Salam hormatly agzalar we myhmanlar. Direliş Edebiýat döredijilik toparynyň işinde käbir üýtgeşmeler bolup geçdi, indi saýt başgaçarak işleýär. Saýtda agza bolmak (registrasyýa etmek) funksyýasy ýola goýuldy. Ýöne teswir ýazmak üçin agza bolmak hökman däl, teswiri adaty myhmanlar hem goýyp bilýär. Saýdyň düzgünine görä ulanjylar belli belli toparlara bölünýärler:

1) MYHMANLAR: –Agza bolmadyk ulanjylar, mowzuk okmaga, teswir ýazmaga we mowzuklara baha bermäge hukuklary bar.

2) OKYÝJYLAR: –Agza bolan (Registrasyýa geçen) ulanjylar. Okamaga we teswir ýazmaga hukuklary bar we goşmaça öz ýazan teswirlerini pozmaga we üýtgetmäne hukuklary bar. (OKYÝJYLAR mowzuk açyp bilenoklar).

3) AWTORLAR: –Bular hem agza bolan (Registrasyýa geçen) ulanjylar. Ýokarda agzalan mümkinçilikden başga mowzuk açmaga hukuklary bar. Agzalary awtorlyga administarsyýaň özi geçirýär. Eger siz şahsy döredijilik bilen meşgullanýan bolsaňyz, saýtymyzda agza bolup Pikirlerde öziňiz barada bellik goýyň. Onsoz biz sizi AWTORLAŇ hataryna geçireris.