22.04.2019 /

Ýaragym - soz, durmuş - tagna,
Men wepa islegen Ragna..

++++

22.04.2019 /

Ya men köñül otagymda çañ basyp,
Har bolan duýgulañ sübsegärimi?!
++++

22.04.2019 /

"Yagyş yagyar" goşgusynda adam duygulary tebigat bilen diyseñ tasirli şekilde garylyp yugrulyp berilipdir.

22.04.2019 /

O diýen däl...

22.04.2019 / Gülzyýada

happy

22.04.2019 /

Owadan gelinden owadan goşgular smile

22.04.2019 / kuwatmg

happy


21.04.2019 / Yusup

@345 Makalanyň awtory bir bolsada we şol bir minara hakynda ýazylan bolsada. Makala meňzeş däl. Siziň näme diýjek bolýanyňyz düşnüksiž

21.04.2019 / Yusup

Suratyny görjek bolýan, link oklaýyň

21.04.2019 / jumagylyjovao

Sanjar, üstünlik, rowaçlyk hemişeki hemraň bolsun! Goý kalbyňdan çykan her bir söz kalplarda öçmejek yz galdyrsyn.

21.04.2019 / jumagylyjovao

Berekella!!! Sada dilde, berk logiki yzygiderlilikde, doly suratda görnüp duran hakykata laýyklykda ýazylypdyr. Hekaýanyň ady sýužetiň üsti bilen ýetiriljek bolunýan maksadyna laýyk gelýär. Ýekeje bellejek zadym bar. Bu kemçilik däl, durmuş tejribesi az bolanlygy sebäpli, ünsden düşen ýagdaý - Gülnarjygyň enesinden eşidenlerini ejesine gürrüň bermegi. Bu ýagdaý çagada "Gep gatnatmak", ulalansoň bolsa gybat etmek endiginiň başlangyjy bolup durýar. Gynansagam  durmuşda bular ýaly ýagdaýa ulularyňam hiç hili ähmiýet bermeýänleri bar.Has beteri şeýle ýagdaýy ýörite döredýänleri hem bar. Hekaýada Gülnarjyk nägileligini enesiniň özüne duýduran bolsa,ýa-da ejesi tarapyndan kiçijik bellik edilen bolsa, onda bu ýagdaý hekaýanyň üstünligine öwürilerdi we terbiýeçilik ähmiýetini ýokarlandyrardy.Üstünlik hemraň bolsun, Mähriban!

20.04.2019 / Gumlygelin

Sanjar saýty myhman bolup okaýar.@Nur,@Has belliklerñiz üçin sag boluñ.Arzuwlar üçin hem.

20.04.2019 / Has

Az-kem büdremeler bar, hem işlenen kapyýa-rifmalar, ýagny "göresim gelýär".
Emma muña garamazdan, Sanjaryñ ilkinji goşgusydygyna bakmazdan, oña gelejekde bil baglap boljakdygyna ynanýan. Sebäbi adatça, galamy ilki eline alýanlar hazirki çala başy gowşan estrada aýdymlarynyñ ýuwan sözlerine meñzeş tipde goşgy ýazyp başlaýarlar. Bu wagtlaýyn geçiş döwrüniñ alamatyny görmedim goşguda. Üstünlik arzuw edäýmek galýar. Biliñi berk guşap galamyñy ýitiläp Alyñ ala meýdanyna girip ýeñiş üstüne ýeñiş gazanmagyby arzuw edäýmek galýar...

20.04.2019 /

http://kitapcy.ml/news/gyzyl_minara/2019-02-07-5094

al, jigim

20.04.2019 /

Gepedüşmez çaga ekeniñ. "Gyzyl minara" makalasy bilen deñeşdirip gor awtoryñ şu makalasyny. Aşakda teswirem yazdym şo makala, girde göräy. Gözlaniñ bilen tapylmaya, okamaly we deñeşdirip görmeli. tongue

20.04.2019 / Has

@Gurban, Baýramgeldi aga käbir taryhçylar ýaly oturan ýerinde kitap dörüp ýazanok. Makalalarynda agzalýan taryhy ýerleri yol azabyny gaýgyrman gidip, gözi bilen görüp, synlap, öwrenip - soñ ýazýar.

