin hem her bir soragyň jogaplarynyň üstünde logiki seljerme geçirmeklik zerur bolup durýar. Başgaça çemeleşilende okyjylaryň “akyl duzaklaryna” düşmekleri gaty ähtimaldyr. Her babyň soňunda testleriň jogaplary berilýär. Munuň özi okyjylaryň dogry (nädogry) jogaplara anyk göz ýetirmekleri hem-de ýalňyşan halatlarynda, öz bilimlerini artdyrmak boýunça goşmaça işleri geçirmelidigine düşün- mekleri üçin möhümdir. Ahlak meseleleri bilen bagly test düzmegiň özboluşly aýra- tynlyklary bar. Size hödürlenýän kitapda, esasan, iki usul ulanyldy. Birinjisi, “Dogry jogaplaryň içinde has dogrusyny tapmak”. Testle- riň soraglarynda hödürlenýän jogaplaryň hemmesi-de dogry, ýöne 10 ----------------------- Page 11----------------------- wajyplygy, ähmiýeti, şeýle hem döwrebaplygy babatda içinden biri hakykata has laýyk gelýär. Bu ýerde okyjylaryň öňünde deňeşdirme ýoly bilen hakykata doly gabat gelýän jogaby tapmak wezipesi dur- ýar. Okyjylaryň dünýägaraýşyny we gözýetimini giňeltmekde şeýle sorag-jogaplaryň ähmiýeti uly diýip hasaplaýarys. Ikinjisi, “Wajyp meselä ünsi çekmek”. Bu ýerde jogaplaryň için- den dogrusyny ýa-da nädogrusyny aňsatlyk bilen anyklap bolýar. Şu usuly ulanmagyň maksady okyjynyň ünsüni irili-ownukly möhüm meselelere çekmek bolup durýar. Mysal üçin, IV-nji babyň 6-7-nji test lerine seredip göreliň. 6-njy testde, hatda, nähak ýolnan birje güljagaz üçinem “jogapkärçiligiň” döreýändigini okyjylaryň, esa- san-da, ýaşlaryň aňyna salmaga synanyşylýar. 7-nji testde uly ýaş- daky adam lara hiç bir ýagdaýda hem ahlaksyz we bikanun hereketleri görüp, olaryň deňinden sowlup geçmeli däldigi, biparh bolmaly däl- digi ýatladyljak bolunýar. Umuman, çyzgylar we testler okyjylaryň ahlak kadalarynda beýan edilen dürli çylşyrymly durmuş pursatlaryny tejribe nukdaýna- zaryndan professional derejede seljermekde, umumylaşdyrmakda, dogry netijelere çykmakda olara ýardam berer diýip tama edýäris. Hödürlenýän usullar okyjylaryň pikirleniş we aň ýetiriş ukyplarynyň ösmegine hem oňyn täsir etmeli. 11 ----------------------- Page 12----------------------- I BaP maŞGala GaTnaŞyklarynyň ahlak Kadalary 1.1. ahlak kadalary bilen şu ugurda düzgünleşdirilýän esasy gatnaşyklar maşgalada maşgalabaşynyň esasy ahlak wezipeleri: Erkek adam maşgalabaşy hökmünde maşgala umumy ýol- başçylygy üpjün etmeli we bütin maşgala agzalarynyň ahlak jogap- kärçiligini olar bilen deň derejede çekmeli. Maşgalabaşy maşgala agzalaryna ahlak hukuk kadalarynyň çäklerinde hökmany görkezmeleri berip bilýär we olaryň durmuşa geçirilşine gözegçilik edýär. Maşgalabaşy maşgala agzalaryna bellik etmäge ygtyýarly we olara öz minnetdarlygyny bildirip bilýär. Maşgalabaşy geçirimli bolmaly, aýaly we maşgalanyň beýleki agzalary bilen her bir meselede düşünişmäge hem-de ylalaşykly ýaşamaga çalyşmaly. Aýalynyň säwliklerini düzetmäge oňa kömek bermeli, bilmeýän zatlaryny öwretmeli, gerek bolsa tejribede gör- kezmeli. Maşgalabaşynyň çözgütleri ahlagyň-kanunyň çäginde we ada- latly bolmaly. Maşgalada maşgalabaşa aýratyn orun berilýär. Maşgala ýol- başçylyk etmek, hakykatdan-da, juda mertebeli wezipe. Emma onuň hötdesinden abraýly geläýmek welin örän çylşyrymly mesele. Ýaşlyk- dan bu ugurda ýörite taýýarlyk işlerini geç medik, soňra hem ömrüniň dowamynda toplan durmuş tejribesini yzygiderli