20.04.2019 / Gurban_aga

345, Men ilki maglumat şu saýta goýjak bolsam şu saýtda öň goýulypdyrmy goýulmandyrmy şony bilip onsoň goýýan. Öň goýulan bolsa ýene gaýtalap goýan bolsam onda meň ýalňyşlygym. Aýdan sözüň subut eder ýaly salgysyny ýazyp goý. Ýogsam öň gözlämde hiç hili maglumat çykmandy.

20.04.2019 / Gurban_aga

2 345, Goýmak başga ýazmak başga. Goýmak iki barmagyňa bitýän zat. Ýazmak bolsa giden kitaplary dörüp aý günüňi ötürip ýazmaly. Onsaňam munýaly gymmatly taryhy makalany her bir kişä ýazmak başartmaz.

20.04.2019 / Raziýe_Soltan

Nahcivan bilen eyran arakcaklesyar... nahcivandaky zyyaratgahine gidilyan yolun erbetligini bir gorseniz...

20.04.2019 /

Makala gaytalanyar, awtoryñ "Gyzyl minara" makalasy hem şol bir zat, saytda-da öñ goylan eken, ozem haysy gazetde çykan senesi bilen bile berlipdir.

bu gaytalanma makala awtoryñ yalñyşlygymy ya @Gurban_aganyñ?

20.04.2019 /

Gurban, makalany goyan dal, okayan "sag bol" diymeli awtora biggrin

20.04.2019 /

Makala gaytalanyamy ady üytgap?

20.04.2019 / Gurban_aga

Gymmatly taryhy makalaňyz üçin Taňyrýalkasyn agam. Ahmet Mämmedow Garagalpak halkynyň taryhyny tanyşdyrýan bolsa siz bolsa Hindistanyň taryhyny has içgin biz bilen tanyşdyrýaň.

20.04.2019 / Gumlygelin

@Gurban,oglum däl.Ýüwürjim.Öz oglum sekiz ýaşynda.

20.04.2019 / Gurban_aga

1 Gumlygelin, gelneje Sanjar oguluňyzmy?

20.04.2019 / Gurban_aga

Tüweleme Döredijilikde üstünlik, rowaçlyk arzuw edýän.

20.04.2019 / Nur

Üstünlik Sanjara

20.04.2019 / Nur

Ilkinji goşgy üçin diyseñ gowy goşgy diyip bolar. Setirara baglanşyk, yzigiderlik, duýgy bermek ideya, tehnika yerbe yer meñ pikirimçe.

20.04.2019 / Gumlygelin

Bu goşgy Sanjaryñ döredijilige ilkinji ädimi.Şowlulyk diläp belliklerñizi gysganmarsyñyz diýip umyt edýän.

20.04.2019 / Nur

Diýar jurnalynda Aşyrmuhammet Seýitnurowyñ ýazan "No-hur", "Manaman" rowaýatlary hakykata has golaylygy bilen oýlandyrýar. Nuhuñ gämisiniñ gelip uran dagynyñ adynyñ gelip çykyşynda-da getirilen delillerde-de gadymyýetiñ ýañy ýañlanýar. Rowaýatlar aslyny nahildir bir hakykatdan, bolan wakadan alyp gaýdýar diýilýãr. Mukaddes Türkmen topragymyzyñ-da keramat siñen, Hakyñ nazary düşen topragydygyny, aslyny gadymyýetden alyp gaýdýan gaýduwsyz, ýanbermez batyrlaryñ mesgeni bolan Ata Watanymyzyñ has gadymylygyny subut edýän deliller, rowaýatlar okadygyñça õwrenilmage mynasyplygy, mukaddesligi bilen bilesigeljiligiñi artdyrýar.

20.04.2019 /

Örän govy doganjan elleriñize güller bitsin.Yetirip duruñ keramatlylaryñ waspyny rowayatlaryny Allajanym razy bolsun!Ählimizdenem.Ämin.

20.04.2019 /

Gosgyn doly manysyna dusunyancan okamana synanys Sahymerdan
"Kakasy dey gora" iki gezek gelenok sol yerini tazeden kop oka dusunersin.

20.04.2019 /

Sahymerdan dos mana sul gosgy yarady sen halamsan halandalsin welin yone gosgy manyly yazylypdyr at dakara zat yok.

19.04.2019 /

Akmak patyşa eken.

19.04.2019 / Raýdaş

Dünýäň alymlaryň ýygnap bir ýere,
Sorapdyrlar "Aýdyň aňsat, kyn näme?"
Diýipdirler "Kyn özüňi tanamak,
Aňsady aňsat-la,
maslahat bermek"

19.04.2019 /

Türkmençelände "gonambaşy" bolaýýa öýdýän bu kapyr tongue

19.04.2019 /

Şu saýta berekella! Gazet-žurnallaryñ bir hepdede çykyanlarynyñ barsyny uyşurip okañda bilmejek zatlaryñy bir gunde şu taydan owrenip bolyar.

19.04.2019 / jumagylyjovao

Kiçijik umyt ýürekgysmanyň,alaçsyzlygyň,lapykeçligiň,göwnüçökgünligiň, sustypesligiň,garaňkylygyň, gorkynyň içinde doglanlygy sebäpli,ol örän güýçli söýget bolup bilýändir.Iň esasy zat seniň nähili dünýäde ýaşaýanlygyň däl,sende nähili dünýäniň ýaşaýanlygyndadyr.Iň aýylganç zat dirikäň pahyr bolmakdyr.Iň gorkunç zat bagtly bolmagyň üçin eliňde baryny gaýgyrmakdyr.Umyt söýgediňi eliňe alyp,kalbyňdaky ajaýyplyklary dünýä ýaýyp,özlerini saňa ýakyn tutýan adamlaryň söýgüsinden syzyp çykýan dirilik suwundan ganyp,bagta tarap dyrjaş.Bagta ymtylma - bu ymtylmalaryň ymtylmasy.

18.04.2019 / Has

Öñräk daşary ýurt teleýaýlymlarynyñ birinde 70-mi 80 ýaşdan geçen ayal taryhçylarynyñ biri ömrüñ şeyle çäklidigine, wagtyñ azdygyna ünsi çekip, talypka blolnodyna bellan zatlary boyunça omurboýy işlabem yetişip bilmandigini we gyzlaryna ölende mazar daşyna "ÖWRENMEKDEN WE IŞLEMEKDEN HIÇ DOÝMADY" diýip ýazyñ" diyp sargaýan" diyya. Frankliniñem aydyşy ýaly "Biz etjek işimizi ertä goýsagam", wagt ne bizi, ne etjek işimizi ertä goýjak bolup durmaýar.

18.04.2019 / jumagylyjovao

Men-ä ertirden başlap hiç işimi ertire goýjak däl. biggrin Göwnümize ertir diýlen zat şeýle bir uzak welin, hiç wagt gelmäýjek ýaly.

18.04.2019 / Raýdaş

Örän oňat goşgy bolupdyr, galam ujy kütelmesin, ýonup dur...

17.04.2019 / Raýdaş

Şu goşgyňy okasa hökman geläýmeli...

17.04.2019 / Raýdaş

Il-gün üçin janyny orta goýup bilýänl er goşguda ýatlanylsa örän oňat.

17.04.2019 / Raýdaş

Oňat goşgy, ýerine düşüpdir...

17.04.2019 / jumagylyjovao

Gowy goşgy.Pikirlerini açyk we düşnükli beýan edýär. Galamyň mundanam ötgür bolsun.

17.04.2019 / jumagylyjovao

Adamynyň janyna, saglygyna howp abananda,onda ýiti gorky duýgusy dörap, dowla düşüp biler.Emma, hut şeýle pursatlarda gahrymançylygyna guwanmaly, olara deňlenmeli mertlerimiz, hakyky durmuşyň hakyky gahrymanlary,orta çykýar.Wepat bolan gahrymanlaryň ýatan ýerleri ýagty bolsun.Görkezen edermenlikleri, halas edilen ömürler üçin  olara baky şöhrat bolsun!
   Şular ýaly materiallar ýaşlary terbiýelemekde aýratyn mekdep bolup durýar.Şu saýty döredijilere nusga alarlyk gahrymanlar we gahrymançylyklar barada ýygnanan materiallar üçin sag bolsun aýdýaryn.