artdyryp durmadyk adamyň ol wezipäni göwnejaý ýerine ýetirip bilmejegi düşnüklidir. Bu ýerde ýöne bir ahlagyň we hukugyň kadalaryna laýyklykda aras- sa-halal ýaşanyň, zähmet çekeniň, maşgala guranyň ýeterlik däl. Durmuşda maşgalabaşynyň adaty bolmadyk jogapkärçiligi ni duýup ýaşamak üçin kän yhlas çekmeli, köp okamaly, umuman, giň 12 ----------------------- Page 13----------------------- dünýägaraýşyň we gözýetimiň bolmaly. Has wajyby hem maşgalany dolandyrmakda gündelik durmuşda duş gelýän meseleleri seljermäni, umumylaşdyrmany we olardan degerli netijeleri çykarmany başar- maly. Munuň üçin bolsa erkek kişi irginsiz zähmet çekmeli, kynçylyk- lar bilen gaýduwsyz göreşmeli, synmajak erke eýe bolmaly. Maşgala baş onuň uly ýaşly erkek kişisi, adatça, ata bolýar. Er- kek kişiniň maşgaladaky orny we ähmiýeti danalarymyzyň şu deňeş- dirme äheňindäki pähiminden hem aýdyň görünýär: “Äri är bolanyň aýaly şir bolar, äri är bolmadygyň aýaly gara ýer bolar”. Aýalyň “şir” bolmagy onuň çagalary bilen lezzetli durmuşda ýaşamaklyklaryny aňladýar. Maşgala baş bolmaklyk aslynda artykmaç hukuklardan däl-de, ummasyz jogapkärçilikden habar berýär. Maşgala agzalarynyň her biriniň aladasy onuň boýnuna düşýär. Maşgalabaşy ýol görkezi- ji, ugrukdyryjy, maslahatçy bolup durýar. Maşgala agzalarynyň her biriniň eden ýaramaz işi, gylyksyz hereketleri üçin-de, ilkinji no- batda, şondan hasap soralýar. Görşümiz ýaly, maşgala ýolbaşçylyk etmek köpugurly dünýägaraýşyň, giň gözýetimiň, çuňňur akyl-paý- hasyň, baý tejribäniň, egsilmez guramaçylyk ukybynyň bolmagyny talap edýär. Şonuň üçin hem türkmen maşgalasynda erkek oglanla- ry maşgalabaşynyň “wezipesine” ýaşlykdan taýýarlap başlaýarýar we ýetginjeklik döwründen bu ýeňil bolmadyk işiň jogapkärçiligine düşüner ýaly edýärler. Ýaş ýigit öýlenen pursatyndan “kiçi maşgalabaşy” hasaplanýar we bu ýagdaý atasy (baş maşgalabaşy) garrap, indi köşegine eýermeli boldy diýen döwrüne çenli dowam edýär. Elbetde, aksakgalyň sarpasy islendik ýagdaýda saklanyp galýar. Baş maşgalabaşynyň görkezme- leri kiçi maşgalabaşylar üçin hökmanydyr. Düýpli meselelerde kiçi maşgalabaşy öz hereketlerini baş maşgalabaşy bilen ylalaşyp, soňra durmuşa geçirýär. Türkmeniň maşgala agzybirliginiň inçe syrlary we mäkämligi şunda bolmaly. Elbetde, maşgalabaşy arassa, halal, adalatly hem-de elmydama kanunyň çäginde hereket edýän adam bolmaly. Ähli derejedäki maş- galabaşylar tarapyndan jedelsiz kabul edilmeli bir hakykat bar. Erkek 13 ----------------------- Page 14----------------------- kişi maşgala ýolbaşçylyk edýän adam hökmünde her bir meselede çagalarynyň, gelinleriniň, agtyklarynyň we maşgalanyň beýleki ag- zalarynyň hereketlerine dogry hem-de adyl baha bermäni başarmaly. Şonda onuň “hökümleriniň” aglabasy jedelsiz we meýletin ýerine ýe- tirilýär, maşgala agzybir hem jebis bolýar. Gündogaryň medeniýetinde hem maşgalada erkek kişiniň ýol- başçylygynyň ähmiýeti, jogapkärçiligi, şahsy göreldesi barada giňişleýin bellenip geçilýär we her bir döwürde beýan edilenler bi- len bagly wagyz-ündew işleriniň geçirilip durulmagy möhüm ha- saplanylýar. maşgalada aýalyň esasy ahlak wezipeleri: Maşgalany talabalaýyk dolandyrmakda ärine ýardam bermeli. Hojalygy ýöretmeli hem-de mümkinçiligi we islegi bolan ýag- daýynda, özbaşdak gazançly işde