17.04.2019 / Yusup

"Sygyr tezegi" diýseň gowy ýaly

16.04.2019 / Gülzyýada

turkmen*

16.04.2019 / Gülzyýada

Gowy makala eken...Yerlikli mesele.Yone gynansagam durkmen dilinde kop basga dili gosup geplemek yon bolupdyr...oz sozumiz bay bolsada rus ya turk dilini garyp gurleyarler bu godeklik oz milli dilini kemsitmek bolyar men pikrimce....Okanyna degyan mowzuk eken smile respect

16.04.2019 / Gülzyýada

Gitsinler,bulama elyaglygyñy...

Juda gowy yazlypdyr ...


16.04.2019 /

Şol ikisiniñ bolşam bir kinofilm üçin oñat tema bolar. Serdaryñ roluny Leonardo Dikaprio, Rahymyñ rolunam Semuel Jekson oýnasa ýaman gow-a bordy tongue

16.04.2019 /

Türkmenistandan Serdar Saparowy, Rahym Orazgeldiýewi hem şu sanawa goşsañyz ýüzüñiz utanmaz, oglanlar biggrin

16.04.2019 / meretmuhammet

Tuweleme Berekella diyesim gelyar shu sayta, bashka hic yerde agzalyp duýgydaşlygam bildirilmedi shol Eýranly doganlarmyza.

16.04.2019 / Has

Dogrusy, käbir adalgalaryñ (sözleriñ däl) terjime edilmegini bizem dogry hasaplamzok. Bu barada öñem birki teswirde agzapdym, şoñ ü.n ýanjap oturmagyñ hajaty ýok. Ýöne sözlem düzülende ýalñyş ulanylyşyna ünsi çekesim gelýär. Mysal üçin her halkyñ özüne mahsus we başga dile terjime edilende manysyny ýitirýän sözler bar. Meselem Gündogar halklaryna mahsus halyf, soltan, şa, patyşa, ahun, molla, pir.. sozlerini alyp Günbatar halklaryna mahsus korol, papa, graf, gersog, knýaz, kardinal, dworýan, pomeşik, ýepiskop, monah sözleri bilen garşylaşdyryp göreliñ.

Rimiñ halyfy, Angliýanyñ soltany, Niderlandiýanyñ şasy, Şwesiýanyñ emiri, St.Pýotr ybadathanasynyñ ahuny, Fransiýanyñ müftüsi we ş.m.. ýa-da Abbasylaryñ Papasy, Gaznawylar döwletiniñ koroly, Mekgäniñ gersogy, Ahalyñ monahy we ş.m.. görnüşde ýerini çalşyp yazsañ nähili görner?

Mysal getirişim ýaly ýok diýmegiñiz ahmal. Bar! Meselem Saud Arabystan patyşalygynyñ ady kä ýerde Saud Arabystan korollygy diýip gidýär. Bolmalysy welin "Saud Arabystan patyşalygy. Niderlandiýa korollygy, Ispaniýa, Angliýa, Portugaliýa, Şwesiýa ýaly käbir korollyk döwletleriñ ady köplenç patyşalyk diýip gidýär. Bolmalysy welin korollyk: (Niderlandiýa korollygy, Ispaniýa korollygy we ş.m.)
Çeper eserlerde-de şeýle yalñyşlyklar az däl. Mysal üçin Sergeý Ýeseniniñ "Gara adam" poemasynyñ Ahmet Gurbannepesow tarapyndan türkmen diline edilen terjimesinde "Nowruz geldi" diyen ýaly söz duş gelýär (edil hazir setiri yadyma düşmedi). Ruslarda Nowruz güni yok ahyryn. Şeýle-de ussat şahyrlarymyz A.Atabayewiñ, N.Rejebowyñ... Puşkinden, Lermontowdan edilen terjimelerinde musulman halklara mahsus "Alla", "Jelil", "molla" sözleri köp duş gelýär. Hudaý sözi parslara mahsus söz, Tañry sözi bolsa türki sözdür. ALLA sözi arassa yslam sözi. Şeýle-de ruslarda molla ýok, monahdyr pop bolmagy mümkin.
Döwlet gurluşyna görä ulanylmaly sözleriñ hem terjime etmegiñ hatyrasyna ýalñyş ulanylýan yerleri az däl. Meselem kazyýet we kazy yslam döwlet gurluşynda bolýar. Prezident formaly demokratik döwlet gurluşynda bolsa sud we sudýa bolýar. Biz Prezident sözüni terjime etjek bolup alaga-da, "Soltan", "Patyşa" diyemzok ahyryn. Sud - sud bolar-da. Name u.n bizde kazy diyilýänine düşünmekde kynçylyk çekýärin...

Soltanýaz aganyñ aydyşy ýaly awtobusda we ş.m yerlerde yonekey adamlardan turkmen diliniñ yazuw we gepleşik kadalaryny dogry berjay etmeg...

16.04.2019 / jumagylyjovao

4ýyldyz,resminama - dokument. Iş kagyzy "деловая бумага" - bu haýsy hem bolsa bir fakty ýa-da bir zada hukugy tassyklaýan dokument. Men türkmen dilini bilýän diýip biljek däl,ýöne islendik dilde-de sözi isleseň eýläk,isleseň beýläk öwrüp bolýar. Niýetiň ýalňyş tapmak bolsa islän adamyňdan tapyp bolar.

15.04.2019 / jumagylyjovao

Dünýäde näçe gowy aýallar bolsa-da, käbir erkekleriň ulanylyp halys "elekden geçen" jeleplere meýilleri hiç öçenok.Munuň ýönekeýje sebäbi bar - her kim özüne kybapdaşa ymtylýar.
Bu meseläniň çözgüdine Swesiýanyň garaýşy beýleki döwletleriňkiden düýpgöter tapawutlanýar. Ol ýerde "söýgini" satmaklyga rugsat berilýär, emma satyn almak jenaýatçylyk hasaplanylýar.

15.04.2019 /

"Iş kagyzlary" diyen sozi haysy rus sozunden terjime etdika? Meñçe yerliksiz terjime. Sebabi "iş kagyzy"diyen sozi rusça geçirseñ "деловой бумага" bolýar. Rus dilinde bolsa resminamalara delowoy bumaga diylenok. Onsoñam men makalany öñ "Esger" gazetinde okapdym öydýän. Ýalñyşmasam makala az-owlak redaktirlenipdir. Sebabi makalada "kepilnama" sözi "delilnama" diyp gidýärdi. ( yagny sprawka). Aydylyan dowür her edara oz leksikonyny döretdi. Mysal u.n bir edara delilnama diyse, başga biri kepilnama, yene biri güwänama. Sprawkanyñ iñ dogry terjimesi kepilnama bolmaly. Diyjek bolyanym her edara ozuçe terjime etmeli dal. Onsoñam terjime etmeli sozler bar, etmeli dal sozler bar. Kabir sozleri terjime etjek bolup gaty gulkunç yagdaya düşyaris. Bu gaytam oz dilimizi-de ýoýýar.

15.04.2019 / Medinilla

Gozgalyan meselä ýerliksiz diyib-a bolmaz, şol sanda diñe şu makalada-da üýtgedip ýerli ýerine geçirmeli sõzler ýok däl.
Iñ bir ýõnekeýje mysal: "Ýigdi gep urşundan tana" diýip uzaldyp aýdanyñdan "ýigdi sõzünden tana" diyip aytsañ hem gysgaça hem sõzlemde büdreme peselýãr.

15.04.2019 / Edebiýatşynas

Öňräk mugallymlaryň birini GAI saklapdyr. Jerime kagyzyny berende mugallymyň adymy familiýasy ýalňyş ýazylypdyr welin, mugallymam "köşek, bar gowusy, eliňe "Harplyk" kitap alda, gaýtala şony täzeden" diýenmişin :-).

15.04.2019 /

Awtor gowy gürrüñ gozgapdyr. Gozgamasyna-aa gozgapdyr welin, dogry söz düzmäge özem ökde o diýen ökde däl eken. Teke şiwesi bilen edebi diliñ tapawudyny bilmezden bular ýaly meselede dogry gürrüñleru orta atmak mümkin däl. Ýalñyşlyk makalanyñ adynda-da bar.
"Bilýäñizmi" däl - bilýärsiñizmi bolmaly,
"Beýan edýäs" däl - beýan edýäris bolmaly we ş.m.

15.04.2019 / zubeyde

cry papalara gatyerbet eken

14.04.2019 /

Gözüñe ýaş aýladýan gynançly taryh

14.04.2019 / meretmuhammet

Mydam edilen arzuwlar hasyl bolup baranok. Meselem ofiserligi arzuw edyan oglanjykdan eliñ nace sabynlasañam ayrylmayan gara yaglyja komoz shofyor cykaýar. cry

14.04.2019 / Maksat

Garpag baradaky maglumatyň iň ygtybarlysy Gerodotyň ,,Taryh'' eserinde bar. Inim tikenekläp gitdi ony okanymda. Hemmelere okamagy maslahat berýän!