işlemeli. Çagalaryna edep-terbiýe bermeli, olaryň tertip-düzgünine gözegçilik etmeli. Cagalaryny, ilkinji nobatda gyzlaryny ýaşlykdan maşgala dur- muşyna taýýarlamaly. Türkmençilikde girimi-çykymy bilýän aýal kän bir başgalaryň gözüne ilmezden, maşgalany agzybir saklamakda we ony adalatly do- landyrmakda adamsyna uly ýardam berýär. Şeýle etmek bilen öý bike- si atalarynyň at-abraýyna şek ýetirmezden, onuň mertebesini saklap, maşgalanyň jebisligini gazanýar. Danalarymyzam: “Är ýagşysy ile geňeşer, aýal ýagşysy - äre” ýa-da “Akylly aýal ärine akyl öwretmez” diýipdirler. Maşgalada ata-ene öz hakyky orunlarynda bolup, şahsy wezipe -borçlaryny bolmalysy ýaly ýerine ýetirenlerinde, ol maşgala agzybir bolýar, olaryň çagalary hem talabalaýyk terbiýe alýar. Hakykatda- nam, är-aýal maşgalada dogry “häkimlik-tabynlyk” gatnaşygynda bolanlarynda, erkek adama maşgala otlusyna sözüň doly manysynda mynasyp “lokomatiw” bolmak başardýar. Şu şertlerde maşgala diý- seň sazlaşykly ösýär, beýleki maşgalalara nusgalyk bolýar. Jemgyýet şu zeýilli maşgalalardan düzülende, ol hakyky sagdyn jemgyýeti emele getirýär we döwletiň ähli babatda gülläp özgermegine ýardam 14 ----------------------- Page 15----------------------- edýär. Awtoulagy iki bolup dolandyryp bolmaýşy ýaly, maşgalany hem är-aýalyň ikisiniň deň hukukly halda dolandyrmaklarynyň özi agyr “dur muş hadysalaryna” getirjegi gümansyzdyr. Türkmen maşgalasynda her döwürde hem aýala aýratyn orun berlipdir. Muny ata-babalarymyzyň şu dana pähimlerinden hem görmek bolýar: “Öý öwlüýä, aýal müjewür” ýa-da “Ömrüňden iki gün galsa at al, bir gün galsa – aýal”. Häzirki wagtda hem şu tejribe dowam etdirilýär. Aýal maşgalanyň gönezligi bolup durýar. Maşgala Ýer şary bolsa, aýal onuň okudyr. Türkmen maşgalasynyň jebisligi, agzybirligi, abraýy, edebi köp derejede şolara baglydyr. Erkek adam- lar ýene-de bir hakykata uýsalar ýagşy, aýal maşgalada çagalaryň iň “ulusy” hatarynda görülmelidir. Şonuň üçin hem erkek kişiler gyz- gelinleriň ahlak terbiýesine durmuşda aýratyn üns bermeli, olar üçin ähli zerur maddy şertleri we mümkinçilikleri döretmäni, zenanlaryň at-abraýyny we mertebesini mynasyp halda goramany başarmaly. Ene-atasynyň ojagynda talabalaýyk terbiýe almadyk gyzlar, soňra-da gelin bolup baran ýerinde dogry ýola salynmadyk aýallar maşgalany tükeniksiz betbagtçylyklara sezewar edýärler. Gündogaryň medenýetinde aýala Alladan soň ärine ilki hormat goýmaklyk ündelýär. Aýal çagalaryna talabalaýyk terbiýe bermekde, maşgala agzalarynyň arasyndaky sazlaşygy saklamakda, hojalygy yg- tybarly ýöretmekde maşgalabaşynyň uly ýardamçysy bolup durýar, maş- galanyň garyndaşlary, goňşylar bilen mähirli gatnaşyklary üpjün edýär. ata-eneleriň çagalarynyň öňündäki ahlak borçlary: Ata-ene çagalarynyň öňündäki ahlak jogapkärçiligine aýdyň düşünip ýaşamaly. Durmuşda ata-ene şulary üpjün etmeli, ýagny çagalarynyň: – kämil ahlakly şahsyýet bolup ýetişmeklerini; – talabalaýyk bilim almaklaryny; – sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini; – halal zähmete ugrukmaklaryny; – berk maşgala gurmaklaryny; – Watanyna, il-gününe, jemgyýete wepaly hem peýdaly adamlar bolup kemala gelmeklerini;
Категория: Android üçin "APK" kitaplar | Добавил: Bagabat | Теги: Taganmyrat Goçyýew
Просмотров: 30 | Загрузок: 0 | Рейтинг: 0.0/0