14.04.2019 / Maksat

Köp-köp sag boluň!


14.04.2019 /

Ejemizi öz ornundan tapmasak

Ýazarlar söýgi hakda, ýazarlar sene hakda,
Ýazarlar gaýgy hakda, ýazarlar ene hakda.
Ýöne welin daş-töwerek hyň berse-de şahyrdan
Sen barada birje goşgam ýazýan ýok-la bu çakda.
Ýogsa, dogan, çagalygyň ýadyňdamy diýseler,
Doganlygyň, agalygyň ýadyňdamy diýseler,
Seniň bilen bir göwüsden emen barmy diýseler,
Seň oduňa senden beter ýanan barmy diýseler,
Ene bolsa ilkinjisi, ata bolsa ikinji,
Şolardan soň gümany ýok, seň adyňdyr tutuljak,
Onam bolsa, känem bolsa, erkek dogan sanymyz,
Ýene sensiň bir zat bolsa, hemmeden öň topuljak.
Ýa bolmasa, käte-käte küýsämizde enäni
Çaga dönüp, ýerli-ýerden öýe tarap eňýäris.
Ana, şonda öz ornundan tapmasak biz ejäni,
Ejemize meňzeşimiz - saňa bakyp oňýarys.
Aga bolup, kaka bolup, duýmasagam derdini,
Öz derdini ýeke özi çekip ýören dogansyň.
Gaty görmäň deregine, öz bagtyny unudyp,
Bize garap, bolsadylar ekip ýören dogansyň.
Aljyrama, şahyr oglan, aljyrama, goşguçy,
Ol ikimiz ýaly däldir, ýene ýarym göwündir.
Biz ýazsagam, ýazmasagam, gaty görüp ýörmez ol,
Çünki, ol bir beýik ynsan - naçar aýal dogandyr.

#Mekan

13.04.2019 /

Mennagy bilemokdym maskalaryñam taryhy barlugny sad

13.04.2019 / Medinilla

Ýõne sekiz sagat dynuwsyz ýüzüp gûndelikleyinem şol hereketi gaýtalamagam ýeñil ýelpaý bolmaz

13.04.2019 / Yusup

"Ýolagçylygyñ dowamynda günde sekiz sagat ýüzüp, galan wagtyny oña ýolda ýoldaşlyk etjek gämä münüp iýip-içmeli we dynjyny almaly"

Şol wagtlar tw-de görkezipdi, men geň galdym. Ýeke özi Atlantik okeany kürekläp ýüzüp geçeýipdir diýip. Asyl gapdalyndan gämi hem gitýär ekeni. Howa bulaşyp gom turjagyny öňünden bilip gämä geçäýmeli. Bu hasap dälllll...


13.04.2019 / Has

Garpagyñ öldürmäge dözmedik çagasy Kir soñra tagta çykýar. Bu baradaky hekaýat "Türkmenistanyñ taryhyndan materiallar" atly kitapda-da gabat gelýär.


12.04.2019 /

Gaty gowy cykypdyr.ajayyp goshgy" imanyñ arkalap gitseñ yagshydyr" shu setiriñ oran gowy seyle gitmek kulli Muhammet ymmatyna nesip edsin inshalla.galamynyz yiti bolsyn.seyle ajap goshgylarynyzyn howri kop bolsyn
smile

12.04.2019 /

Ajaýyp makala, sag boluñ.

12.04.2019 / Gumlygelin

Ajaýyp goşgy.

11.04.2019 / jumagylyjovao

Ajaýyp!!!

11.04.2019 / Gülzyýada

goşgu gowy bolupdyr okanyňda labyzly...ýalançyň ýalanlaryny,ýalynly närselerni düzedip bolmasada elmizdäkijäni gaýgyrmasak ýenede keseden synlamakdan gowy smile

11.04.2019 / Gülzyýada

nadanam özüne men nadan diýän däldir,her adamyň öz dogrysy bolýar,şoň ugrynda çapýar atyny,onsaň olaryň hujuwy ýok diýibä bolmaz hujuwnyň garalygy-aklygy özüne mälim...

11.04.2019 / jumagylyjovao

Hakyky şahyr hem suratkeş,hem sazanda bolýar.Ol ajaýyp suratlary, gerekli ritmde sözleri taraşlap,rifmalar bilen kebşirläp, aýdym edip aýtmagy başarýar. Allanazar aga, siz HAKYKY ŞAHYR!

11.04.2019 / Has

Nadanlykdan ýaña poslan gan bilen siziñ gaynatjak bolýan hyjuwyñyz alyşmaz, agam.

11.04.2019 / Has

Bentde "nadany" optimizme, gumanizme, umuman "duluñ düýnäp yatma-da", ile-güne goşul" diýen yaly çagyryş bar yaly many aldym. Yöne teýi nadany bu zatlara çagyrdyñ nä, çagyrmadyñ nä?.. bu ýöne suwa siýen yaly bir zat bolaymasa...

11.04.2019 / jumagylyjovao

Gowy goşgy. Düşünjek üçin altyna gaplaýmaly setirler.

11.04.2019 /

Men-ä ähli adamda-da ýaşaýşa, ýaşamaga bolan höwes barmyka diýýän. Höwesem hyjuwy oýarýar. "Nadanlar hyjuwsyz bolup bilmez" diýip bilmeris.

11.04.2019 / jumagylyjovao

Dünýäde iň uly muzeýleriň biri bolan Stambulda ýerleşýän Topkapy muzeýinde saklanýan 2 sany teňňeler, şu günki güne çenli Ärtogrulyň taryhy şahsyýetdigine güwä geçýän ýeke täk subutnamadyr. Olaryň biriniň ýüzünde "Osman ben Ertugrul", beýlekisinde "Osman ben Ertugrul ben Gazy Alp"diýlen ýazgy bar.

11.04.2019 / Has

Ýazyjylygam bir suratkeşlik, surat çekmegem bir ýazyjylyk, Allanazar aga smile

11.04.2019 / Raýdaş

Oňat goşgy, düşüniler ýaly ýazylypdyr... Köp sag boluň.

11.04.2019 / Raýdaş

Oňat ýazylypdyr, oýlandyrýar...

11.04.2019 / Has

Diyseñ gowy goşgy. Yekeje belligim bar: özi nadanyñam damarynda hyjuw gaýnarmy, Azymberdi akga?

11.04.2019 /

Radioda okalyan suwjyk hekayalar-da, Sapa. Gaytam suwyny çykarypdyr, guraksy däl. biggrin

11.04.2019 / Pegas

Guraksy. Hemem gahrymanlar hakyky durmuşdakydan üzňe, resmi gepleşýäler.

11.04.2019 / Medinilla

Saña parhy ýok gõzleñ içinde
Näderimi bilman pallap gerinýän. Üýtgeşik sõz õwrümi..türkmençe gürledayipdir Kahramany..terjimeçä sagbolsun

11.04.2019 / Medinilla

Oglana garañda gyzy kõp gürledipdir. Duýgyny has çuñlaşdyryp beren bolsa çeperçiligem ýokarlanardy..

11.04.2019 /

"... ol şonda adamyñ biri-birine garşy edip yören işleriniñ näderejede bidereklikdigine we akmaklykdan başga xat däldigine.. . goz yetirdi"...

Gynansak-da biz muña diñe ölüm pellesi bokurdagymyza gelip dirąnde goz yetiryaris...

10.04.2019 /

Sagbolun hslypa gyzykly maglumatynyz ucin

10.04.2019 / jumagylyjovao

Bähh... shock
Sanalgyň dolmasa ölüm ýok diýleni dä.

10.04.2019 / jumagylyjovao

Manyly we täsirli ýazylypdyr.
Matematiki dilde adamyň gowy häsiýetlerine berlen kesgitleme aksiomadyr . smile

10.04.2019 /

My name is Pete and I want to share a proven system with you that makes me money while I sleep! This system allows you to TRY the whole thing for F R E E for a whole 30 days! That's right, you can finally change your future without giving up any sensitive information in advance! I signed up myself just a while ago and I'm already making a nice profit.

In short, this is probably the BEST THING THAT EVER HAPPENED TO YOU IF YOU TAKE ACTION NOW!!!

If you're interested in knowing more about this system, go to http://globalviralmarketing.com/?ref=qkgWOPkN5RoC1NWh and try it out. Again, it’s FREE!

You can thank me later

/Pete

10.04.2019 / Kakageldiýewa

Şonuñ jogabyny bilýän ÿok henizem

10.04.2019 / Has

@Samammet, šu saytda Sabyr Arazkulyýewiñ "Keramatly Gözli ata kelamy" atly makalasy we Şahymerdan Saryoglynyñ "Шейх Гозли Ата" atly rus dilindaki makalasy bolmaly.

10.04.2019 / Kakageldiýewa

Köp sagboluñ ýetireniñiz üçin.

10.04.2019 /

gozli ata barada has icgin maglumatlary nirden alyp bolar ?

10.04.2019 /

gozli ata barada icgin nirden alyp bolar ?

09.04.2019 / jumagylyjovao

Ussadyň goşgusyny ussat terjime edipdir.Ikisem ajaýyp.

09.04.2019 / jumagylyjovao

Gowy goşgy.
Aga deregini tutup biljek dostlar,özi dost bolmagy başarýanlara nesip edýändir.
Saňa agam ýa uýam diýýän adamlaryň gadyryny bilmeli.Olar seýrek duş gelýärler.
Seň galan wagtyň,dostlaň seni tanaýar.Ýykylan mahalyň,sen dostlaryňy tanaýaň.

09.04.2019 / Gurban_aga

Şandor Petefi Wengirýanyň milli gahryman şahyry diýseňem ýalňyşmarys. Öz watanynyň ugrunda 26 ýaşynda wepat bolýar.

09.04.2019 / Gülzyýada

Омар Хайям — Пить аллах не вели

Пить аллах не вели! не умеющим пить,
С кем попало, без памяти смеющим пить,
Но не мудрым мужам, соблюдающим меру,
Безусловное право имеющим пить!

09.04.2019 / Gülzyýada

Омар Хайям — В окруженье друзей, на веселом пиру

Буду пить эту влагу, пока не умру!
Буду пить из прекрасных гончарных изделий,
До того как сырьем послужить гончару.

09.04.2019 / Gülzyýada

Омар Хайям — Я думаю, что лучше 
Я думаю, что лучше одиноким быть,
Чем жар души «кому-нибудь» дарить.
Бесценный дар отдав кому попало,
Родного встретив, не сумеешь полюбить.

09.04.2019 /

Bu makalany in bir wajyp makala hasaplaýaryn. Farawunyn we onun lesgerlerinin denze gark bolup ohelak bolandygt barada Allatagallanyn kelamy mukaddes Kurany kerimde aydylyp gecilyar.yokardaky materialdaaydylanlary yalnys bolyanler Kurany Kerimin Bakara süresiniñ 109- 138ayat aralygyny okap goraysinler.seyle derwayys meselani gozgap makala yazan awtora ayratyn sagbolsyn aytyaryn.Goy Allan ozi yalkasyn sizi

09.04.2019 / jumagylyjovao

Men bular ýaly myş-myşlara adamlaryň aňyna kontrollyk etmegiň usullarynyň biri hökmünde garaýan.Bu ýerde diniňem,ynanjyňam hiç hili dahyly ýokmuka diýýän.Olaryň din- ynançlardan peýdalanýandygynyň sebäbi, onuň üsti bilen adama täsir etmek aňsat bolanlygy üçinmikä diýýän. Beýle myş-myşlary ýaýradýanlar adamlaryň aňyna täsir edip biljek islendik zatdan peýdalanyp bilerler.Iň ýönekeýje mysallar hökmünde et iýmeýän,haýwanlaryň derisinden tikilen egin-eşikleri geýmeýän adamlary getirip bolar.Olaryň käbirleri başga adamlaryň düşünjesine hormat goýýanam bolsalar,käbirleri öz düşünjesiniň dogrulygyna ynandyrmak üçin urşa giribem bilýärler.Bu meniň şahsy pikirim.

09.04.2019 / Has

Köp şahyryñ hetjikleýän we garşa-garşa yüzlenyan pikirleri bolsa-da, goşgy düýbünden özboluşly we mañza batyjy şekilde ýazlypdyr. Okap Azymberdi akgamyza "Berekella!" diyäýmek galýar.